Ï Döredijiligiň we belent ruhuň ylhamy – netijeli işiň we oňaýly dynç alşyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijiligiň we belent ruhuň ylhamy – netijeli işiň we oňaýly dynç alşyň kepili

view-icon 4957
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 7-nji - 16-njy iýuly aralygynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine dynç alşyň yglan edilýändigini aýdyp, olaryň şu döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň amatly sagaldyş merkezlerinde ý-da Arçman, Ýylysuw, Mollagara we beýleki şypahanalarda göwnejaý dynç alyp biljekdiklerini we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça indiki ýarym ýylyndaky öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly işleri bitirmek üçin güýç toplajakdyklaryny belledi.

Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ylmy-barlaglary alyp baran alym we saglygy goraýyş ulgamyna köp ýyllyk iş tejribesini bagyşlan ýokary hünärli lukman hökmünde doly derejeli iş alyp barmak üçin saglygyňy goramakda we ony berkitmekde amatyl dynç alşyň uly ähmiýete eýedigini gowy bilýär. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ylymlar akadamiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, birnäçe daşary ýurtlaryň ylym-barlag merkezleriniň hormatly doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugur boýunça birnäçe ylmy işleri döretdi. Milli Liderimiziň meşhur neşirleriniň arasynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” köp jiltli ylmy işi we “Türkmenistan—melhemler mekany” atly kitaby we başga-da, türkmen tebigatynyň, ösümlikleriniň, mineral suwlarynyň we howasynyň bejerijilik aýratynlyklaryna bagyşlanan gollanmalar bar.

Milli Liderimiz iş günleriniň ýadawlygyny aýyrmak üçin boş wagtyň we tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň örän peýdalydygyny hemişe belleýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa hormatly Prezidentimiz sport taýýarlygyny geçmegiň egsilmez güýç-kuwwat berýändigini, ynsanda maksada okgunlylyk we işiňe bolan höwesi döredýändigini, şeýlelikde bolsa, işiň netijeliliginiň artýandygyny özüniň şahsy göreldesi bilen yzygiderli görkezýär.

Ýurduň raýatlarynyň dynç almaga bolan hukugy türkmen döwletiniň kanunçylygynda berkidilendir. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde adamlaryň, şol sanda maşgala bolup dynç almagy halaýanlaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ýurtda ähli amatly şertler döredilýär. Häzirki tomus günlerinde köp sanly watandaşlarymyz soňky ýyllarda döredilen we durky düýpli täzelenen, iň ýokary halkara ülňülerine we talaplaryna laýyk gelýän amatlylygy hem-de hyzmat gullugy bolan şypahana – sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Özüniň döwlet işiniň daşyndan wagtynyň köpüsini ylmy-barlaglara, çeper eserleri ýazmaga we sport bilen işjeň meşgullanmaga bagyşlaýan milli Liderimiz diňe bir iş wagtyňy däl, eýsem, dynç alyş möhletiňi hem örän netijeli peýdalanmalydygyny öwran-öwran gaýtalaýar.

Ine, şu günler hormatly Prezidentimiz özüniň iş otagynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiniň nobatdaky 4-nji jildiniň iň soňky sahzypalaryny ýazyp gutaryp, ony jemledi.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň ýene-de bir ylmy işi taýýar boldy we ol ýakyn wagtda giň okyjylar köpçüligine gowşar.

Mälim bolşy ýaly, bu ylmy işiň ozalky 3 kitaby biziň ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetine bagyşlandy we olar birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edildi. Dünýäniň dürli döwletlerinde bu gymmatly neşiriň tanyşdyrylyşy aýratyn dabara bilen geçdi. Olara belli döwlet işgärleri, alymlar we hünärmenler, şeýle hem giň jemgyýetçilik wekilleri uly höwes bilen gatnaşdylar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň 4-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde guramak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, milli Liderimiziň täze kitaby hemmeler üçin ajaýyp sowgat bolar.

... Hormatly Prezidentimiziň ähmiýet berýän gyzyklanmalarynyň biri-de, özüniň gözelligi hem-de çeýeligi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen, zehinli türkmen atşynaslarynyň we ajaýyp tebigatymyzyň döreden täsinligi bolan ahalteke atlarynda jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň dynç alyş günleriniň birinde säher bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz adaty endigine eýerip, toplumda saklanylýan atlaryny synlady, arassa ganly tohum atlary saklanylýan athanalary aýlanyp gördi.

Türkmen halkynyň “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň--atyňy” diýen nakylynyň döränine näçe asyryň geçendigi belli däl, ýöne bir zat welin aýan, onda ýüz ýyllyklaryň dessury däl, eýsem, gadymy türkmen atşynaslarynyň zehininden we zähmetsöýerliginden döräp, biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp dessur öz beýanyny tapypdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler bedewler bilen berk baglanyşykly bolupdyr, halkymyz olarda beýik häsiýetleriň emele gelmegini gazanyp, dünýä ahalteke bedewi ýaly ajaýyp gymmatlygy bagyş edipdir. Dünýäniň atşynaslary ahalteke bedewlerini örän joşgunly, işeňňir, çydamly we paýhasly jandar hasaplaýarlar.

Hakykatdan-da, ahalteke bedewi örän ynamly, buýsançly we özüne hormat goýulmagyny talap edýär. Tejribeli türkmen seýisleri bu bedewleri haýsy ugra gönükdirmelidigini ýagşy bilýärler. Türkmen bilen bedewiň birek-birege baglanyşygy köp asyrlaryň dowamynda dilleriň senasyna öwrülipdir we bu baglanyşyk aýratyn mähirli, ruhy baglanyşykdyr. Ajaýyp bedewleri ýetişdirmek üçin oňa şahsy çemeleşme, üns hökman bolup durýar. Hut şunuň özi-de, gadymy türkmen nakylynda öz beýanyny tapypdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ahalteke atlarymyzyň şöhratyny dikeltmek we ýurdumyzyň atşynaslygyny hem-de atçylyk sportuny täze derejelere çykarmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler netijesinde türkmen halkynyň bu asylly däpleri täze ösüşe eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen “behişdi bedewlerimiz” halkymyzyň milli gymmatlyklarynda görnükli orna eýe boldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda atşynaslygy dikeltmek we milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýän bir bitewi hem-de köptaraply - toplumlaýyn özgertmeler syýasaty arkaly alnyp barylýar.

Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işiň jähetinde ýurdumyzda ştab -kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, tohumçylyk-seçgi we wagyz işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy bu ugurda köptaraply işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Aşgabatda durky düýpli täzelenen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň dabaraly açylmagynyň at üstündäki oýunlaryň täzeden dikeldilmegine kuwwatly itergi berendigini bellemeli. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki maslahatlar, sergiler, bedewleriň gözellik bäsleşigi we beýleki çäreler yzygiderli guralýar, türkmen bedewlerine bagyşlanan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde atçylygyň dürli ugurlary boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň atşynaslyk merkezleri bilen daşary ýurtly ugurdaş guramalaryň we kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Şu ýylyň martynda Ahalteke atçylyk toplumyna Fransiýanyň belli “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň direktory Erwe Baržonyň gelip görmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi. Iýun aýynda bolsa Birleşen Arap Emirliklerinden atçylyk boýunça hünärmenler iş sapary bilen Aşgabada geldiler, olar özleriniň türkmen kärdeşleri bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä atşynaslygynda öňdebaryjy orunda durýandygynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli şu ýylky geçirilen dabaralar ýatldan çykmajak wakalara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda halkara bäsleşikleri, şol sanda belli daşary ýurtly çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda uzak aralyga çapyşyklar guraldy. Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk hemmeleriň ýadynda galan bosla gerek. Şol pursatda bu pudagyň okgunly ösüşine yzygiderli üns berýändigi üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan Berkarar atly bedew sowgat berildi. Bu bedew häzirki döwürde Ahalteke atçylyk toplumynda örän ähmiýetli orna mynasyp boldy.

... Berkarar atly bedew açyk meýdança çykaryldy. Ol ýerde ajaýyp at örän buýsançly ädimledi, ol aýaklaryny birgeňsi çalşyryp ýörände bedewiň sekili säher güneşiniň şöhlesine öwşün atdy. Bu görnüşler göýä diýersiň bedew özüni synlamaga mümkinçilik döredýän mysaly bolup geçdi. Milli Liderimiz bedewiň ýanyna bardy. Ajaýyp at özüniň owadan başyny aşak egip, hormatly Prezidentimiz bilen okara gözlerini balkyldadyp görüşdi.

Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, özüne çekijiligi, asyllylygy, wepalylygy, çeýeligi we kuwwatlylygy bilen maýyl edýär diýýänler müň keren mamladyrlar.

Iň täsin ýeri bolsa bu bedewleriň adam ýaly duýgurlygydyr we ynsana düşünýänlidigir. Ol özüne bolan gatnaşygy duýýar, her bir sese, emre kaýyl bolýar. Munuň özi hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryna mahsus häsiýetdir. Bedew sabyrsyzlyk bilen ýeri peşäberse, onuň çapyksuwar bilen bilelikde ýüzin salyp çapasynyň gelýänlidigir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi eýerläp we ony ynam bilen dolandyryp, ony ýörişiň dürli görnüşlerinde, ýagny ýeňil çapmakda we maşklaryň beýleki görnüşlerinde synap gördi we bedew onuň ähli görkezmelerini birkemsiz ýerine ýetirdi. Döwlet Baştutany buýsançly ahalteke bedewine atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy we jylawy goýberdi. Şoňa çenli Berkarar diýen bedew islendik wagtda ýörüş etmäge taýýardygyny görkezmek bilen muny uzak garaşdyrylan ýagdaý hökmünde kabul etdi we ýeňillik bilen öňe okduryldy.

Biz milletiň Liderini bedewi dolandyrmak başarnygynyň ussatlygyna haýran galyp, at üstünde ýygy-ýygydan görýäris we her gezek munuň özi biz-de ägirt uly täsir galdyrýar. Şu gezek hem şeýle boldy: çapyksuwar we ýeňillik bilen gadam urýan okgunly bedew görlüp-eşdilmedik baglanyşyklar bilen bir bitewi ýagdaýa öwrüldiler.

Belli bir aralygy örän çakganlyk bilen geçen Berkarar bedewi synlamak bilen ahalteke bedewiniň ruhy ymtylyşyň, okgunlylygyň adam pikiriniň batyrgaýlygynyň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň aýdyň nyşany bolup durýandygyna göz ýetirýärsiň.

Sebäbi, hut ahalteke bedewi täze döwrüň işjeň döredijilik gujur-gaýratynyň oýanýan, ruhubelentlik hem-de döredijilik döwrüni beýan edýän ajaýyp keşbe öwrüldi. Ine hut şunuň ýaly ajaýyp pursatda türkmen halkynyň behşdi bedewlere söýgüsine näderejede çuňlugyna aýratyn göz ýetirýärsiň. Ol her bir türkmeniň kalbyna, ýüregine mäkäm ornaşdy.

... Milletiň Lideri ahalteke atçylyk toplumynda bolmagyny dowam etdirip, “Galkynyş” milli atçylyk oýunlary toparynyň agzalary bilen duşuşdy, olar täze möwsüme taýýarlyk görüp, täsirli çykyşlaryny kämilleşdirmek we çylşyrymly usullary özleşdirmek bilen özleriniň türgenleşik okuwlaryny geçirýärler. Jigitler milletiň Liderine özleriniň görkezme çykyşlarynyň täze maksatnamasy üçin taýýarlan käbir çykyşlaryny görkezdiler. Behişdi bedewleriň çakgan we edermen çapyksuwarlary özleriniň deňsiz-taýsyz ussatlyklaryny ýene-de bir gezek görkezdiler, olar biziň ýurdumyzyň myhmanlaryny hem maýyl etmek bilen ähli türkmenistanlylaryň göwünlerini göterýärler we haýran galdyrýarlar. Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kiýewe bolan sapary mahaly Ukrainanyň Milli sirkinde hem “Galkynyş” atçylyk sport topary şunuň ýaly ussatlyk, gözellik we çakganlyk bilen çykyş etdi.

Şonda deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerinde türkmen jigitleriniň çykyşy şol ýere ýygnananlaryň hemmesine haýran galdyryjy hem-de tolgundyryjy täsiri sowgat berdi. Bedewlere erk etmegiň iň oňat däpleriniň, jigitlik sungatynyň ussatlary okgunly hereketler bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy, şol çykyş meşhur behişdi bedewleriň diňe bir milli baýlyk bolman, eýsem umumadamzat baýlygy bolup durýandygynyň ýene-de bir ajaýyp tassyklamasy boldy. Olar islendik halkara atçylyk-sport ýaryşynyň mynasyp bezegidir hem-de elbetde, biziň ýurdumyzda geçirilýän ählhalk dabaralarynyň üýtgewsiz nyşanydyr.

Häzirki wagtda at üstünde çykyş etmegiň hünär endiklerini ýaş başarjaňlaryň hem üstünlikli özleşdirýändigi guwançlydyr. At çapmagyň gadymy milli mekdebi we häzirki wagtda dünýäniň sirk sungatynda görnükli ýagdaýa öwrülen atçylyk sungatynyň däpleri saklanyp galmak bilen bilelikde eýsem yzygiderli ösdürilýär. Häzirki döwürde at üstünde çykyş etmegiň ussatlygy Orta Aziýanyň we Gündogaryň halklarynyň gadymy söweş usullarynda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda döredi, şol ýerlerde gadymy döwürlerde at çapmaklyk ösmändir, sebäbi at çapmagyň däpleri bolman soň ol ösüşe eýe bolmandyr. Çapyksuwaryň bedew bilen özara düşünişmek duýgusy bolmandyr, şol duýgy bolsa eýýäm bellenip geçilişi ýaly, adamyň ganynda, halkyň genetiki hakydasynda bolmalydyr.

... Döwlet Baştutany çapyksuwarlar bilen söhbetdeş bolup, “Galkynyş” toparynyň ahalteke bedewlerini dünýäde wagyz etmekde, ýaşlary we çagalary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga çekmekde, milli atçylyk oýunlaryny gaýtadan dikeltmekde möhüm orny eýeleýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Milletiň Lideri bu toparyň agzalarynyň geçirýän işleriniň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek nukdaýnazaryndan hem möhümdigini, türkmen atçylygynyň gadymy däplerini mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýändigini hem nygtady. Şunuň bilen baglylykda ýaş çapyksuwarlaryň we olaryň tejribeli halypalarynyň özleriniň artistlik we sport derejelerini kämilleşdirip, ahalteke bedewleriniň we milli at üstünde oýnamak mekdebiniň şöhratyny artdyrmak ugrunda ähli tagallalary etmelidiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwarlar bilen hoşlaşyp we hünärlerini artdyrmakda olara uly üstünlikleri arzuw edip, ahalteke atçylyk toplumynyň binasynda ýerleşen öz iş otagyna tarap ugrady, şol ýerde milletiň Lideri taryhy materiallary we ylmy işleri öwrenmek, bu barada kitaplary ýazmak bilen ýygy-ýygydan bolýar.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri “Ahalteke bedewi -- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp işini “behişdi bedewlere” bagyşlady, ol türkmen bedewiniň ajaýyp senasy boldy. Daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde bu özboluşly kitap dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly ahalteke bedewleriniň muşdaklaryna olaryňdiňe bir milletimiziň buýsanjy we şöhraty bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gymmatly umumadamzat baýlygy bolup durýandygy hakynda doly maglumatlary almaga mümkinçilik döretdi.

Mähriban halkymyza çäksiz söýgi tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy, ahalteke bedewleri ýaly ajaýyp bedewleri ösdürip ýetişdirmegi, täsin halylary we zergärçilik şaý-sepleri döretmegi, ajaýyp köşkleri gurmagy hem-de täsin baglary ösdürip ýetişdirmegi, şeýle hem mähriban topragyň saglygy gorap saklamaga, nähoşluklardan dynmaga hem-de uzak ömri üpjün etmäge ukyply bejeriş häsiýetindäki güýjüne, ösümliklerine baha bermegi hem-de düşünmegi başaran ata-babalarymyzyň özboluşly tejribesine çäksiz hormat goýmak Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli kitaplarynyň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramagy we pugtalandyrmagy birinji derejeli möhüm döwlet işi diýip jar edip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmegiň başyny-başlamak bilen bir hatarda eýsem sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, ýurdumyzda sanatoriýa-şypahana düzümini, sagaldyş dynç alyş we syýahatçylyk undustriýasyny ösdürmäge täze gerim we itergi hem berdi.

Biziň milli Liderimiz tarapyndan 90-njy ýyllarynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň nobatdaky ýyllygyna hem-de şol bir wagtyň özünde bellenip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe biziň ýurdumyz bu ulgamlarda täze ähmiýetli üstünlikler bilen barýar. Milli saglygy goraýşyň ýokary derejede ösen we kämil ulgamyny döretmekde ýene-de bir tapgyryň jemini jemlemek bilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediýanyň dördünji tomunyň çykmagy bilen basym biziň belläp geşjek şu senämize bagyşlanjakdygy guwançlydyr.

Görşümiz ýaly, milletiň Lideri dynç alýan wagty hem halkymyz, häzirki we geljekki nesiller hakynda alada edip, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine berýän ünsüni bir minut hem gowşatmaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmegi munuň aýdyň subutnamasy, biziň ähli hoşniýetli başlangyçlarymyzyň, iň aýdyň umutlarymyzyň hem-de ajaýyp pikir-oýlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň nyşany boldy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni biz şolar bilen baglanyşdyrýarys.

... Şu gysga wagtlyk dynç alyş günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluna hem çykdy. Döwlet Baştutany ir säher bilen öz agtygy bilen Köpetdagyň gözel künjeginde uzalyp gidýän bu täsin pyýada ýoluna geldi.

Günüň şol wagty, janly-jandaryň ýaňy ukydan açylýan wagty, howanyň bolsa salkyn we arassa wagty Saglyk ýoly aýratyn-da ajaýyp görünýär. Milli Liderimiziň awtoulagy Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine gelip saklanan wagty asmanyň günorta böleginde, Köpetdagyň gerşinde ýyldyrym çakyp, tomus ýagşy sepeledi. Biraz wagtdan bolsa ol diňip, asmanyň ýüzi bulutlardan syryldy we gündogar tarapda gün öz şuglasyny çaýdy.

Mälim bolşy ýaly, eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Saglyk ýoly türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerleriniň birine öwrüldi. Ir säher bilen bu ýerden, gojaman Köpetdagyň gerşinde arassa howadan dem alyp, bu ýerden gözel tebigatyň we ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşini synlamak bolýar. Şunuň bilen birlikde Saglyk ýoly baýramçylyk seneleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly wakalar mynasybetli sport ýaryşlarynyň, şeýle hem öwreniş gezelençleriniň geçirilýän ýerine hem öwrüldi. Şol gezelençleriň barşynda mekdep okuwçylaryna türkmen tebigaty, biziň halkymyzyň baý medeni mirasy we beýlekiler hakynda gyzykly gürrüňler berilýär.

Ine bu gün hem döwlet Baştutany Saglyk ýoly bilen ýöräp, öz agtygyna eziz Watanymyzyň gözel tebigaty we sahy topragy hakynda gyzykly zatlary gürrüň berdi. Bu ýoluň geçýän ýeri bolan Giňdiwaryň gerşinden töweregi synlanyňda Köpetdagyň gözel künjekleri we onuň eteginde ýaýylyp gidýän sähralyklar oňat görünýär. Şol ýerlerde el bilen döredilen tokaýlyklar we ak mermerli paýtagtymyzdan uzak bolmadyk baýyrlyklar öz gözelligi bilen töwerege görk saçýar, gözýetimde bolsa uzakdan seleňläp görünýän düzlükler uzalyp gidýär. Tebigat baradaky gürrüň kem-kemden milli medeniýetiň we sungatyň özboluşlylygy baradaky gürrüňe ýazyp gitdi. Olaryň kemala gelmeginde mälim bolşy ýaly, ynsany gurşap alýan tebigat uly orun eýeleýär.

...Milli Liderimiz özüniň gysga wagtlyk dynç alyş günlerinde öz agtyklary bilen günsaýyn gözelleşýän paýtagtymyzyň ajaýyplyklarynyň biri bolan “Älem” medeni dynç alyş merkezine hem bardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň maýynda açylan bu merkez mälim bolşy ýaly, iri synlaýyş halkasy bolan desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň ägirt uly synlaýyş halkasy milli göller bilen bezelip, türkmen milletiniň nesilbaşy Oguzhanyň sekiz gyranlyk ýyldyzynyň daşyny gurşap alýar.

Biziň gözel paýtagtymyzda aşgabatlylaryň we türkmen paýtagtynyň myhmanlarynyň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň höwes bilen barýan ajaýyp ýerleri az däl. Emma soňky birnäçe aýyň dowamynda “Älem” diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, ulular üçin hem özüne çekiji ýerleriň birine öwrüldi. Çünki bu ýerde bouling üçin zallar, stol üstünde oýnalýan we beýleki oýunlar üçin meýdançalar, intellektual we sport oýunlary üçin otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Täze medeni dynç alyş toplumy şol bir wagtyň özünde aň-bilim terbiýeleýiş merkezi hem bolup durýar. Ol tutuş maşgalanyň dynç almagy üçin mümkinçilik döredip, körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň gyzyklanmalaryny utgaşdyrmaga ýol berýär. Bu ýerde çagalar hem, ulular hem diňe bir gyzykly dynç almak bilen çäklenmän, eýsem, täze köp zatlary hem öwrenýärler.

Okuwçylaryň dynç alyş günleri bu ýer köp adamly bolýar. Bu bolsa “Älemiň” şadyýanlygyň ojagyna öwrülendigini aýdyň tassyklaýar. Bu ýerde özboluşly binagärlik çözgütleri we öňdebaryjy dizaýnerçilik pikirleri öz beýanyny tapdy.

“Älemiň” diňe bir dynç bermegi däl-de, eýsem, uly medeni aň-bilim we terbiýeçilik işlerini geçirmegi netijesinde bu ýere mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri bilen bilelikde çagalaryň uly toparlary köp gelýär. Çünki bu ýerde “Älem” medeni dynç alyş merkezini döretmegiň başyny başlan türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň oý-pikiri boýunça “Kosmos muzeýine” baryp, çäksiz Älemiň alys künjeklerine syýahat edip bolýar, ýörite monitorlaryň kömegi bilen Günüň töwereginde planetalaryň hereket edişini synlamak bolýar. Şu we beýleki zatlar “Äleme” diňe bir çagalar däl-de, eýsem, ululary hem çekýär.

Çagalaryň sesleriniň ýaň berýän iň şowhunly zallary biri hem oýun oýnalýan zaldyr. Ol “Äleme” gelýän körpeleriň wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegi üçin örän dürli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Merkeziň işleýän wagty hemişe-de şowhunly bolýar, emma bu ýere duýdansyz hormatly Prezidentimiz gelende zalyň içini çagalaryň şadyýan sesleri gurşap aldy. Öz Arkadagy bilen duşuşyga has-da begenen çagalar milli Liderimizi uly joşgun bilen mübäreklediler.

Özlerini gurşap alan duýgulardan saplanan oglanjyklar we gyzjagazlar milli Liderimize yzly-yzyna goşgulary okap berdiler we Gahryman Arkadagymyzyň mähirli keşbini synlap, eziz Watanymyz we bagtyýar çagalyk hakynda şahyrana setirlerini has-da joşgun bilen beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň körpele peşgeş beren bu şadyýanlyk baýramçylygy uzak dowam etdi. Bu ýerde döwlet Baştutany uly ýaşly çagalara hem üns berip, olar bilen okuw barada, mekdep sapaklary barada gyzyklanyp söhbetdeş boldy. Çagalar öz gezeginde milli Liderimiziň sowallaryna höwes bilen jogap berip, öz arzuwlary hakynda gürrüň berdiler.

Döwlet Baştutany bu ýerde şeýle hem çagalary ywe ýetginjekleri merkeze alyp gelen mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň terbiýeçileri bilen gürrüňdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz mugallymlaryň wezipesiniň - biziň halkymyzyň geljeginiň terbiýeçileri bolmak wezipesiniň belentdigini aýratyn belledi. Olar milli Liderimiziň öwüt-nesihatlaryny üns bilen diňläp, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek üçin edýän tagallalaryna çäksiz hoşallyk bildirdiler.

--“Älem” medeni dynç alyş merkeziniň uly terbiýeçilik işlerini geçirýändigini nazara alanyňda bu topluma mekdep okuwçylary hem, çagalar baglarynyň körpeleri hem topar-topar bolup, ýylda bir gezek tölegsiz gelip bilerler - diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz waka gatnaşyjylaryň hemmesi – çagalar we olaryň halypalary bilen bilelikde surata düşdi. Milli Liderimiz ululara olaryň jogapkärli işinde täze üstünlikleri, çagalara bolsa şadyýan we gyzykly dynç alyş günlerini arzuw edip, çykalga tarap ýöneldi. Çagalaryň “Sag bol, Arkadag!” diýip hoşallyk bilen aýdan sözleri merkeziň içine ýaň berdi.

Milli Liderimiziň awtoulagy bu ýerden ugran soň hem çagalaryň “Sag bol, Arkadag!, Sag bol, Arkadag!” diýip şadyýan çykýan sesleri uzak wagt töwerege ýaň saldy.