Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň döredijilik topary täze sahnalaşdyrylan „Sahawat derýasy“ atly täze oýnuň ilkinji sapar görkezilişini gurady.
- Dünýäniň iň ajaýyp çölleriniň biri bolan Garagum, berketli Türkmen köli gürrüňsiz bu oýnuň taslamasynyň özenini düzdi. Bu ýerleriniň ajaýyp ýagty gelejegi hiç kimi biparh goýmaýar. Bu tema bilen gönüden-göni baglanyşykly bir waka barada pýesada gürrüň berilýär – diýip, režisýor-oýun goýujy Nobatguly Rejebow gürrüň berýär. Onuň üstünde işlemek bilen men, önümçilik meseleleriniň çäklerinde daşary çykmaga çalyşdym. Gahrymanlarym bilen içgin gyzyklanmagymyň netijesinde, adamlaryň öz aralarynda bolýan gatnaşyklar öz-özünden ilkinji hatara çykdy.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri N.Rejepow onlarça goşgy ýygyndylarynyň we pýesalaryň 30-a golaýynyň awtorydyr. Onuň „Halal hazyna“ atly pýesasy esasynda goýulan oýun Baş drama teatrynyň sahnasynda häzirki günler hem görkezilýär.
...Gulluk borjuny tamamlap gelen bir obadan bolan üç sany dost öz suwuny Türkmen kölüne akdyrylýan emeli derýanyň gurluşygyna gatnaşýarlar. Üç dost tozap ýatan ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, tarp ýere göçüp gelýärler. Bu ýaş ýigitler aýak üstüne berk galmak üçin , öz hojalygyny döretmek, bu ýerleriniň hakyky eýeleri bolmak maksady bilen, bu ýerde bag ösdürip ýetişdirýärler, ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar.
Olaryň öňünde ilkinji duran kynçylyk – özleriniň saýlap alan ýollarynyň dogrydygyny ene-atalaryny ynandyrmakdan ybaratdy. Oglanlara öz söýgülilerini hem ynandyrmak ýeňil düşmeýär. Elbetde, olaryň hiç biri hem ykballarynyň şeýle öwrümlerini göz öňünde getirip bilmeýärdiler. Ýöne olaryň şeýle çözgütli karara gelmeklerine elmydama täsinlikleri döredýän çyn ýürekden bolan söýgi kömek etdi.
Döredijilik topary durmuşa ynamly gadam basan ajaýyp döwürdeşlerimiz baradaky gyzykly taryhy wakany tomaşaça jikme-jik we anyk ýetirmegi başarypdyr.