Resminamalaýyn takyklyk bilen alynan fotosuratlar arheologlara gadymy medeniýetiň ýadygärliklerini öwrenmek we seljermek üçin möhüm bolan plýonkada suratlandyrmaga şert döredýär. Ekspedisiýa döwründe tapylan ähli önümler (toýundan ýasalan gap-gaçlar, daşdan, bürünçden, demirden taýýarlanan önümler we beýlekiler) institutlara we muzeýlere getirilýär. Bu ýerde olaryň durky täzelenýär, surata düşürilýär, käwagt bolsa, owunjak bölekleri görmäge, şeýle hem olaryň taýýarlanyş usullaryny, ýüzlerçe ýyl hasaplanylýan ýaşlaryny kesgitlemäge kömek edýän makro- we mikro suratlara düşürilýär.
Türkmenistanyň arheologiýa ylmy üçin ilkinji fotosuratlary 1890-njy ýylda Peterburg uniwersitetiniň professory Walentin Alekseýewiç Žukowskiý aldy. Şol wagt ol Gadymy Merwde bolup, bu ýeriniň arhitekturasynyň gadymy ýadygärliklerini öwrendi. 1894-nji ýylda ol şu günki günlere çenli öz ylmy gymmatlylygyny ýitirmän gelýän „Gadymy Merwiň harabaçylygy“ atly kitabyny taýýarlady. Häziriki wagtda onuň fotosuratlary arkaly ussalar dekoratiw bezegleriň, diwarlara çekilen nagyşlaryň ilkibaşdaky görnüşleriniň durkuny täzeleýärler we gaýtadan dikeldýärler, olaryň reňklerini, owadanlygyny dikeldýärler.
Beýleki alym-akademik Dmitriý Iwanowiç Şerbakow iri ekspedisiýalaryň birnäçesiniň başyny başlady, Orta Aziýanyň çöllüklerinde, Pamiriň we Kawkazyň daglyklarynda, Arktikanyň ýokary giňişliklerinde giňişleýin gözleg işlerini geçirdi. Ol yhlasly fotosuratçy hökmünde meşhurdyr. Onuň düşüren fotosuratlary onuň özüniň ylmy-populýar işlerini we ýol öçerklerini surat şekilleri bilen bezeýär.
Ylmy saparlarynda eden gaýtalanmajak fotosuratlary barada akademigiň özi şeýle gürrüň berýär: „ 1925-nji ýylda akademik Fersman bilen Garagumyň merkezindäki kükürtli alaňlara baranymyz ýadyma düşýär. Bu ýerde biz diňe bir gymmat bahaly senagat çig malyny tapandygymyza begenmän, eýsem gyzgyn çägeligiň arasyndaky alaňlardan akýan reňklere hem geň galdyk. Gözüňi alyp barýan deňiz balykgulaklarynyň yzy galan ak hek daşlary bu alaňlaryň esasyny düzýärdi. Onda kristally kükürtli uly sary gatlak bardy, ýokarrakda bolsa, - öňki deňiz gyrmançasynyň gyzyl reňkli gatlagy bardy. Bu görnüşi reňkli fotosurata düşürilen bolsa nähili owadan boljakdygyny göz öňüne getirýärin. Ýöne ol wagtlar reňkli fotosurat ýokdy. Ýöne men bu ýerde gara-ak fotosuratlaryň birnäçesini etmesem kaýyl däldim.
Siz çöllügiň serhedinde ýerleşýän Nusaý galagysynyň ýadigärligine tolgunman seredip bilermisiňiz we asyrlaryň bu ýadygärligini surata düşürmezdiňizmi?“
Ylmy ekspedisiýa Üstýurt belentliginde we Mangyşlakda 40 ýyldan gowrak wagt işledi. Ulagda we pyýada, dikuçarda yssy howada hem-de tozanly ýellerde arheologlar gum alaňlaryny, daş gatlakalryny, kert gaýalary öwrendiler. Ekspedisiýa iki sany alaňlygyň golaýynda uly bolmadyk meýdançadan daşdan ýasalan heýkeljigiň köp sanly bölejiklerini tapdy. Birnäçe bölekler şeýle bir agyrdy welin, hat-da olary ýerinden hem gozgap bolmady. Heýkeller dürli görnüşdedi – olaryň birnäçesiň uzynlygy dört metre golaýlaýardy, beýlekiler – iki metrden gowrak, iň kiçileri – bir metr töweregidi. Bu ýerde daşdan ýasalan kelleler, inçe billi eginlek erkek kişileriň göwreleri, ýarym işlenen hek daşyndan ýasalan plitalar dargap ýatyrdy. Uly we ortalyk heýkeller köpdi. Olary haçan-da bir wagtlar zyňandyklaryna garamazdan, heýkeleler kesgitli П harpy görnüşinde durdular. Bu görnüş günüň şöhlesine has hem ajaýyp görnüşe gelýärdi. Olaryň ýüzleri günüň ýaşýan tarapyna, „ölüleriň ýurduna“ tarap öwrülgidi. Heýkelleriň sany hem geň galdyrdy – uly bolmadyk meýdançada 70 töweregi heýkelden ýasalan göwre ýerleşdirilipdir.
Gynansak-da gazuw agtaryş işleri geçirilen depe gadymýetde talanylypdyr –hasa görnüşinde daşdan ýaslan sadaka ýerinden başga niç hili tapyndy tapylmady.
Şulara meňzeş zatlar biziň e.öňki VI-IV asyrlara degişli bolan Aral ýaka sebitlerindäki saks mazarlaryndan hem tapyldy. Jaýlama däpleriniň daş çeleklerinde ýerine ýetirlendigi, daş plitalary bilen ýapylandygyny bilmek başartdy. Arheologlar W.Ýagodin we H. Ýusupow nähili pikir edişleri ýaly, bu depeler massagetler tarapyndan galdyrylypdyr. Örän uly döwülen heýkelleri hem massaget ussalarynyň işi bolmagy mümkindir. Heýkelleriň bilkastlaýyn döwülendigine şübhe bolup bilmez.
Häzirki zaman arheologiýasynda aerofotosuratyny düşürmek barha uly ähmiýete eýe bolýar. 200-300 metr belentlikde uçup barýan uçarda gerek bolan sebitiň suratlarynyň birnäçesi surata düşürilýär. Günüň dogup barýan ýa-da ýaşyp barýan pursatlary surata düşürilen ýerleriň gurluşy anyk ýüze çykýar. Şol pursat öňki şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ýerleşýän ýerleri... örän gowy görünýär.
W.Sarianidi – dünýä belli alym. Gadymy Marguş ýurdunyň çäklerinde onuň ýolbaşçylygynda birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri haýran galdyryjy netijelerini berdi. Bu ýerde aerofotosuratyny düşürmek ulanyldy we tapylan tapyndylar, işiň alnyp barylşy adaty surata düşürildi. Onuň ýazan ylmy kitaplarynda guş uçuşynyň belentliginden düşürilen fotosuratlaryň onlarçasyny görmek bolýar.
2011-nji ýylda „Gadymy Merw“ taslamasynyň çäklerinde topografiki materiallar esasynda amala aşyrylan Soltangala aerofotosurat gözlegleri geçirildi. Soltangala töwereklerini öwrenmek üçin 5200 töweregi fotosuraty taýýarlanyldy. Surata düşürilen materiallar jaýlaryň, köçeleriň we kanallaryň gurluşyny anyk we jikme-jik öwrenilmegi üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
Italýan alymy Barbara Çerazetti köp ýyllaryň dowamynda gadymy döwrüň murgap gorag ulgamyny öwrendi. Soňky 10-12 ýylyň dowamynda meýdan işleri bilen meşgullanmak we Murgabyň allýuwial sebitiniň arheologiki kartasyny düzmekde arhiw materiallaryny öwrenmek bilen, ol gymmatly statistiki maglumatlary, sebitiň howasyna, haýwanat dünýäsine we hojalygyna degişli bolan, şol sanda ХIХ asyryň ahyryndan ХХ asyryň ortalaryna çenli, döwlet edaralarynda saklanylýan birnäçe kartalary ýygnady.
Ýeriň üstki gatlagyny uzak aralykdan düşürilen suratlaryň kömegi esasynda toplanan materiallar oňa demir asyryndan başlap orta asyrlara çenli Margiananyň bar bolan gorag ulgamy boýunça ylmy-gözleg işlerini geçirmäge mümkinçilik berdi.
Bu günki gün ylmy-tehniki gözlegleriň hiç bir pudagyny hem fotosuratsyz göz öňüne getirmek mümkin däl diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ylmy maksatlar üçin surata düşürilýän fotosuratlarda emele gelýän ajaýyp şekiller özbaşdak bezeg häsiýetine eýedir. Şonuň üçin hem arheologiýa biýunça düşürilen köp sanly fotosuratlar gymmat baha zat hökmünde saklanyp galynýar. Fotosuratlaryň we ylmyň mümkin bolan özara baglanyşygynyň çägi ýokdur. Bu mümkinçikleri bize döwrüň özi dolylygyna beýan edýär.