Türkmenistanyň häzirki döwre mahsus bolan daşary ýurtlar bilen oňyn we dostlukly gatnaşyklary maý aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan geçirilen köp sanly duşuşyklarda, gepleşiklerde, forumlarda we seminarlarda öz aýdyň beýanyny tapdy. Milli Liderimiziň “açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu çärelere gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar.
3-5-nji maýda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisi geçen aýyň esasy halkara wakalarynyň biri boldy. Onuň çäklerinde türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge meýillidigini we mümkinçiliklerini görkezýän bu iri halkara ykdysady çärä gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna ABŞ-nyň uly wekiliýeti geldi. Sergini guraýjylar – Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmen –amerikan işewürler geňeşi nebitgaz ulgamynda, geologiýada awia we maşyngurluşykda, söwdada, senagatda, maýa goýumynda, ulag ulgamynda, aragatnaşykda we maglumatlar tehnologiýalarynda, oba hojalygynda we azyk senagatynda, ylymda we bilimde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ençeme ugurlaryny teklip etdiler.
Köp sanly amerikan wekiliýetiniň gelmegi amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Wekiliýetiň düzümine diňe bir dünýäde meşher bolan esasy kompaniýalaryň ýolbaşçylary däl, eýsem ABŞ-nyň hökümetiniň resmi wekilleri, hususan-da, Döwlet departamentiniň wekilleri girdiler. Öz nobatynda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak ýolunda uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistan hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden çekmäge, häzirki zaman netijeli we tygşytly materiallary ulanmaga, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär.
Şol günlerde, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň meseleleri boýunça býurosynyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň birinji orunbasary jenap Jefri Paýatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Myhman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisine we türkmen-amerikan işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dürli pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň Amerikanyň esasy senagat kompaniýalary bilen berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy türkmen döwletiniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol gatnaşyklary ösdürmek iki dostlukly ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär.
Maý aýynyň başynda Amerikanyň “Exxon Mobil” nebit kompaniýasynyň Ýewropa we Hazar deňzi sebiti boýunça wise-prezidenti jenap Fil Malholuň sapary boldy. Ol hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisine we türkmen-amerikan işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Jenap Fil Malholuň paýtagtymyzda bolmagynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda daşary ýurt maýasy üçin türkmen bazarynyň özüneçekijiliginiň artýandygyny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmalar jähedinden “Exxon Mobil” kompaniýasynyň wise-prezidenti türkmen ýangyç – energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky giň möçberli taslamalary, şol sanda geologiýa-gözleg, ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, nebiti gaýtadan işlemek ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.
4-nji maýda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde Ýewropa Komissiýasynyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy hanym Assunta Testa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselesi dowam etdirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we onuň Ýewropa Komissiýasy bilen okgunly ösýän hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, işjeň we gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ýewropa Komissiýasynyň bilim we oba hojalygy ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri, şeýle hem täze bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Bilim ministrliginde, şeýle hem Milli bilim institutynda kabul edildi. Olarda Ýewropa Komissiýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
10-12-nji maýda Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup geçdi—şol günlerde dostlukly ýurduň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Medeni çäräni geçirmek üçin Awstriýanyň paýtagtyna ýurdumyzyň medeniýet işgärlerinden -- meşhur kompozitorlardan, aýdymçylardan, sazandalardan we meşhur estrada aýdymçylaryndan, kino sungatynyň we habar beriş serişdeleriniň wekillerinden düzülen döredijilik topary iberildi.
Biziň ýurdumyzyň EKSPO—2012 Bütindünýä sergisine gatnaşmagy türkmen döwletiniň halkara durmuşynda ýene-de bir ähmiýetli waka boldy. Bu sergi Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirildi.
“12-nji maýda Halkara pawilonynda ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň “Awaza syýahatçylygyň merjenidir” atly ekspozisiýasy serginiň esasy ugurlarynyň biri bolan “Kenarýaka zolaklaryny özleşdirmek we goramak” diýen mowzugy şöhlelendirmäge gönükdirildi. Serginiň düzümi birnäçe bölümlerden ybarat boldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, Tebigaty goramak ministrligi, Balyk hojalygy komiteti hem-de Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti öz sergilerini ýaýbaňlandyrdylar. Serginiň esasy maksady ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak, biziň ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat we suwasty dünýäsini aýawly saklamak babatdaky üstünlikli milli tejribä ünsi çekmekden, şeýle hem mähribar tebigatymyzyň türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, onuň ruhy mirasy bilen arabaglanyşygyny nygtamakdan ybaratdyr.
Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň barşynda geçirilen duşuşykda 29-njy iýunda EKSPO-2012-de Türkmenistanyň Milli gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem sergi işi boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Hususan-da, häzirki döwürde Türkmenistan halkara çäreleriň, sergileriň we festiwallaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýär we onuň Orta Aziýada dünýäniň ýurtlarynyň arasynda işewür we gumanitar gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly giňişlige öwrülmegine hemme esaslar bar diýlip bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan sergileriň Bütindünýä býurosyna girmek barada isleg bildirmek arkaly bu ugur boýunça gatnaşyklary işjeň ösdürmäge, tejribe alyşmaga we täze sergi tehnologiýalaryny edinmäge uly gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da, beýleki geljegi uly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin Türkmenistanda bar bolan mümkinçiliklere koreýaly işewürleriň, şol sanda biziň ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Koreýa Respublikasynyň iri “Hundaý Inžiniring” kompaniýasynyň wekilleri ýokary baha berýärler. Kompaniýanyň wise-prezidenti jenap Kim Wan Su hem duşuşyklara gatnaşdy.
Ýurdumyzyň baý medeni mirasy, Gündogaryň medeniýetiniň ösüşinde türkmen halkynyň ruhy mtrasynyň ägirt uly ornuny we ähmiýetini öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglar, däp bolşy ýaly, halkara ylmy toparlarda uly gyzyklanma döredýär. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, nusgawy şahyr we alym Döwletmämmet Azada bagyşlanyp 14-15-nji maýda Aşgabatda geçirilen nobatdaky halkara ylmy maslahatyň barşynda hem muňa göz ýetirmek mümkin boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan “Döwletmämmet Azady we XVIII asyr türkmen durmuşy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza dünýäniň 32 döwletinden, şol sanda ABŞ-dan, Italiýadan, Ispaniýadan, Rumyniýadan, Müsürden, Iordaniýadan, Alžirden, Yrakdan, Türkiýeden, Owganystandan, Hindistandan, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden 70-e golaý alym geldi.
Halkara jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň medeni-ylmy we edebi mirasyny öwrenmek meselelerine uly üns berýändigi 22-nji maýda gelip gowşan habarda hem tassyklanyldy. Onda “Kunstwelt e.V.Berlin” nemes medeni guramasynyň dürli ýurtlaryň we halklaryň ajaýyp wekilleri bilen tanyşdyrýan “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” atly taslamasy üçin beýik türkmen nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadyny saýlap alandygy habar berilýär.
15-nji maýda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň senenamasyna nobatdaky ajaýyp waka ýazyldy – Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamasyna eýe boldy hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti “Awisenna” katalogynyň Bütindünýä maglumatlar goruna girizildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda bu hoş habarlar mynasybetli dabara geçirildi. Munuň özi türkmen döwletiniň milletiň saglygyny goramak ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
16-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler jaýynda “Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi” atly halkara maslahat boldy. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm ähmiýetli ädimleriň ýene-de birine öwrüldi, şol maksatnama boýunça Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr – ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bu başlangyjy 2011-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe sürdi.
Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümeti we Ýol ulaglarynyň halkara bileleşigi tarapyndan bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýöriteleşdirilen institutlarynyň we edaralarynyň hem-de Hökümetara Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag toparynyň (TRASEKA) goldamagynda guraldy. Oňa 180 adam ýygnandy. Olaryň arasynda halkara bilermenleri we 18 döwletiň ugurdaş edaralarynyň hünärmenleri, halkara guramalarynyň 10-synyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky gürrüňi dowam etdirip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işgärleri üçin “Saýlaw işini edara etmek we onuň tehniki kadalary: halkara we milli tejribe” atly maslahatyň geçirilendigini hem bellemelidiris. Bu maslahat 16-17-nji maýda Aşgabatda dürli derejedäki saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça halkara geňeşçiler jenap Georgiý Şarabidzeniň we hanym Nataliýa Kaşakaşwiliniň gatnaşmagynda geçirildi.
17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary igstitutynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Merkezi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda “Habar beriş serişdeleri we häzirki zaman halkara žurnalistikasynyň žanrlary” atly maslahat geçirildi. Maslahata Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň dekany, sosiologiýa ylymlarynyň kandidaty Ýaroslaw Skworsow çagyryldy.
17-nji maýda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda ähmiýetli waka bolup geçdi. Hut şol gün Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Nižniý Nowgoroddaky “Krasnoýe Sormowo” gämi gurlyşyk zawodynda (Russiýa Federasiýasy) gurlan “Etrek” atly gämi geldi.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ulag ulgamynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň depginli ösüşinde barha artýan ornuny nygtadylar. Milli söwda flotumyzyň düzümindäki häzirki zaman tankerleriniň we beýleki gämileriň ulanylmagy Türkmenistanyň ykdysady aragatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iri üstaşyr geçirýän ýer hökmünde ähmiýetini ýokarlandyryp, ýurdumyzyň çäklerinde hem, onuň çäklerinden daşarda hem ýük akymlarynyň artmagyny höweslendirýär diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Medeni – gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygy meselesine gaýdyp gelip, maý aýynyň ikinji ongünlüginde köp wakalaryň Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen baglylykda geçendigini bellemelidiris. Mysal üçin, 17-18-nji maýda türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyraga we Döwletmämmet Azada bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy, şeýle hem beýik türkmen nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň aramgählerine zyýarat etdiler.
18-nji maýda Ankarada (Türkiýe Respublikakasy) Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Dabara gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2012-nji ýylyň 29-njy fewralynda dabaraly ýagdaýda açylan “Türkmenistan” seýilgähinde dikeldilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.
Pakistan Yslam Respublikasynda, Häzirki zaman dilleri milli uniwersitetinde şol gün Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan forum geçirildi. Maslahat tamamlanandan soň bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan metbugat maslahaty guraldy.
Şol gün Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy.
Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Halklaryň Assambleýasy Dostluk öýüniň binasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, Gazagystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanda doglan akademik K.Amannyýazow, şeýle hem Gazagystanda bilim alýan türkmen talyplary we kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bar.
Şeýle dostluk çäreleri Türkmenistanyň Ukrainadaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky, Owganystandaky we beýleki ýurtlardaky ilçihanalarynyň goldaw bermeginde hem geçirildi.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli ministrliklerinde we pudak edaralarynda köp sanly forumlar we maslahatlar geçirildi. Mysal üçin, 18—19-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 20 ýyl: Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisi we Daşary işler ministrligi tarapyndan Bilim ministrligi, jemgyýetçilik guramalary we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guralan maslahata daşary ýurtlaryň 20-sinden parlamentleriň baştutanlary we wekilleri, görnükli syýasatşynas alymlar, jemgyýetçilik we syýasy işgärler gatnaşdylar.
19-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň wekiliýetleri bilen geçirilen duşuşyklar hem Türkmenistanyň esasy Kanunynyň kabul edilmeginiň şanly senesine bagyşlandy. Söhbetdeşlikleriň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.
22-nji maý Türkmenistan bilen Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhynda örän ähmiýetli gün boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tom Risdal Ýensenden ynanç hatyny kabul etdi. Ol şeýle hem ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şonda türkmen-daniýa döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy.
23-24-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen III Halkara gaz kongresinde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly we uzak möhletleýin üstaşyr ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, göni daşary ýurt maýa goýumlary, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak üçin dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny ulanmak, uglewodorod gorlaryny rejeli işläp taýýarlamak ýaly meselelere garaldy. Energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döretjek bu iri ýöriteleşdirilen forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Türkmenistana dünýäniň 32 ýurdundan wekilleriň 500-e golaýy ýygnandy. Ýurdumyz halkara derejesinde gepleşik geçirilýän ýere öwrülendigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu foruma gatnaşmak üçin halkara guramalarynyň we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň 150-si, şol sanda Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Koreýa Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Indoneziýa, Eýran, Türkiýe, GDA ýurtlary we beýleki döwletler öz wekillerini iberdiler.
Halkara gaz kongresiniň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan—Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň we hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Onda taraplar bu möhüm taslamany amala aşyrmagy çaltlandyrmak meseleleri boýunça deslapky ylalaşyklary ara alyp maslahatlyşdylar we özara düşünişmegi gazandylar. Hususan-da, “Tebigy gazy satmak we satyn almak barada” “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Inter State Gas System Limited” kompaniýasynyň arasyndaky Ylalaşyga we Tebigy gazy satmak we satyn almak barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hindistanyň “GAIL Limited” kompaniýasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda gaz babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýlelikde, III Halkara gaz kongresiniň barşynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen ägirt uly taslamanyň – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi bilen baglanyşykly taryhy wakanyň bolup geçendigini aýratyn bellemelidiris.
23-nji maýda Türkmenistan ýene-de saglygy goramak ulgamynda halkara ykrarnamasyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň Ženewada geçirilen 65-nji mejlisiniň Baş komitetiniň agzalygyna saýlanyldy. Munuň özi milli we halkara tejribesiniň esasynda saglygy goraýşyň sebitleýin we global meselelerini çözmekde biziň ýurdumyzyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynda täze ädim boldy.
24-nji maýda türkmen – koreýa gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup geçdi. Şol gün Milli medeni merkeziň Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy. Bu dostlukly çärä gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň Medeni – maglumat merkeziniň direktory U Jin Ýonuň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Bu konsert iki medeniýetiň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, türkmen we koreý halklarynyň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.
GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň 41-nji mejlisi ýangyç-energetika ulgamynda ýene-de bir möhüm waka boldy. Onda 2011-2012-nji ýyllaryň güýz-gyş döwründe Arkalaşygyň döwletleriniň milli energiýa ulgamlarynyň işiniň jemleri we Orta Aziýanyň energiýa ulgamynyň utgaşdyrylan işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 25-nji maýda Aşgabatda geçirilen mejlise gatnaşmak üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 11 ýurdundan energetika ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary paýtagtymyza geldiler.
Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyndaky syýasaty bu pudagyň ähli önümçilik düzüminiň netijeli işlemegine, onuň eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Şunda energetiki hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýän halkara ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Mejlisiň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy düzgünleri, işläp gelýän elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, energiýa kuwwatlyklary we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary bilen tanyşdyryldy.
25-28-nji maýda Astrahanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň taryhynda möhüm waka boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy.
Şol günlerde biziň ýurdumyzda nobatdaky baýramçylyk -- Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçildi. 26-28-nji maýda paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
27-nji maýda bolsa “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň mejlisler zalynda türkmen halyşynaslygynyň muşdaklarynyň XII Bütindünýä assosiasiýasynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu çäräniň barşynda şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, has tapawutlanan halyçylara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak, olara hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
28-29-njy maýda Türkmenabatda “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahat 23-nji maýda Köýtendag sebitini öwrenmek maksady bilen daşary ýurt we türkmen alymlarynyň uly toparynyň gatnaşmagynda badalga alan halkara ylmy ekspedisiýanyň jemini jemledi. Ekspedisiýanyň barşynda daşary ýurtly alymlar we bilermenler Köýtendagyň ajaýyp ýerlerini öz gözleri bilen gördüler, olara mynasyp baha bermek hem-de bu barada öz makalalarynda we ylmy işlerinde dünýä jemgyýetçiligine gürrüň bermek üçin zerur bolan ylmy barlaglary geçirdiler. Toplanan maglumatlar Köýten deresinde Milli geologik parky guramagyň geljegine baha bermäge we ony geologik parklaryň global ulgamyna goşmaga, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin Köýtendag goraghanasynyň resminamalaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ekspedisiýa we halkara ylmy maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň sekretariaty, ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.
28-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuweýt Döwletiniň parlamentiniň jenap Walid Al Tabtabaýyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda saparda bolan deputatlar topary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler we türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Maý aýnyň soňky günlerinde, 29-30-njy maýda türkmen paýtagtynda “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly iki günlük halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky bilen bilelikde guraldy.
Foruma Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, şeýle hem Citibankyň, Deutsche Bankyň, Hytaýyň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Bangladeş Halk Respublikasynyň milli banklarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Latwiýa Respublikasynyň malie ministrlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Söwda wekilhanasynyň, Frankfurtyň maliýe we dolandyryş mekdebiniň, şeýle hem De La Rue, The Royal Mint Limited, Cleave&Company Ltd, Giesecke&Devrient - GmbH ýaly dünýäniň esasy kompaniýalarynyň wekilleri we beýlekiler bar.
Iki günüň dowamynda dürli ýurtlaryň esasy maliýe düzümleriniň we milli banklarynyň wekilleri dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen hünärmenleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan milli ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary baradaky çykyşlary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, öňden görüjilikli döwlet syýasaty Türkmenistanyň köp ugurly mümkinçilikleri bilen bilelikde milli, şeýle hem halkara ähmiýetli giň möçberli wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär.
30-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň ulag we kommunikasiýalar ministri Askar Žumagaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Onda biziň ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar “Demirgazyk—Günorta” demir ýoly ulanmaga berlenden soň, onuň hereket etmegine degişli meseleleri, şonuň üçin zerur bolan düzümleriň ösdürilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistan—Gazagystan döwlet serhedinden halkara demir ýol geçiriş nokadyny döretmek hakynda ylalaşyk baglaşyldy.
Şeýle hem 30-njy maýda Aşgabatda Çilimkeşlige garşy bütindünýj göreş gününiň öňüsyrasynda adamyň saglygyna we ömrüne zyýanly bolan bu endigiň öňüni almaga gönükdirilen maslahat geçirildi. Gamburg uniwersitetiniň narkologik barlaglar merkezi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu okuw-amaly maslahata ýurdumyzyň dürli sebitleriniň degişli saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Halkara bilermenleri hökmünde maslahata Germaniýanyň wekilleri – psihososial terapiýasy ulgamyndaky hünärmenler Inga Hart we Gerhard Ekştaýn gatnaşdylar. Olar özleriniň türkmen kärdeşleriniň ussatlygyna ýokary baha berdiler.
Geçen aýda biziň ýurdumyzyň daşary syýasat işjeňliginiň senenamasynyň soňky wakasy 31-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen “Energetika diplomatiýasy: gazyň daşary ýurt söwdasynyň möhüm ýörelgelerini we maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakda umumy ýagdaýdaky özara düşünişmegi agtarmak” atly maslahat bilen baglanyşykly boldy. Bu maslahaty ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysynyň býurosy we Halkara nebitgaz gepleşikleri boýunça hünärmenleriň assosiasiýasy (AIPN) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guradylar. Maslahata ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. Oňa Ýewropa Bileleşiginden, ABŞ-dan, Kanadadan hünärmenler, şol sanda Beýik Britaniýanyň Oksford energetik barlaglar institutynyň uly ylmy işgäri doktor Saýmon Pirani, ABŞ-dan “ConocoPhillipsiň” uly geňeşçisi jenap Harri Salliwan, “SNR Denton UK LLP-dan” (Beýik Britaniýa) jenap Dewid Tenant, Kanadadan garaşsyz maslahatçy jenap Sohaýb Kadar, şeýle hem energetika meseleler boýunça geňeşsi (ÝHHG/ÝEIUB) jenap Riçard Uiler we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Begonýa Pineýro – Kostas halkara bilermenleri hökmünde çagyryldy.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň maý aýynda geçiren işleriniň synyny jemläp, geçen aýyň wakalarynyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwletiniň halkara abraýynyň has-da artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigini ynamly aýtmak bolar.