Ï Türkmenistanyň ýadygärlikleri GDA-nyň Bütindünýä mirasy ensiklopediýasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýadygärlikleri GDA-nyň Bütindünýä mirasy ensiklopediýasynda

view-icon 1551
Islendik halkyň medeni ösüşi milli medeniýetleriň özara tanyşmazdan we baýlaşmazdan mümkin däldir. Ine, şonuň üçin ykdysady we syýasy ugur bilen bir hatarda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gatnaşyjy ýurtlaryň köp ugurly gumanitar gatnaşyklarynda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak düşünjesine aýratyn üns berilýär.

“Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Bütindünýä mirasy” atly ensiklopediýa-albom hem hut şu meselä bagyşlanýar. Ol GDA ýurtlarynyň gumanitar hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde çap edildi. Uly göwrümli owadan bezelen kitapda Arkalaşygyň 11 ýurdundan UNESKO-nyň medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyndaky ýadygärlikleriň 35-si, ýagny gadymy galalar, buthanalar, metjitler, gadymy şäherler, köşk-seýilgäh toplumlary, arheologik we tebigy gözellikler, şeýle hem täsin ýerine ýetirilen žanrlar we çeper senetler jikme-jik şekillendirilipdir.

Albomyň mazmuny Arkalaşygyň ýurtlarynyň has ähmiýetli taryhy we tebigy ýadygärliklerini, özboluşly medeni miraslaryny öz içine alyp, sebitleriň aýratynlyklaryny, halklaryň ösüşiniň taryhy ýoluny, olaryň häsiýetini we ruhy keşbini, adamlaryň döredijilik zehinlerini we olaryň ussatlygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Milli medeniýetleriň bu dürli reňkli halysynda, olaryň däpleriniň we gymmatlyklarynyň nagyşlarynda Türkmenistanyň hem mirasy özboluşly göl bolup, biziň zehinli ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ine, bu gün hem biz üçin taryhy-medeni gurşaw—jemgyýetiň häzirki zaman durmuşynyň aýrylmaz bölegi, onuň ösüşiniň gözbaşlarynyň biri, geçmişiň geljek bilen üznüksiz arabaglanyşygy bolup, onda öz ene topragynda gülläp ösýän şäherleri we ajaýyp köşkleri gurup, bag-bakjalary we bereketli meýdanlary bejerip, öz zehini we zähmetsöýerligi bilen ata Watanyny şöhratlandyrýan halk ýaşaýar.

Türkmenistan hakynda bölümiň giriş makalasy “Türkmen öz çölüne uly sarpa goýýar...” diýen sözler bilen başlanýar. Bu sözleriň many-mazmuny biziň halkymyzyň taryhy ykbaly, durmuşyň däbe öwrülen gurluşynyň aýratynlyklary, senetleriň esasynda ösen sungatyň dessurlarynyň döreýşi, nesilden-nesle geçip gelen ussatlygyň syrlary hakynda berilýän gürrüňiň barşynda açylyp görkezilýär. Bu mukaddes yzygiderlilikde türkmen medeniýetiniň haýran galdyrýan durmuş güýji öz beýanyny tapýar.

Ajaýyp halylar we zergärçilik şaý-sepleri, milli lybasyň nepis keşdeleri we binagärlik bezeginiň inçeden bejerilen ýazgylary—bularyň hemmesinde köp dürli nyşanlar jemlenip, olaryň özboluşly baý dilinde milletiň we onuň ägirt uly tejribesiniň genetiki hakydasy öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň buýsanýan baýlyklarynyň: şirin-şeker gawunlardan başlap, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň täze ajaýyp keşbine çenli ähli zatlaryň gysga beýany Türkmenistanyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.

“Ösýän senagat pudaklarynyň, nebit desgalarynyň we telekommunikasiýalaryň ulgamynda türkmen halkynyň durmuşynda tebigat bilen bir bitewiligi saklap galmagy haýrana goýýar... Türkmen öz çölüne aýratyn hormat goýýar we ony adamyň zehini bilen berkidilen ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý durmuşy hökmünde görkezip bilýär”.

Ýer ýüzünde öz yzlaryny galdyran ýüzlerçe nesilleriň durmuşyny beýan edýän taryhy we medeni ýadygärliklerde halkyň zehininiň aýdyň şöhlelenmesi bar.

Häzir bu özboluşly milli nesil daragtynyň sene ýazgysyna döwlet tarapyndan häzirki zaman jemgyýetiň, milli medeniýetiň, syýahatçylygyň ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. GDA-nyň Bütindünýä mirasy ensiklopediýasynda Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly dünýä belli taryhy-medeni toplumlar bilen jikme-jik tanyşdyrylýar.

Bu bölümi UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasy açýar. Gadymy şäherleriň we galalaryň galyndylary goraghananyň özenini düzýär. Olaryň taryhy yzlary, şeýle hem kuwwatly medeni gatlagy /10 metrden gowrak/ dürli döwürlerde ýaşap geçen gadymy halklaryň yzlaryny öz içine alýar. Bu gündogarda antiki we orta asyr medeniýetiň iri ojaklarynyň biridir. Bu ýerde bir döwür durmuş gaýnap joşdy. Soltan Sanjaryň kümmetiniň mawy gümmezi /XII asyr/ bir günlük ýola barabar uzaklykdan görnüpdir. Merwiň üýtgeşik desgalarynyň arasynda “gasyn-gasyn” diwarlary bilen haýran galdyrýan uly we kiçi Gyzgalasy bar. Gadymy Merwiň ýadygärlikleriniň iň ulusy Erkgala bolup, onuň ýaşy 2500 ýyla barabardyr. Ol Türkmenistanyň taryhynyň özboluşly ýüzi bolup durýar.

Açyk asmanyň astyndaky ýene-de bir özboluşly muzeý ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gadymy Köneürgençdir. Orta asyr gündogarynyň görnükli alymlarynyň ady bu şäher bilen baglanyşyklydyr, beýik ensiklopediýaçy Biruni bu ýerde ýaşady we işledi. Gündogaryň meşhur lukmany we filosofy Abu Ali ibn Sina şu ýerde dünýä indi. Merkezi Aziýada iň beýik minara bolan Kutlug Timuryň minarasy XIX we Törebeg hanymyň kümmeti ýaly orta asyp binagärliginiň dürdäneleri hem bu ýerde häzire çenli saklanyp galandyr. Olar hakyndaky haýran galmaly rowaýatlar henize bu güne çenli halk arasynda saklanyp gelýär.

Bir mahallar Parfiýa patyşalarynyň ägirt uly kabulhanasy bolan Gadymy Nusaý ýaly ajaýyp ýerler öňden bäri syýahatçylaryň zyýarat edýän ýerleri boldy, ol häzirki wagtda hem Parfiýa döwletiniň kuwwatyna hem-de rowaçlygyna şaýat bolmagynda galýar. Nusaý parfiýa galasy 2007-nji ýylda ýadygärlikleriň bütindünýä sanawyna girizildi.

Bu taryhy şäherler olaryň çäklerinde ýerleşýän ähli ýadygärlikler bilen bilelikde umumyadamzat siwilizasiýasynyň baýlygydyr, olaryň geljekki nesiller üçin saklanyp galmagy milli häsiýetdäki wezipe bolup durýar. häzirki eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn alada etmegi, milli mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek işine gatnaşmagy netijesinde Türkmenistan tarapyndan bu ugurda, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ep-esli üstünlikler gazanyldy. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň ýokary sylagy bolan “Awisenna” altyn medala mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge görnükli goşandynyň tassyklanmasydyr.

Medeni miras öwezini dolyp bolmaýan gymmatlyklaryň ruhy, medeni, ykdysady we durmuş maýasydyr. Miras häzirki zaman ylmyny, bilimini, medeniýetini baýlaşdyrýar. Munuň özi tebigy baýlyk bilen bir hatarda milli buýsanç hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi üçin esasdyr.

GDA ýurtlarynyň özara ynasanperwer gatnaşyklarynyň möhüm taslamalarynyň hatarynda geçen ýyldan bäri GDA gatnaşyjy ýurtlaryň medeni mümkinçiliklerini has ýakyndan birleşdirjek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döretjek, GDA-nyň halkara derejesini ýokarlandyrjak “Arkalaşygyň medeni paýtagytlary” atly döwletara maksatnama durmuşa geçirilýär.

Şu ýyl “Arkalaşygyň medeni paýtagty” atly guwänama Türkmenistanyň Mary şäherine gowşuryldy, şol ýerde şu mynasyabetli baýramçylyk dabaralary boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde beýleki çäreler geçirildi.

Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň bütindünýä medeni mirasy gorap saklamak baradaky merkeziniň döredilmegi döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm taslamasy bolup durýar. Bütindünýä medeni mirasyň desgalaryny wagyz etmek, Medeni mirasyň ýadygärlikleriniň tehniki ýagdaýyna baha bermegi hasaba almak babatda bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek, beýleki desgalary gorap saklamagyň hem-de dikeltmegiň ýörelgelerini, syýahatçylygy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin olary işjeň peýdalanmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek Merkeziň wezipeleri bolar. “Hyzmatdaşlygyň dürdäneleri” diýen at bilen has ähmiýetli taryhy-medeni desgalar boýunça interaktiw ýolgörkezijileriň tapgyryny döretmek hakyndaky mesele hem işlenip geçilýär.

Merkez şeýle hem, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek üçin görnükli köp ugurly gymmatlyklaryň desgalarynyň bilelikdäki maglumatlaryny taýýarlamak boýunça işleri utgaşdyrar, halkara maslahatlaryny, seminarlaryny we simpoziumlaryny geçirer, işgärleri hünär taýdan taýýarlamak hem-de gaýtadan taýýarlamak bilen meşgullanar, GDA gatnaşyjy döwletleriň dürli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegine ýardam eder.

Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasaty öňki nesiller tarapyndan toplanan ähli köp görnüşli gymmatlyklary bir bitewi medeni giňişlikde saklap galmaga, şahsyýeti ösdürmekde we kemala getirmekde, jemgyýeti ynsanperwerleşdirmekde, milli özboluşlylygy gorap saklamakda medeniýetiň esasy ornuny ykrar etmäge hem esaslanýar.

Häzirki wagtda medeni gymmatlyklaryň halklaryň pikir alyşmagynyň, özara düşünişmeginiň we ýakynlaşmagynyň möhüm parçasy bolup durýandygy hiç kimde ikirjiňlenme döretmeýär. Ol nesilleriň ruhubelentligini we aýrylmaz arabaglanyşygyny saklamagyň esasy ölçegi bolup çykyş edýär, olary taryhy ösüşiň bir bitewi ulgamyna birleşdirýär. Taryhy-medeni maksatly her bir desga, her bir sungat eseri, medeni ýadygärlikler – bularyň hemmesi taryhy taýdan bir bitewi halkadyr hem-de özüniň taryhy we medeni ähmiýeti boýunça bir bitewidir hem-de gaýtalanmajakdyr.

Bu meseleler näderejede özboluşly milli häsiýete eýe bolsa halklaryň däplerinde, onuň medeni we ruhy wesýetleriniň gözbaşlarynda beýan edilen aýna ýaly gymmatly, özboluşly etiki we emosional maglumatlary, adamzat gatnaşyklarynyň tejribesini has köp özünde jemleýär.