Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda bolan mahalynda, Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy doktor Ahmad Muhammed Ali Al-Madanini kabul etdi.
Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy türkmen Lideri bilen mähirli görşüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlyga degişli möhüm jähetleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Doktor Ahmad Muhammed Ali Al-Madani bankyň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň iri halkara düzümleri bilen netijeli gepleşigiň giňeldilmegini ugur edinýändigine ýokary baha berip, türkmen Lideriniň sebitde we dünýäde durnuklylygyň we yzygiderli ösüşiň üpjin edilmegine gönükdürilen başlangyçlarynyň möhüm we uly ähmiýete eýedigini belledi.
Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdürilen daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrýandygyny hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara peýdaly gatnaşyklary saklamak üçin elmadama açykdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň türkmen döwletiniň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belläp, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda uly möçberli özgertmeleri amala aşyrymagyň çäklerinde, hususan-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegine gönükdürilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gejekki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alşyldy. Doktor Ahmad Muhammed Ali Al-Madani Yslam ösüş bankynyň işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, türkmen bazarynyň geljeginiň örän oňaýly mümkinçiliklere eýedigini, bu ýerde iş ýöretmek we şol sanda maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Yslam ösüş bankynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy.
Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzbe-ýüz duşuşanlygy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň özüniň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işinde ileri tutulýan möhüm ähmiýetli ugur bolup durýandygyny belledi. Doktor Ahmad Muhammed Ali Al-Madani ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de özara bähbitlilige mahsus bolan ýörelgeler esasynda we türkmen hyzmatdaşlarynyň bähbitlerini ýokary derejede göz öňünde tutmak arkaly amala aşyryljakdygyny belläp, Türkmenistanyň Baştutanyna asylly başlangyçlarynyň ählisinde uly üstünliklere ýetmegi, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy umumy bähbitlere laýyk gelýän we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.