“Mary-Arkalaşyk-2012-niň medeni paýtagty. Taryh we häzirki döwür” --GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde Moskwada neşir edilen kitap şeýle atlandyrylýar.
Kitabyň girişinde “Gadymy Merwiň we Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen häzirki günlere çenli dünýä medeniýeti üçin bu şäheriň taryhy-medeni ähmiýeti hakyndaky bezegli neşir” diýen sözler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary şäheriniň Arkalaşygyň 2012-nji ýylda medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan döwletara dabaraly çärelerine gatnaşyjylara iberen Gutlagy neşiriň girişinde ýerleşdirilipdir.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň halklary bilen türkmen halkyny örän köp umumylyklar baglanyşdyrýar. Biziň döwletlerimiziň häzirki döwürde parahatçylygy, abadançylygy we halklaryň dostlugyny pugtalandyrmagyň, olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň meseleleriniň çözgüdine umumy garaýyşlarymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Türkmenistan halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna bahasyz gymmatlyk hökmünde garaýar, şeýle gymmatlyklaryň möhüm bölegi bolsa medeni-ynsanperwer ugrundaky netijeli gatnaşyklardyr. Marynyň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýdýar.
Öz döwründe Gadymy Merw täze ýörelgeleriň, ylmy açyşlaryň, oňyn medeni ýagdaýlaryň kuwwatly merkezi bolmak bilen, tutuş sebitiň ösüşine täsir edipdir we günbatar bilen gündogaryň medeniýetleriniň sazlaşygyny emele getiripdir. Gadym döwürlerde bu ýerlerden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri ötüpdir. Bu künjekde belli alymlar, filosoflar, matematikaçylar, lukmanlar, sazandalar we edebiýatçylar ýaşapdyr hem-de döredipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu şäher Orta Aziýada ilkinji ylmy merkezleriň, sungatyň we gündogar paýhasynyň künjegi bolupdyr. Şeýle hem Gadymy Merwiň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawunda Orta Aziýada iri taryhy şäher hökmünde uly orun eýeleýändigini bellemeli.
Taryhyň ruhuna beslenen we onuň täzeden dikeldilmegine, däp-dessurlaryň galkynmagyna oýlanyşykly çemeleşýän Mary häzirki döwürde medeniýetleriň, bilimiň we taryhyň çatrygy bolup durýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugruna gönükdirilen özgertmeler syýasaty netijesinde täze mekdepler, kaşaň köşkler, teatrlar, kitaphanalar, muzeýler gurulýar we dünýäniň dürli döwletlerinden myhmanlar kabul edilýär. Arkalaşygyň medeni paýtagty bolan Mary bu ýörelgelere mundan beýläk-de ygrarly bolmaga meýillidir we tutuş GDA-nyň çäklerinde we dünýäde wagyz edilmeginiň tarapdarydyr.
GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory A.Smbatýan täze kitabyň ilkinji sahypalarynda onuň okyjylaryna ýüzlenip, bu neşiriň Türkmenistanyň we Russiýanyň medeniýet işgärleriniň, alymlarynyň, diplomatlarynyň, žurnalistleriniň, suratçylarynyň we beýleki hünärmenleriniň bilelikdäki döredijilikli tagallalarynyň netijesidigini habar berýär. A.Smbatýanyň pikirine görä, bu kitap türkmen halkynyň däpleri we medeniýeti hakynda giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berer. Munuň özi soňky ýyllarda ykdysadyýetde, durmuş we medeni ulgamlarda okgunly ösüş gazanan we halkara abraýyna eýe bolan ýurt hakynda gyzyklanmalaryň artýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistan ählumumy ykdysady goşulyşmaga bolşy ýaly, dünýä ýüzünde ýaşaýan halklaryň medeniýetleriniň özara gatnaşygy üçin açyk bolmaga çalyşýar. Bu bolsa biziň döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynda aýdyň beýan edilýär. GDA ýurtlary bilen ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly merkezi hökmünde biziň ýurdumyz özara düşünişmek, parahatçylyk we halklaryň arasynda ylalaşyk üçin ruhy hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny emele getirýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde mynasyp orny eýelemek bilen, pederlerimiziň köp asyrlaryň dowamynda döreden däplerini, milli mirasyny aýawly saklamak, ruhy köklere bolan wepalylyk dünýä halklarynyň arasynda biziň halkymyzyň gaýtalanmajak keşbini emele getirýär diýip, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň ýolbaşçysy belleýär we bize geljekde köp sanly, beýik, şatlykly açyşlar garaşýar diýip sözüni jemleýär.
“Mary – Arkalaşygyň medeni paýtagty” atly kitabyň neşir edilmegi bu ýolda ädilen möhüm ädimleriň biridir. Kitap okyjylara şäheriň taryhyny we onuň ykbalyny, häzirki döwrüni hem-de geljegini içgin öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Merw şäheriniň taryhy dört müň ýyllyklara uzap gidýär. Ol dürli hili ýazylyp, adaty ýer adyndan döwrüň derejesine öwrülipdir. Bu şäher hakyndaky täze kitabyň birinji baby hut şeýle atlandyrylýar. Ol özüniň kuwwatly döwründe üstünlige we bütindünýä şöhratyna eýe boldy. Onuň ady rowaýata öwrüldi, şeýle-de bolsa, şäher häzirki günlere çenli özüniň döredijilikli dessurlaryny durmuş güýjüni ýitirmän, Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän iri sebitiniň merkezine öwrüldi.
Şäheriň taryhy onuň häzirki döwründen, Mary welaýatynyň ykdysady gazananlaryndan, sebitiň senagat we durmuş düzüminden, oba hojalygynda gazanýan üstünliginden hem-de ýurduň medeni durmuşynda tutýan ornundan başlanýar.
Şäheriň ylmy tarapyna aýratyn üns berildi, çünki Merw dünýä arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär. Murgap derýasynyň akymynyň ugrunda indi birnäçe onýyllyklaryň dowamynda professor W.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen-rus ekspedisiýasy işleýär. Şeýle hem bu ýerde Italiýanyň iri ylmy merkezleri bolan Rimden hem-de Wenesiýadan gelen ekspedisiýalar yzygiderli barlag geçirýärler. Mundan başga-da, Merw şäheriniň harabalyklarynda London uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň gatnaşmagynda halkara taslama durmuşa geçirilýär. Şeýle hem “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasy bu ýerde uly işleri alyp barýar.
Bu işde esasy zat taryhyň öwredişi ýaly, tejribä bagly bolup durýar. Hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk esaslaryna daýanýan ýörelgeler biziň pederlerimiziň wagyz eden esasy gymmatlyklarydyr. Olar türkmen halkynyň myhmansöýerliginde aýdyň beýan edilýär. Gadymy medeniýetleriň çatrygynda ýerleşmek bilen, Merw beýleki medeniýetleriň wekilleriniň we halklaryň hormatyna mynasyp bolup, türkmen halkynyň ahlak we ruhy gymmatlygynyň esasyny emele getirdi. Häzirki döwürde Mary welaýatynda ruslar, tatarlar, azerbaýjanlar, ermeniler, kürtler, buluçlar, laklar we beýleki milletleriň wekilleri dostlukda, ylalaşykda ýaşaýarlar.
Şu we beýleki ýagdaýlary nazara alanyňda, Marynyň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip saýlanyp alynmagy kanuna laýyklykdyr. Şunuň bilen bir hatarda bu şäher öh taryhy-medeni baýlygyny aýdyň beýan etmäge, GDA ýurtlary bilen aragatnaşygy ösdürmäge, Türkmenistanyň ajaýyplyklaryny halkara derejesinde äşgär etmäge giň mümkinçiliklere eýe boldy.
Gündogaryň orta asyr taryhynda esasy orun eýelän bu künjegiň dünýä äşgär etmäge zady köp. Murgabyň gadymy akymynyň ugrundaky täsin medeni ojagyň özi nämä degmeýär.
Professor W.Sarianidi ony ilkinji gezek açdy we onda barlag geçirdi. 2012-nji ýylyň tomsunda Maryda “Gadymy Merw –dünýä medeniýetiniň merkezi” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa GDA agza ýurtlaryň meşhur alymlary gatnaşdylar we soňky onýyllyklaryň dowamynda beýik arheologik açyşlaryň jähedinde Marguşa, hususan-da, Goňurdepe ýadygärligine taryhy taýdan uly baha berdiler. Kitapda arheologiýa gazuw-agtaryş mahalynda ýüze çykarylan täsin tapyndylar hakynda ajaýyp fotomateriallar bilen bezelen we Marguşyň binagärligi, sungaty we senetkärligi hakynda gürrüň berýän bezegli gollanmalarda aýdyň beýan edilýär.
Şeýle hem onda Merwiň has görnükli ýadygärlikleri, şol sanda Harabaköşk we irki hristian buthanasynyň V-VI asyrlara degişli görnüşindäki seýrek duş gelýän binagärlik ýadygärlikleri, Murgabyň sag kenarynda Tagtabazaryň golaýyndaky täsin ýerasty şäher, türkmen halkynyň çylşyrymly durmuşynyň şaýady bolan galalar, şeýle hem Soltan Sanjaryň aramgähi ýaly şöhratly wakalary we şahsyýetleri ebedileşdiren ajaýyplyklar hakynda örän gyzykly maglumatlar getirilýär.
Birnäçe alymlaryň tassyk etmegine görä, taryh öňki gazanylan netijeleriň üsti bilen täze belentliklere tarap ösýär. Şu nukdaý nazardan Mary hakynda neşir edilen bu kitap hem şeýle ýörelgä eýerýär. Ol häzirki günüň wakalary bilen başlanyp, taryha çuňňur aralaşýar we ýene-de häzirki zamana gaýdyp gelýär. Şeýlelikde, okyjy taryha çuňňur nazar salmak bilen özboluşly ugry geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwürleriň we nesilleriň baglanyşygyna olaryň yzygiderliligine anyk göz ýetirilýär. Haçan-da Mary hakynda neşir edilen kitabyň sahypalarynda şäheriň häzirki üstünlikleri baradaky gürrüň başlanda, goý, ol häzirki zaman kitaphanasy, muzeýi ýa-da metjit bolsun, dessine olaryň ylmyň hem-le ruhy baýlygyň ojagydygyna göz ýetirýärsiň. Olaryň dürli halklaryň medeniýetleriniň ilkinji şineleriniň dörän gadymy ylmy merkezleriň dowamydygyny aňýarsyň.
Kitabyň baplarynyň biri “Hoşniýetli goňşuçylyk” diýlip atlandyrylýar. Munuň özi bir köçede, bir obada bolşy ýaly, tutuş dünýäde bar bolan goňşuçylyga degişlidir. Medeniýetleriň birek-birege bolan täsiriniň ajaýyp miwesi hökmünde Baýramaly mysal getirilýär. Ol ýerde taryhyň dowamynda musulman we hristian gatnaşyklarynyň oňyn hyzmatdaşlygy öz yzyny goýupdyr. Russiýada prawoslaw dininiň kabul edilmeginden alty asyr ozal Merw mitropolisiniň esaslandyrylan döwründen 1900-njy ýylda döredilen we häzire deňiç hereket edýän Swýato-pokrow buthanasyna çenli döwri öz içine alýar.
Mary sebitiniň häzirki zaman sungatyna kitabyň aýratyn bölümi bagyşlanypdyr. Şeýle hem kitapda Murgap derýasynyň töweregindäki ýaýlalarynyň tebigaty, şol sanda Badhyz goraghanasy, onuň pisse tokaýlyklary we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berilýär.
Kitabyň Mary sebitiniň durmuşynyň ähli taraplary barada aýdyň gürrüň berýän owadan suratlar bilen göwnejaý bezelendigini bellemeli.
Neşir Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň maglumat taýdan ýardam bermeginde “Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasy bilen “Sentr Kolizeý” jogapkärçiligi çäkli jemgyýet bilen bilelikde, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni goramak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň goldaw bermeginde çap etmäge taýýarlanypdyr.
2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hakyndaky meselä daşary ýurtlaryň birnäçe döwürleýin neşirleri hem makalalaryny bagyşlapdyr. Olaryň hatarynda Russiýanyň 1932-nji ýylda M.Gorkiý tarapyndan esaslandyrylan “Za rubežom” jemgyýetçilik-syýasy žurnaly hem bar. Žurnalyň baş maksady okyjylara dünýäniň derwaýys täzeligi hakynda özboluşly garaýyşlary we gyzykly maglumatlary, dünýä ýüzünde bolup geçýän wakalara, ýagdaýlara syn berýän makalalary çap etmekden ybaratdyr.
Žurnalyň ýakynda çap edilen sanynda “Gündogaryň paýtagty” atly makala ýerleşdirilipdir. Onda Mary welaýatynyň häzirki durmuşy hakynda gürrüň berýän bezegli suratlar materiala aýratyn öwüşgin çaýýar.
“Her bir medeni paýtagt Arkalaşyga özüniň aýratynlygyny, öz öwüşginini alyp gelýär. Mary barada aýdylanda bolsa, bu şäher gadymy däplere wepalylygy, pederlere bolan hormatly gatnaşygy hem-de myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar” diýip, awtor belleeýär we şäheriň taryhy durmuşy hem-de onuň adamzat medeniýetiniň sebitleýin we ählumumy ösüşindäki orny hakynda gyzykly maglumatlary getirýjr. Şeýle hem ýerde professor W.Sarianidiniň Merwiň otparazlaryň watany bolandygy hakyndaky öňe süren çaklamasyna deglip gçeilýär. Maglumata görä, bu ýerde zoroastrizmi esaslandyryjy Zaratuştra ýaşapdyr, şeýle hem otparazlygyň ilkinji ybadathanalary döräpdir. Makalada gadymy Merwiň ösen medeniýeti, dünýä ylmynyň öňe gitmegine goşant goşan we açyşlar eden görnükli alymlar hakynda gürrüň berilýär.
Şäheriň häzirki döwürde şöhrat gazanmagyna goşant goşan ilaty -zähmetkeşler we işçiler ady rowaýata öwrülen türkmen şalarynyň, serkerdeleriniň, alymlarynyň we şahyrlarynyň asylly işleriniň jähedinde beýik işleri bitirýärler. Mälim bolşy ýaly Mary hemişe ussalaryň, senetkärleriň, milli sungatyň ösmegi üçin kuwwatly binýat döreden zehinleriň mekany bolupdyr. Häzirki döwürde hem bu ýerde özüniň gündelik we yhlasly zähmetleri bilen ajaýyp işleri bitirýän asyrlaryň paýhasyny we baky hakykaty dowam edýärler.
“Göni gepleşik” sözbaşysy astyndaky makala babatdaky gürrüňi dowam etmek bilen, GDA-nyň Ýerine ýtiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň çykyşyndan bölekler getirilýär. Ol öz çykyşynda Türkmenistan GDA-nyň erkin agzasy bolmak bilen, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasy bilen bilelikde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe çäreleri geçirdi. Olaryň hatarynda “Kino: açyk çäkler” atly GDA ýurtlarynyň meşhur kinofilmleriniň festiwaly, “Dostlaryň owazy” atly belli sazlaryň festiwaly, “Ýeňiş. Bir adam hemmeler üçin” atly kinofestiwal, GDA-nyň Ýaşlar orkestriniň saparlary we beýlekiler bar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň çäklerinde “GDA-nyň nusgawy edebiýaty” ýygyndysyna girizilen Türkmenistanyň folklory, edebi ýadygärlikleri we şygryýeti hakynda gürrüň berýän iki jiltli kitap neşir edildi.
Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň çäklerinde çäreleriň 31-sini guramak meýilleşdirildi. Olaryň köpüsi biziň ýurdumyzda bolar. Meýilleşdirilen çäreleriň köpüsi bolsa eýýäm geçirildi. Şeýlelikde, ýaňy-ýakynda GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi tamamlandy. GDA-nyň ulgamy boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan iri çäreleriniň hatarynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy bar. Ol 15-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda açylýar.
Şu ýylyň noýabrynda bolsa Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

* * *