Şu gün ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy, şol ýerde bu ulgamyň garamagyndaky guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, döredijilik işgärleriniň, belli bir ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, medeni-aň-bilim edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagy bilen iş maslahaty geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, medeniýeti ösdürmegiň meselesi döwlet Baştutanynyň 16-njy awgustdaky geçiren maslahatynyň esasy meseleleriniň biri boldy, şonda milletiň Lideri hereket etmegiň maksatnamasyny aýdyň beýan etdi we döwlet medeniýet syýasatynyň ortaça we uzakmöhletli maksatlaryny gazanmak üçin durnukly şertleri döretmek barada ýakyn geljekde çözmek zerur bolan esasy meseleleriň çägini belledi.
Şol maslahatdan soň medeniýet işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerini we tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler bellenildi, ýurdumyzda medeni işleri işjeňleşdirmegiň degişli çäreleriniň we maksatnamalaýyn usullarynyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gün, bir hepde geçenden soň geçirilen işleriň ilkinji netijeleri nobatdaky maslahatyň gün tertibine girizildi, mundan beýläk-de hereket etmäge düzedişler girizildi we bellenilen ugur boýunça utgaşykly hereket etmegiň tapgyrlary ylalaşyldy.
Milli habar beriş serişdeleriniň, muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň, medeniýet we dynç alyş merkezleriniň işinde guramaçylyk hem-de döredijilik çemeleşmelerini täzelemäge aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, medeniýet edaralary türkmen halkynyň baý mirasyny giňden wagyz etmelidir, türkmen sungatynyň we halk döredijiliginiň ajaýyp däplerini, özboluşlylygyny beýan etmelidir, her bir raýatyň milli we dünýä medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyny üpjün etmelidir. Şunuň bilen birlikde biziň döwletimizde bolup geçýän özgertmeleriň düýp mazmunyny döredijilik taýdan açmagyň, jemgyýetiň ruhlandyryjy, birleşdirýän we döredijilik güýji hökmünde medeniýetiň ornunyň ähmiýeti artýar.
Bu babatda meýilnamalaşdyrylan, bar bolan medeni mümkinçilikleri ösdürmäge, bu pudagyň wekilleriniň hünär taýdan ösüşine ýardam etmäge, ilata edilýän medeni hyzmatlaryň, şol sanda medeni aň-bilim edaralaryny, ilkinji nobatda kitaphanalary, şeýle hem muzeýleri, medeni, ylmy - barlag merkezlerini we başgalary maglumatlaşdyrmagyň üsti bilen çägini giňeltmäge gönükdirilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýerde elektron tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak zerurdyr. Şunda gaznalary işjeňleşdirmegiň, olaryň köp görnüşliligini üpjün etmegiň we köptaraply wagyz edijilik işiniň möhümdigi nygtalyp geçildi.
Bu çäreleriň hemmesi täzeçillik üçin netijeli gurşawy kemala getirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we işiň täze görnüşlerini, uly möçberli kompýuter ulgamlarynyň üsti bilen maglumatlary alyşmagyň köp ýaýlymly ulgamlaryny peýdalanmak arkaly medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem döredijilik başlangyçlaryny we taslamalaryny höweslendirmek, kämil sungaty goldamak, Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegi, onuň dünýäniň medeni-maglumatlar giňişligine doly möçberde goşulyşmagyny maksat edinen pudagara gatnaşyklar babatda ulgamlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak meselelerine hem garaldy. Ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda medeniýet we döredijilik işi babatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Milletiň Lideriniň 22-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde aýdan tabşyryklary bilen baglylykda milli baýramçylyklara we halkara derejesindäki çärelere bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmäge hem aýratyn üns berildi.
Hususan-da, 5-7-nji sentýabrda Halkara sergisini, sungat festiwalyny we “Awaza-2012” atly ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşyldy, şol günler geçiriljek medeni çäreler türkmen we daşary ýurtly döredijilik işgärleriniň—sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň, ýazyjylaryň suratkeşleriň we beýlekileriň gatnaşmagy bilen Hazaryň kenarýakasynda geçiriler.
Halkara gumanitar hyzmatdaşlygyny, dürli halklaryň medeni gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de täze gatnaşyklary we döredijilik alyş-çalyşlaryny ýola goýmak babatda öňde boljak wakalaryň möhümdigi bellenip geçildi, olar halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar, şeýle hem parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň üpjün edilmegine ýardam eder.
Maslahata gatnaşyjylar atalyk aladasy üçin milletiň Liderine çäksiz hoşallyk bildirip, türkmen medeniýetini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp täze derejä çykarmak boýunça Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny hem-de maslahatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de ukyplaryny sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.