Güýzde Aşgabatda Halkara maýa goýum maslahatyny geçirmek indi kada öwrüldi. 2012-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň IV halkara maýa goýum maslahaty öz işine başlady.
Indi 4 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä ykdysadyýetiniň belli bir ýagdaýda däl wagtynda, Türkmenistan ösüşiň ýokary rowaçlygyny görkezýär. Içerki islegiň giňelmegi esasan hem özünde ykdysady, önümçilik we dürmuş ugurlaryny jemleýän işjeň maýa goýumlarynyň hasabyna bolup geçýär.
Şu ýylyň 8 aýynda maýa goýumlary ýyllyk hasaplamalarynda üç esseden hem gowrak boldy. Soňky bäş ýylda maýa goýum möçberleri 9 esse köpeldi. Şunlukda şu döwürde jemi içerki önümde maýa goýumyň paýy milli önümiň üçden ýarysyna çenli çäklerde boldy. Şu mynasibetli hem içerki jemi önüm düzümlerinde gurluşyk senagatynyň paýy iki esse artyp, 14 göterim boldy.
Degişlilikde gurluşyk önümleriniň hem önümçiligi ýokarlanýar. Balkan welaýatynda Jebelde täze sement zawody işe girizildi, şeýle zawodyň gurluşygy Lebap welaýatnda hem alnyp barylýar. Gelejekde aýna önümlerini, tebigy örtgi önümlerini, bazalt plitalaryny, çerepisalary, keramiki plitalary, lak-reňkleýji önümlerini öndürýän kärhanalar gurlar, demirbeton plitalarynyň ňndürýän kärhanalaryň durky täzelendi.
„Türkmenistan-Hytaý“ we „Döwletabat-Sarahs-Hangeran“ ugurlary boýunça daşary ýurtlara gaz akdyryjylar guruldy we olar tebigy gazy diwersifikasiýa etmekde epesli goşant goşýarlar. Häzirki wagtda içerki „Gündogar-Günbatar“ gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Uly göwrümli taslama bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýangyç serişdelerini gazyp çykarmagyň möçberi artdyrylýar.
Maýa goýum taslamalarynyň köpüsi, esasan hem tehniki taýdan çylşyrymly bolan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan amala aşyrylýar. Şonuň ntijesinde hem Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara, innowasiýalara we inženerçilik çözgütlere eýe bolýar.
Türkmenistan ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek nukdaý nazaryndan ileri tutulýan taslamalary amala aşyrmaga, iri gaýtadan işleýän önümçiligi ösdürmäge ymtylýar. 2011-nji ýylda Maryda karabmid we ammiak zawodynyň gurluşygyna başlanyldy, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça iri dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplumynyň ilkinji nobatdakysy özleşdirilip başlanyldy.
Häzirki wagtda Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň uly böleginiň gurluşygy tamamlandy. Ýurduň ähli çäkleri boýunça ulag infrastrukturasy kämilleşdirilýär. Türkmenistan kommunikasiýa ulgamyny işjeň ösdürýär, Internete, sanly aragatnaşyga girmegi giňeltmek üpjün edildi, hemme ýerde häzirki zaman maglumat-kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrylýar, milli arş gämisini uçurmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda söwda pudagynyň esasy dolanyşygy hususy bölegiň hasabyna amla aşyrylýar. Şonuň üçin hem bu pudagyň hil taýdan ýokary we durnukly ösdürilmegi üçin ähli şertler döredlýär. Şunuň bilen bir wagtda ýurduň husuy bölegi ýurduň ähli çägi boýunça maýa goýum taslamalarynyň müňlerçesini amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. Soňky ýyllarda husuy bölege karz pul bermeklik epesli giňeldildi, döwletiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça bolsa telekeçiler üçin ýeňilleşdirilen karz pullaryny bermek ugurlary açyldy.
Türkmenistanyň işjeň maýa goýum syýasaty soňky ýyllarda ykdysady gazanylanlar bilen ýakyndan arabaglanyşygy bolan ösüşiň durmuş ähmiýetli ugurlaryny özünde jemleýär. Muňa döwlet çykdajylarynyň 70 göterimden hem gowragynyň durmuş ähmiýetli ugurlaryna düşmegi hem doly şaýatlyk edýär.