Ï Türkmenistan-Azerbaýjan: iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Azerbaýjan: iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary

view-icon 1321
Şu gün paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli azerbaýjan çeper filmleri görkezilip başlandy. Bu çäräni ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy guradylar.

Medeni çäreleriň biri bolan bu kinogörkeziliş şu şanly waka bagyşlanýar.

Mälim bolşy ýaly, şunuň bilen baglylykda türkmen paýtagtynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde 3–nji iýunda “Watan” kinokonsert merkezinde Azerbaýjanyň at gazanan artisti, halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän Gülýaňak Mamedowanyň konserti uly üstünlik bilen geçdi. Meşhur azerbaýjan aýdymçysy biziň ýurdumyzyň uly dostudyr. Türkmen-azerbaýjan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga goşan goşandy hem-de türkmen we azerbaýjan dillerinde aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirendigi üçin 2010-njy ýylda Gülýaňak Mamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň azerbaýjan diline terjime edilmegi hem iki dostlukly halkyň ruhy-medeni gatnaşyklarynyň giňeldilýändigine şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda türkmen nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň goşgulary, poemalary we dessanlary, akyldar Soltan Hüseýin Baýkaranyň “Diwany” we syýasatçy, serkerde hem-de şahyr Zahiretdin Muhammet Baburyň “Saýlanan eserleri” azerbaýjan diline terjime edildi.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň we Mollanepesiň şygyrlar ýygyndylary azerbaýjan dilinde neşir edildi. Olary Baku döwlet uniwersitetiniň professory, meşhur azerbaýjan terjimeçisi Ramiz Asker terjime etdi. Gülýaňak Mamedowa ýaly, Ramiz Asker hem 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

2009-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň we 2010-njy ýylda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini üstünlikli geçirilmegi türkmen-azerbaýjan gumanitar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant boldy.

Häzirki wagtda doganlyk goňşy halklaryň gumanitar hyzmatdaşlygy, ysnyşykly ruhy gatnaşyklary okgunly ösdürilýär. Aşgabatda azerbaýjan kinofilmlerini görkezmek çäresiniň guralmagy hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu çäräniň çäklerinde Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň dürli ýyllarda we dürli žanrlarda döreden çeper filmleriniň altysy görkezilýär.

Kinogörkeziliş “Gorkma, men seniň bilen” atly film bilen açyldy. Iki bölümden ybarat sazly komediýa 1981-nji ýylda ekrana çykdy, ýöne režisýoryň we meşhur aktýorlaryň ussatlygy netijesinde bu film häzire çenli tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Çäräniň çäklerinde “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde tomaşaçylara azerbaýjan kinematografynyň ýene-de bir ajaýyp filmi-azerbaýjan kompozitory Uzeir Gajibekowyň adybir sazly komediýasynyň esasynda düşürilen “Ol bolmasa, bu” atly kinokomediýa, şeýle hem azerbaýjan kinematografiýaçylarynyň iň gowy işleri-“Şärikli çörek”, “Günorta sebitdäki bir şäherde”, “Doglan gün” diýen filmler hem-de Gündogaryň beýik şahyry we filosofy Nyzamy Genjewä bagyşlanan taryhy-biografik kinoroman görkeziler.

Şol filmlerde azerbaýjan halkynyň özboluşly däp-dessurlary, onuň köp asyrlyk taryhy we bu topragyň gaýtalanmajak gözelligi öz beýanyny tapdy. Filmleriň esasyny düzýän umumadamzat ruhy gymmatlyklar, şeýle hem meşhur azerbaýjan kinoaktýarlary tarapyndan döredilen kino gahrymanlarynyň ýatdan çykmajak şekilleri dürli ýaşdaky kinosungaty söýüjilerde hakyky kanagatlanma duýgusyny döreder.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Sultan-zadenyň “Watan” kinokonsert merkezinde bolan dabarada nygtaýşy ýaly, biziň dostlukly ýurtlarymyzy we doganlyk halklarymyzy çuňňur medeni we taryhy kökler baglanyşdyrýar, bu çäre hem döwletara gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolan medeni-ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolar.

Filmleri görkezmek çäresi 8-nji iýuna çenli dowam eder. Aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary şol filmlere “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde sagat 18.00-da tomaşa edip bilerler.