Döwletiň azyk garaşsyzlygy ýurtda öndürilýän möhüm azyk önümlerini haryt serişdeleriniň içerki bazara degişli önümler bilen onuň udel agramyndan pes bolmadyk möçberlerinde öndürmekligi kesgitleýär. Çünki, azyk howpsuzlygyna ilkinji nobatda azyk garaşsyzlygyny gazanmak arkaly ýetmeli.
Agrosenagat toplumy ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmäge borçly bolup durýar. Ýöne agrosenagat toplumy azyk garaşsyzlygyndan başga hem beýleki mňhüm meseläni – ýeňil senagatynyň pudaklaryny oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek bilen meşgullanýar.
Azyk howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilen möhüm çäreleriň arasynda – oba hojalygyny tehniki taýdan üpjün etmek, önümçilige iňtäze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly çäreler bar. Çäreleriň üçünji iri toplumy oba hojalyk toplumyny, şol sanda möhüm oba hojalyk önümini öndürmäge döwlet buýurmasyny saklamak bilen, ýeri salgytdan boşatmak bilen baglydyr. Döwlet buýurmasy boýunça oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin kärendeçiler tarapyndan amala aşyrylýan önümçilik çykdajylarynyň elli göteriimi döwletiň hasabyna ýapylýar. Ýurduň oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ýangyz-çalgy ýag serişdelerine we mineral dökünlerine ýeňilleşdirilen bahanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy möhüm bolup durýar.
Ýurduň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek, obalaryň we kiçi obalaryň ýaşaýyş derejelerini ýokarlandyrmak dürmuş çäreleriniň hataryna goşuldy. Muňa Obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherlerini we etrap merkezleriniýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama gönükdirilendir. Bu maksatnamany amala aşyrmaga esasy serişdeler döwlet çeşmeleri tarapynda maliýeleşdirilýär.
Bu maksatnama obanyň durmuş we inženerçilik ulgamlarynyň 15 ugruny öz içine alýar. Şunlukda, oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalary gurmakdan baş hem agrosenagat toplumynyň, ýeňil senagatyň, gurluşyk önümleri senagatynyň gaýtadan işleýän kärhanalary döredilýär. Bularyň barysy oba ýaşaýjylarynyň zähmetini, agrosenagat toplumynyň işini diwersifikasiýalaşdyrmaga şert döredýär.
Mundan hem başga , agrosenagat toplumy ulgamynda senagatçylar we telekeçiler gatlagy işjeň ýagdaýda emele gelýär. Bu ýerde döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Türkmenistanyň Türkmenistany 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda agrosenagat toplumynyň desgalarynyň ýüz sanysyny ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurmagy göz öňünde tutulandyr.
Azyk howpsuzlygyny gazanmak ugrunda Türkmenistanyň toplan tejribesi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Oktýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň paýtagtynda GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça we GDA-ň agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara mejlisi geçirildi. Olarda Türkmenistanyň agrosenagat toplumyny Arkalaşygyň ýurtlarynyň agrosenagat toplumyna integrasiýa etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
GDA ýurtlarynyň agrosenagat toplumynda emele gelýän integrasion işleriň ugurlary Türkmenistan üçin geljegi bar bolanlar indikilerden ybarat bolar. Bu, ilkinji nobatda, agrosenagat toplumyny, husuasnda, toplumyň pudaklary üçin ňnümçilik serişdelerini ösdürmegi mundan beýläk hem kämilleşdirmek bolup durýar.
Häzirki wagtda bu toplum esasan hem mineral dökünlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Munuň bilen baglylykda Türkmenistan şol bir ulgamda, gurulýan desgalaryň ulanylmaga berilmegi we gurulmagy göz öňünde tutulýan önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçiliklerine görä mineral dökünlerini GDA ýurtlaryna ibermägi epesli artdyryp biler. 2011-nji ýylda karbamid we ammiak zawodynyň gurluöygyna başlanyldy. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 400 müň tonn karbamid öndürmäge niýetlenendir. Himiýa senagatynyň beýleki bir möhüm desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar – kuwwatlylygy bir ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý dökünlerini öndürýän iri dag-magdan baýlaşdyryş toplumynyň ilkinji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Gelejekde bu kuwwatlylyk 4-4,5 mln tonna ýetirilmegi mümkin.
Türkmenistan şeýle hem senagat esasynda kartoşka, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmegiň tejribesini almaga uly gyzyklanma bildirýär. Tohumçylyk maldarçylygynda, howdan balyklaryny ýetişdirmek toplumynyň örän uly gelejegi bolmagy mümkin. Öz nobatynda Türkmenistanyň ir ýetişýän gök önümleri, üzümi, bakja ekinlerini, ilkinji nobatda gawuny köp mukdarda ibermäge mümkinçiligi bardyr. Ýurtda ýyladyşhana hojalygyny giň göwrümlerde ösdürmek üçin we gyş aýlarynda gök önümleri daşary ýurtlara ibermäge ähli mümkinçilikler bardyr.
Uzak geljekde Türkmenistany azyk howpsuzlygy bilen üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerine döwletiň we bazaryň nyrhlarynyň iň amatly utgaşdyrylmagy ýaly ugurlar boýunça meseleler işlenip düzülýär. Azyk önümleriniň esasy görnüşleri boýunça daşary ýurtlardan getirilýän möçberini sazlaşdyrmak; ýurduň içinde öndürip bolaýjak azyklyk önümleri döwletiň çägine getirilmegini yzygiderli azaltmak ýaly we beýleki meselelere garalýar.
Halkara bazarlaryna üstünlikli goşulyşmak maksady bilen Türkmenistan ulag ulgamyny ýeterlik derejede ösdürýär. Bu babatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki meseleler bilen birharada azyk üpjünçiligini çözmäge gönükdirilen Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlaryny belläp bolar.