Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramyny belleýär
Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen döredijilik ussatlarynyň hünär baýramy hakyky ählhalk baýramçylygyna öwrüldi, çünki munuň özi türkmen halkynyň şöhratly taryhy we baý medeni mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklykda onuň häzirki ruhy galkynyşynyň manysyny açyp görkezýän aýratyn dabaradyr. Hut medeniýet we sungat işgärleri berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň idealogiýasyny, milli we dünýä medeniýetiniň gazananlaryny köpçülige ýetirýär, jemgyýetiň estetiki keşbini kemala getirýär.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň baýramyny ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek we geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek üçin esas hökmünde kabul edip, ony aýratyn ruhubelentlik bilen belleýärler. Ýörite baýramçylyga gabatlanylyp täze teatr oýunlary, konsert maksatnamalary, döredijilik duşuşyklary we döredijilik däp-dessurlarynyň dowamatlylygy hem-de türkmen medeniýetiniň we sunagtynyň häzirki güni barada gürrüň berýän sergiler taýýarlanyldy.
Mysal üçin, 20-nji iýunda paýtagtymyzyň teatrlarynda täze oýunlar görkezilip başlandy. Ol A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň “Şowhunyň aýnasy” atly sahna oýny bilen açyldy. 21-nji iýunda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry tomaşaçylara özüniň täze işini--“Heýkeller we ykballar” atly sahna oýnuny hödürledi. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň körpe tomaşaçylary hem ünsden düşürilmedi. Bu teatrda “Täsin ülke” atly, 22-nji iýunda Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Kämillige ýol açan döwür” atly sahna oýny ilkinji gezek görkezildi. Geçen dynç alyş günlerinde tomaşaçylar Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Oguz rowaýatlary” atly sahna oýnuna we Lebap welaýatanyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Gyz edebi” atly sahna oýnuna baha bermäge mümkinçilik aldylar.
22-nji iýunda “Watan” kinokonsert merkezi tomaşaçylary “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň saz gurallary toparynyň baýramçylyk konsertine çagyrdy. Şol ýerde 24-nji iýunda “Aşgabat” döredijilik toparynyň baýramçylyk konserti we 25-nji iýunda “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy boldy.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň döwlet drama teatry we Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry özleriniň “Oguz toýy” hem-de “Gumly gelin” atly sahna oýunlaryny ilkinji gezek görkezdiler.
26-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler zalynda “Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize we sungatymyza goýýan sarpasy belentdir” atly döredijilik duşuşygy we maslahaty geçirilip, oňa ýurdumyzyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Şol gün agşam “Ylham” seýilgähinde uly baýramçylyk konserti boldy.
Iýun aýynyň çäreleriniň maksatnamasyna baýramçylyk dabaralaryndan, döredijilik duşuşyklaryndan, maslahatlardan, sergilerden, ilkinji gezek görkezilen sahna oýunlaryndan başga-da, sport çäreleri we durmuş-medeni maksatly täze desgalary ulanmaga bermek dabaralary girizildi.Ýakyn günlerde Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar ulanmaga berler.
Türkmenistan milli medeniýetimiziň baý taryhy däpleriniň aýawly saklanylýan ýurdudyr. Mähriban Diýarymyzda medeni durmuş okgunly ösdürilýär. Medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhuny berkitmäge, onuň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklary we halkymyzyň ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir.
Medeniýet ulgamynyň şu günki gazanan anyk üstünlikleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynda we öňden barlarynyň durkuny täzelemekde, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde, neşirýat işini we habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde, giň halkara medeni gatnaşyklary ýola goýmakda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz bu möhüm ulgamy ösdürmäge, zehinleriň täze ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berip, dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň abraýly festiwallara we döredijilik gözden geçirilişlerine işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döredýär.
Taryhy-medeni ýadygärlikleri we gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we goramak, biziň ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy geçmişi, onuň ajaýyp wekilleriniň durmuşy we işi bilen baglanyşykly, daşary ýurtlarda ýerleşýän medeni ýadygärlikleri we medeni mirasyň beýleki desgalaryny ýüze çykarmak hem-de wagyz etmek boýunça geçirilýän işler döwlet derejesinde uly ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, alymlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň hünärmenleriniň taryhy gymmatlyklary Türkmenistana gaýtaryp getirmek boýunça alyp barýan işleri aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýleriniň, arhiwleriniň we kitaphanalarynyň gatnaşyklary ep-esli giňeldildi. Şol gatnaşyklar bolsa maglumatlary hem-de resminamalaryň nusgalaryny alyşmaga, şeýle hem ylmy maksatlar üçin muzeý we kitaphana gaznalaryny ulanmaga gönükdirilendir. Taryhy we taryhy-arhiw materiallary sergi, neşirýat we maglumatlar ulgamynda giňden ulanylýar.
Medeniýet ulgamynyň kada-hukuk binýadyny döretmek ony ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Medeniýet hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy.
Şu ýyl ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen halkynyň medeniýet we sungat ulgamynda, milletiň ruhy galkynyşynda, ýaşlaryň medeni dünýä garaýşyny giňeltmekde gazanan üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda döredilen “Medeniýet” žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy.
Häzirki döwürde döwletiň medeni syýasatynyň esasy wezipeleri medeniýeti ösdürmegiň täze usullaryny, menejmentiň häzirki zaman tehnologiýalaryny, maglumatlar we intellektual serişdeleri, syýahatçylyk, moda we dynç alyş ýaly ulgamlaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda medeniýet ulgamynyň işi özüne binagärlik we şähergurluşyk, binagärlik mirasyny, taryhy we däp bolan toplumlary, medeni we tebigy landşaftlary aýawly saklamak babatda gatnaşyklary birleşdirýär. Şeýle hem ol özüne halklaryň arasyndaky özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek we olaryň durmuşy, däp-dessurlary barada anyk düşünjäni kemala getirmek nukdaýnazaryndan möhüm orun eýeleýän halkara syýahatçylyk alyşmalaryna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri birleşdirýär.
Häzir Türkmenistanyň dünýä syýahatçylygynyň esasy merkezleriniň birine öwrülmek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Biziň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, tebigy-howa köpdürliligi syýahatçylygyň ähli görnüşlerini-medeni-tanyşlyk, jahankeşdelik, ekologiýa, deňiziň kenarynda dynç almak görnüşlerini, şeýle hem şypahana we sagaldyş dynç alyşyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, halkara syýahatçylygynyň täze geljegi uly ugry hökmünde biziň ýurdumyzyň özüne çekijiligini sungatyň dürli görnüşleri arkaly bütin dünýäde wagyz etmek medeniýet ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde hem ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň bütin dünýäde eýeleýän orny we abraýy diňe bir onuň ykdysady serişdeleri bilen däl, eýsem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary, onuň ruhy-medeni mümkinçilikleri bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň asyrlaryň dowamynda toplanan baý ruhy-medeni kuwwaty onuň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän täsin ornuny kesgitleýär.
Türkmen medeniýeti milletiň ruhy özboluşlylygyny beýan edip, şol bir wagtyň özünde tutuş dünýä bileleşiginiň köpugurly gymmatlyklaryny şöhlelendirýär we adamzadyň medeni-taryhy mirasynyň bir bölegi bolup durýar. Şunda halkara medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasat türkmen döwletiniň halkara giňişligindäki syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edýär.
Medeniýetiň häzirki Türkmenistanyň hakykata laýyk we amatly keşbini kemala getirmäge ýardam edýändigi äşgärdir. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary ýurtlara bolýan saparlarynyň öňüsyrasynda biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik wekiliýetleriniň dürli medeni çäreleriniň geçirilmegi hem tötänden däldir.
Dünýä ösüşiniň häzirki möhüm tapgyrynda, aýratyn hem biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hökmünde ykrar edilmegi jähtinden, medeni diplomatiýa uly ähmiýete eýe bolýar. Medeni diplomatiýa jemgyýetçilik pikirine täsir etmegiň özboluşly usullaryny ulanmak bilen, ýurduň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär we onuň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Häzirki wagtda medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň özboluşly guraly hökmünde çykyş edýär, şeýle hem halklarynyň arasyndaky ylalaşygy we özara düşünişmegi gazanmaga, biziň ýurdumyzyň halkara medeni hyzmatdaşlyk ulgamyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge, Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna ýardam edýär.
Türkmenistan ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde medeniýetara gatnaşyklaryň ösdürilmegini işjeň goldaýar. Türkmen medeniýeti bütin dünýä üçin açykdyr, şunda dürli ýurtlar bilen medeni gatnaşyklaryň usullary döwletara syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşi bilen deň derejede ösýär.
Mary şäheriniň-köp asyrlyk taryhy bolan we okgunly ösýän häzirki zaman türkmen şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty derejesine eýe bolmagy hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Munuň özi asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň medeni taýdan özara gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistanyň şöhratly taryhynyň we baý medeniýetiniň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar.
Bu gürrüňi dowam edip, abraýly halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlygyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemelidiris. Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, BMG-niň düzümindäki özboluşly intellektual forum hökmünde UNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu guramanyň işi medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryndaky düýpli meseleleriň çözgüdini gözlemäge mümkinçilik berýär. UNESKO-nyň köpugurly, demokratik dünýä gurluşyny kemala getirmäge, halklaryň ruhy dagynyklygyny ýeňip geçmäge, döwletleriň deňhukuklygyna, medeniýetleriň bitewüligine we köpdürliligine hormat goýmaga gönükdirilen ýörelgeleri we gymmatlyklary Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda ädýän anyk ädimleri UNESKO tarapyndan giň goldawa mynasyp bolýar. Bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak baradaky taslamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. Umumadamzat gymmatlygynyň ajaýyp ýadygärlikleri hökmünde Gadymy Merwiň, meşhur Köneürgenç şäheriniň we Parfiýa patyşalygynyň paýtagty Nusaýyň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda umumadamzat gymmatlyklarynyň bu abraýly sanawyna girizmek üçin türkmen taryhynyň we tebigy desgalarynyň täsin ýerleriniň ýene-de birnäçesi taýýarlanyldy.
Soňky ýyllarda dünýä medeniýetiniň merkezleriniň biri, abraýly halkara sergileriniň, festiwallaryň we sungat bäsleşikleriniň, daşary ýurt toparlarynyň we ýerine ýetirijileriniň çykyşlarynyň, döredijilik intellegensiýasynyň duşuşyklarynyň, beýleki ýurtlaryň medeniýet günleriniň, ylym-bilim forumlarynyň, giň möçberli sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde biziň ýurdumyzyň abraýy has-da artdy.
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara estrada we teatr bäsleşikleri hem-de festiwallar munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleri, özara döredijilik saparlarynyň, halkara çäreleriniň, sergileriň, edebiýat hem-de sungat ulgamynda bäsleşikleriň, şeýle hem bilim we ylym çäreleriniň guralmagy medeni gymmatlyklary wagyz etmekde, döredijilik gatanşyklaryny ösdürmek we tejribe alyşmak işinde uly ähmiýete eýedir. Diňe şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik wekilleri milli medeniýetiň we sungatyň gazanan üstünliklerini Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda görkezdiler. Aşgabat Belarusyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sungat wekillerini kabul etdi. Şu günler türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Milli sungatymyz Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde hem mynasyp wekilçilik edýär. Şol ýerde EKSPO-2012 ýöriteleşdirilen Bütindünýä sergisi geçirilýär.
Häzir daşary ýurtlarda halk çeperçilik senediniň we amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergilerini guramak çäresi uly meşhurlyga eýe boldy. Çeper sergileri we muzeý gymmatlyklaryny alyşmak Türkmenistanyň nusgawy medeni mirasy, şeýle hem häzirki zaman şekillendiriş sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Biziň ýurdumyz daşary ýurtlarda guralýan kitap sergilerine we ýarmarkalaryna giňden gatnaşýar. Munuň özi milletiň ruhy mirasyna ünsüň artmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň neşirçileri hem-de terjimeçileri tarapyndan türkmen edebiýatynyň eserleriniň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi arkaly şol mirasyň giňden wagyz edilmegine ýardam edýär. Tele we radio kompaniýalarynyň, habar beriş gulluklarynyň arasynda, şeýle hem metbugat we neşirýat işi ulgamynda özara alyşmalaryň geljegi örän uludyr.
Şu baýramçylyk gününde döredijilik işgärleri, däp bolşy ýaly, özleriniň iş orunlarynda bolup, bize öz sungatyny, joşgunly we zehinini peşgeş berýärler. Şu gün aşgabatlylara we türkmen paýtagtynyň myhmanlaryna uly döredijilik sowgatlary garaşýar. 27-nji iýunda agşam geçiriljek täze opera oýny olaryň iň gyzyklylarynyň biri bolar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda “Magtymguly” operasynyň ilkinji görkezilişi bolar. Şeýlelikde, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi täze operanyň tanyşdyrylyşy bilen bellemek däbi üstünlikli dowam etdirilýär. Çünki, 27-nji iýun häzirki Türkmenistanyň taryhyna milli opera sungatynyň gaýtadan dikeldilen senesi hökmünde girdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we ýakyndan goldaw bermegi netijesinde opera sungaty gaýtadan dikeldildi.
Baýramçylyk gününde Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek “Bagtyýarlyk döwri we milli medeniýetimiziň batly gadamlary” atly dabara biziň ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat işgärleri gatnaşarlar. Olar bu möhüm ulgamlarda gazanylan üstünlikler barada gürrüň ederler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem öz zehinlerini görkezerler. “Watan”, “Türkmenistan” we “Aşgabat” kinokonsert merkezlerinde hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriniň çykyşlary guralar.
Iýun aýynyň baýramçylyk senelerine gabatlanylyp, 28-nji iýunda “Talyp joşguny-2012” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konserti, şeýle hem Türkmenistanyň Baş drama teatrynda “Sahawat derýasy” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanylan çäreleriniň ählisi habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilýär, milli telewideniýanyň ýaýlymlarynda görkezilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde raýatlarymyzyň müňlerçesi bu baýramçylyga giňden çekilýär.