2012-nji ýylyň iýuly: milletiň Lideriniň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişliginde halkara abraýynyň we ornunyň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alan ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça milli Liderimiziň öz öňlerinde goýan wezipelerini çözmekde alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegini talap edýär. Ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat startegiýasynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilmegi bilen şertlendirilendir.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu ugruň giň möçberlidigi hem-de derwaýysdygy geçen iýul aýynyň wakalarynyň senenamasynda hem öz aýdyň beýanyny tapdy. Şol wakalar bolsa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň geçen aýda daşary ýurtlaryň degişli döwlet düzümleri, abraýly halkara guramalary, dünýäniň işewür toparlary bilen netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça alyp baran işlerine degişlidir.
Syn berilýän aýyň başynda, 4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň habar beriş serişdelerinde azatlyk meseleleri boýunça wekili hanym Dunýa Miýatowiç bilen duşuşyklar geçirildi. Ol ÝHHG bilen bilelikde geçirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nobatdaky 14-nji Merkezi Aziýa maslhatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky geljegi uly bolan gatnaşyklar, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi we bu ulgamda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda gatnaşyklar gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem bu ulgamy düzgünleşdirýän milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini netijeli ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň habarlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýlip nygtaldy.
Dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, iň täze tehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ugrudyr. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda iň täze usullary we çözgütleri ulanmak ähli ulgamlary, şol sanda medeniýeti döwrebaplaşdyrmagyň esasy ýörelgesine öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, 5-6-njy iýulda Aşgabatda “Adaty metbugatdan onlaýn metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 14-nji Merkezi Aziýa maslahatynyň geçirilendigini bellemelidiris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan foruma Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Owganystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan žurnalistler, şeýle hem halkara we sebitleýin bilermenler gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda däp bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden onlaýn habar beriş serişdelerine geçmek, Interneti, Internet-telewideniýäni, IP-telewideniýäni hukuk taýdan düzgünleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmegiň milli tejribeleri, olary däp bolan ulgamlardan onlaýn ulgamyna geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler we kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmagyň usullary barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada aýdylanda bolsa, biziň ýurdumyzda bolup geçýän hem-de halkara gatnaşyklary babatdaky wakalary dogruçyl, hemmetaraplaýyn we öz wagtynda beýan etmegiň häzirki döwrüň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň möhüm tarapy bolup durýandygy bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy ýokary tehnologik çözgütleri peýdalanmak bilen köpçüliýklein habar beriş serişdeleriniň işiniň täze görnüşlerini agtarmak biziň ýurdumyzyň häzirki zaman oňyn syýasaty babatda geljegi uludyr. Şonda ösüş hem-de innowasiýalar döwlet ösüşini düzýän möhüm ugur hökmünde ykrar edildi.
Biziň ýurdumyzyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ugry babatda 13-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisde Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýan Wirengjuritadan ynanç hatynyň kabul edilendiginiň bellemelidiris. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
16-njy iýulda bolup geçen ýene-de bir waka--Aşgabatda 2011-nji ýylda energetikanyň ösüş depginleri boýunça statistiki ýygyndy bilen tanyşdyrylyş çäresi dünýäniň nebitgaz boýunça işewürlik toparlarynda we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döretdi. Bu ýygyndy dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan BP nebitgaz kompaniýasynyň “Dünýäniň energetikasy baradaky statistiki syny” esasynda taýýarlandy. Munuň üçin BP kompaniýasynyň wise-prezidenti we baş ykdysatçysy jenap Kristof Rýul ýörite türkmen paýtagtyna geldi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda BP kompaniýasynyň resmi maglumatlary seljermek esasynda ýurdumyzda gazyň örän uly gorlarynyň bardygyny tassyklaýandygy we şol gorlar boýunça Türkmenistanyň dünýäde 4-nji orny ynamly eýeleýändigi hem-de munuň häzirki wagtda hereket edýän we geljek-de guruljak gaz geçirijileri türkmen “mawy ýangyjy” bilen islendik möçberde üpjün etmegiň kepili bolup durýandygy bellenildi.
Galyberse-de, kompaniýa tarapyndan taýýarlanan “2030-njy ýyla çenli dünýä energetikasyny ösdürmegiň çaklamalaryna” laýyklykda, ýurdumyzyň halkara energetika bazarynda eýeleýän orny has-da ýokarlanýar. BP kompaniýasynyň “Dünýäniň energetikasy baradaky statistiki syny”, Halkara energetika agentliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir bölümleriniň, Bütindünýä bankynyň dürli neşirleri hem-de milli serişdeleri we beýleki dürli maglumatlary ulanmak esasynda taýýarlanan bu çaklama dünýäniň energetika bazarlaryny ösdürmegiň uzakmöhletleýin meýillerini äşgär etmek bilen bagly maksady öňde goýýar.
Dünýäniň iri nebitgaz kompaniýasy tarapyndan berlen şeýle ýokary baha Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň halkara hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykýandygyna şaýatlyk edýär, munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň örän ähmiýetli ugrudyr.
16-njy iýulda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümtara toparynyň Tähranda bolan nobatdaky 12-nji mejlisinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de geljegi hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şol mejlis türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň agzalary söwda-ykdysady ulgamda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde däp bolan gumanitar hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Munuň özi iki goňşy halkyň taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy umumylygy bilen şertlenendir.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň işiniň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürlik maslahaty geçirildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu maslahata gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti Tähranda boldy. Onuň düzümine ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, degişli ministrlikleriň we önümçilik ulgamlarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esasy hünärmenleri girdiler.
Forumda Eýran tarapyna nebitgaz we nebithimiýa ulgamynda, gurluşyk senagatynda, maşyn gurluşygynda, azyk senagatynda, söwda ulgamynda we beýleki ugurlarda işleýän iri kompaniýalaryň 300-siniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanda eýýäm tanalýan, şeýle hem türkmen bazaryna indi gyzyklanma bildirýän birleşikler we kärhanalar bar. Olar türkmen hyzmatdaşlaryna ýol gurluşygynda, ulag ulgamynda, azyk senagatynda öz öňdebaryjy işläp düzmelerini we innowasion tehnologiýalaryny bermäge, şeýle hem gurluşyk materiallaryny, gurluşyk pudagynyň enjamlaryny we beýlekileri ibermäge taýýardygyny aýtdylar. Öz nobatynda, türkmen tarapy goňşy Eýrana dünýä bazarynda uly islege eýe bolýan elektrik energiýasyny we energiýa serişdelerini, şeýle hem beýleki ýokary hilli önümleri ibermek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Şol günlerde, ýagny 18-19-nji iýulda milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde bolmagy biziň döwletimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäginiň barha giňeýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Tokioda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen –ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisleri geçirildi.
Bu nobatdaky möhüm bilelikdäki mejlisiň netijeleri häzirki wagtda täze ösüşe eýe bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin iň amatly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna, bu ugurda iş ýöretmegiň uly tejribesine, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan abraýly kompanýalar, şeýle hem Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyna uly gyzyklanma bildirýän esasy maýa düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär.
Lukmançylyk tehnikasy we derman senagaty boýunça innowasion işläp taýýarlamalar, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň kämil usullary 19-21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilen “Saglyk-2012” atly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda beýan edilen esasy meseleleriň birine öwrüldi. Bu foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň 255-siniň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda anyklaýyş, bejeriş enjamlaryny we tehnikasyny, lukmançylyk mebelini, gurallary, ulanylýan materiallary, derman senagatyna degişli önümleriň uly toplumyny öndürijiler bar. ABŞ-dan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan gelenleriň sany has-da artdy. Ýurdumyz bilen öňden hyzmatdaşlyk edýän Russiýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we Ukrainanyň kompaniýalarynyň önümleri giňişleýin görkezildi.
Sergide ýurdumyzyň lukmançylyk boýunça iri edaralarynyň önümleri mynasyp orny eýeledi. Bu ýere gelenlere saglygy goraýyş ulgamynda uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde hereket edýän we geljekde guruljak desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlary derman senagatynda öňe gidişligiň gazanylýandygyny aýdyň görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň önüm öndürijileri türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerinden hem ýokary hilli derman serişdeleriniň köp görnüşleriniň öndürilmegini ýola goýdular. Şypahanalarda bejeriş we sagaldyş ulgamyna uly diwarlyklar bagyşlandy.
Maslahatyň çäklerinde lukmançylyk ylmynyň ähli ugurlaryna bagyşlanan ýüzlerçe çykyşlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bölümleriň 13-si boýunça paýtagtymyzyň belli-belli ugurlara degişli ylmy-kliniki merkezlerinde mejlisler geçirildi. Mundan başga-da, käbir klinikalarda, hususan-da, Göz kesellerini bejerýän halkara merkezinde, Bejeriş-maslahat beriş merkezinde we Şikesleri bejerýän halkara merkezinde bilelikdäki hirurgiýa operasiýalary üstünlikli geçirildi.
Bu çärä gatnaşynlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze hil derejä we many-mazmuna eýe bolup, dünýäde öňdäki hatarlara çykdy. Ilata ilkinji lukmançylyk sanitariýa kömegini bermek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy, bejeriş edaralarynyň we anyklaýyş merkezleriniň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maşgala lukmançylygyny we saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny ornaşdyrmak boýunça uly işler geçirildi, munuň özi keselleriň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirdi.
Täze lukmançylyk desgalarynyň gurulmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, şol sanda telemedisinanyň işjeň ornaşdyrylmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň ählisiniň kompýuterleşdirilmegi, lukmançylyk ylmyna maksadalaýyk gelýän derejede goldaw berilmegi, ökde hünärmenleriň taýýarlanmagy—bularyň ählisi adamlaryň saglygyny berkitmek we goramak üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
19-21-nji iýulda Aşgabatda geçirilen “Saglygy goraýyş we bilim” atly halkara ylmy maslahatda Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan oňyn tejribesi barada gürrüň edildi. Bu tejribe dünýä bileleşigi we esasy halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň iri düzümleri—Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) hem-de ýurdumyz bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalar tarapyndan giňden ykrar edildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan guraldy. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Koreýanyň, Hindistanyň, Çehiýanyň, Belarusyň saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça hünärmenleri, iri ylmy-kliniki merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Aşgabada ýygnandylar.
Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Awisena direktoriýasynyň” Bülindünýä maglumatlar goruna girizilendigi baradaky resminamany gowşurmak dabarasy boldy. Bu Bütindünýä maglumatlar gory Kopengagan uniwersiteti, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we Lukmançylyk biliminiň bütindünýä federasiýasy tarapyndan goldanylyp, saglyk ulgamyndaky bilim edaralary barada maglumat almak, okamak ýa-da akademiki barlaglary geçirmek isleýän ähli adamlar üçin açyk internet serişde ulgamy bolup hyzmat edýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bu resmi gorunda bolmak islendik ýokary lukmançylyk mekdebi üçin örän uly abraýdyr.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna goşýan goşandy baradaky gürrüňi dowam edip, 21-nji iýulda türkmen talyplarynyň Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen halkara aň-bilim bäsleşiklerinde nobatdaky üstünligi gazanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowşandygyny bellemelidiris. Türkmenistan bilen goňşulykda ýerleşýän bu ýurduň Kiş adasy matematika boýunça XXIII halkara olimpiadasynyň we himiýa boýunça V halkara olimpiadasynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Bäsleşiklere dünýäniň dürli ýurtlaryndan 18 topar gatnaşdy. Magtymguly adyndan Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bäsdeşleri bilen çekeleşikli aň-bilim ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijileriň esasy üçlüginde hormatly orny eýelediler.
Ynsanperwerlik we medeni hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, gadymy siwilizasiýanyň mirasdüşeri bolan Türkmenistanyň beýleki halklaryň hem medeni we taryhy gymmatlyklaryny öwrenmek barada çykyş edýändigini, medeniýet we sungat ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny özara baýlaşdyrmaga hemişe taýýardygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji iýulda Mary welaýatynyň merkezinde GDA agza ýurtlaryň meşhur estrada aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konsertiniň bolandygyny ýatlatmalydyrys, ýeri gelende aýtsak, 2012-nji ýylda Mary şäherine GDA-nyň medeni paýtagtynyň derejesini bermek baradaky karar 2011-nji ýylyň 20-nji dekabrynda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň resmi däl ýubileý mejlisinde kabul edildi. Şu ýylyň 30-njy aprelinde Maryda şol waka bagyşlanan resmi dabara boldy hem-de şäheriň derejesine laýyklykda geçiriljek çärelere badalga berildi.
Arkalaşyga agza bolup durýan ýurtlaryň estrada aýdymçylarynyň konserti hem Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň maksatnamasynyň gumanitar ugruna degişlidir. Bu konserte gatnaşmak üçin Maryda ýaş, ýöne eýýäm tanymal aýdymçylar, abraýly halkara aýdym-saz bäsleşikleriniň we dürli festiwallaryň ýeňijileri ýygnandylar. Türkmen estrada aýdym-sazlary ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirildi.
Bu medeni çäräniň çäklerinde Marynyň Ruhyýet köşgünde sergi guraldy, şondaky täsin gummatlyklar arkaly, ýurdumyzyň gadymy taryhy, türkmen halkynyň baý ruhy mirasy we özboluşly sungaty, şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlary täsirli beýan edildi. Galyberse-de, myhmanlara Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine we Mary welaýatynyň kitaphanasyna baryp görmäge mümkinçilik döredildi, bular welaýatyň ruhy durmuşynyň merkezleri hasaplanýar. Olaryň täze ajaýyp binalary we döwrebap enjamlaşdyrylmagy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetiň gülläp ösýändigini aýdyň görkezýän subutnamalardyr.
Geçen aýda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda XXX tomusky Oimpiýa oýunlaryna badalga berildi. 22-nji iýulda bu ýerdäki Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän baýdaklaryň seýilgähinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň döwletimiziň halkara sport abraýyny artdyrmak we türkmen türgenleriniň Londonda geçirilýän şu olimpiadada üstünlikli çykyş etmegini gazanmak maksady bilen, Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň XXX tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandygyny resmi taýdan tassyklap, Beýik Britaniýanyň paýtagtynda sportuň bäş görnüşi—boks, agyr atletika, dzýudo, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça ýurdumyzyň abraýyny gorajak ýygyndy toparyň düzümini oňlady.
Biziň toparymyzyň düzümine 23 adam, şol sanda 10 türgen girdi. 16 günüň dowamynda 204 ýurtdan türgenleriň 10 müň 700-si sportuň 39 görnüşinde medallaryň 302 toplumy ugrunda bäsleşýärler. Türkmenistanyň ýokary sport mekdebinde tälim alan Umurbek Bazarbaýewiň Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dowam edýän XXX tomusky Olimpiýa oýunlarynda 62 kilograma çenli agramlykda iň güýçli ştangaçylaryň altylygyna girendigi bellärliklidir.
Türkmen ýygyndy toparynyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy ertirki ýeňişlere, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine parahatçylyk, döredijilik we ösüş syýasatyny durmuşa geçirýän ýurtdugyny bütin dünýä görkezmek üçin ýene-de bir ajaýyp mümkinçilikdir.
Mundan başga-da, geçen aýda biziň türgenlerimiziiň beýleki halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy hem bedenterbiýe we sport ulgamynda Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkidýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Mysal üçin, 6-13-nji iýulda türkmen awtosportçulary Dakar derejeli “Ýüpek ýoly - 2012” halkara ýaryşyna gatnaşdylar. Umumy uzynlygy 3800 kilometrden gowrak bolan, 6 tapgyrda geçirilen ýaryş Russiýada Moskwa-Rýazan-Wolgograd-Elista-Maýkop-Gelenjik ugry boýunça guraldy. Awtomobil ýaryşlarynda biziň toparymyza “Nissan” we “Misubişi” kysymly awtomobillerde ýedi sany ekipaž wekilçilik etdi.
Iýul aýynyň ortasynda Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynda Aziýanyň 27 ýurdundan 2 müň türgeniň gatnaşmagynda geçirilen “Aziýanyň çagalary” atly V halkara sport oýunlarynda biziň ýaş ildeşlerimiz iki sany kümüş we dört sany bürünç medaly eýelediler. 14-nji iýulda Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça halkara bäsleşiginde türkmen türgenleri iki sany kümüş medaly we dört sany bürünç medaly eýelediler. Bu ýaryşa 15 ýurtdan küştçüleriň 160-dan gowragy gatnaşdy.
18-nji iýulda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasynda kikboksing boýunça geçirilen ýaryşda aşgabatly sport ussady Ç.Çaryýew altyn medaly eýeledi. Şäher sport komitetinde tälim alan türgenimiz 57 kilograma çenli agramlykda üstünlige eýe boldy. Bu agramlykda dünýäniň dürli ýurtlaryndan 16 türgen bäsleşdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary baradaky meselä gaýdyp gelmek bilen, iýul aýynyň ahyrynda Duşanbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň dördünji mejlisiniň geçirilendigini bellemelidiris. Duşuşygyň barşynda geçirilen işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk ugurlar hem-de çäreler kesgitlenildi. Söwda-ykdysady ulgam, elektroenergetika, dokma we ýeňil senagat, oba hojalygy, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hem gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Şeýle hem iýul aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýeti Pekinde bolup, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 2-nji mejlisine hem-de energetika we gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça onuň kiçi komitetiniň mejlisine gatnaşdy. Bu çäreler hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet we işewür düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hytaý tarapyndan komitete HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Wan Sişan ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, energetika we gumanitar ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň ençemesi girizildi. Taraplar özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, şu mejlisiň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de tejribe we tehnologiýalary alyşmaga täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Mejlisiň jemleri boýunça degişli protokola we Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki – ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Şol ylalaşykda HHR-iň Hökümetiniň Türkmenistana muzdsuz granty bermegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem iýul aýynyň ahyrynda Moskwa şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa Hökümetara toparyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljegi, ozal gazanylan ylaşayklary iş ýüzünde durmuşa geçirmk boýunça geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady pudak, ýangyç-energetika toplumy, elektrik energetikasy, maşyngurluşyk, beýleki pudaklaryň birnäçesi şol ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Russiýanyň kompaniýalarynyň ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Mejlisde şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamynda, şol sanda deňiz, howa we awtomobil ulaglary babatda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň anyk ugurlaryna hem-de degişli resminamalaýyn hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň işewürlik toparlarynyň we telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdylar. Gumanitar we ylmy-tehniki ulgamda özara gatnaşyklary hem-de hususan-da, bilim, ylym we medeniýet babatda däp bolan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan sebitleýin türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň meselelerine hem garaldy.
31-nji iýulda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Huan Karlos Krekler Türkmenistanyň Mejlisinde ynanç hatyny gowşurdy. Biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň çäkleriniň yzygiderli giňelmegi dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy berkitmek ugruna ygrarly bolan türkmen döwletiniň abraýynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde jenap Huan Karlos Krekleriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde döwletara gatnaşyklarynyň hem-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň käbir meseleleri boýunça netijeli pikir alşyldy.
Şeýlelikde, geçen aýyň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de syýasy, ykdysady we medeni – gumanitar ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksadynda biziň ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan görülýän çäreler öz aýdyň beýanyny tapdy.