Ï Üstaşyr ulag geçelgeler - ХХI asyryň Ýüpek ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üstaşyr ulag geçelgeler - ХХI asyryň Ýüpek ýoly

view-icon 3955
Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow diňe milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek üçin däl-de, eýsem halkara ulag ýollaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglylykda ileri tutulýan meseleleriň hatarynda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini tiz kemala getirmegiň, şeýlelikde, halkara gatnaşyklarynyň möhüm ornuna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisinde çykyş edip, türkmen Lideri “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen baglylykda ulag-aragatnaşyk ulgamynda ŞHG-nyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu ugurlar Ýuwaş Ummanyndan başlap, Baltika deňzine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli bolan örän uly giňişlikleri baglanyşdyrar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynmagy örän uly ähmiýete eýe bolýar. Ol asyrlaryň dowamynda diňe iri söwda ýoly bolmak bilen çäklenmän, eýsem medeniýetleri birleşdirip, halklaryň arasyndaky beýik medeni hem-de gumanitar alyş-çalyşlary şertlendirdi, olaryň ýakynlaşmagynda we birek-birege düşünişmeginde möhüm orun eýeledi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Köp asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde hem bu oňyn tejribeleriň ösdürilmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Häzir biziň döwletlerimizde Beýik Ýüpek ýoluna, onuň mynasyp geljegine aýratyn ähmiýet bermek üçin syýasy hem-de ykdysady mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Türkmenistanyň ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny belledi we geljek ýyl ХХI asyryň Beýik Ýüpek ýolunyň geljegine bagyşlanan wekilçilikli halkara forumy geçirmegi teklip etdi.

Häzirki döwürde halklaryň we döwletleriň ulag-aragatnaşyk özara baglanyşygy biziň maksatlarymyzyň we hereketlerimiziň ählumumy bolup, adamzadyň birleşmegine gönükdirilmegini talap edýär. Hoşniýetli goňşuçylyk duýgusy dünýäniň ykbalyna biparh garamaýan her bir adama mahsus bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmekde ählumumy başlangyçlarynyň beýik pikiri şundan ybaratdyr.

Munuň şeýledigini öz işleri bilen tassyklaýan Türkmenistan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýewraziýa yklymy, tutuş dünýä boýunça parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýollaryny gurýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjy häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ol Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bu başlangyjyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe sürdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Orta Aziýa we Hazar sebiti zolagynda köp ugurly ulag ýollarynyň döredilmegi sebitiň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga, şonuň bilen birlikde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşine ýardam eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň we Katar döwletiniň daşary syýasat edarasynyň baştutanynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda 2011-nji ýylyň baharynda geçirilen sammit ulag-aragatnaşyk ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýakyn Gündogaryň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirjek Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň taslamasyna gol çekmek dabarasy Sammitiň täze halkara ýollaryny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmäge giň ýol açýan netijesi boldy.

“Orta Aziýada we Hazar sebitinde ulag we üstaşyr ýollaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly şu ýylyň maýynda geçirilen halkara maslahat BMG-niň ady agzalan Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýene-de bir ähmiýetli ädim boldy.

Maslahata gatnaşyjylar, wekilleriň 180-si sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň barha artýan ornuny bellediler we ýurdumyzyň ulag ulgamlarynyň durkuny täzelemek we ösdürmek, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak bilen baglylykda açylýan ägirt uly mümkinçilikler barada bir pikiri aýtdylar. Wekilleriň arasynda halkara bilermenleri we 18 döwletiň pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, halkara guramalarynyň 10-synyň wekilleri we baştutanlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň täze, toplumlaýyn maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine hem-de adamlaryň amatly durmuşy, olaryň döredijilikli zähmeti we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksadynda Türkmenistanda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatyna uly ähmiýet berýär. Mysal üçin, milli Liderimiz geçen aýyň başynda—2-nji iýunda Aşgabat we onuň etekleri boýunça nobatdaky iş saparynyň barşynda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça işleriň ilerledilişi bilen tanşyp, bu ýerde ýol gurluşyk ulgamynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen birlikde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur bolan aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meseleleriniň üstünde işlemegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara almak bilen, paýtagtymyzyň doly derejeli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmegiň möhüm ugry bolan ýurdumyzyň baş şäheriniň ulag-aragatnaşyk düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşyna ünsi çekdi. Hususan-da, milli Liderimiz täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriniň, estakadalaryň we awtomobil ýol aýrytlarynyň gurluşyk işleriniň depgini we hili bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň töwereginde gurulýan tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz dikuçardan belentlikden aýlaw ýolunyň şäherara awtomobil ýoly bilen kesişýän gündogar we günbatar çatryklarynda estakada köprüsiniň we ýol aýrytlarynyň gurluşygynyň barşyny synlap, bu çylşyrymly inžener-tehniki desgalarda işleriň hilini we olary ulanmaga bermegiň möhletini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýlaw ýolunyň şol ýerden geçýän bölegini gözden geçirip, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we bu işde ýokary halkara ülňüleri nusga bolmalydyr diýip belledi.

Häzirki zaman ulag düzümini döretmäge goýulýan ägirt uly serişdeler, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň berk esasyny döredýär we onuň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrýar, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär. Munuň özi ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Şu nukdaýnazardan ýakynda Aşgabatda ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylmagy bu ugurdaky nobatdaky ädimlerdir.

29-njy iýunda Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary tarapyndan gurlan desgalaryň birbada birnäçesi açyldy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň iri awtomobil ýollarynyň aýlaw awtomobil ýoly bilen kesişýän ýerlerindäki ýol ulag aýrytlary, Aşgabadyň golaýyndaky “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgesiniň bölegi, Gämi şäherçesiniň demirgazygyndaky köpri we beýlekiler bar.

Ulanmaga berlen desgalar şeýle desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.Türkmenistanyň we Russiýanyň esasy taslama we gurluşyk guramalarynyň işjeň gatnaşan taslama işleriniň barşynda ylmyň iň soňky gazananlary ulanyldy. Munuň özi işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etdi we desgalaryň ulanyş möhletiniň dowamlylygyny artdyrdy. Hususan-da, estakadalaryň we ýol aýrytlarynyň gurluşygynda iň häzirki zaman enjamlary ulanyldy. Şunda durmuşa geçirilen tehniki çözgütlerde ýurdumyzyň çägindäki howa we geologiki şertler doly göz öňünde tutuldy. Köprüleriň we estakadalaryň sütünleriniň konstruksiýasyna dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen maýatnik sütün bölekleri we beýleki enjamlar girizildi.

Kuwwatly inženerçilik desgalarynyň haýran galdyryjy desgalary şol ýerde gurluşyk işleriň giň gerimde alnyp barylandygana şaýatlyk edýär. Ulag aýrytlarynyň her birinde 8 sany iniş ýollary bar, olaryň 4-si estakada görnüşinde gurlupdyr. “Gündogar-Günbatar” awtomobil ulag geçelgesiniň böleginiň uzynlygy 2,5 kilometre we ini 35 metre barabar bolup, onuň her ugurda 3 sany zolagy bardyr. Munuň özi birinji tehniki derejä laýyk gelýär. Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň uzynlygy bolsa 150 metre barabardyr.

Estakadalar sesden we çägeden goraýan bezeg ekranlary bilen üpjün edildi, ýollaryň bölüji zolaklary metal germewler bilen enjamlaşdyryldy. Uly göwrümli geogermewleri ulanmak arkaly inişleriň berkidilmegi Türkmenistanyň ýol gurluşygy üçin ýene-de bir täzelikdir. Bu ýokary netijeli we ýokary tehnologiýaly usul betonlamak işinden örän arzandyr, ýöne ol desganyň talap edilýän berkligini gazanmaga mümkinçilik berýär.

Çagyl-mastika asfalt-betonyň ulanylmagy awtoýollaryň gurluşygynda geljegi uly usul hasaplanylýar. Bu usul ýollaryň ýokary gatlagynyň uzak wagtlap abat we tekiz bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem onuň ulanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrýar.

Bu täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ýurdumyzda köp şahaly, döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag düzümini döretmek bolup durýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Öňden bar bolan ýollaryň durkunyň yzygiderli täzelenýändigine hem-de täze ýollaryň gurulýandygyna garamazdan, milletiň Lideriniň başlangyjy bilen halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ulag düzümini döretmek boýunça şeýle giň möçberli we toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly işleriň Türkmenistanyň taryhynda entek bolmandygyny bellemelidiris.

Ulag ýollaryny gurmakda işleriň bir bölegi ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýar, bu ýerde öz gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk şähergurluşyk maksatnamasy, Aşgabat şäheriniň we onuň töwerekleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksatnamasy amala aşyrylýar. Häzir türkmen paýtagtynyň keşbini gözelleşdirýän dünýä derejesindäki awtobanlar – Arçabil, Çandybil, Bitarap Türkmenistan şaýollaryny täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlarynyň biri diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat şäherini gurşap aljak häzirki zaman täze ulag ýolunyň ulanmaga beriljek güni hem indi uzakda däl. Ol paýtagtymyzyň iri ulag ýollarynyň biri bolar.

Gurulýan halkalaýyn awtomobil ýolunyň esasy wezipesi üstaşyr we agyr ýükli ulaglary, ilkinji nobatda, biziň ýurdumyzdan üstaşyr geçýän uly maşynlary Aşgabadyň daşyndan geçirmek bolup durýar. Munuň özi şäheriň içindäki ýollarda ulag hereketini ep-esli kadalaşdyrar, ýollaryň zaýalanmagynyň öňüni alar we paýtagtymyzda ekologik ýagdaýy gowulandyrar. Ýeňil we ýolagçy ulaglarynyň halkalaýyn ýoldan şäheriň islendik nokadyna sanlyja minutlarda baryp biljekdigi onuň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň gündogaryny we günbataryny baglanyşdyrýan, ulag ýollarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap ulag ýolunuň gurluşygynyň hem iş depginleri ýokarlanýar. Bu strategik ulag ýolunyň umumy uzynlygy müň kilomtrden hem gowrakdyr.

Ýakynda Türkmenistanyň iri ulag ýollarynda, şol sanda Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap ulag ýolunda awtomobil köprüleriniň 90-sy ulanylmaga berildi. Olar biziň ýurdumyzyň dürli dolandyryş-hojalyk sebitlerini öz aralarynda has-da berk baglanyşdyrdy. Onlarça ýylyň dowamynda ygtybarly, bökdençsiz ulanmaga niýetlenen köprüler uly we kiçi derýalaryň, Köpetdagyň we Balkanyň eňňitlerinden akyp gelýän hemişelik we wagtlaýyn akabalaryň üstünden, suwaryş kanallarynyň we şor suw akabalarynyň, demir ýollaryň üstünden çekildi.

Halkara we döwlet ähmiýetli ýollary gurmak bilen birlikde welaýat we etrapara derejeli ýollaryň gurluşygynda hem işler yzygiderli alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzyň senagatynyň oba hojalygynyň okgunly ösüşi döredilýän netijeli ulag düzüm bilen berkidilmelidir. Mundan başga-da, köp sanly ýollaryň gurulmagy ähli welaýatlarlda täze müňlerçe iş orunlaryny döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrmaga, daşary döwletleriň üstaşyr awtoulaglarynyň Türkmenistanyň çäginden uly möçberde geçmegine, hereketiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň deňiz flotuny we degişli düzümi ösdürmek örän ähmiýetli iş hasaplanylýar. Ýewraziýa ýük akymynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty Orta Aziýanyň “deňiz derwezesi” bolup hyzmat edýär.2020-nji ýyla çenli onuň tapgyrlaýyn gurluşygy tamamlanandan soň, portuň meýdany 40 gektardan 150 gektara çenli giňeldiler, onuň ýük geçirijilik ukyby bolsa 2,5 esse artdyrylar we her ýylda 25 million tonna barabar bolar.

Demir ýol ulaglary pudagy hem ýurdumyzyň ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda başyny başlan we häzirki wagtda çalt depginler bilen durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalaryň biridir. Ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda “köpri” bolup hyzmat eder, haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün eder, yklymyň çäklerinde söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde biziň ýurdumyzyň amatly geostrategiki ýerleşişini has netijeli peýdalanmak üçin goşmaça şertleri döreder.

Täze Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýoly Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna amatly we tygşytly ýol bilen çykmaga ýardam eder. Ýurdumyzyň häzirki zaman deňiz flotuny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň ädýän möhüm ädimleri hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Deňiz flotumyz bolsa import-eksport ýüklerini daşamakda we üstaşyr gatnawlarda islegleri doly kanagatlandyrmaga ukyply häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün edildi.

Howa gatnawlary barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistanyň Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän özboluşly “howa derwezesi” bolup durýandygyny bellemelidiris. Biziň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň, milli ykdysadyýeti ösdürmegiň häzirki wezipeleri, raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy täze halkara awiagatnawlaryň açylmagyny talap edýär. Galyberse-de, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki üpjünçiligi we uçarlaryň häzirki zaman parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Ýokarda nygtalşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman ulag düzümini döretmäge uly üns berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirlen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” we “Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyollar üçin Maksatnamasyny” tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekmegi hem munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen birlikde raýat awiasiýasyny täze häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli üpjün etmäge, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, ilata edilýän ulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Biziň ýurdumyzda eýýäm halkara ähmiýetli polat ýollarynyň we giň awtoulag ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, täze deňiz we howa menzilleri gurulýar, öňden barlary bolsa döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi amala aşyrylan ägirt uly işleriň diňe bir bölegidir.

Hakykatdan hem, örän köp işler edildi, ýöne milletiň Lideriniň hökümetiň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, başlanan işleri dowam etdirmek bilen çäklenmän, ýakyn ýyllar üçin öňde goýlan maksatlary nazara almak bilen, has tijenip işlemek möhümdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özüniň Lideriniň ýolbaşçylygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap ynamly barýan türkmen halky yklymyň möhüm söwda ýollarynda ýerleşýän ýurdumyzy Ýewraziýa ähmiýetli iri halkara üstaşyr-ulag geçelgesine öwürmek barada ähli tagallalary edýär.

Ahyrky netijede täze ulag ýollary—awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ýollary milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmaga we täze bol hasylly meýdanlary özleşdirmäge hyzmat eder.

Biziň ХХI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döredip we yhlas edip gurýan täze ýollarymyz halklary durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýar, çünki olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, biziň ýakyn goňşularymyz, şeýle hem dünýäniň alysdaky halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.