Ï “Açyk gapylar syýasaty”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Açyk gapylar syýasaty”

view-icon 9984
2012-nji ýylyň iýuny: milletiň Lideriniň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Iýun aýynda köp sanly duşuşyklar, sergiler, maslahatlar, daşary ýurt döwletleriniň wekilleri bilen işewür gatnaşyklar, bilelikdäki medeni çäreler, biziň ýurdumyzyň pudaklaýyn wekiliýetleriň dürli halkara forumlaryna gatnaşmagy Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen işjeň giňelýän halkara hyzmatdaşlygy babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipelerini çözmek boýunça bilelikdäki sazlaşykly işiň netijesi boldy.

Ýurdumyzyň häzirki zaman ýyl ýazgysynyň ähli aýlarynda bolşy ýaly, geçen aýyň hem möhüm wakalara baý bolmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň gyşarnyksyz artýandygyna, milletiň Lideriniň daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlanygyjy bilen amala aşyrylýan syýasat bolsa türkmen halkynyň we bütin dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen oňyn hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Iýun a ýynyň birinji gününde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Hazyna” myhmanhanasynda “Syýahatçylyk ulgamyndaky standartlar we hil. Halkara tejribe we ony Türkmenistanda ulanmak” atly maglumat berýän we usuly görnüşindäki üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Junior Achievement Woldwide halkara guramasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) we Chevron nebitgaz kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde guraldy.

Umumy mejlisiň we okuw maslahatlarynyň barşynda myhmanhanalaryň işiniň möhüm görkezijileri, şol sanda hünär etikasy, hyzmat etmegiň ülňüleri, usullary we marketingiň hereket etmegi hem-de syýahatçylyk işewürliginiň milli mekdebini ösdürmek üçin peýdaly bolan myhman kabul etmek ulgamynyň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Onuň barşynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-nji iýunda aşgabatlylaryň ýadynda galjak möhüm medeni çäre hem geçirildi. Şol gün Aşgabadyň “Watan” kinokonsert merkezinde ýapon dokumental we çeper filmleriniň üç günlük görkezilişi başlandy. Bu çäre Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

2-4-nji iýunda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly halkara sergi geçirildi. Ol milli senenamanyň şanly senesine – dokmaçylaryň hünär baýramçylygyna bagyşlandy.

Her ýyl Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan Aşgabat şäherinde guralýan bu çäre geçen ýyllaryň dowamynda sebitde iň abraýly dokma sergileriniň birine öwrülip, dünýä bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazanýan üstünliklerini görkezip gelýär. Milli ykdysadyýetiň okgunly ösýän pudagyna dünýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly gyzyklanmasyny her ýyl oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi we sany hem tassyklaýar. Sergä ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan önüm öndüriji iri kompaniýalarynyň wekilleriniň 130-a golaýy geldiler. Olaryň arasynda öňden gelýän hyzmatdaşlar, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar bar.

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde, Hytaýyň esasy banklary bolan Bank of China we Bank of Kunlun banklarynda, şeýle hem Hytaýyň CNPC, Huawei, Lenovo, Jum-Şuý kompaniýalarynyň merkezi edaralarynda geçiren duşuşyklary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berdi.

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy. Şol gün bu ýerde şol institut bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) sebitleýin maksatnamasynyň arasynda hukuk ulgamynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen bellediler we kanun çykaryjylyk işinde giňden tejribe we maglumat alyşmak bilen birlikde netijeli gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.

Şeýle hem 5-nji iýunda Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanylyp guralan dabaraly çäreleriň çäklerinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň tebigatyny goramak ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guraldy. Şol çäre milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryň işiniň möhüm ugry bolan ekologiýa ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen iň gowy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga gyzyklanmanyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň başlygynyň orunbasary jenap Fransua Blansiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şol wekiliýet 5-nji iýunda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklarda ynsanperwerlik meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy ýunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara çagalar festiwaly medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, şol sanda GDA ýurtlary bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze möhüm ädim boldy. Bu festiwal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Bilim ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi, şeýle hem Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guraldy.

Bu uly baýramçylyga GDA ýurtlarynyň sekizisinden – Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan we Azerbaýjandan biziň ýurdumyza gelen çagalar, şeýle hem deslapky tapgyrlary üstünlikli geçen Diýarymyzyň dürli künjeklerinden ýaşajyk zehinler gatnaşdylar. Bu festiwalyň dostlugyň, agzybirligiň we döredijiligiň hakyky senasyna öwrülendigine söz ýok. Çünki şunuň ýaly döredijilik gatnaşyklary dürli ýurtlaryň halklarynyň arasynda parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär, olary birek-birege ýakynlaşdyryp, halkara çagalar festiwalynyň maksadyna laýyk gelýän belent ýörelgeleri berkarar edýär.

Halkara gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Liýuk Truýanyň ynanç hatyny gowşurmagynyň iýun aýynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülendigini bellemelidiris. Duşuşygyň çäklerinde belgiýaly diplomat Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň barşynda energetika, obasenagat toplumy, dokma we himiýa senagaty, maliýe we bank ulgamy we beýlekiler türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.

Şol gün, 11-nji iýunda Belgiýa Patyşalygynyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Lýuk Truýanyň saparynyň çäklerinde pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň birnäçesinde hem gepleşikler geçirildi.

Iýun aýynyň wakalarynyň teswirlemesini dowam etdirip, aýyň ikinji on günlüginiň başynda geçirilen üç günlük okuw maslahaty barada hem durup geçmelidiris. Bu çärä türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça daşary syýasat ugruna laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle gatnaşyklar, hususan-da, milli Liderimiziň başlangyjy bilen halkyň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň jähtinden has-da derwaýysdyr.

12-14-nji iýunda ýene-de bir möhüm forum—“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan halkara sergisi we ylmy maslahat Ylymlar gününe gabatlanylyp geçirildi we ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

12-13-nji iýunda türkmen paýtagtynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 46-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ASA-nyň agzalary bolan ýurtlaryň – Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusuň we Ukrainanyň telekommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň baştutanlygynda Aşgabat şäherinde bu iri sebitleýin guramanyň wekiliýetleri ýygnandylar. Duşuşyga Bolgariýanyň, Litwanyň, Sloweniýanyň, “Intersputnik” kosmos aragatnaşygy halkara guramasynyň, “Latwiýa poçtasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň wekilleri we beýlekiler çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi arkaly ASA-nyň doly ygtyýarly agzasy bolup durýar. Bu gurama elektrik we poçta aragatnaşygy ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ýardam edýär. Dünýäniň maglumatlar bileleşigine goşulyşmaga ýardam etmek Sebitleýin arkalaşygyň möhüm wezipesi bolup durýar. Çünki soňky ýyllarda bütin dünýäde, şol sanda ASA-nyň agzasy bolup durýan ýurtlarda iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary okgunly ornaşdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, sebitde umumy maglumat giňişligini döretmekde ylalaşykly işlemek, kadalaşdyryjy-hukuk binýady ýakynlaşdyrmak, toplanan iş tejribesini alyşmak meseleleri Aşgabatda geçirilen mejlisiň esasy ugurlary boldy.

12-nji iýunda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesinde geçirilen duşuşyklar hem biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň Ýewropa ugrunyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny görkezdi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Bilim ministrliginde Norwegiýa Patyşalygynyň wekilýietiniň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi. Bu wekiliýet Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Dag Malmer Halworseniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna geldi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde we Türkmen döwlet medeniýet institutynda Fransiýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň kino, radio we telegepleşikler meseleleri boýunça attaşesi hanym Fanni Ober-Malori bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, myhman Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde kabul edildi.

Şondan bir gün geçenden soň, 13-nji iýunda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy jenap Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparynyň agzalary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm ugry bolup durýar.

13-nji iýunda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde we Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugynda Belarus Respublikasynyň salgytlar we ýygymlar boýunça ministriniň orunbasary hanym E.Seliskaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda myhmanlar döwletimiziň bu pudakda durmuşa geçirýän syýasaty, hususan-da, ýurtda hereket edýän çeýe salgyt ulgamy, ýagny, bir tarapdan, Döwlet býujetine girdejiler üýtgewsiz artýan, beýleki bir tarapdan, häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan hususy telekeçiligi ösdürmek üçin uly ýeňillikleri göz öňünde tutýan salgyt ulgamy bilen tanyşdyryldy.

Halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, şol günlerde Aşgabatda geçirilen ýene-de iki maslahat barada durup geçmelidiris. Olaryň biri maglumat-kommunikasion tehnologiýalar boýunça halkara syýasatynyň hukuk bilen bagly jähtleri boýunça iki günlük maslahatdyr. Ol Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady topary bilen bilelikde guraldy. Beýleki maslahat bolsa ilatyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany boýunça maglumat bermegiň we düşündiriş işleriniň strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagyna bagyşlandy. Bu maslahat Ýewropa Bileleşiginiň “CADAP” MEDISSA maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

14-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň konsullyk meseleleri boýunça orunbasary jenap Hasan Kaşkawiniň baştutanlygynda türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran häzirki döwürde söwda-ykdysady we medeni-ynsanerwerlik ugurlarda iki halkyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlykda uly tejribe topladylar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň edilip, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelliligi bellenildi, şol hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi bar. Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler gatnaşyklaryna degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün “Nemes ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň” wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyza gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Oba hojalyk ministrliginde kabul edildi. Nemes wekiliýetiniň düzümine GFR-iň esasy kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri girdiler. Olar öz işini nebitgaz senagaty we energetika, ulag we aragatnaşyk, söwda we maliýe ulgamlarynda, obasenagat pudagynda, şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda amala aşyrýarlar. Olaryň arasynda “Bauer Comp Holding AG”, “Lemken GmbH”, “John Deer International GmbH”, “ThyssenKrup AG” we beýlekiler bar.

Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň Aşgabada sapary günbatar kompaniýalarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge artýan gyzyklanmasynyň ýene bir subutnamasydyr.

Şol gün paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleriniň atçylyk babatda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin biziň ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirliklerinden hünärmenleriň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda abraýly daşary ýurt bilermenleri—weterinariýa boýunça hünärmenler doktor Hollward Joan Sommerset we doktor Mohammed Abdul Rahman Abdulla bilen bolan duşuşygyň barşynda iki ýurduň weterinarlarynyň we zootehnikleriniň ylmy-maslahatlaşma gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň balyk hojalygy boýunça ygtyýarly guramalarynyň wekilleriniň mejlisi açyldy. Oňa gatnaşyjylar Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazaryň baý tebigy dünýäsini aýawly saklamaga gönükdirilen sebitleýin resminamany taýýarlamak boýunça işleriň barşyny her tarapyň ykdysady we ekologiýa bähbitlerine laýyk gelýän tebigatdan peýdalanmagyň ylalaşylan derejesini üpjün edip, ara alyp maslahatlaşmak mejlisiň esasy meselesi boldy.

15-nji iýunda türkmen paýtagtynda fransuz filmleriniň görkezilişini guramak bilen baglylykda dabaraly çäre geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky medeni çäre boldy.

Şu ýerde, 16-18-nji iýunda Türkmenbaşy şäheriniň kinokonsert merkezlerinde hindi filmleriniň görkezilişiniň bolandygynyň bellemelidiris. Bu çäre türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky medeni çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

15-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margaret Tuminiň ýolbaşçylygynda gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň hem-de gumanitar gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek gün tertibine goşulan meseleleriň birine öwrüldi. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge we berkitmäge ýardam berer.

Şol gün Aşgabatda döwlet dolandyryşy ulgamynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan “Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde guralan tanyşdyrylyş dabarasyna Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenleri: Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň direktory Arwo Otta, Sankt-Peterburgyň maglumatlar tehnologiýalary, mehanika we optika döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Elektron dolandyryşy merkeziniň direktorynyň orunbasary Dmitriý Trutnew we ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugynyň Waşington şäherindäki QED Group, LLC taslamasynyň ýolbaşçysy Maýkl Howerter gatnaşdylar.

Şondan birnäçe gün soň, 18-nji iýunda türkmen paýtagtynda ýene-de bir tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Aýallaryň hukuklary baradaky halkara hem-de hukuk resminamalarynyň we Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň ýygyndysynyň bu tanyşdyrylyş çäresini Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), Ýewropa Bileleşiginiň taslamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti bilen bilelikde gurady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen bu çäre biziň ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga uly üns berilýändigini, bu ulgamda halkara borçnamalarynyň ählisine gyşarnyksyz eýerilýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

19-20-nji iýunda paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Gender deňliginiň meselelerini döwlet tarapyndan dolandyrylmagyň nusgasy we tejribesi” atly iki günlük halkara maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde gurady. Onuň işine BMG-niň esasy gulluklarynyň ýerli edaralarynyň -- UNFPA-nyň Sebitleýin býurosynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Horwatiýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Moldowadan, Çehiýadan we Ermenistandan gelen gender hukugy ulgamyndaky halkara bilermenleri, şeýle hem Orta Aziýa döwletlerinden parlament agzalary, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Aşgabatda şeýle wekilçilikli maslahatlaryň geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm wakadyr we ýurdumyzda amala aşyrylýan, jemgyýetde gender deňligini gazanmaga gönükdirilen oňyn işlere halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.

19-21-nji iýunda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde däbe öwrülen we her ýyl guralýan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk ulgamyna we gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi geçirildi. Daşary ýurtly işewür wekilleriň Türkmenistanyň ykdysadyýetine we gurluşyk ulgamyna uly üns bermegi biziň ýurdumyzyň geljegi uly we sazlaşykly ösýän bazaryna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu sergi netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

20-nji iýunda biziň ýurdumyzyň dürli halkara guramalary bilen okgunly ösýän hyzmatdaşlygy bilen bagly möhüm wakalaryň birnäçesi bolup geçdi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplar bilen duşuşyk geçirildi, onda geljekki türkmen hünärmenleri häzirki zamanyň ählumumy wezipelerini, şol sanda bosgunlar meselesini çözmekde Türkmenistanyň we BMG-niň köpugurly gatnaşyklarynyň çäklerinde toplanan dünýä we milli tejribe bilen tanyşdyryldy. Her ýylyň 20-nji iýunynda bellenilip geçilýän Bütindünýä bosgunlar gününe gabatlanylyp, BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guran duşuşygynyň barşynda oňa gatnaşyjylara bosgunlaryň meselelerini çözmekde umumy dünýä işini kämilleşdirmek we degişli uzakmöhletleýin çäreleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly esasy meselelere bagyşlanan çykyşlar we wideorolik hödürlenildi.

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetinde geçirilen duşuşykda hem ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk esasy mesele boldy. Bu ýerde “Açyk gapylar” güni geçirildi.

Paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda bolsa “Milli ösüş üçin intellektual eýeçiligiň orny” atly iki günlük milli okuw maslahatynyň jemi jemlendi. Maslahat intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde guraldy.

Degişli maglumatlary toplamak hem-de türkmen we hindi halklarynyň medeniýetleriniň özara täsiri barada kitap ýazmak maksady bilen meşhur hindi ýazyjysy Ratha Raýnanyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda bolmagy köp ugurly türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Hanym R.Raýna özüniň saparynyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyna, Arheologiýa we etnografiýa institutyna hem-de Milli golýazmalar institutyna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardy, Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda boldy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri bilen duşuşdy.

Ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda geçirilen duşuşyklarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Mysal üçin, 25-26-njy iýunda Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Aureliýa Buşes Türkmenistanyň Hökümetinde, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda kabul edildi. Olarda esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň däp bolan gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Bütindünýä sammitinde öňe süren başlangyçlaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH), ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän habarlar gulluklarynyň, belli gazet-žurnallaryň žurnalistleri çagyryldy.

25-26-njy iýunda paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynda “Çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdebe taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Milli maksatnamasy” boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistan bilen UNISEF-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Şol günlerde Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Şu çäre mynasybetli doganlyk ýurduň Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Abdyrrahman Arjynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary Aşgabada geldi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdulla Gülüň duşuşyklarynda gazanylan ylalaşyklaryň we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki Jarnamanyň çözgütleri netijesinde geçirilen Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki doganlyk ýurduň açyklyk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, onuň döwrüň ruhuna we oňyn özgertmelere laýyk gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna bolan islegleriniň aýdyň subutnamasydyr.

26-njy iýunda Türkmenistanyň we Angola Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklary möhüm waka bilen alamatlandyryldy -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bu dostlukly ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Žoakim Augusto de Lemuşdan ynanç hatyny kabul etdi. Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylar medeni-ynsanperwerlik ulgamynda ysnyşykly gatnaşyklary hem-de göni parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýtdylar.

Şol gün diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Oba hojalyk ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Angola Respublikasynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

26-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň başlygynyň gender meseleleri boýunça ýörite wekili hanym Jun Zeýtlin bilen geçirilen duşuşyklarda hem adam hukuklary we gender deňligi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde myhman şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde, Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edildi.

28-nji iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ukrain suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we keramikaçylarynyň sergisi açyldy. “Döwrüň çägi” adyny alan bu sergi Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmeginiň çäklerinde guraldy.

29-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilýän “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni baýram edildi. Türkmenistan milli günler nobatyny kabul edip, şol gün sergä gelenleriň, dürli ýurtlardan köp sanly wekiliýetleriň, şeýle hem ýerli we halkara metbugatyň üns merkezinde boldy. Milli günüň çäklerinde Türkmenistan ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şeýle hem ekologiýa, kenarýakasyny özleşdirmek we deňiz serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda gazanan üstünliklerini görkezdi.

“Diýalog Awrasýa Platformu” (“Ýewraziýa Diýalogynyň binýady”) atly halkara gumanitar guramanyň neşir edýän “DA” (Diýalog Awrasýa) atly medeni-aň-paýhas žurnalynyň nobatdaky sanynyň çapdan çykmagy dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen döwletine gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezdi. Halkara žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite owadan suratlar bilen bezelen ýörite sanynda ýerleşdirilen çuňňur manyly makalalaryň awtorlary belli döwlet we syýasy işgärleridir, syýasatşynaslardyr we žurnalistlerdir. Munuň özi Garaşsyz hem Bitarap ýurt bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Iýun aýynyň soňky günlerinde “Ýokary tehnologiýalar toplumynyň dolandyrylyşy” döwlet edarasynyň daşary ykdysady iş we marketing bölüminiň ýolbaşçysy Ýuriý Derewýankonyň baştutanlygyndaky belarus wekiliýetiniň biziň ýurdumyza sapary boldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Aragatnaşyk ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, Merkezi bankynda we Döwlet gümrük gullugynda duşuşyklar geçirildi.

Şol duşuşyklaryň barşynda bolan geňeşmelerde innowasion tehnologiýalar ulgamyna, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli ulgamlaryna ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmakda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iýun aýynyň beýan edilen wakalaryny jemläp, olarda diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we häzirki Türkmenistanyň gazanan ajaýyp üstünlikleriniň däl, eýsem, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ägirt uly özgertmeleriň ählisiniň ruhlandyryjysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan köp taraply işinde öz beýanyny tapandygyny ynamly aýtmak bolar. Şol özgertmeler bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär.