Ï Dünýädäki hojalyk gatnaşyklary we Türkmenistanyň ulag ulgamynyň düzümi: demir ýol we awtomobil ulaglary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýädäki hojalyk gatnaşyklary we Türkmenistanyň ulag ulgamynyň düzümi: demir ýol we awtomobil ulaglary

view-icon 5824
Irki döwürlerden bäri Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir we ýurdumyz “ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda-da Ýewropadaky we Aziýadaky ýurtlary we sebitleri baglanyşdyrýan hem-de ulaglaryň gatnaýan döwrebap transkontinental ugurlarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýän ýurdumyz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de yzygiderli ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, bu ulgamdaky mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamblýasynyň 65-nji we 66-ny mejlislerinde öňe süren wajyp ähmiýetlt başlangyçlary hut şoňa gönükdirilendir. Hususan-da, bu ýerde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny döretmek barada gürrüň gidýär, şonda Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr we ulag gatnawlary bilen bagly mümkinçilikleri öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Orta Aziýa zolagynda we Hazar sebitinde ulag ulgamyna, şol sanda demir ýol, awtomobil gatnawlaryna degişli kommunikasiýalaryň döwrebap düzüminiň döredilmeginiň sebitdäki ýurtlaryň ykdysady taýdan ählumumy ösüşe degişli ýagdaýlara üstünlikli goşulyşmagyna güýçli itergi berjekdigi, maýa goýumlarynyň gönükdirilmegini üpjün etjekdigi, Ýewraziýa giňişliginde kontinentara ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly, netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly şertleriň dörediljekdigi bellenildi.

Şu ýylyň maýynda Aşgabatda “Orta Aziýada we Hazar sebitinde ulag ulgamyny we üstaşyr gatnawy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň geçirilmegi bu başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu maslahat Türkmenistanyň hökümeti, Halkara ýol ulaglary birleşigi bilen bilelikde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we düzümleriniň we Hökümetara Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag toparynyň (TRASEKA) goldaw bermeginde guraldy.

Halkara derejesindäki beýleki iri maslahatlarda, şeýle hem ýokary derejede duşuşyklarda Ýewraziýada ulaglaryň gatnawlaryny oňaýlaşdyrmak, täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipler orta atyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň

15-nji maýnyda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen formal däl mejlisindäki çykyşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, geljekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde dünýä bazarynyň iri düzümlerine çykýan täze, köp ugurly ulag geçelgelerini döretmek baradaky teklibe garamagyň maksada laýyk gelýändigini aýratyn belledi. Türkmen Lideri häzirki wagtda “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň örän uly mümkinçiliklerini, şeýle hem geljekde Ýakyn we Orta Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykylmagyny göz öňünde tutanyňda, Türkmenistanyň ulag ulgamyna degişli düzüminiň şonuň ýaly ugurlaryň möhüm ähmiýetli düzümi bolup biljekdigini aýtdy.

Bu meseläniň logiki dowamy Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisinde öz beýanyny tapdy, Türkmenistanyň Baştutany şu ýylyň iýunynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde onuň işine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, desgalaryň düzümini gurmak boýunça iri halkara taslamalaryny geljekde has amatly ugurlaryň biri hökmünde görkezdi, şol taslamalar “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça awtomobil ýollaryndaky, demir ýollaryndaky we deňiz arkaly gatnawlary ulanmak arkaly, ulag ulgamynyň oňaýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu ulgam Ýuwaş ummanyndan başlap Baltika çenli, Ýewropa kontinentiniň demirgazygyndan başlap Hindi ummanyna çenli giňişlikleri baglanyşdyryp biler.

Häzirki wagtda ýurdumyz halkara kommunikasion giňişligiň doly hukukly agzasy hökmünde, ulaglaryň üstaşyr gatnawyny ygtybarly derejede üpjün edýär, onlarça ýurtlar şondan üstünlikli peýdalanýarlar. 1996-njy ýylda ulanmaga berlen hem-de Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryna gysga ýol arkaly çykýan Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly häzirki wagtda täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Transaziýa demir ýolunyň “altyn” halkasyna öwrüldi.

Kommunikasiýalaryň halkara ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça

täze “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesi we has takygy, Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly “köprä” öwrüljek “Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen” demir ýoluny gurmak baradaky halkara taslama uly ähmiýete eýedir. Ony amala aşyrmagyň jemleýji tapgyry başlanýar.

Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden geçýän täze demir ýol ýükleriň Günorta Aziýa, Pars aýlagyndaky portlara we degişlilikde başga ugur boýunça—Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa tarap ulag arkaly ykdysady taýdan amatly daşalmagyny üpjün eder. Onuň “Gündogar-Günbatar” ulag kommunikasiýalary, ýagny Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa transkontinental geçelgesi bilen birleşdirilmeginiň mümkinçiligini göz öňünde tutup aýdanyňda, onuň ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýete eýe bolar.

Çaklamalara görä, eýýam ilkinji döwürlerde “Demirgazyk-Günorta” demir ýoly arkaly ýylda ýükleriň 3-5 million tonnasy ulaglar bilen daşalar, geljekde bolsa, daşalýan ýükleriň möçberleri 10-12 million tonna çenli artar. Galyberse-de, üstaşyr daşalýan ýükleri modal görnüşde gaýtadan paýlap daşamaga, ýagny ýükleri awtomobillerden, deňiz ulaglaryndan we uçarlardan demir ýol ulaglaryna geçirip daşamaga oňaýly mümkinçilik dörär.

2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda täze “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar” üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek boýunça gol çekilen Ylalaşyk hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasion ulgamdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Bu geçelge Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň döwletlerini baglanyşdyrar hem-de diňe bir bu Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady kuwwatyndan peýdalanylmagyna, tutuş Ýewraziýa giňişligine transkontinental söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.

Atamyrat-Kerkiçi demir ýolundaky köprüniň ulanylmagy berilmegi Orta Aziýanyň çäginde ulag gatnawlarynyň sebitleýin we sebitara ugurlaryny döretmegiň we olardan netijeli peýdalanmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli ädime öwrüldi. Amyderýanyň üsti bilen çekilen bu örän uly inženerçilik desgasynyň ýanynda, awtoulaglar üçin niýetlenen köprüniň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň demir ýollarynda dispetçerçilik gullugynyň kompýuterleşdirilmegi, teplowozlary abatlaýan zawodlaryň, lokomotiw depolaryň durkunyň täzelenilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, kuwwatly tehnika-teplowozlar, ýolagçylar üçin örän oňaýly wagonlar, nebit we nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, dänäni daşamak üçin ýöriteleşdirilen wagonlar we sisternalar bilen üpjün edilmegi pudagyň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam edýär.

Awtomobil ýollarynyň düzüminiň ösdürilmegi barada aýdylanda, awtoulag ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň ýurdumyzyň taryhynda ozal görlüp-eşidilmegik gerim bilen amala aşyrylýandygyny bellemek bolar. 2014-nji ýyla çenli Türkmenistanda awtoulaglar üçin uly ýollaryň ulgamynyň durky dolulygyna diýen ýaly täzeleniler, täze, ýokary tizlikli we ýoldaky zerur desgalardan ybarat düzümli ýollar gurlar. Olaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar.



Awtoulag ýollarynyň gurluşugyndaky işleriň agramly bölegi ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýar, bu ýerde şäher gurluşygynda, şol sanda Aşgabadyň we onuň daş-töweregindäki ýerleriň ulag-kommunikasion ulgamyny ösdürmekde öz maksady we gerimi boýunça görlüp-eşidilmedik derejedäki maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu günki gün dünýädäki halkara derejeli awtoban hasaplanýan Arçabil şaýoly awtomobil ýollaryny gurýanlar üçin özboluşly etalona öwrüldi hem-de ol häzirki wagtda türkmen paýtagtynyň gözel künjekleriniň biridir. Täze, döwrebap awtoulag ýolunyň Aşgabadyň daş-töweregini gurşap aljak güni daşda däl, ol paýtagtymyzdaky köp gatnawly ulag ýoluna öwrüler.

Gurulýan halkalaýyn awtoulag ýolunyň esasy maksady üstaşyr geçýän we agyr ýükler daşaýan ulaglary Aşgabadyň daşyndan gatnatmakdan ybarat bolup durýar, munuň özi şäheriň içindäki ýollara düşýän agramy ep-esli azaldar, ýollardaky örtügiň könelişiniň derejesini peselder hem paýtagymyzda ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrar. Ýakynda, iýunyň ahyrynda bu ýerde desgalaryň 8-si ulanmaga berildi, olaryň arasynda halkalaýyn awtoulag ýolunyň we Aşgabat-Mary aralygyndaky ýoluň Gämi şäherçesinde kesişýän ýerindäki ýol aýrydy, “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgesine degişli awtomobil ýolunyň Gämi şäherçesiniň ýanyndaky bölegi, Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpruli geçelgäniň ýanyndaky ýol aýrydy we Gämi şäherçesiniň demirgazygyndaky köpri, halkalaýyn awtoulag ýolunyň we Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň Babarap obasynyň ýolunda kesişýän ýerindäki hem-de halkalaýyn awtoulag ýolunyň we Türkmenbaşy şaýolunyň kesişýän ýerindäki ýol aýrytlary we beýlekiler bar.

2011-nji ýylyň baharynda paýtagtymyzda ulanmaga berlen Çandybil şaýoluny hem täze taryhy eýýamyň ajaýyp nyşanlarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Köpetdagyň gerişleriniň uzaboýuna çekilen bu ajaýyp awtomobil ýoly gurlanda, ýol gurluşyga degişli ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalar ulanyldy hem-de ol ähli ölçegleri boýunça has ýokary halkara standartlaryna doly laýyk gelýär, munuň özi Fransiýanyň “СETE APAVE Сudeurope” kompaniýasy tarapynlan berlen sertifikat arkaly tassyklandy. Bu kompaniýa şu ugur boýunça abraýly ekspert hasaplanýar. Hususan-da, sertifikatda Çandybil şaýolunyň AASHTO (Amerikanyň Döwlet ýollarynyň assosiasiýasynyň standartyna) we EN (Ýewropanyň normalaryna) laýyk gelýändigi görkezildi.

Dünýä standarty tutuş ýurdumyz boýunça Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap aralygynda çekilýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasyna öwrüler. Şu uly awtoulag ýolarynyň ugrunda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy—döwrebap ulag ýol aýrytlary, köprüler we estakadalar gurulýar. Bular awtoulag ýollaryna düşýän agramy azaltmaga, sile garşy durulmagyny we gatnawyň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanyň uly ulag ýollarynda, şol sanda Aşgabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Mary, Türkmenabat-Farap, Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtoulag ýollarynda birbada awtomobil köprüleriniň 90-sy ulanmaga berildi, olar ýurdumyzyň welaýatlaryny özara has-da içgin baglanyşdyrdy. Uly we kiçeňräk derýalaryň, Köpetdagyň we Balkanyň gerişlerinden akyp gaýdýan köp sanly hemişelik we wagtlaýyn suw akabalarynyň, suwaryş kanallarynyň we zeýkeşleriň, demir ýollaryň üsti bilen, köp ýyllaryň dowamynda ygtybarly we bökdençsiz ulanmak üçin niýetlenen köprüler guruldy.

Örän oňaýly ýollaryň bolmagy dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyny üstünlikli ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda binalaryň gurluşygy ulag-kommunikasion desgalary gurmak bilen birlikde alnyp barylýar. Deňziň boýundaky şypahanadan Türkmenbaşy şäherindäki Halkara howa menzilinde çenli täze awtoulag ýoly çekildi, onuň ugrunda awtoulaglar üçin uzynlygy 400 we 1300 metre barabar bolan köprüler-estakadalar guruldy. Bular deňziň ýakasyndaky şäheriň we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň awtoulag ýollaryny bitewi ulgama öwürdi, şunda demirgazyga tarap we gündogarlygyna Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap ýoluna birigýän çykalgalar bar.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Karara laýyklykda 2014-nji ýylyň oktýabryna çenli Aşgabat-Türkmenbaşy we Aşgabat-Mary awtoulag ýollarynyň ugrunda köprüleriň ýene-de 78-si gurlar.

Ýurdumyzda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde oba ýerleindäki ýollaryň gurluşygyna, şeýle hem ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň tehniki parkynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamasynda” ulag ulgamyny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak, berjaý edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça anyk çäreleriň toplumy kesgitlendi.

Şol maksatnamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna, awtoulag we demir ýol ulaglaynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine degişli meseleler 19-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň gün tertibine goşuldy.

Türkmenistan ulag ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň döredilmegine ep-esli möçberdäki serişdeleri gönükdirmek arkaly, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýady döredýär hem-de onuň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini artdyrýar we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýär, munuň özi ýurdumyzyň tebigy serişdelere baý bolmagy we geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Şeýlelikde, Türkmenistan diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde ulaglaryň gatnawy üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrülýär. Şu maksatlar yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilip, anyk işler hem-de ähli ýurtlar we dünýäniň halklary üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde gazanan uly at-abraýy arkaly berkidilýär.