Ï Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

view-icon 2048
Şu gün Türkmenistanda 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini Ýatlama günidür. Bu hasratly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet Baýdaklary aşak düşürilýär, ähli ýerlerde şehit bolan watandaşlarymyz ýatlanylyp, 64 ýyl mundan öň bolup geçen elhenç tebigy betbagtçylygynda wepat bolan watandaşlarymyzyň jaýlarynyň jennet bolmagy gudraty güýçli Biribardan dileg edilip, aýat-dogalar okalýar, sadaka berilýär. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-den 6-syna geçilýän gijesinde bu güýçli ýertitremesi göz açyp-ýumasy salymda Aşgabat şäherini hem-de onuň töweregindäki obalary weýran edip, sansyz ýitgilere sezewar etdi. Bu ýowuz tebigy synagyň üstünden 64 ýyl geçen hem bolsa, ol il-günümiziň aňyna, ruhuna heniz hem öçmejek ýara salyp dur.

Ir bilen 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň hatyrasyna bina edilen ýadygärlik toplumynda Ýatlama çäresi geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, din işgärleri, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem bar. Biwagt dünýäden öten dogan-garyndaşlaryny, ildeşlerini ýatlamak üçin bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Köşkler toplumyndan çykyp, Ýadygärlik toplumyň öňündäki meýdança barýar, bu ýerde hormat garawuly nyzama düzüldi.

Bu ýere ýygnananlar adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriniň hataryna giren Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini bir minut dymmak bilen hatyraladylar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýurdumyzyň müftüsi aýat-doga okaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýadygärlige gül çemenini goýýar. Hormatly Prezidentimiz çuňňur hatyranyň alamaty hökmünde baş egýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýatlama senesine aýratyn duýgy bilen garaýar. Çünki 1948-nji ýylyň betbagtçylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş eden mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ömür tanapyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyzyň yz ýany bilen Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, din işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, çärä gatnaşyjylar ýadygärligiň etegine gül çemenlerini goýýarlar. Bu ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenok.

... Ajaýyp ýadygärlige köp sanly adam akymy gussaly dymmak bilen hereket edýär, ony durmuşyň bakylygynyň nyşany hökmünde öz çagasyny halas edýän enäniň çagany elinde göterip duran simwoliki heýkeli bezeýär. Ýadygärlik toplumynyň Aşgabadyň taryhy merkezinde gurulmagy tötänden däldir, Garaşsyz, Türkmenistanyň buýsanjy bolan Aşgabat bolsa häzirki wagtda ak mermere örtülen ajaýyp şähere öwrüldi.

Göz açyp-ýumasy salymda tutuş şäheri hem-de onuň töweregini weýran edip, sansyz ýitgilere sezewar eden bu ýowuz tebigy synagyň üstünden altmyş ýyldan gowrak wagt geçdi. Türkmenistanlylar kömege gelen doganlyk ýurtlaryň halklary bilen bilelikde gije-gündiz jan aýaman, ýadawlygy ýatdan çykaryp, weýran bolan paýtagtymyzy gysga döwrüň içinde dikeltmegi başardylar.

Eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgi, milli ruhuň esasyny düzýän agzybirlik we jebislik agyr synaglary ýeňip geçmäge we Aşgabady gaýtadan dikeltmäge ýardam etdi. Bu gün ýurdumyzyň baş şäheri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy netijesinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamyň nyşanyna öwrüldi.

Hasratly wakanyň—Aşgabat ýertitremesiniň has öň bolup geçendigine garamazdan, şol pajygaly gije şehit bolan ildeşlerimiz baradaky hakyda türkmen halky üçin mukaddesdir we adamlaryň kalplarynda müdümilik ýaşar.

1948-nji ýylyň ýylyň 5-den 6-syna geçilýän gije şehit bolanlaryň hatyrasyna ýatlama çäreleri paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilip, ähli ýerlerde aýat-dogalar okaldy. Ýadygärlik toplumlaryna gül çemenleri we desseleri goýuldy.

Goý, Beýik Biribar şu gün okalan aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we abadançylyk, agzybirlik we jebislik höküm sürsün!