Türkmenistanyň Mejlisi 15-nji mejlisinde „Şypahana işi hakynda“ täze Kanuny kabul etdi. Köpçülikleýin şypahana we sagaldyş ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen şypahanalaryny täze hilli görnüşde gaýtadan dikeltmek umumymilli möhüm meselä öwrüldi. Bu ugurda hyzmat etmek boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze edaralar işe girizilýär. Hazar deňziniň kenarynda, „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde uly göwrümli sagaldyş we dynç alyş ulgam emele geldi.
Bu täze Kanun şypahana işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär we ýurduň çäklerinde tebigy bejeriş serişdelerini hem-de şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi we goralmagy çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanunyň esasy wezipeleri: raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň dňredilmegi, olaryň peýdalanylmagynyň esasynda bejerişiň guralmagy, keselleriň öňüniň alynmag we ilatyň dynç alyşynyň guralmagy şu Kanunyň esay wezipesi bolup durýar.
Mineral suwlary, bejergi palçyklary, şor kölleriň we kölleriň duzly suwy, bejeriji klimat, keselleri bejermek we olaryň öňüni almak we dýnç alyşy guramak üçin ulanylýan beýleki tebigy obýektler we şertler Kanunda tebigy bejeriş serişdeleri hökmünde kesgitlenendir. Kanuna laýyklykda şypahana – sagaldyş – öňüni alyş maksatlarynda özleşdirilen we peýdalanylýan, tebigy bejeriş serişdeleri we olaryň ulanylmagy üçin üerur bolan jaýlary we desgalary bolan aýratyn goralýan ýer bolup durýar. Çägiň şypahana diýlip ykrar edilmagini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanyň şypahanalary halkara, döwlet ýa-da ýerli ähmiýetli bolup biler.
Tebigy bejeriş serişdeleriniň döwlet eýeçiligi bolup durýandygy kanun tarapdan kesgitlenendir. Tebigy bejeriş serişdelerine ýeýeçilik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýarlyk etmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygynda durýar.
Şypahana işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi degişli döwlet ygtyýarly guramalary amala aşyrýar. Kanunda olaryň işi anyk bellenilýär. Hususanda, - bu ygtyýar berlen edara sypahana iş çygrynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edarlarynyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar, Türkmeistanyň şypahana gaznasynyň döwlet hasaba alşyny we sagaldyş maksatly tebigy çäkleriň döwlet sanawyny ýöredýär, şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp düzýär, şypahanalardan peýdalanmagyň düzgznlerini belleýär, şypahana iş çygrynda hünärmen işgärleri taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrýar, Türkmenistanyň şypahana gaznasyny giňeltmek we onuň peýdalanşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ylmy-barlaglary guraýar.
Şeýle hem Kanun ýerine ýetiriji häkimiýet edaraalrynyň şypahana iş çygrynda ygtyýarlyklary bellenilýär. Ygtyýar berlen edarasy we kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen ylalaşyk boýunça ýerli ähmiýetli şypahanany döretmek hakynda karar kabul edýärler,ýerli ähmiýetli şypahanalaryň sanitariýa gorag okruglarynyň möçberlerini, çäklerini we düzgünini belleýärler, şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar, tebigy bejeriş serişdeleriniň, ýerli ähmiýetli şypahanalaryň goralmagyna we olaryň rejeli peýdalanmagyna gözegçiligi amala aşyrýarlar.
Tebigy bejeriş serişdeleri peýdalanijilara şypahana bejergisini, keselleriň öňüni alyş we saglygy dikeldiş çärelerini guramak, şeýle hem ilatyň dynç almagynyň maksatlary bilen berilýär. Mineral suwlar senagat taýdan gaplara guýmak üçin hem peýdalanylyp bilner. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti aýratyn ýagdaýlarda, eger degişli çäkleriň şypahana-rekreasion mümkinçiligine zeper ýetirmeýän bolsa, ekologiýa we sanitariýa-epidemologiýa taýdan bilermenler seljermesiniň onuň netijenamasy bolan mahalynda tebigy bejeriş serişdeleriniň bejeriş, öňüni alyş we ilatyň dynç alşy bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylmagyna rugsat berýär.
Kanun bejergi serişdeleriniň ýataklarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny anyk düzgünini kesgitleýär. Kanunda mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň we beýleki tebigy bejeriş serişdeleriniň ýataklary ygtyýarnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar. Alynýan mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň, şeýle hem tebigy bejeriş serişdeleriniň toparyna degişli edilen gazylyp alynýan beýleki peýdaly zatlaryň möçberleri olaryň senagat derjeleri boýunça tassyklanan gorlary we ulanyş möhletleri bilen çäklendirilýär. Şeýle serişdeleriň gazylyp alynşynyň, taýýarlanylyşynyň we peýdalanylyşynyň tehnologiýasy ýataklaryň wagtyndan öň ýitip gitmeginden we hapalanmagyndan goralmagyny we gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň bejeriş häsiýetleriniň ýitmeginden goralmagyny kepillendirmelidir.
Bejergi prosesinde ulanyşda bolan minerla suwlar we bejergi palçyklary daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, sanitariýanyň kadalaryna laýyklykda ýörite ýerasty boşluklarda ýa-da saklawhalara gömülmäge degişlidir.
Tebigy bejeriş serişdeleri, şypahanalar we olaryň ýerleri degişlilikde aýratyn goralýan tebigy obýektler we aýratyn goralýan tebigy ýerler bolup durýar. Halkara we döwlet ähmiýetli şypahanalaryň gorag okrugynyň döredilmegi, möçberleri, çäkleri we sanitariýa düzgüni hakynda karar ygtyýar berlen edaranyň we kärdeşler arkalaşygy edarasynyň teklibi boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan, ýerli ähmiýeti bolan şypahanalaryň bolsa – ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan kabul edilýär.
Sanitariýa gorag okrugynyň düzüminde üçe çenli zolak bölünip aýrylýar. Birinji okrugyň çäginde ýaşamak we hojalyk işleriniň ähli görnüşleri gadagan edilýär, tebigy bejeriş serişdeleriniň ekologiýa taýdan arassa we rejeli tehnologiýalar ulanylan şertinde bejeriş we sagaldyş maksatlarynda ylmy taýdan barlanylmagy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işler muňa degişli däldir. Ikinji okrugyň çäginde şypahana bejerişi we dynç alşy çygrynyň döredilmegi we ösdürilmegi bilen gös-göni baglanyşygy bolmadyk obýektleriň we desgalaryň ýerleşdirilmegi, şeýle hem daşky gurşawy, tebigy bejeriş serişdelerini hapalaýan we olaryň gutarmagyna getirýän işleriň geçirilmegi gadagan edilýär. Üçünji okrugyň çäginde senagat kärhanalarynyň we oba hojalyk guramalarynyň we desgalarynyň ýerleşdirilmegine, şeýle hem daşky gurşawyň, tebigy bejeriş serişdeleriniň hapalanmagy bilen utgaşdyrylýan we olaryň gutarmagyna getirýän hojalyk işleriniň amala aşyrylmagyna çäklendirmeler girizilýär.
Sanitariýa – sagaldyş çäreleri we sanitariýa gorag okruglarynda hapalaýjy ojaklaryň ýok edilmegi peýdalanyjylaryň, ýerden peýdalanyjylaryň we sanitariýa taýdan goragyň düzgünini bozan raýatlaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň sanitariýa taýdan goragynyň üpjün edilmegine gözegçiligi we gözegçilik barlagyny öz ygtyýarlylygynyň çäginde ygtyýarlyk berlen döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öň-öňüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýarlar.
Şeýle hem bu Kanunda bu kanuny bozulandygy üçin jogapkärçilik kadalaryna eýedir.
„Şypahana işi hakynda“ Kanun şypahana toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamyny döretmäge goldaw bermäge, saglygy goraýyş ulgamynyň bu möhüm pudagyny mundan beýläk hem ösdürmäge, ilatyň saglygyny goramaklygy üpjün etmäge gönükdirilendir.