2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we pensiýalaryň möçberi ýokarlandyrylar. Bu degişli karar şu ýylyň ilkinji alty aýynda ykdysady ösüşiň jemlerine hem-de ýylyň ikinji ýarymy üçin öňde duran meselelere garalyp geçilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy iýulda bolup geçen giňişleýin mejlisinde kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken „Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky“ Kararyna laýyklykda, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, şeýle hem döwlet kömek pullarynyň möçberleri 10 göterim, pensiýalar bolsa – 15 göterim köpeldiler.
Resminama 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet pensiýalarynyň iň ýokary möçberini 742 manat möçberde belleýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar üçin pensiýalaryň aýda iň pes möçberi 725 manat, iň ýokary möçberi – 978 manat möçberde bellenildi. Beýik watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberi 890 manat möçberde bellenildi. Şeýle hem zähmet pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberini hasaplamagyň birnäçe ugurlary kesgitlenildi.
Resminama bilen 2013-nji ýyldan başlap döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, olaryň esasy düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň täze möçberi kesgitlenildi.
Şeýle hem Kararda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmagyň çeşmeleri kesgitlenildi.
Bellenip geçilşi ýaly, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ýokarlandyrylmak çäresi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamasynda“ bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýär.