Şu gün türkmen paýtagtyndaky Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Şu çäre mynasybetli doganlyk ýurtdan Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Abdyrrahman Aryjynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary Aşgabada geldi. Wekiliýetiň agzalary şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildiler.
Iki ýurduň gumanitar ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Liderleriniň gönüden-göni tagalla etmegi netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda medeni we ylmy alyş-çalyşlar işjeňleşdirildi, sergiler, medeni çäreler we türkmen hem-de türk halklarynyň sungaty, sazy, edebi mirasy bilen tanyşdyrýan halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri iki sapar geçirildi.
Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň arasynda medeniýet we sungat ugrundaky gatnaşyklaryň ösldürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna, taryhy, edebiýaty, türki dilli halklaryň döredijilik däplerini öwrenmek dünýäniň medeni gatnaşyklaryny saklamak babatda ylmy-barlaglaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen wezipäni ýerine ýetirýän TÜRKSOÝ ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gülüň duşuşyklarynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we diplomatik gatnaşyklaryň ýola gýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki Jarnamanyň çözgütleri netijesinde geçirilýän Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki doganlyk ýurduň açyklyk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna, onuň döwrüň ruhuna we oňyn özgertmelere laýyk gelýän täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine bolan meýilleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Türkiýäniň Medeniýet günleriniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabarasyna ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, geljekki sungat ussatlary bolan talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ilaty we myhmanlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet günlerine gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda hormatly Prezidentimiz bu gezekki dostluk çäresiniň gumanitar gatnaşyklaryň ösmegine, milli aýratynlyklaryň iki goňşy ýurduň halklarynyň özboluşly medeniýetiniň hem-de sungatynyň wagyz edilmegine nobatdaky goşant bolmak bilen, ol birek-birege bolan hormatyň we ynanyşmagyň pugtalanmagyny şertlendirer diýip belleýär. Medeniýet we sungat ussatlarynyň tejribe alyşmagynyň, döwletara gatnaşyklarynyň özara baýlaşmagy we ösdürilmegi üçin bu ulgamda gazanylan üstünlikler we däp-dessurlar bilen özara tanyşmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dürli halklaryň baý medeni mirasy bilen giňden tanyşdyrmak arkaly ýaşlaryň dünýägararýşynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini nygtady.
Şeýle hem dabarada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýaly ilçiçi Şewki Mütewellioglu çykyş edip, Türkiýäniň Aşgabatda geçirilýän medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze sahypany açar we birek-biregiň medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga şert döreder diýip belledi.
Onuň aýtmagyna görä, biziň halklarymyzyň umumy medeni-taryhy kökleri, däp-dessurlaryň ruhy bitewüligi halklarymyzy diňe bir ýakynlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem biziň sungatymyz we medeniýetimiz ýaly çäksiz geljegi bolan işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny şertlendirer. Türkiýäniň Aşgabatda geçirilýän Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň ähli ugurlary ruhy hem-de medeni gymmatlyklaryň bitewüligine esaslanmak arkaly adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyny ugur edinýär. Munuň özi ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň geçen ýylda Türkiýede üstünlikli geçirilen Medeniýet günleriniň dowamy bolup durýar.
Iki ýurduň häzirki gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalaryň hatarynda iki dostlukly döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Ankara şäherindäki “Türkmenistan” seýilgähinde beýik Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy doganlyk halklaryň bozulmaz dostlugyny alamatlandyrydy diýip, ilçi belledi.
Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Abdurrahman Aryjynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkiýe Türkmenistan bilen bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegine, sungat ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine, muzeýleriň, kitaphanalaryň, çeperçilik toparlarynyň, okuw hem-de ylmy jaýlaryň arasynda göni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Ol, hususan-da, öz çykyşynda döredilen ajaýyp şertler hem-de bilelikdäki döredijilik başlangyçlaryny we ikitaraplaýyn alyş-çalyşlary goldaýandygy, iň esasy bolsa medeni hyzmatdaşygyň ösdürilmegine ýardam berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onda Ankara şäheriniň belli ýerine ýetirijileri we aýdym-saz toparlary, döwlet halk tans ansambly we “Türk Dünýäsi” aýdym-sazly toparyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Türk owazlarynyň özboluşlylygy, hyjuwly tanslar we gyzykly folklor-horeografik kompozisiýalar artistleriň milli lybaslary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Şol aýdym-sazly çykyşlarda türkmen halkynyň döredijilik däpleriniň ýakynlygy, köp saz gurallarynyň meňzeşligi aýratyn bellenmeli ýagdaýdyr. Türk aşuklary türkmen bagşylary ýaly saz bilen şygryň sazlaşygyny özünde jemläp, asyrlaryň dowamynda halkyň söýgüsine mynasyp bolan sungatdyr. Onda halkyň aň-paýhasy beýan edilýär, olarda türkmen halkynda bolşy ýaly, türk halkynyň rowaýatlarynyň, dessanlarynyň baş gahrymanlary esasy orunda durýar. Häzirki döwürde nesilden-nesle geçip gelýän bu gadymy däp biziň döwürdeşlerimiz tarapyndan barha ösdürilýär. Onuň milli mirasda jemlenen gözelliginiň we paýhasynyň nury bolsa barha ýitileşýär.
Türkmen we türk halklarynyň halk tanslary milletiň däp-dessurlary, gündelik zähmeti bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň taryhy kökleriniň ýkyndygyna garamazdan, her medeniýetiň özboluşly öwüşginleri bar. Hut şonuň üçinem türkmen tomaşaçylary üçin bu dabara Türkiýe medeniýetine we sungatyna çuňňur aralaşmaga oňaýly mümkinçilik döretdi we tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Türkiýäniň döredijilik wekiliýetiniň hatarynda artistlerden başga-da, kino işgärleri, žurnalistler, Moda we dizaýn institutynyň hünärmenler bar. Olar Türkmenistana öz işlerini getirdiler.
Şeýlelikde, ertir Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň milli lybaslarynyň sergisi guralar. Şeýle hem bu ýerde türk aşhanasynyň nygmatlary hödürlener. Gunuň ikinji ýarymynda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Türkiýäniň Kino günleriniň açylyşy bolar.
Myhmanlar biziň ýurdumyzda bolmagynyň barşynda paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, “Älem” medeni dynç alyş merkezine, “Ylham” seýilgähine, Türkmen halysynyň milli muzeýine we “Nusýa” taryhy-medeni goraghanasyna baryp görerler.