Ï Awazada halkara çagalar festiwaly geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada halkara çagalar festiwaly geçirildi

view-icon 882
Şu gün Hazaryň kenarynda Türkmenristanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň çagalaryny bir ýere jemlän halkara çagalar festiwaly geçirildi.

Türkmenistan parahatçylyk döredijildigiň, durnuklylygyň we abadançylygyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen, nobatdaky gezek çagalar döredijilik forumynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Bilim ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi, şeýle hem Balkan welaýat häkimligi bilelikde gurady. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararynda aýdylyşy ýaly, çagalaryň döredijilik forumynyň baş maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ýaşajyk türkmenistanlylaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekden we zehinli nesilleri ösdürip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň milli medeni däplerini saklamak, olary çuňlaşdyrmak we ösdürmek, beýleki ýurtlaryň çagalarynyň türkmen medeniýeti we sungaty, biziň Watanymyzyň şu günki güni, zehinli çagalary hemme taraplaýyn goldamak, paýhasly hem-de ruhy taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça biziň ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyna mümkinçiligi üpjün etmek hem festiwalyň baş maksatlarynyň biridir.


Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça GDA ýurtlarynyň sekizisinden – Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gwrgyzystandan, Ermenistandan we Azerbaýjandan biziň ýurdumyza gelen çagalar, şeýle hem deslapky tapgyrlary üstünlikli geçen ýurdumyzyň dürli künjekleriniň ýaşajyk zehinleri uly baýramçylyga gatnaşdylar.

Festiwala gelen çagalaryň köpüsi üçin bu çäre diňe bir öz döredijilik ukyplaryny açyp görkezmäge däl, eýsem Türkmenistan, onuň gadymy medeniýeti we baý ruhy dessurlary bilen tanyşmaga oňaýly mümkinçilik boldy. Hut şonuň üçin hem çäräni guraýjylar biziň myhmanlarymyz bolan ýaşajyk artistleriň her bir gününiň ýatda galyjy bolimagy ugrunda ähli tagallalary edipdirler.

Festiwalyň medeni-dynç alyş maksatnamasyna laýyklykda çärä gatnaşyjylar türkmen paýtagty bilen tanyşdylar we Gökderä baryp gördüler. Soňra çagalar deňziň ýakasyndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardylar. Bu ýerde olary “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezi myhmansöýerlik bilen garşylady. Festiwala gatnaşyjylar bu ýerde 10 günläp dynç alarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň gözel künjekleriniň birinde kemala gelýän deňiz şypahanasy ýyl-ýyldan dünýäniň dürli ýurtlaryndan festiwala gatnaşmak üçin gelýän çagalaryň halkara dynç alyş merkezi hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýäniň dürli ýurtlary bilen açyk gatnaşyk etmäge bolan meýillerinde has-da aýdyň görünýär. Şeýle gatnaşyklaryň çäginde ýaş nesilleriň belent owazlaryna aýratyn orun berilýär.

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” sagaldyş merkezinde döredijilik forumyna gatnaşmak üçin ýaşajyk wekilleriň 280-si ýygnandy. Olaryň hatarynda ýöriteleşdirilen aýdym-saz we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary, belli folklor-etnografik we horeografik toparlaryň wekilleri, halk we estrada aýdymçylary, ýaşajyk suratkeşler we çeper okaýşyň ussatlary bar.

Festiwalyň başlanmagyna bir hepde galanda bu ýere gelen çagalar diňe bir dostlaşmaga ýetişmek bilen çäklenmän, eýsem olar birnäçe bäsleşiklere, konkurslara, konsertlere we sport çärelerine gatnaşmak arkaly öz ukyplaryny açyp görkezmäge hem ýetişdiler. Şypahanada döredilen ajaýyp mümkinçilikler çagalara ilkinji pursatlardan başlap, özlerini öýlerinde ýaly dumaga, şadyýan oýunlara güýmenmäge we oňaýly dynç almaga mümkinçilik berdi. Ähli amatly şertleri bolan otaglar, akwapark, ýüzüş howuzlary, tennis korty, sport zaly, köpçülikleýin oýunlar üçin meýdançalar we beýleki sport desgalary, deňziň kenaryndaky çägesöw ýerler, şeýle hem çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen şertler olaryň göwnünden turdy. Olar uly ruhubelentlik bilen festiwala taýýarlyk gördüler. Çagalar birek-biregi ýakymly täzelikler we täsirli çykyşlar bilen haýran galdyrmaga çalyşdylar.

Ine, şol gün hem gelip ýetdi. Şypahananyň binalary we onuň tutuş çägi baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Deňziň kenarynda ajaýyp sahna gurnaldy. Sahnanyň öňündäki meýdançada bolsa tomaşaçylar üçin ýörite ýer taýýarlanyldy. Hemme zat dabaranyň başlanmagyna taýýar edildi. Estarada festiwalynyň yşyklandyryjylary öwşün atyp başlady, deňiz kenarynyň gözelligi artdy, ýaşyp barýan günüň altynsow şöhleleri şapagy emele getirip, bu künjegiň ajaýyplygyny goşalandyrdy.

Hemme ýerde belent ruh, şadyýanlyk höküm sürýär. Kjp sanly tomaşaçylar festiwala gatnaşyjylara garaşýarlar. Şu gün bu ýere ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramlarynyň wekilleri, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşlary, hormatly ýaşulular, şeýle hem Awazanyň şypahanalarynda dynç alýanlar ýygnandylar. “Daýanç” merkeziniň ähli myhmanlary şypahananyň telärleriniň aşagynda çagalaryň döredijiliginiň surat sergileri, çeper bezegler we görkezilýän dürli nagyşlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Amaly-haşam sungatynyň sergisinde ýaşajyk ussatlar we eli hünärli gyzjagazlar halk senetgärçiliginiň, halyçylygyň we nagyş etmegiň inçe syrlaryny ele alyşlary we olary ýerine ýetirişleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdylar.

Festiwala gatnaşyjylaryň “Daýanç” merkezi seýilgähinden—suw çüwdürimli meýdançadan derýanyň kenaryndaky estrada tarap baýramçylyk ýörişi bu dabaranyň has täsirli pursadyna öwrüldi.

Türkmen milli lybasyny geýnip, dabarany alyp barýan oglan we gyz köp sanly tomaşaçylar bilen türkmen w rus dillerinde mübäreklediler. “Salam, festiwal!” atly aýdym baýramçylyk dabarasynyň başlanmagyna badalga berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutany çagalary Hazar deňziniň güneşli kenar ýakasynda Halkara çagalar festiwalynyň açylmagy bilen tüs ýürekden mähirli gtulap, dostluk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini rowaçlandyrýan bu festiwalyň täsirli dabaralarynyň ýakymly duýgulara, tolgundyryjy pursatlara beslenen nurana baýramçylyk hökmünde ýatda galjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlugyň we parahatçylygyň özboluşly belent senasy bolup ýaňlanýan Halkara çagalar festiwalyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň, şeýle hem öz ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň gatnaşmagynyň, olaryň joşgunly aýdym-sazlar, ajaýyp sahnalar bilen çykyş etmegi hem-de dosta wepalylygy, päk ýürekliligi, ynsanperwerligi özlerine ýörelge edinmeginiň örän guwandyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde Ýer ýüzüniň çagalarynyň keremli türkmen topraryna gelip, häzirki zaman sagaldyş we dynç alyş merkezlerimizde, şypahanalarymyzda oňat dynç almagy, biziň çagalarymyz bilen dostlaşmagy hem-de doganlaşmagy üçin geljekde hem ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.

“ Döwletleriň hem-de halklaryň arasynda ygtybarly doganlyk köprüleriniň gurulmagyna ýardam berýän bu festiwal geljegimiz bolan mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserlerini—şirin aýdymlaryny, joşgunly sazlaryny, şadyýan gülkülerini Zemine doldursyn!” Milletiň Lideriniň bu ýakymly sargydy festiwalda şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Şol pursatlarda parahatçylygyň alamaty bolan ak kepderiler we dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçurylyp, gadymy Hazaryň ýokarsyndaky asmany uly baýramçylyga mahsus bolan älemgoşaryň öwüşginlerini çaýdy. Zehinli çagalaryň halkara gözden geçirilişi açyldy!

Baýramçylyk konsertinde festiwala gatnaşýan ýurtlardan gelip ýekelikde we topar bolup çykyş edýänleriň ýerine ýetirmeginde joşgunly milli tanslar, aýdym-sazlar ýaňlandy. Çagalaryň dürli dillerdäki sesleri, özboluşly etniki owazlar arassa we batly ýaňlanyp, nusgawy sazlar we meşhur estrada äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Festiwal haýsy-da bolsa bir žanryň çygry bilen çäklenmeýär. Şu ýerde haýsy-da bolsa br ýerine ýetirijiniň özboluşly saz guralynda sazy neneňsi derejede ýerine ýetirilişine garalmanlygyny aýtmak gerek. Şunda birek-birek bilen söhbetdeş bolmagyň, döredijiligiň, açyşlary we täzeligi äşgär etmegiň begenji ilkinji hatarda goýuldy.

Dumly-duşda dostlukly garalýandygyny hem-de birek-biregiň sungatyna tüýs ýürekden hormat goýulýandygyny görmek bolýar. Milli lybaslaryň köp öwüşginliligi, milli sazlaryň ugurlaryň dürli görnüşe eýe bolmagy, bu festiwala gatnaşýanlaryň köp dilde söhbetdeş bolmagy we göwnaçyklygy deňziň kenar ýakasynda birek-birege gülüp bakylmagyna hem-de dostluk we söhbetdeşlikde göwün açmak üçin özboluşly, joşgunly ýagdaýy döretdi. Artistleriň hem-de çykyş edýänleriň her birini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alan tomaşaçylaryň kalplaryny ählumumy baýramçylyga we agzybirlige mahsus ýagdaý gurşap aldy. Ertekilerdäki gahrymynlaryň keşplerini döreden sirk artistleri we masgarabazlar hem sahnanyň daşynda şadyýan ýagdaýyň saklanmagyna ýardam berdiler.

Festiwala gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan bilelikde joşgunly ýagdaýda ýerine ýetirilen “Küştdepdi” atly gadymy we täsirli türkmen tansy baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Şol tans şu gün bu täsin künjekde ýygnananlaryň ählisiniň kalplaryny gurşap alan duýgularyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ýaş zehinleriň göwnaçyklygy hem-de olaryň öz sungatyny tomaşaçylara we birek-birege joşgun bilen görkezmegi şu günki dabarany ýatdan çykmajak waka öwürdi.

Şu festiwalyň doslugyň, agzybirligiň we döredijiligiň hakyky senasyna öwrülendigine söz ýok. Çünki şunuň ýaly döredijilik gatnaşyklary dürli ýurtlaryň halklarynyň arasynda parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär, olary birek-birege golaýlaşdyryp halkara çagalar festiwalynyň maksadyna laýyk gelýän belent ýörelgeleri berkarar edýär. Çagalar özleriniň Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenmesinde şunuň ýaly baýramçylygyň peşgeş edilendigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar, bu ýüzlenme festiwalyň sahnasynda okaldy.

Gala-konsert döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetiriren “Ýaşa, Watanyň balasy” atly aýdym bilen jemlendi. Festiwal festiwaly guraýjylar tarapyndan oňa gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy bilen jemlendi.

Joşgunly festiwal jemlendi, ýöne çagalar ençeme wagtlap birek-birege özlerinde galan täsirler barada gürrüň berdiler. Baýramçylyk deňziň kenarynda dowam etdi, şonda çagalaryň gülküleri, aýdmy-sazlar ýaňlandy, topar bolup tans edildi we şadyýan oýunlar oýnaldy.

Awazanyň senenamasyna ýene-de bir ajaýyp dabara ýazyldy, çagalar bolsa Hazaryň kenar ýkasynda dynç almagyny dowam edýärler. Türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan tutuş dünýäniň çagalarynyň dynç almagy we öz saglygyny berkitmegi üçin açyk diýlip yglan edilen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda olara diňe bir göwnejaý dynç almak bilen çäklenmän, türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti, dünýädäki beýleki halklaryň medeni ýörelgeleri, özleriniň daşary ýurtly deň-duşlarynyň neneňçi ýagdaýda ýaşaýandygy we nämäni arzuw edýändigi bilen tanyşmaga, diýmek, biziň topragymyzda dostlaşan hakyky doganlara öwrülmäge mümkinçilik döredi. Goý, bagtyýar çagalygyň ýurdy hasaplanýan Türkmenistanda geçirilen şadyýan günler elmydama olaryň ýadynda galsyn!