Ï Türkmenistanyň ýokary gazeksport mümkinçiliginiň täze bütindünýä ykrarnamasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary gazeksport mümkinçiliginiň täze bütindünýä ykrarnamasy

view-icon 4051
Tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ozal habar berlişi ýaly, bu maglumat 16-njy iýulda Aşgabatda geçirilen 2011-nji ýylda energetikanyň ösüş depgini hakynda hasabat ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasynda tassyklanyldy. Şol ýygyndy dünýäde ikinji orny eýeleýän BP nebitgaz kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň hasabat synynyň” esasynda taýýarlanyldy.

Dürli ýurtlarda her ýyl geçirilýän bu tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanda ilkinji gezek guralyp, dünýä bileleşiginiň iri energetika döwleti hökmünde biziň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

BP kompaniýasynyň wise-prezidenti we baş ykdysatçysy jenap Kristof Rýulyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygynyň barşynda belleýşi ýaly, kompaniýanyň taýýarlan “Dünýä energetikasynyň 2030-njy ýyla çenli ösüşiniň çaklamasyna” laýyklykda Türkmenistan halkara energetika bazarynda uly orun eýelär.

BP kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň hasabat synynyň”, Halkara energetika agentliginiň dürli neşirleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir bölümleriniň, Bütindünýä bankynyň, şeýle hem milli serişdeleri we beýleki dürli maglumatlary peýdalanmagyň esasynda düzülen bu çaklama dünýäniň energetika bazarlarynyň ösüşiniň uzakmöhletleýin meýillerini ýüze çykarmagy maksat edip goýýar.

Dünýäniň iri nebitgaz kompaniýasynyň şeýle ýokary baha bermegi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze derejesine çykandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmenistan ykrar edilen iri energetika döwleti bolmak bilen, özüniň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Tebigy gazyň çykarylýan we daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň artdyrylmagy, ony dünýäniň iri bazarlaryna ibermegiň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy şol syýasatyň esasy ugurlarydyr. Häzirki wagtda dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine isleg barha artýar.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Sözüň doly manysynda, bu gaz geçirijisi yklymda köp ugurly üstaşyr-ulag energetika ulgamynyň döredilmeginiň başyny başlady. Bu ýangyç geçiriji Ýewropa we Aziýa üçin deň derejede özüne çekiji bolup durýar. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşen ýataklar dünýädäki iri gaz geçirijisi üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Hususan-da, bu “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ýerleşýän ýataklardyr. Olary önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde CNPC hytaý kompaniýasynyň hünärmenleri özleşdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda ýörite Ylalaşyga gol çekilendigini ýatlatmalydyrys. Şol Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi 25 milliard kub metr artdyrylar we şeýlelikde, ýakyn geljekde 65 milliard kub metre ýetiriler. Şundan ugur alnyp, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar.

Demirgazyk ugry boýunça, Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem günorta ugry boýunça Eýrana gazyň iberilişini artdyrmak üçin hem ähli mümkinçilikler bar. 2010-njy ýylyň ýanwarynda ikinji gaz geçirijisiniň -- Döwletabat--Sarahs—Hangeran turbageçirijiniň işe girizmegi hem muňa ýardam eder.

Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň hünärmenleriniň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleriniň bu ugurda amala aşyrýan işleri hem muňa şaýatlyk edýär. Gaz geçirijisiniň uzynlygy 1735 kilometre, onuň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre barabar bolar.

Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza islegiň artmagy turbageçirijini gurmak üçin ykdysady esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, bu gaz geçirijisi halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda saldamly goşant bolar, umumy ýagdaýa oňyn täsir eder we Aziýa yklymynda syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamynyň durnukly bolmagyny üpjün eder. Bu gaz geçirijisiniň ugrunda täze düzüm desgalarynyň ýüzlerçesi gurlar.

TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda bolan duşuşygy bu möhüm taslamanyň taýýarlanylmagyna kuwwatly itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, duşuşygyň netijeleri boýunça gaz geçirijisi hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga we TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Şu ýylyň maý aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen III Halkara gaz kongresi hem bu ugurda örän ähmiýetli waka boldy. Onuň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Pakistanyň Inter State Gas System Limited kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak—satmak hakyndaky Ylalaşyga, “Türkmengaz” döwlet konseirniniň we Hindistanyň GAIL Limited kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Häzirki wagtda ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hil taýdan täze gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Şol gatnaşyklar hoşniýetli erk-isleg, açyklyk, özara ykdysady bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine bolan islegleri 2 esse artar we munuň özi olaryň Türkmenistana gyzyklanmasyny şertlendirýär. Ýewropa ýurtlary Türkmenistana Ýewropa bazaryna esasy gaz iberiji ýurt hökmünde garaýarlar. 2008-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi, Ýewropanyň esasy kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrozunyň Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi sapary bu ugurda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýewropa komissiýasynyň baştutanynyň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň birek-biregi strategik hyzmatdaşlar hasaplaýandyklaryny, olaryň energetika ulgamynda, şeýle hem beýleki ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge meýillidiklerini görkezdi.

Häzirki wagtda bilermenler ýurdumyzyň umumy geologik gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde bahalandyrýarlar. Olaryň 53,01 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň serişdeler gory, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizdäki serişdeler gorudyr. Ýöne, hünärmenleriň barlaglarynyň görkezişi ýaly, bu gutarnykly sanlar däldir...

Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşen “Galkynyş” gaz käni (Günorta Ýolöten—Osman, Minara we Ýaşlar) munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol özüniň serişdeler gorlary boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar. Onuň gorlary 26,2 trillion kub metr gaz möçberde bahalandyrylýar. “Gaffney, Cline & Associates” halkara kompaniýasy (Beýik Britaniýa) tarapyndan geçirilen garaşsyz barlaglar bu maglumatlary doly tassyklady. Bu kompaniýa “Türkmengeologiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň geljegi uly ýataklarynyň ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň barlagyny amala aşyrýar.

Şunda ýüze çykarylan ýataklaryň meýdanyny kesgitlemek we olaryň senagat gorlaryny tassyklamak maksadynda geçirilen gözleg işleriniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň diňe ýarysyndan azragy ýerine ýetirildi. Mysal üçin, entek bu ägirt uly nebitgaz ýatagynyň günbatar, demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar taraplarynyň çäkleri kesgitlenilmedi. Goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde täze guýulary burawlamak işleri bu ýerde bar bolan ýangyç serişdeleriniň deslapky bahasyna düýpli üýtgetmeleri girizmäge mümkinçilik berer. Geljekki geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri “mawy ýangyjyň” täsin ýataklarynyň gaz gorlary boýunça häzirki maglumatlardan ýokary bolmagy ahmaldyr.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işlerini güýçli depginde alyp barýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde şu maksat üçin ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi. Bu işlere Hýtaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary çekildi. Ýakyn geljekde bu ýerde ilkinji guýular ulanmaga berler, harytlyk gazy taýýarlamak boýunça iri zawodlar gurlar. Birinji tapgyrda ýatakda her ýyl “mawy ýangyjyň” 10 milliard kub metrden 30 milliard kub metre çenlisini çykarmak meýilleşdirilýär.

Amyderýanyň kenarlarynda, Merkezi Garagumda, Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenarýaka zolagynda açylan täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hem geljegi uludyr. Mysal üçin, çuň we örän çuň guýularyň gurulmagy, ýokary netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzyň çäginde ýangyç serişdeleriniň gorlary ep-esli artdy. Munuň özi netijeli ýataklardan alynýan ýangyç çig malynyň möçberini ep-esli artdyrmaga, uly bolmadyk we barmasy kyn bolan ýataklarda özleşdiriliş işlerini geçirmäge mümkinçilik berer.

Hususan-da, bu häzirki zaman tehnologiýalary Hazaryň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanylýar. Bu ýerde burawlanan guýularyň biri -- taslama çuňlugy 4400 metre barabar bolan 147-nji guýudan geçen ýyl gije-gündizde nebitiň 800 tonna barabar bolan senagat akymy alyndy. Beýleki bir gözleg guýusy—deňziň ýalpak ýerindäki 37-nji guýy burawlanan mahalynda täze ýokary önümli gatlaklaryň birbada üçüsiniň üsti açyldy. Hünärmenleriň deslapky bahasyna görä, olaryň debiti gije-gündiziň dowamynda 730 tonna nebite barabardyr.

Hazar deňziniň türkmen bölegi barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda bu ýerde ygtyýarlandyrylan bloklaryň onlarçasy kesgitlenildi, önümleri paýlaşmak ylalaşygy şertlerinde halkara kompaniýalaryň birnäçesi işleýär. Şol kompaniýalar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda geljegi uly deňiz ýataklarynda toplumlaýyn seýsmiki barlaglary we gözleg-agtaryş buraw işlerini geçirmek, deňizde nebit we gaz çykarmagyň düzümini ösdürmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Hazaryň Jeýtun we Jygalybeg ýataklarynda (“Çeleken” şertnamalaýyn çäkde) nebit çykarylýar. Şeýle hem Magtymguly, Öwez, Maşrykow, Diýarbekir we beýleki ýataklar tejribe-senagat taýdan ulanmaga taýýar edildi. Şol ýataklarda ýangyç serişdeleriniň uly gorlarynyň üsti açyldy.

2011-nji ýylyň tomsunda Hazar deňziniň ýalpaklygynda tebigy gazy senagat taýdan çykarmak işi başlandy. Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gazy gaýtadan işleýän zawod we ýerüsti gaz terminaly işe girizildi. Toplumyň kuwwaty ýylda 5 milliarddan 10 milliard kub metr gaza barabardyr. Oňa “mawy ýangyç” deňiz ýataklaryndan gelip gowuşýar. Bu ýerde burawlamak we beýleki işler geçirilende ulanylýan deňiz düzümlerini ýygnamak boýunça seh guruldy. Ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy – gaz gysyjy stansiýany gurmak baradaky taslama Çeleken ýarym adasynda amala aşyryldy. Bu stansiýa gaz deňiz ýataklaryndan akdyrylýar.

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini gurmak boýunça 2010-njy ýylda badalga berlen taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Bu gaz geçirijisiniň geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolar. Ol ýurdumyzyň iri ýataklarynyň ählisini “mawy halka” birleşdirer. Uzynlygy 1000 kilometre golaý bolan täze gaz geçirijisi Mary we Ahal welaýatlarynyň çäginden geçer we Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna birleşdiriler. Onuň ulanylmaga berilmegi halkara energetika bazarlaryna gazy ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.

“Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, şol döwürde ýurdumyzda çykarylan nebitiň umumy möçberi 55,9 million tonna, tebigy gazyň möçberi bolsa 448,7 milliard kub metre barabar bolar. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň energetika kuwwatyny has-da artdyrar. Şol maksatnamada, hususan-da, ýurdumyzda soňky ýyllarda açylan täze uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Munuň özi häzir hereket edýän energetika ugurlary, şeýle hem geljekde göz öňünde tutulan eksport ugurlary boýunça türkmen tebigy gazynyň islendik möçberde uzakmöhletleýin we ygtybarly iberilmegi üçin berk kepilligi üpjün edýär. Şol ugurlar bolsa ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasynyň möhüm bölegi bolmalydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren derwaýys halkara başlangyçlarynyň ençemesi energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň şu mesele boýunça anyk teklipleri eýýam dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylda kabul eden "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýasy hem muny doly tassyklaýar. 2009-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda energetika meselesine bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatynda bu Rezolýusiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň örän wajyp meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji, 65-nji we 66-njy mejlisleriniň barşynda öňe süren beýleki başlangyçlary hem giň seslenme döretdi. Gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň, Hazar, Gara we Baltika deňizleri sebitleriniň ýurtlarynyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisiniň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň gatnaşmagynda Sebitara energetika dialogyny döretmek barada barýar. Ol energetika ulgamynda bitewi, toplumlaýyn we deňagramly strategiýany, halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli hukuk guralyny döretmäge ýardam etmelidir.

Elbetde, Türkmenistanyň energetika strategiýasy diňe çig maly daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmeýär. Pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ulanmak, nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak, alternatiw energetikany ösdürmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Umuman, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, umumydünýä ösüşiniň derwaýys wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýar.