Geçen aý berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyl ýazgysyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk, döredijilik, durmuş taýdan ösüş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukuk kadalary, özara ykdysady bähbitlilik we milli bähbitleri berjaý etmek esasynda halkara hyzmatdaşlygy meselelerine oňyn çemeleşmesine dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berildi.
Milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň öňünde goýlan derwaýys wezipeler babatda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge degişli 2012-nji ýylyň awgust aýynyň wakalary hem muny aýdyňlyk bilen tassyklady.
Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň awgust aýynyň ilkinji günlerinde geçirilen nobatdaky mejlisi bu babatda möhüm waka boldy. Oňa bu ägirt uly taslama gatnaşýan dört ýurduň ählisiniň wekilleri, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
2-3-nji awgustda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri gaz geçirijisiniň gurluşygyny we geljekde ulanylmagyny üpjün etmek üçin dörediljek konsorsiuma öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe edaralaryny çekmek maksady bilen dünýäniň dürli künjeklerinde işewürlik maslahatlaryny geçirmek bilen bagly boldy. Bu çäräniň geçirilmegi TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrmaga esasy halkara kompaniýalaryny, maýadarlary çekmäge kuwwatly itergi berer, dünýä jemgyýetçiligini bu taslama bilen giňden tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döreder. Mejlisiň barşynda ýokarda ady agzalan duşuşyklara we tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin çagyryljak kompaniýalaryň sanawuna garaldy we tassyklanyldy.
Şol günlerde, ýagny 2-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan—BMG ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli parlamentde halkara kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesiniň tassyklanylmagy biziň ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň, türkmen döwletiniň ählumumy ösüş meselelerine, şol sanda ekologiýa howpsuzlygy, adam hukuklary meselelerine uly üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan örän jogapkärli çemeleşmäni talap edýär.
Mysal üçin, 4-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň 4-nji çagyrylyşynyň on bäşinji maslahatynda “Serhetüsti suw akarlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Halkara sergileri hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankyny döretmek hakynda Ylalaşygyň 1-nji we 18-nji maddalaryna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklamak hakynda”, “Raýat we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hakynda”, “Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlary kabul edildi.
6-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen metbugat maslahaty hem şu möhüm waka bagyşlandy.
Metbugat maslahatynyň barşynda milli hem-de daşary ýurtlaryň metbugat, telewideniýe we radio wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň öňünde ýurdumyzyň Mejlisiň deputatlary, hususan-da, halkara we parlamentara gatnaşyklar hem-de adam hukuklary boýunça komitetleriň, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Suw hojalyk ministrliginiň, Döwlet migrassiýa gullugynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çykyş etdiler hem-de sowallara jogap berdiler.
7-nji awgustda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Jenewa konwensiýalarynyň kabul edilmeginiň nobatdaky senesine bagyşlanan metbugat maslahaty boldy. Onda biziň ýurdumyzyň gumanitar häsiýetli meselelere aýratyn ähmiýet berýändigi beýan edildi. Duşuşyga pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Türkmenistandaky ÝUNISEF-iň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, UNFPA-nyň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Metbugat maslahatynyň barşynda adam hukuklaryny goramak babatda Jenewa konwensiýalarynyň möhüm ugurlary we ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, durmuş ugruna gönükdirilen syýasatyna laýyklykda halkyň abadan durmuşyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli demokratik özgertmeler nukdaýnazaryndan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak boýunça biziň ýurdumyzyň tejribesi barada çykyşlar hem edildi.
9-njy awgustda Prezident myhmanhanasynyň mejlisler zalynda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynda halkara tejribesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Ylymlar akademiýasy Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy bilen bilelikde guradylar.
Maslahata Ylymlar Akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýurdumyzyň dürli pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Koreýanyň howanyň üýtgemegi boýunça uýgunlaşyş merkeziniň, daşky gurşawy goramak institutynyň,daşky gurşaw ministrliginiň, bug gazlaryny hasaba almak we öwrenmek baradaky merkeziniň, ýangyç-energetika bazaryny ösdürmek baradaky toparyň wekillerinden düzülen we türkmen paýtagtyna gelen koreýa wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-koreýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, serişdeleri tygşytlaýjy “ýaşyl” tehnologiýalary, ilkinji nobatda, nebitgaz ulgamynda tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerini, tebigy serişdeleri netijeli ulanmak boýunça tejribe alyşmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen ylmy-tejribe gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.
Awgust aýynyň ikinji ongünlüginde ýurdumyzyň paýtagty Abadan şäheriniň we Ruhabat etrabynyň orta hünärli lukmançylyk işgärleri üçin okuw maslahatlarynyň tapgyrynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu okuw maslahatlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gurbansoltan eje adyndaky enäniň we çaganyň saglygyny goramak baradaky Ylmy-kliniki merkezi tarapyndan UNISEF bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu çäre “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň 2011-2015-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde geçirildi.
Gyzykly pikir alyşmalaryň barşynda okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar çaganyň irki ösüşi babatda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.
12-nji awgustda Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň işgärleri we türkmen hünärmenleri Koreýa Respublikasynda “EХPO-2012” Bütindünýä sergisiniň resmi taýdan ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar. Ýosu şäherindäki Halkara sergi toplumynyň çäginde amatly ýerleşen we meýdany 200 inedördül metrden gowrak bolan Türkmenistanyň pawilýonynda üç aýyň dowamynda bu iri forumda biziň ýurdumyzyň gazananlary görkezildi. Bu ýerde köp sanly myhmanlara we dünýä möçberindäki sergä gatnaşyjylara "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň ekspozisiýalary görkezildi.
Ýosu şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ekologiýa meselelerine çekmek, bütin dünýäniň ykdysady, ylmy, tehnologiýa we medeni gazananlary bilen tanyşmaga örän amatly mümkinçilik bolup, taryhy tejribäni özleşdirmek üçin özboluşly binýat hökmünde innowasiýa taglymlaryny alyşmagyň hem-de adamlaryň birleşmeginiň guraly bolup hyzmat edýär. “EХPO-2012” Bütindünýä sergisi tamamlananda oňa gatnaşyjy ýurtlar dünýä ummanyny goramak we onuň ekologiýa arassaçylygyny saklamak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek işinde uly ähmiýete eýe boljak Jarnamany kabul etdiler.
Türkmenistanyň BMG-niň esasy halkara düzümleri we edaralary bilen ösýän hyzmatdaşlygy babatda 15-nji awgustda Türkmenistanyň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili jenap Saber Azam bilen bolan duşuşygy hem bellemek möhümdir.
Gumanitar ulgamda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bu abraýly müdirligi bilen oňyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol günüň ertesi, 16-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek daşary işler ministrlikleriniň geňeşmesi bolup geçdi, oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Özbegistan Respublikasynyň wekilçilikli topary geldi. Bu topara dostlukly ýurduň daşary işler ministrliginiň orunbasary jenap Komil Raşidow ýolbaşçylyk etdi.
Birek-birege düşünişmek we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň gün tertibine dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgeler boýunça guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine degişli meseleler goşuldy.
Şunuň bilen baglylykda, däbe öwrülen türkmen-özbek döwletara gatnaşyklaryna soňky ýyllarynda täzeden badalga berlip, onuň sazlaşykly ösüşe eýe bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem dürli derejede, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär, bu bolsa netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge degerli ýardam berýär.
20-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Täjigistanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Zafar Saidowyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň wekiliýeti bilen bolan duşuşyk Türkmenistanyň Orta Aziýanyň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlardaky döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda ýola goýulýan däp bolan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kadalaşdyryş-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.
Döwleti we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasyna täze çemeleşmeler, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeleriniň netijeli bolmagy-bularyň ählisi biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Gurluşyk senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biridir, ýurdumyzda milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy netijeli durmuşa geçirilýär.
“Türkmengurluşyk-2012” halkara sergide we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatda häzirki Türkmenistanda gurluşyk senagatynda, şol sanda şähergurluşyk, binagärlik we şäher hem-de ulag düzümini guramak ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, toplanan tejribe aýdyňlyk bilen görkezildi. 23-25-nji awgustda Aşgabatda geçirilen wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi, Türkmenistanyň Senagat ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar. Oňa daşary ýurtlaryň we biziň ýurdumyzyň 150-den gowrak kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk meselesine gaýdyp gelip, türkmen döwletiniň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge uly ähmiýet berýändigini, umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalaryna we resminamalara ygrarlydygyny bellemek zerurdyr. 25-nji awgustda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde hem bu ýagdaý tassyklanyldy.
Mejlisiň barşynda Toparyň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garalyp geçildi. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän, türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelirini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegi maksat edinýän uly möçberli hukuk özgertmeleriniň çäklerinde ileri tutulýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleriň toplumy amala aşyryldy.
27-28-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 5-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, syýahatçylyk, şeýle hem gumanitar ugur boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary ylalaşyldy.
31-nji awgustda Ysraýyl Döwletiniň Ierusalim şäherinde halkara talyp olimpiýadasy tamamlandy. Onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary üstünlikli çykyş etdi.
Akademiki dersler we ylmy taslamalar boýunça geçirilen abraýly Aziýa olimpiýadasyna dünýäniň 22 ýurdundan 29 topar gatnaşdy. Nobel baýraklarynyň eýeleriniň 28-siniň bir hepdäniň dowamynda fizika, matematika, himiýa, biologiýa, biotehnologiýa, astronomiýa, astofizika, lukmançylyk, nanotehnologiýa, kwant mehanikasy ýaly dersler boýunça çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmekleri iňlis dilinde geçirilen talyplar olimpiýadasynyň aň-paýhas derejesiniň örän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dürli ýurtlardan gelen talyplaryň garyşyk toparlary şol çykyşlar esasynda ylmy taslamalar boýunça bäsleşdiler.
Elektrolis hadysasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy taslama bilen çykyş eden we olimpiýadanyň baýrakly ikinji ornuna mynasyp bolan talyp M.Annaýewiň toparyň üstünlügine mynasyp goşant goşandygyny bellemelidiris. Türkmen talyplary Ý.Ermetow, P.Gurbanow, A.Abdyllaýew ylma bolan höweslerini, zehinlerini beýan etdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri netijesinde biziň ýurdumyzda aň-bilim kuwwatlyklarynyň barha artýandygyndan aýdyň nyşandyr.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň derejesinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatda geçen aýda bolan wakalary umumylaşdyryp, olaryň ählisiniň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna ýardam edendigini ynamly aýtmak bolar.