Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary “RIO+20”-niň gün tertibinde
1. Hazar ekologiýa maslahaty
Şu hepdede Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça “RIO+20” atly Bütindünýä sammit bolar, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar. Dünýä bileleşiginiň bu maslahatynda biziň ýurdumyzyň häzirki wagtda adamzadyň öňünde duran uly möçberli ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly birnäçe ähmiýetli başlangyçlary hödürlener.
Mälim bolşy ýaly, jemgyýeti ösdürmek we daşky gurşawy sazlaşdyrmak Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydyr, tebigaty goramak, onuň serişdelerini aýawly peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi goramak bu syýasatyň möhüm taraplarydyr. Tebigaty goramagyň milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi BMG, Ýewropa Bileleşigi, Dünýä ekologiýa gaznasy, ýabany tebigatyň Bütindünýä gaznasy we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn gatnaşykda amala aşyrylýan köptaraplaýyn konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň esasynda giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, şol sanda Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini döretmek, şeýle hem Araly halas etmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de energetika ulgamynda täze, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary Türkmenistanyň bu meselelerdäki garaýyşlaryny aýdyň beýan edýär.
“Türkmenistanyň häzirki zamanyň meselelerine çemeleşmeleriniň esasynda halkara bileleşiginiň olary çözmegiň dogry ýollaryny tapmaga ukyplylygyna göz ýetirmek, köne ýörelgeleri ýeňip geçmek, özakymlaýyn pikirlenmeden halas bolmak we global gatnaşyklaryň geljeginiň täze ýörelgelerine çykmak düşünjeleri durandyr. Biz muny GELJEGIŇ STRATEGIÝASY diýip atlandyrýarys we bu düşünjäni ösüşiň esasy meselesi – syýasy, durmuş-ykdysady, energetika, ekologiýa meseleleri boýunça giň we berk halkara ylalaşygyny gazanmak bilen baglanyşdyrýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-njy maslahatynyň 2010-njy ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda bolan ýokary derejedäki mejlisinde nygtady.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ekologiýa meselelerini düýpli çözmek, şol sanda Hazar deňziniň özboluşly tebigy toplumyny dikeltmek sebitleýin alnanda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG tarapyndan jar edilen Müňýyllygyň Maksatlaryny gazanmagyň möhüm bölegi bolup durýar.
Bir ýyl geçenden soň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde Türkmenistanyň Baştutany Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryna anyk mazmun bermegiň zerurdygyna ýene-de ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň meselelerine garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik işleýän esas hökmünde Hazar ekologiýa maslahatyny guramak baradaky teklip öňe sürüldi. Bu meseläniň möhümdigi beýleki iri maslahatlaryň barşynda, şol sanda GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Moskwada bolan resmi däl mejlisiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ençeme gezek nygtalyp geçildi.
Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge Türkmenistanyň berýän möhüm ähmiýeti ilkinji nobatda dünýäniň iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýrybaşgalanan suw howdany, örän köp dürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tebigatyň hakyky dürdänesi bolan Hazaryň aýratyn derejesi bilen şertlenendir. Ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşleri, mysal üçin, Hazar týuleni täsin jandar bolup, başga hiç ýerde duş gelmeýär we sebitiň biologiki köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.
Hazaryň türkmen kenaryndaky deňiz aýlaglary we suwly-batgalyk ýerleri köplenç halatlarda “Guşlara baý Eldorado” diýlip atlandyrylýar. Şol ýerler guşlaryň ýüzlerçe müňüsini, ýagny gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň mesgen tutýan, höwürtgeleýän hem-de gyşlaýan ýerleridir hem-de şeýle ýerleriň halkara ähmiýetli derejesi bilen Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Mundan başga hem Hazar deňziniň türkmen bölegi balyklaryň ençeme görnüşleriniň, şol sanda bekre balyklarynyň gyşlaýan ýeridir, onuň köp sanly aýlaglary we ýalpak suwly ýerleri ýaş balyklaryň tebigy köpelýän ýeri bolup durýar.
Ýewropa, Kawkaz, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz-howa, awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly ýerde ýerleşmegi, baý ýangyç, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini depginli ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi, oňa dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, senagatlaşma adamyň hojalyk işi bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerini ýüze çykarýar, gadymy Hazaryň ekologiýa ulgamyny örän gowşadýar.
Häzirki wagtda ýangyç-çig malyny çykarmakda hem-de gaýtadan işlemekde, üstaşyr-ulag ulgamlaryny we syýahatçylygy ösdürmekde öňdebaryjy sepgitlere çykýan Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, öň bellenip geçilişi ýaly, onuň strategiýasy tebigata we onuň serişdelerine aýawly çemeleşmek bilen utgaşyklylykda ykdysady hem-de durmuş wezipelerini toplumlaýyn çözmäge esaslanýar.
Biziň ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlyga we durnukly ösüşe ygrarlydygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň hereket etmegiň milli Hazar meýilnamasy aýdyň tassyklaýar. Bu resminamada senagat desgalary bilen daşky gurşawyň hapalanmagyny duýdurmaga hem-de onuň öňüni almaga, Hazaryň biologiki köpdürlüligini gorap saklamaga we biologiki serişdelerini rejeli peýdalanmaga, gaýtadan dikeltmäge, tebigy serişdeleri dolandyrmak hem-de kenarýaka zolaklary ösdürmegi meýilleşdirmek boýunça kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, goraghana çäklerini hem-de tebigy ýadygärlikleri goramaga, ilatyň durmuşynyň ykdysady-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ekologiýa taýdan biliminiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen esasy wezipeler hem-de anyk çäreler aýdyň beýan edilendir.
2008-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy döwlet syýasatynda ekologiýa ugrunyň ileri tutulmagynyň möhümdigine şaýatlyk edýär, şonda tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga döwlet gözegçiligi hakyndaky, “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky”, “Balykçylyk we suw biologiki serişdeleri gorap saklamak hakyndaky” Kanunlaryň, umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna, şeýle hem Hazar deňzinde nebitiň akdyrylmagyny öňünden duýdurmak we onuň netijelerini ýok etmek boýunça Milli meýilnama, Türkmenistanyň kenarýaka suwlaryny gämileriň hapalanmagyndan goramagyň Düzgünlerine, senagat, ulag, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryna laýyk gelýän ýörelgeler berkidildi, şol kärhanalara öz işinde ekologiýa kadalaryny berjaý etmek borçlary ýüklenendir.
Ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap, has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa ülňülerine hem-de talaplaryna laýyk gelmegine gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen çäreler görülýär. Olarda hökmany tertipde daşky gurşaw üçin howpsuzlyk boýunça degişli seljermeden geçirilýär.
Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça uly möçberli maksatnamany anyk mysal hökmünde getirmek bolar. Bu ýerde täze zawodlary gurmak, işläp gelýän tehnologiki enjamlaryň we önümçilik düzüminiň beýleki desgalarynyň durkuny täzelemek hem-de olary döwrebaplaşdyrmak daşky gurşawa ýetirilýän zeleliň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnoldogiýalary hem-de tehniki çözgütleri peýdalanmak bilen alnyp barylýar.
Mysal üçin, GDA ýurtlarynda ilkinjileriň hatarynda türkmen nebithimiýaçylary oňat hilli ýokar oktanly ýangyjy öndürmegi ýola goýup, etil goşulan benzini taýýarlamagy bes etdiler. Gidrousulda arassalanylan, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2005-nji ýylda girizilen hiliň täze standartyna laýyk gelýän dizel ýangyjyny öndürmegi özleşdirdiler. Şol standartlaryň esasy talaby dizel ýangyjynda kükürdiň we azodyň iň az derejede bolmagyndan ybaratdyr, olar ulaglaryň çykarýan gazlarynyň üsti bilen howa aralaşyp, şol ýerde suw bilen birleşýärler hem-de soňra ýere “kislota ýagyşlary” görnüşinde aralaşýarlar.
Mundan başga hem kärhanalarda alaw hojalygynyň durky täzelendi, nebit önümlerini saklamak üçin uly gaplar uglewodorodlaryň buglarynyň howa aralaşmagynyň öňüni alýan häzirki zaman ulgamlary bilen üpjün edildi. Kenar şäherçesinde ýerleşen nebit iberýän kärhanada işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi, şol ýerden köp kilometrlik nebit geçirijiler, nebit önümleri üçin uly gaplar senagat taýdan suw üpjünçilik we lagym ulgamlary Hazaryň suw basýan zolaklaryndan çykaryldy.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň durkuny täzelemegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde onuň önümçilik düzümleri hakykaktda doly täzelendi. Bu ýerde menziliň desgalaryny ýerasty we hapa suwlardan goraýan täze ýerasty ulgamy guruldy. Suwy nebit önümlerinden we beýleki hapalanmalardan goraýan ýörite separatorlar oturdyldy, munuň özi olaryň açyk deňze düşmegini aradan aýyrýar. Netijeli ekologiýa çäreleriniň toplumy türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite görkezmesi boýunça ýurdumyzyň “deňiz derwezesini” iri möçberli döwrebaplaşdyrmagyň şu ýyl badalga alan täze taslamasyny özünde jemleýär.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň “Kaspekogözegçilik” gullugynyň düzüminde hereket edýän “Kaspekogözegçilik” ýöriteleşdirilen gullugynyň hünärmenleri daşky gurşawyň monitoringini amala aşyrýarlar. Bu gullugyň barlaghanalary suw çuňlugynda, şol sanda deňiz suwuny we deňziň düýbündäki galyndylary alyp seljermek üçin ylmy-barlag işlerini geçirmäge niýetlenen häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Häzirki wagtda bu ugurda anyk meýilnama we maksatnama boýunça geçirilýän işleriň netijesinde Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has arassa zolak hasap edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň ahyrky maksady bolsa, sebitiň şypahana-sagaldyş mümkinçiliklerini herekete getirip, bu zolagy “şypahanaçylygyň dür dänesine” öwrüp, bu ýerde halkara syýahatçylyk merkezini kemala getirmekden ybaratdyr. Taslamanyň esasy talaplarynyň biri kenarýakada gurulýan ähli desgalarda daşky gurşawyň howpsuzlygyna bildirilýän talaplaryň hökmany suratda berjaý edilmegidir.
Deňiz şypahanasyny bagy-bossanlyga öwürmäge we bu ýerde seýilgähleri döretmäge aýratyn üns berilýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleriň 2009-njy ýylyň güýzünde başlanandygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda Hazaryň kenary boýunça giňligi 300 metr bolan 12 kilometre uzalyp gidýän ýaşyl zolak emele geldi. Şu ýylyň ýazynda zolagy bagy-bossanlyga öwürmek işlerini hem hasaba alanyňda, bu ýerde sosna, arça, serwi, derek ýaly agaçlaryň eýýäm 185 müň düýpden gowragy ekildi. Tiz wagtdan olar ösüp, bu zolagyň özboluşly bezegine öwrüler.
Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan serhetüsti ekologiýa meselelerini çözmekde giň halkara hyzmatdaşlygynyň tarapdary bolup çykyş edýär. 1998-nji ýylda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem abraýly halkara hyzmatdaş guramalaryň – Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (ÄEG), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM), daşky gurşaw boýunça BMG-niň maksatnamasynyň (ÝUNEP) we Bütindünýä bankynyň bilelikdäki tagallalary bilen, Hazar ekologiýa maksatnamasy (HEM) döredildi.
HEM-iň çäklerinde Hazaryň gaýtalanmajak ekologiýa ulgamyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Olaryň hatarynda Daşky gurşawy goramak boýunça ÝUNEP Bütindünýä monitoring merkezi bilen bilelikde Hazara ekologiýa taýdan howp salýan zolaklarynyň anyk nokatlaryny kesgitlemek; kenarýakasyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň sanyny kesgitlemek we sanawyny düzmek; göçüp-gonýan kekeçli guşlaryň ýaýraýşyny öwrenmek; Ekologiýa işewürligini ösdürmek; Ýewropa Bileleşiginiň ýardam bermeginde amala aşyrylan “Hazar deňziniň suwunyň hiline monitoring geçirmek we has hapalanan zolaklarda hereket etmegiň meýilnamasy (Сaspian MAR)” diýen TACIC taslamasyny görkezmek bolar.
Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) HEM-iň çäklerinde gazanylan möhüm sepgitdir. Bu konwensiýa Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem hökümetleri tarapyndan tassyklanyldy we 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. “Hazar deňzi: balyk ätiýaçlyklaryny dikeltmek we “KASPEKO” hemişelik sebit tebigaty goraýyş düzümini döretmek” atly taslama hem şol konwensiýanyň düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirilendir.
2010-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen Hazaýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Sammiti sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde ep-esli öňegidişlik boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýagnananlaryň ünsüni ekologiýa meselelerine çekdi.
Hususan-da, türkmen Lideri Hazarda işiň dürli görnüşlerini--Hazar deňziniň biologiki serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň zyýanly netijelerini ýok etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda düzgünleşdirýän täze bäştaraplaýyn hökümetara ylalaşyklarynyň toplumyny taýýarlamaga başlamagyň zerurdygyny esaslandyrdy. Bu iki resminamanyň ykdsaydyýet we beýleki taraplardan başga-da bu özboluşly suw howdanynyň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýeti bardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň düýbünden turbageçirijileri çekmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan edip, deňiz ulag ulgamlary gurlan we ulanylan mahaly halkara ekologiýa standartlaryny berjaý etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu möhüm mesele 2011-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda bolan “Hazarüsti turbageçirijileriniň ekologiýa taraplary” atly ylmy maslahatda hemmetaraplaýyn beýan edildi. Ol Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi tarapyndan geçirildi. Maslahatyň işine dünýäniň ýigrimä golaý ýurdundan wekiller gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünliklerine we geljegine ekologiýa talaplarynyň hem-de Hazar deňziniň ýangyç serişdeleri özleşdirilen we ulanylan mahaly kadalaryň berjaý edilişine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Suwasty turba geçirijilerini çekmegiň hem-de ulanmagyň dünýä tejribesine berlen syna hem-de hususan-da, ony Hazarda turbageçirijiler çekilen mahaly ulanmagyň meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýakynda--14-nji iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň balyk hojalygy boýunça ygtyýarly guramalarynyň wekilleriniň Hazar deňziniň biologiki serişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça mejlisi guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda birnäçe günüň dowamynda geçirilen maslahatda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri, olaryň işi deňiz zolagynda tebigaty rejeli peýdalanmagy üpjün etmek bilen baglanyşykly bolan pudaklaýyn edaralarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Taraplaryň her biriniň ykdysadyýetiniň hem-de ekologiýasynyň bähbitlerine laýyk gelýän tebigatdan peýdalanmagyň ylalaşylan derejesini üpjün edip, kenarýaka ýurtlar üçin ägirt uly ähmiýeti bolan Hazaryň baý tebigy dünýäsini gorap saklamaga ýardam berjek sebitleýin resminamany taýýarlamak boýunça işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak mejlisiň esasy meselesi boldy. Bu möhüm meselele Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar boýunça netijeli usuly döretmek, Hazar deňziniň biologiki serişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak hakyndaky işlenip taýýarlanylýan Ylalaşygyň maksady bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, bu ugurda biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazara degişli meseleler baradaky Pudagara topar döredildi hem-de netijeli işleýär, Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri we başgalar onuň düzümine girýärler.
Türkmenistan tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän hem-de bu özboluşly tebigy suw howdanynyň baý serişdelerini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak bu düzümiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň biridir.
Mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Hazarýaka döwletleriniň balyk hojalygy boýunça ygtyýarly guramalaryň wekilleri Hazaryň ykdysady, syýahatçylyk kuwwatyny rejeli peýdalanmak, bu özboluşly tebigy toplumyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça maksatlar hem-de wezipeler mynasybetli Hazar deňziniň sebitinde işiň dürli görnüşlerini düzgünleşdirýän şertnamalaýyn-hukuk binýady mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça türkmen döwletiniň geçirýän belli bir maksatly çärelerine ýokary baha berdiler. Hususan-da, Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň meselelerine garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän esas hökmünde Hazar ekologiýa Maslahatyny guramak barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy maslahatynyň belent münberinden öňe sürlen teklibiň örän möhümdigi bellenildi.
Rio-de-Žaneýro şäherinde howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça boljak “Rio+20” atly Bütindünýä sammitinde türkmen Lideri bu möhüm başlangyjynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde özüniň hut bu meýlini tassyklamagy maksat edinýär.
Şeýlelikde, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmagyň ýolunda biziň ýurdumyzyň görýän anyk çäreleri häzirki döwrüň ekologiýa meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini agtarmaga goşýan ägirt uly, gymmatly goşandynyň aýdyň mysalydyr, şol meseleleriň çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň agzalary bolan ýurtlar jogapkärçilik çekýärler. Howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça “Rio+20” atly Bütindünýä sammitinde Türkmenistanyň täze teklipleriniň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Müňýyllygyň asylly Maksatlaryny gazanmagy maksat edinýän bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesiniň ara alyp maslahatlaşylmagyna we soňra durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini ynam bilen aýtmak bolar.