Ýurdumyzyň teatrlarynda we muzeýlerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan oýunlaryň hem-de sergileriň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Ýurdumyzyň teatrlarynda we muzeýlerinde “Garaşsyz Diýarym—mähriban Watanym!” ady bilen täze oýunlaryň görkezilişine, sergileriň guralyşyna badalga berildi.
Paýtagtymyzyň teatrlary şu günler baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek çäklerinde iň soňky türgenleşikleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Baş drama teatry “Älem içre at gezer” atly täze sahna oýny bilen baýramçylyk çäreleriniň başyny başlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri esasynda goýuldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda we ýurdumyzyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynda häzirki zaman türkmen dramaturglarynyň pýesalary esasynda goýlan oýunlar görkeziler. Olar Garaşsyzlyk güni mynasybetli tomaşaçylara ýetiriler.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda gruzin awtory A.Sagarelliniň eseri esasynda teatr muşdaklaryna giňden belli bolan “Hanuma” atly gülküli-sazly oýun görkeziler.
Mollanepes adyndaky talyplar teatry we Türkmen döwlet gurjak teatry ýaşlarymyz hem-de körpeler üçin täze sahna oýunlaryny taýýarladylar. Olarda ertekiler esasynda goýlan tomaşalar, ynsanyň ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän eserler ýaýbaňlandyrylar.
Ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky günlerde ýurdumyzyň welaýat teatrlary hem ajaýyp sowgatlaryny taýýarlaýarlar. Şeýlelikde, Daşogzuň N.Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda “Sahawat derýasy” oýun görkeziler. Onda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarynda zähmet çekýän döwürdeşlerimiziň durmuşyndaky gyzykly wakalar hakynda gürrüň berilýär.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ikisiniň teatrlary öz oýunlaryny halkymyzyň gahrymançylykly “Görogly” eposy esasynda goýupdyrlar. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda “Gyrat”, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky drama teatrynda bolsa, “Öwez öýlenen” atly oýunlar görkeziler.
Balkan welaýat drama teatrynda sahnalaşdyrylan “Bagtyýarlyk döwrüniň goşa toýy” atly sahna öýnunda halkymyzyň ajaýyp toý dessurlary barada gürrüň berilýär. Sahna oýnunyň awtorlarynyň pikiri tomaşanyň geçýän ýerindäki obanyň ilatynyň durmuşyndaky iň bir, wakalaryň biri ýerli binagäriň taslamasy esasynda gurlan “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasyna jemlenipdir. Ýaş binagär özüniň kärendeçi dosty bilen obada täze döwrebap “Bagt köşgünde” toý dabaralarynyň geçirilmeginiň başyny başlaýar. Olar täze binada iki maşgala bolup durmuş toýuny toýlaýarlar.
Ýurdumyzyň suratkeşleri hem Garaşsyzlyk baýramçylygyna özleriniň täze onlarça işlerini hödürleýärler. Olar Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýiniň, Suratkeşler birleşmesiniň Sergi merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çeperçilik sergiler müdirliginiň, ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň döredijilki merkezleriniň zallarynda öz işleriniň sergilerini gurarlar.
Belli we ýaş suratkeşleriň, zergärleriň, halyçylaryň, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly milli sungatynyň beýleki eserlerini döredýänleriň giň möçberli sergileri ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp, olarda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň taryhy we şu güni aýdyň beýan ediler.