Ï Telekeçilige döwlet goldawynyň nobatdaky ädimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçilige döwlet goldawynyň nobatdaky ädimleri

view-icon 5176
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda telekeçilik ulgamy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda aýgytlaýjy orny eýeläp, döwletimiziň durnukly ösüşine öz goşandyny goşýar. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň işjeňleşmegi netijesinde täze iş orunlary döreýär, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşleri we mukdary artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça hukuk kepillikleri göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 20-nji iýulynda gol çeken “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Karary bu babatda nobatdaky ädim boldy. Ol “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligini ösdürmek, täze iş ýerilerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar berildi. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, olaryň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ägirt uly çäreleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Bu möhüm mesele şu ýylyň 6-njy iýulynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem gozgaldy. Şonda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda oňat netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, olaryň durnukly ösüşini mundan beýläk-de yzygiderli üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur çäreleriň görülmegine ünsi çekdi we bu babatda ýurdumyzyň telekeçilik düzümine möhüm ornuň degişli bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şol giňişleýin mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça, şol sanda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagyň hasabyna durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda hem telekeçilik ulgamyny ösdürmek boýunça anyk çäreleri görmeli. Goý, adamlar önümleri gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary, süýt öndürýän fermalary gursunlar, maldarçylygy netijeli ösdürsinler, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmelere telekeçileriň, hususy pudagyň wekilleriniň has-da giňden çekilmegi, obada iş alyp barmagyň täze görnüşlerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny, kärendeçilere ýerleri uzak möhlete kärende bermegi, olaryň ýeriň hakyky eýeleri hökmünde ýokary hasyl almagy ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi üçin zerur şertleri kemala getirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi. Munuň özi hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň, telekeçiligiň netijeli höweslendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda ägirt uly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasynda telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hut şonuň üçin milli ykdysadyýetimiziň hususy düzümini sazlaşykly ösdürmek boýunça ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan çäreler özüniň oňyn netijesini berýär.

Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy kärhanalaryň paýynyň yzygiderli artýandygy, ykdysadyýetimize netijeli bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylýandygy, zerur bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilendigi hem-de onuň yzygiderli kämilleşdirilýändigi netijesinde hususy ulgamyň milli ykdysadyýetimizdäki orny has-da pugtalandy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda “Guş toplumy” hususy guşçulyk kärhanasynyň ulanmaga berilmegi, “Bereketli” hususy kärhanasynyň Abadan şäherinde ýerleşýän şöhlat öndürýän bölüminiň işe girizilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda “Aýbölek” hususy kärhanasynyň mebel fabrigi açylyp, ol ýerde ýurdumyzyň ilatynyň we kärhanalarynyň ulanýan mebelleriniň köp görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem çüýşe önümçiligi boýunça “Keýik” zawodynyň ulanmaga berilmegi bu önümlere bolan islegiň kanagatlandyrylmagy üçin ägirt uly işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň giň toplumynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyk pudagynda ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümine uly orun degişlidigini bellemeli. Häzirki döwürde türkmen hususyýetçileri döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň buýurmalary boýunça desgalaryň ençemesiniň gurluşygyna barha işjeň gatnaşýarlar we owadan, özboluşly bezegli binalary gurmakda olaryň mümkinçilikleri barha artýar.

Şu mesele barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynyň öňünde durýan meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň daşynda işläp biljek firmalary, gurluşyk kärhanalary döretmäge gönükdirilen anyk meýilnamalaryň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyny belleýär.

Görnüşi ýaly, Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek hem-de ösdürmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna ýardam edýär. Içerki bazarymyzda haryt bolçulygyny gazanmak boýunça zerur çäreleriň görülmegi, şeýle hem bilelikdäki kärhanalary döretmegiň kanunçylyk meseleleriniň öwrenilmegi, bu babatda täze mümkinçilikleriň döredilmegi boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek babatda döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Ilatymyzy ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça telekeçilik işlerini geljekde hem yzygiderli dowam etmek, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna giňden goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi netijesinde önümçiligi ösdürmegiň işjeň guralynyň emele getirilmeginde we bäsdeşlige ukyply önümçiligiň artmagynda hususy eýeçiligiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly we netijeli ösdürmek maksady bilen, hususy başlangyçlar esasynda oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Munuň özi salgyt ulgamyny kämilleşdirmekden, telekeçilik işini hasaba almagy we onuň ygtyýarlylandyrylmagyny ýönekeýleşdirmekden, ýeňillikli karz serişdelerini bermekden ybaratdyr.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň häzirki ýeten derejesi giň gerimli umumymilli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň has möhüm orun eýeläp biljekdigine uly ynam döredýär.