Ï Dünýä hojalyk aragatnaşyklary we Türkmenistanyň ulag ulgamynyň düzümleri: howa gatnawy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä hojalyk aragatnaşyklary we Türkmenistanyň ulag ulgamynyň düzümleri: howa gatnawy

view-icon 4785
Ozal habar berlişi ýaly, 9-10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň barşynda ýokary derejede ikiçäk ýagdaýda ikitaraplaýyn gepleşik geçirildi. Onda türkmen döwletiniň Baştatuny häzirki wagtda türkmen-türk gatnaşyklarynyň doganlyk iki ýurduň göwnaçyklyga we birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, ony döwrüň ruhuna we oňyn özgertmelere mahsus täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen maksada eýermegi netijesinde ýokary derejä ýetendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül häzirki döwürde Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän döwletdigini hem-de durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli maksatnamalaryň ýaýbaňlandyrylandygyny hem-de uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny we munuň Türkiýede ikelläp oňlanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara türk kompaniýalarynyň gatnaşmagy babatda kanagatlanma bildirdi we Türkiýede iri telekeçilige degişli wekilleriň dürli ugurlarda, şol sanda

ulag-aragatnaşyk desgalaryň düzümini ösdürmekde özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Türkiýäniň “Polimeks” we “Belda” kompaniýalarynyň uly möçberli taslamalary munuň subutnamasydyr, bu kompaniýalar şol taslamalary saparyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde guralan tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlediler. Bu taslamalar ýurdumyzyň howa ulgamynyň düzüminiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen we şolarda türkmen paýtagtynda täze Halkara howa menzili, şeýle hem Türkmenabatda täze howa menzili toplumyny we Daşogzuň howa menzilinde döwrebap uçuş-gonuş zolagyny hem-de beýleki desgalaryň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk desgalaryň düzümini, şolaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan howa ulgamyny ösdürmekde öňdebaryjy halkara işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarly bolmagynda galýandygyny nygtap, milletiň Lideriniň bu uly möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki oý-pikirleriň we dünýäde toplanan iň oňat tejribäniň ugur edinilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy esasy pudaklaryň biri hökmünde ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işgärleri “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça tabşyryklara üstünlikli hötde gelýärler. Mundan başga hem olar ekerançylara, maldarlara, nebitçilere we gazçylara kömek berýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan edilýän uçar hyzmatlarynyň möçberiniň ösüş depgini ýylyň-ýylyna artýar.

Bu kanunalaýyk ýagdaýdyr, sebäbi raýat awiasiýasyna ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun degişlidir. Howa ulagynyň hyzmatlarynyň dünýä bazaryna goşulyşmagy bilen raýat awiasiýasy Garaşsyz Türkmenistana daşary ýurtlarda wekilçilik edip, biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny ýöredijiniň hem wezipesini berjaý edýär.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň, döwletimiziň üznüksiz ösüşiniň möhüm şerti hökmünde häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmek ýokarda agzalan maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri tarapyndan ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda uly möçberli taslamalaryň başy başlandy. Täze howa menzillerini, terminallary, inžener-tehniki maksatly desgalary gurmak hakynda, şeýle hem işläp gelýänlerini döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek, şonuň ýaly-da uçarlaryň sanyny yzygiderli artdyrmak hakynda gürrüň barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy.

Maksatnama üç tapgyry: 2012-2015-nji ýyllardan ybarat birinji tapgyry, 2016-2020-nji ýyllardan ybarat ikinji tapgyry we 2021-2030-njy ýyllardan ybarat üçünji tapgyry özünde jemleýär. Ahyr netijede onuň durmuşa geçirilmegi bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmegi, pudagy iň täze enjamlar bilen üpjün etmegi, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy, iň häzirki zaman uçarlary satyn almagy, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmagy, şeýle hem uçuşlaryň howpsuzlygyny we elbetde, täze howa menzillerini gurmagy we işläp gelýän howa menzilleriniň durkuny täzelemegi göz öňünde tutýar. Olar şular ýaly desgalara bildirilýän döwrebap talaplaryň ählisine laýyk geler.

Howa gämileriniň parkyny meýilleşdirmegi üç bölekde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar: onuň birinji bölegi Türkmenistanyň içerki howa gatnawlarynyň ulgamydyr; ikinji bölegi 5200 kilometre çenli ortaça aralykdaky howa gatnawlarynyň halkara ulgamydyr; üçünji bölegi 5200 kilometrden gowrak ugurlar boýunça uzak aralykdaky howa gatnawynyň halkara ulgamydyr.

Eýýäm ýakyn geljekde dünýä jemgyýetçiligini türkmen halkynyň gymmatly medeni we ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem howa taksisiniň – gatnadyjysynyň – “air taxi-niň” hyzmatlaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerine daşary ýurtly syýahatçylar hem-de ýurdumyzyň raýatlary üçin dikuçarlarda gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ulgamlaryny gyşarnyksyz ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak hakynda yzygiderli alada etmegi netijesinde häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlarynyň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden alnan soňky nesildäki uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabynda ýetirilýär. Soňky ýyllarda şol awiaparkyň üsti özüniň oňat tarapyny görkezen “Boingleriň” modelleri we beýleki meşhur dünýä kysymlaryndaky tehnika bilen ýetirildi.

Türkmenistanyň gämileriň hut şu kysymyny saýlap almagy halkara, sebitleýin we içerki uçar ugurlarynda olary iş ýüzünde peýdalanmagyň ýurdumyzda toplanan oňyn tejribesi bilen şertlenendir, munuň özi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň gurplydygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanynyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, bu çözgüt “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ähli ugurlarynda ýolagçylara hyzmat etmegiň we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýokary dünýä ülňüleriniň gazanylmagyna çalyşmak bilen hem ýüze çykýar. “Boing” kompaniýasynyň uçarlary özüniň asyrlara golaý taryhynda hili we amatlylygy boýunça iň ýokary abraýa mynasyp boldy.

Gepiň gerdişine görä aýdylsa, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, “Boing” uçarlaryny satyn aldy we şu ýyllaryň içinde türkmen awiatorlarynyň uçuş we inženerçilik düzümi amerikan tehnikasyny ulanmakda hünäriň hem-de ussatlygyň ýokary derejesine çykdy. Häzirki wagtda milli howa gullugynyň hasabynda bu bütindünýä kysymyndaky uçarlaryň -- “Boing-757”, “Boing-737” we “Boing –717” uçarlarynyň 19-sy bar. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýän döwürde şular ýaly howa uçarlarynyň sany 39-a ýetiriler. Bu babatda olaryň özi iň täze uçarlardygyny belläp geçmek zerurdyr.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň awiasion işgärleriniň mekdebinde ulanylýan tehnikanyň ähli görnüşleri boýunça diýen ýaly hünärmenler, ýeňil motorly awiasiýanyň uçarmanlary, awiatehnikler we raýat awiasiýasynyň kärhanalarynyň dürli gulluklarynyň beýleki işgärleri taýýarlanylýar. Hususan-da, mekdebiň talyplary uçarlaryň awiason we radioelektron enjamlaryny hem-de awiahereketlendirijileri, radiotehniki enjamlary, howa menzilleriniň we aerodromlaryň elektrik yşyklandyryjy tehniki ulgamlaryny ulanmak ýaly isleg bildirilýän hünärleri özleşdirýärler.

Mekdepde talyplary okatmakdan başga hem dikuçarlary we “Boingleri” dolandyrmak boýunça hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak hem geçirilýär. “Türkmenistan” awiakärhanasynyň ýüztutmalary boýunça mekdepde gysga möhletli okuwlar we bortprowodnikleri, gatnatmalary, awiasion howpsuzlygy guramak gulluklarynyň işgärlerini, petek kassirlerini taýýarlamak boýunça tälim alyş okuwlary guraldy. Bularyň hemmesi çylşyrymly awiasion tehnikasyny sowatly we howpsuz ulanmaga, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Welaýatlardaky howa menzillerini we ýerüsti tehnikany halkara ülňülerine laýyk getirmek hem göz öňünde tutulýar. Aşgabatda, Tütrkmenabatda, Daşoguzda ähli zerur düzümli täze howa menzilleri, Mary şäherindäki howa menziliniň ýolagçylar üçin täze terminalyny gurmak, Balkanabat şäherindäki howa menziline degişli desgalary täzelemek bilen birlikde, Atamyrat, Magdanly, Gazojak, Köneürgenç, Hazar we Garabogaz şäherlerinde howa menzilleriniň işini gaýtadan ýola goýmak göz öňünde tutulýar, welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde ähli kysymdaky howa gämilerini kabul etmäge mümkinçilik berýän täze uçuş-gonuş zolaklary gurlar.

Ýeri gelende aýtsak, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň Howa gatnawyny dolandyryş merkeziniň döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi hem-de raýat awiasiýasynyň ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, birinjiden, diňe bir “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämilerine däl-de, Aşgabadyň howa menzilinde gonýan we Türkmenistanyň howa giňişliginden uçup geçýän daşary ýurt uçarlaryna edilýän hyzmatyň gowulandyrylmagyna ýardam etdi. Ikinjiden, munuň özi toparlaýyn uçuşlaryň arasyndaky wertikal aralygy gysgaltmak arkaly, toparlaýyn uçuşlaryň we ýurdumyzyň howa giňişligi arkaly uçup geçýän uçarlaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Üçünjiden, munuň özi radiolokatorlaryň we nawigasion serişdeleriň görýän aralygyny uzaltmagyň hasabyna uçuşlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Galyberse-de, Türkmenistanyň howa gatnawyny dolandyryş merkezleri tizlige we uçarlaryň uçýan belentligine degişli ölçegleriň bitewi halkara ulgamyna geçirildi.

Türkmenistanyň geografiki taýdan ýerleşişiniň amatly şertlerinden ugur alyp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda uly möçberli gurluşygyň alnyp barylýandygyny, “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň ulanmaga berilmegini, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň durkuny täzelemek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, awtomobil ýollarynyň gurulýandygyny we başga-da birgiden ýagdaýlary göz öňünde tutup aýdanyňda, deňziň ýakasynda ýerleşýän howa menzilini giňden ulanmaga mümkinçiligiň döremegi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan Airlines Сargo” kompaniýasynyň döredilmegi örän möhüm ähmiýetlidir.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň ösüşindäki ýagdaýlar, şeýle hem raýatlaryň maddy-hal ýagdaýynyň has ýokarlanmagy täze halkara uçar ugurlarynyň açylmagyny talap edýär, galyberse-de, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki taýdan üpjünçiligi we uçarlaryň döwrebap parky muny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki uçarlardan daşgary, dünýäniň 11 ýurdunyň 15 şäherine: Abu-Dabi, Amritsar, Almaty, Bangkok, Birmingem, Deli, Dubaý, Kiýew, London, Moskwa, Minsk, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg, Frankfurt şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze howa gatnawlaryny üç tapgyrda ýola goýmak göz öňünde tutulýar. 2012-2015-nji ýyllarda: Türkmenbaşy şäherindäki Halkara howa menzilinden Stambula (Türkiýe Respublikasyna), Moskwa (Russiýa Federasiýasyna), Aktau şäherine (Gazagystan Respublikasyna); Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzilinden Urumçy şäherine (Hytaý Halk Respublikasyna), Phukete (Tailanda), Nowosibirskä (Russiýa Federasiýasyna), Milana (Italiýa), Antaliýa (Türkiýe Respublikasyna), Seula (Koreýa Respublikasyna), Kuala-Lumpura (Malaýziýa) uçuşlar amala aşyrylar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa parkynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we 2016-2020-njy ýyllardaky döwürde “Boing” kysymly uçarlaryň sanynyň 31-e ýetirilmegi netijesinde Türkmenbaşydan

Sankt-Peterburga (Russiýa Federasiýasyna), Aşgabatdan bolsa Jidda, Medine şäherlerine (Saud Arabystany Patyşalygyna), Koçine, Ahmedabada (Hindistan Respublikasyna), Samara (Russiýa Federasiýasyna), Hanoýa (Wýetnam Sosialistik Respublikasyna), Wena (Awstriýa Respublikasyna), Sofiýa (Bolgariýa Respublikasyna), Budapeşte (Wengriýa Respublikasyna), Manama (Bahreýn Patyşalygyna), Nýu-Ýorka (Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna), Toronto (Kanada) uçuşlary amala aşyrylar.

2021-2030-njy ýyllarda raýat awiasiýasynyň düzüminde döwrebap uçarlaryň eýýäm 39-sy bolar, munuň özi Aşgabatdan Pariže (Fransiýa Respublikasyna), Madride (Ispaniýa), Jakarta (Indoneziýa), Maskata (Oman Soltanlygyna), El-Kuweýte (Kuweýt Döwletine), Singapura (Singapur Respublikasyna), Şarma-Al-Şeýh, Hurgadu, Kair şäherlerine (Müsür Arap Respublikasyna) howa arkaly täze gatnawlary açmaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, raýat awiasiaýsy bilen bagly ugurlaryň ählisinde halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy hökmünde çykyş edýän Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) doly hukukly agzasy boldy. Bu uly gurama howa gatnawynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolup durýan halkara kadalaryny belleýär. Hut IKAO bilen hyzmatdaşlyk edilmegi milli raýat awiasiýasynyň uçar gatnaşyklarynyň halkara ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna degerli ýardam berdi.

Häzirki wagtda Halkara howa ulaglary assosiasiýasyna – IATA

(International Air Transportation Assosiation) goşulmak boýunça işler alnyp barylýar.

Görülýän çäreleriň ählisi, şeýle hem göz öňünde tutulýan täze uçar gatnawlary ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça has-da artýan islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milletiň Lideri tarapyndan ýöredilýän “açyk gapylar” syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, söwda-ykdysady, gumanitar gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, syýahatçylygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşmaga gönükdirilendir hem-de bular Türkmenistanda maýa goýumly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän işewürler hem-de ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.