Ï „Hudožnik sözi, uly ähmiýetli we ösboluşlydyr“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Hudožnik sözi, uly ähmiýetli we ösboluşlydyr“

view-icon 4863
Görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow häzirki zaman türkmen edebiýatyny esaslandyryjylaryň biridir. Ýazyjynyň eserleri dünýäniň halklarynyň köpüsine terjime edilendir. Önuň ömri gysga bolsa-da, ol gysga ömründe türkmen halkynyň aýratyn söýülip okalýan ýazyjylarynyň biri bolmagy başardy. Onuň uly bolmadyk powestleri we ýiti zehininden dörän hekaýalary agramly köp sanly jiltlere öwrüldi. Ol kyrk hem ýaşamandy we köp eserleri ýazmaga ýetişmedi.

Köp ýyllap 1929-njy ýyldan 1937-nji ýyla çenli goşunda gulluk etmek bilen, Saryhanow harby habarçy wezipesinden başlap, harbylar gazetiniň redaksiýasynyň jogapkär kätibi wezipesine çenli bolan ýoly geçmegi başardy. Ol bu ýerde kiçi göwrümli habarlardan, makalalara we oçrklere geçýär, onyň yzy bolsa hekaýalara we powestlere ýazyp gitdi.

Ýazyjy 1937-nji ýyldan 1941-nji ýyllarda respublikan gazetleriniň we edebi çeper žurnalynyň redaksiýalarynda işleýär. Bu ýyllar onuň durmuşynda iň bir önümli ýyllaryň biri boldy – ol şu döwürde birnäçe nowellalar bilen bir hatarda özüniň meşhur „Şükür bagşy “ powestini ýazdy. Ol ýönekeý gazet işgäri wezipesinden özünden talapedijilikli, söz ussady hökmünde hakyky ýazyjylyga ýetişdi.

Haçan-da uruş başlanda ol söweşe gidýär. Türkmen ýazyjysy Ukraina frontunyň 2-nji bölüminde söweşmek bilen, ol Ukrainany we Moldowany gitlerçi basybalyjylaryndan azat etmäge gatnaşýar. 1943-nji ýylyň 15-nji dekabry bilen senelenen „Ene“ hekaýasyny ol uruşdan iberýär. Bu ýazyjynyň soňky döreden eseridi. 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Nurmyrat Saryhanow uruşda wepat bolýar. Beýleki esgerler bilen bir hatarda ol Benderanyň eteginde Delakeu moldaw obasynda doganlyk mazarynda jaýlanylýar.

„Ol kiçi göwünli, salykatly adamdy, ol durmuşdan zeýrenmeýärdi hem-de özi üçin hiç zady talap etmeýärdi... Şol bir wagtyň özünde hem örän uly intellektual energiýa, adatdan daşary medeniýete baýdy. Ol özboluşly örän uly söz ussadydy“ – diýip, terjimeçi we ýazynyň dosty Aleksandr Aborskiý ýazyjyny ýatlaýar.

Nurmyrat Saryhanow öz döwri barada hekaýalary döretdi. Onuň eserlerinde durmuşy, tolgundyryjy wakalar örän köp. Olara düşünmek üçin we olaryň ähmiýetine baha bermek üçin şol döwürleriň wakalaryny bilmeli. Onuň oba durmuşy barada döreden eserleriniň gahrymanlary gündelik aladalary, pikirleri bilen meşgul bolup ýören ýönekeý sada adamlar. Ýazyjynyň döreden keşpleri şeýle bir täsirli welin, uzak wagtlap ýadyňdan çykmaýar. Olar bizi togundyrýar, olaryň dertlerini bile çekişmäge borçly edýär. Ine, onuň „Soňky gara öý“ hekaýasyndan Kömek we Ogulgerek. Maşgala arzuw edip ýeten täze jaýyna göçüp barýar. Ýöne, Ogulgeregiň ejesiniň sowgat beren köne gara öýi bilen köp zatlar baglanyşykly, onuň bilen aýrylyşmak şeýle bir agyr düşýär. Ogulgerek bu gara öýi täze jaýyň ýanynda dikmek üçin ony şäherçä äkitmegi ýaşulydan haýyş edýär. Gara öýi hat-da ýakmaga hem taýýar Kömegiň hem muňa ýüregi gyýylýar. „Könesi bolmadygyň täzesi bilmaz“. „Ata-babalarymyüyň bu nakyly oňat däp-dessur, ony ýatdan çykarmak bolmaz“ diýip, beýleki „Kitap“ nowellasynyň gahrymany Welmyrat aga pikir edýär. Ol maşgalany ekläp oturan, bogaz düýesini golýazma goşgular kitaby bilen çalşyp, üç günlük pyýadalap öýlerine gaýdýar. Ilkibaşda bu sowatsyz adamynyň gymmatly gol ýazmany satyn alyp, öz hojalygyny dargytmagy, bu kitaby onuň öz-ä bir okap bilenok, hat-da kitaby obada hem okap biljegiň ýokdugy bizi haýran galdyrýar. Ýöne, söňra biziň gahrymana bolan garaýşymyz üýtgeýär. Hekaýanyň ahyrynda bu ýaşulynyň gymmat bahaly çol ýazmany, ony bir wagtdan bäri ýatdan bilse-de ony hiç bir gymmatlyga bermezligi örän tolgundyryjy ýagdaý bolup durýar. Öräý uly çuňňur mana eýe bolan „Kitap“ nowellasy türkmen halkynyň giden bir taryhy barada gürrüň berýär, ýönekeý halkyň ata-babalaryň medeni gymmatlyklaryna aýawly garaýandyklary hakynda gürrüň berýär.

Ýazyjynyň „Şükür bagşy“ romantiki powesti hem okyjylar tarapyndan uly meşhurlyga eýe bolup, uly gyzyklanma bilen okalýan eserleriň biridir. Saryhanowyň beýleki eserlerinden tapawudy, bu eserinde wakalar gadymy feodal döwründe bolup geçýär. Sýužetiň esasynda taryhda hakyky bolup geçen waka ýatyr. Batyr we gaýduwsyz sazanda Şükür bagşy öz agasyny zyndandan boşatmak üçin gaýry ýurduň hanynyň ýanyna gidýär. Ol ýaragsyz – onuň ýeke-täk ýaragy gazma dutarydy. Ol ýeňil bolmadyk çözgüdi kabul edýär – bäsleşigiň netijesi boýunça ol agasyny öz obasyna äkidip biljekdigi ýa-da bilmejekdi we özüniň ýesir düşüp galaýmagynyň mümkindiginu beýan etmek üçin meşhur köşk bagşysy bilen bäsleşmegi boýun alýar. Iki sany meşhur bagşynyň bäsleşigi örän çeperçilik bilen beýan edilýär, onuň birisi saz bilen ýeňiş gazanyp, agasyny halas etmeli bolsa, beýlekisi köşk bagşysy diýen derejäni saklap galmak üçin bäsleşýärdi.

„Şükür bagşy“ powesti ekranlaşdyryldy. Bulat Mansurow tarapyndan bu eseriň esasy boýunça surata düşürilen bu film 1963-njiýylda „Şükür bagşy“ ady bilen ýurduň ekranlarynda görkezildi.

Wagt – bu islendik döredijilige iň gowy baha berip bilýän pursatdyr. Bu şeýle hem boldy. Hut „Şükür bagşy“ powesti giň meşhurlyga eýe boldy we okyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy.

Gündogaryň meşhur şahyry we akyldary Saadi her bir adam öz nesillerine ruhy ýadygärlik galdyrmak üçin ömrüniň üçden bir bölegini döredijilige sarp etmelidir diýip hasap edipdir. Türkmen ýazyjysy Hurmyrat Saryhanow hem, onuň eseri „Şükür bagşy“ powesti hem „ruhy ýadygärlik“ hökmünde nesillerimize ömürlik galdy.