Geçen asyrlaryň halk döredijiliginiň we belli awtorlaryň eserlerinden düzülen dört jiltden ybarat täze kitaplar toplumy dünýä ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyzyň ylmynyň we medeniýetiniň hakyky howandary hökmünde ykrar edilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy we goldawy netijesinde giň türkmen okyjylar köpçüligine ýetirildi. Döwlet Baştutanynyň görkezmesine laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty türkmen halkynyň ruhy mirasyny toplamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça uly işleri amala aşyrýar.
Golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanan we ýakynda neşir edilen eserleriň arasynda Mahmyt ibn Abdylla Kätibi Nyşapurynyň “Türkmenleriň taryhy” atly kitab hem bar. Ol Garagoýunly türkmenleriň döwletiniň taryhyna we XVI-XVII asyrlarda Hindistanda hökümdarlyk eden Kutubşalaryň neberesine bagyşlanypdyr. Kitapda beýan edilýän wakalaryň döwründe ýaşan awtor türkmen serkerdeleriniň we hökümdarlarynyň edermenligi hem-de mertligi, olaryň ynsanperwerligi we watançylygy hakynda gürrüň berýär. Gündogaryň köp ýurtlarynda bolup gören Mahmyt Kätibi Hindistanyň günortasynda ýerleşýän Haýdarabatda Kutubşalaryň köşgünde kätip bolup işleýär. Bu soltanlygyň kitaphanasyndaky örän baý bolan patyşanyň arhiwini peýdalanyp, ol Garagoýunly türkmenleriň döwletiniň ilkinji hökümdarlary Garamuhammediň we Garaýusubyň gelip çykyşlary, olaryň durmuşy, şeýle hem Garaýusubyň çowlugy Kutubşalar döwletini esaslandyran Soltanguly hakynda gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemleýän “Türkmenleriň taryhyny” ýazýar.
Şeýle hem “Zöhre we Tahyr” dessanynyň halk tarapyndan döredilen görnüşi we XVIII-XIX asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen şahyr we aýdyjy Mollamyrat Horezminiň okyjylar köpçüligine şeýle bir belli bolmadyk “Dilawer we Gülesrar” atly eseri girizilen “Dessanlar” ýygyndysy çap edildi. Türkmen halky tarapyndan döredilen eserleriň esasyndaky edebi mirasy şahyr täzeden işläp, olary ynsanperwerlik mazmuny bilen baýlaşdyrypdyr we çuňňur päk söýgini wasp edipdir. Mollamyrat Horezminiň bu eseri soňky döwürleriň dessançy şahyrlaryna, şeýle hem Mollanepese “Zöhre we Tahyr” dessanynyň nusgawy görnüşini döretmek üçin esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir.
Türkmen halky özüniň köp müňýyllyk şöhratly taryhynyň dowamynda köp sanly ajaýyp rowaýatlary, hekaýatlary we ertekileri döredipdir. Edebi ýadygärlikler tapgyrynda çap edilen “Paýhaslar çemeni” atly ýygyndyda Milli golýazmalar institutynyň gaznalarynda saklanylýan uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan we türkmen halkyna mahsus watançylygy, ynsanperwerligi, agzybirligi, zähmetsöýerligi, ene-ata çäksiz sarpany wagyz edýän halk döredijilik eserleri toplanypdyr.
Türkmenler hemişe çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdirler. Ýagşynyň we ýamanyň nämedigine göz ýetirmäge ündeýän, möçberi boýunça uly bolmadyk gyzykly ertekileri, olaryň ýönekeý hem çuňňur mana eýe bolan mazmunyny hemmeler çagalykdan bilýärler. “Türkmen halk ertekileri” ady bilen çap edilip, bir kitapda ýerleşdirilen eserler ozal neşir edilen ertekileriň üstüni ýetirdi. Olaryň gahrymanlary adatça jandarlar bolup, olaryň üsti bilen adamlaryň durmuşynda bolup geçýän wakalar hakynda gürrüň berilýär.
Täze çap edilen eserlerde asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten halkymyzyň parasatly pikirleri jemlenendir. Döwrüň ýowuz synagyndan geçen bu ruhy gymmatlyklaryň çagalarda zähmetsöýerligi, päk duýgulary, ene topraga, tebigata bolan söýgini kemala getirmekde uly ähmiýeti bardyr. Bu eserler türkmen döwletiniň berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ruhy taýdan baý ýaş nesliň terbiýelenilmegine uly ýardam eder.