Türkmenistanda täze özgertmelere badalga berildi
Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda bu maslahatyň nobatdaky mejlisi 2013-nji ýylda Daşoguz şäherinde geçiriler. Öz ykbal çözüji kararlary bilen Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna giren bu mejlis eziz Diýarymyzyň ykbalynda geljege sary alyp barýan köprä öwrüldi.
Baş döwlet baýramçylygynyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda ýurdumyz däbe görä, ýoluň ýene bir geçilen tapgyrynyň jemlerini jemleýär we ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeleri belleýär. Häzirki zaman wakalaryny hem-de durmuş-ykdysady we syýasy ugurlarda bolup geçýän özgerişlikleri nazara almak bilen, özygtyýarly ösüşiň strategiýasyny we taktikasyny täzeleýär. Şeýlelik bilen, oňyn özgertmelere, ösüşe bolan meýil berkidilýär, sepgitden-sepgide çenli üstünlikleriň, işleriň, maksatlaryň we ýeňişleriň görkezijisi ýokarlanýar. Bularyň hemmesinden sazlaşykly syýasaty, netijeli dolandyrmasy we ägirt uly mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde häzirki zaman Türkmenistanyň keşbi emele gelýär. Şol mümkinçilikleriň esasynda diňe bir başlangyç çig mal we beýleki maddy serişdeler däl-de, eýsem, adam mümkinçilikleri, halkyň ruhubelentligi we erk-islegi durýar.
Bu gün tutuş dünýä gadymy türkmen topragyndan çykýan ýagşylygyň we döredijiligiň kuwwatly güýjüni görýär. Milli Lideriniň özgerdiji gujur-gaýratyndan kuwwatlanan Türkmenistan öz abadançylygynyň we rowaçlygynyň belentliklerine tarap okgunly barýar. Bu hereket bolsa ýylsaýyn täze güýje eýe bolýar. Milli Liderimiziň Hut halka bolan daýanç ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şertleridir diýip aýdan sözlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 23-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisi hem aýdyň tassyklap, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna möhüm sahypany ýazdy.
Bu wakanyň öňüsyrasynda Berkarar adyna eýe bolan Babadurmaz şäherçesinde hem-de hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Yzgant obasynda bolan täze desgalaryň baýramçylyk açylyş dabaralary köp babatda umumymilli maslahatyň ýagdaýyny kesgitledi. Täze durmuş desgalarynyň açylyş dabaralarynyň her biri özboluşly bolup, täzelenýän we pajarlap ösýän ýurdumyzyň wakalaryny we ileri tutulýan ugurlaryny, biziň gündelik durmuşymyza ynamly girýän ähli rowaçlyklary şöhlelendirýär.
Islendik halkyň durmuşynda däbe öwrülen zatlaryň -- ruhunyň, aýratynlygynyň, ahlak gymmatlyklarynyň we taryhy mirasynyň häzirki günüň täzelikleri we ýokary tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşmagy biziň hereketimiziň esasyny düzýär. Bu sazlaşyk Ýaşulularyň maslahatynda öz beýanyny tapyp, türkmen halkynyň taryhy demokratik däpleriniň yzygiderligini saklaýar hem-de häzirki zaman jemgyýetiň isleg-arzuwlaryna gabat gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Ine, bu gezek hem umumymilli maslahatyň gün tertibine türkmen döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň birinji derejeli we orta möhletleýin wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak, milli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak, biziň bilelikdäki işlerimiziň geljek üçin anyk ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.
Bu mümkinçilikler we ugurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda geljekki işleriň oýlanyşykly we toplumlaýyn maksatnamasyny öz içine alýan taryhy çykyşynda aýdyň esaslandyryldy.
Biziň döreden Garaşsyz döwletimiz berk hukuk binýadyna esaslanýar, onuň kuwwatly ykdysady we ruhy-medeni mümkinçilikleri bar. Bu bolsa, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz içerki syýasatyň käbir meselelerinde durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýakyn 5 ýyl üçin ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň ähmiýetini belledi. Onuň esasy maksady Türkmenistany, esasan, agrar ýurt bolanlygyndan senagat taýdan ösen döwlete, häzirki zamanyň ähli eşretleri halkymyz üçin elýeterli bolan döwlete öwürmekden ybaratdyr. Başgaça aýdanyňda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly senagat önümçiligi bolan hem-de dünýä bazarynda mäkäm orny eýeleýän ýurda öwürmekden ybaratdyr.
Bu ugurda özgertmeleriň üstünlikli başlanmagy, geçen döwür üçin gazanylan ajaýyp üstünlikler, şol sanda jemi içerki önümçiligiň hem-de maýa goýumlarynyň möçberleriniň, gurluşyk depginleriniň durnukly ösüşinde ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda häzirki zaman we netijeli senagat toplumyny döretmek üçin esas bolup durýar.
Ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynda täze desgalaryň birnäçesi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde polipropilen örtüklerini öndürýän zawod, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dokma we boýag fabrikler toplumy gurlup, ulanmaga berler. «Gazagystan –Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän «Bereket–Gyzylgaýa–Serhetýaka» böleginiň we köp sanly beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlanar. Şol giň gerimli işleriň hemmesi biziň topragymyzda ýaşaýan adamlaryň bähbidine edilýär.
Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler öz oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda umumy meýdany 2 million 900 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, 114 sany umumybilim berýän mekdep, 82 sany çagalar bagy, 125 sany durmuş maksatly desga we 11 müň 300 kilometrden gowrak inženerçilik desgalary gurlup, ulanmaga berildi.
Berkarar Watanymyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýy hem durnukly gowulanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberi 10 göterim, pensiýalaryň möçberleri bolsa, 15 göterim artar. Diýmek, baş maksadymyza ýetmek – halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň ölçeglerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ýene-de bir möhüm ädim ädiler.
Döwletimiz ilatymyzyň durmuş taýdan kepillendirilen goragyny üpjün etmek syýasatyny dowam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, hususan-da, ilatymyzyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, nahar duzy bilen mugt üpjün edilmegi, ýaşaýyş jaýlaryndan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy we köp sanly beýleki ýeňillikler aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu oýlanyşykly çäreleriň netijesinde, ilatymyzyň adam başyna düşýän girdejileri her ýyl durnukly artýar. Milli Liderimiziň Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Bütindünýä banky ýurdumyzy ilatynyň jan başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň toparyna goşdy. Bu toparda biziň ýurdumyzdan başga-da, Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Eýran we birnäçe beýleki ýurtlar bar.
Biz arkaýyn bolmaly däldiris, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça geljekde hem yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar. Öňde düýpli çemeleşmäni we öňdengörüjilikli çözgütleri talap edýän jogapkärli wezipeler durýar.
Prezident maksatnamasynda ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagyny ösdürmäge niýetlenen maýa goýumlary esasy maksada – ykdysadyýetimiziň ýangyç-çig mal serişdelerine garaşly bolmagyny aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Önümçilik pudaklaryna, senagat düzüminiň kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge uly möçberde serişdeler gönükdiriler.
2012–2016-njy ýyllarda ykdysadyýetiň döwlete degişli we döwlete dahylly däl pudaklarynda 200 milliard manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmek, önümçilik we üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň 450-den gowragyny gurmak we durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmak bilen bagly uly möçberli taslamalar bilen bir hatarda, häzirki döwürde maýa goýum taslamalary himiýa, gurluşyk materiallary, derman senagaty we ýeňil senagat ýaly pudaklarda hem üstünlikli amala aşyrylýar.
Uglewodorod çig malyny peýdalanmak bilen, himiýa serişdeleriniň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, biziň ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmek, polimerleri öndürýän önümçilikleri gurmak üçin uly mümkinçilikler bar. Dünýäniň senagat bazaryna uly isleg bildirilýän bu önümiň eksporty tebigy gazyň eksportuny çalşyrmaga ukyplydyr. Şu maksatlarda döwlet Baştutanyny degişli ýolbaşçylara ýakyn on ýylda degişli senagat we ugurdaş düzümli iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny döretmegiň bir bitewi taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksada laýyklygyny kesgitlemegi tabşyrdy.
Birnäçe ýylyň dowamynda himiýa önümleriniň täze görnüşlerini: kaustik soda, hlor we hlor önümleri, kaliý dökünleri, polipropilen örtükleri, poliuretandan gurluşyk önümleri, keramiki daşky örtük daşlary, ýokary tehnologiýaly gurluşyk aýnasy, gurluşyk pudagynda ulanylýan örän inçe bazalt süýüminden gyzgyn geçirmeýän kompozision serişdeleri we beýleki serişdeleri öndürýän senagat kärhanalaryny gurmak bellenildi.
Ýurdumyzda maýa goýumlarynyň uly möçberi azyk senagatyny ösdürmäge, azyk önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaga niýetlenýär.
Öň önümçiligi ýola goýlan we täze senagat önümlerini öndürmäge niýetlenen kiçi, orta we iri senagat kärhanalarynyň 200-e golaýynyň gurlup, ulanmaga berilmegi we tehniki taýdan döwrebap ýagdaýa getirilmegi eksporta iberilýän harytlaryň düzümini giňeltmäge, olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini düýpli azaltmaga mümkinçilik berer. Bu ugurda gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň, gaty magdanlaryň we minerallaryň täjirçilik ähmiýetli ýataklaryny özleşdirmek bellenildi. Garabogaz aýlagynyň bejeriş maksatlary üçin ulanylýan duzly suwunyň gidromineral serişdeleri gaýtadan işlemek arkaly taýýar önümleri öndürýän zawodlar toplumyny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Obasenagat toplumy hem senagatlaşmagyň möhüm ugry bolup durýar. Maldarçylygy senagat taýdan ösdürmek, suwaryş ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwarymly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalary işläp taýýarlamak ileri tutulýan ugurlar hökmünde maýa goýum maksatnamasyna girizildi. Bu ugurda wezipeler Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda kesgitlenildi. Olar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli artdyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemek arkaly azyk we azyk däl önümlerini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ýaly wezipelerdir.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ulag ulgamynda maýa goýum maksatnamalaryna ünsi çekdi. Olaryň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitlerini bitewi ykdysady ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam eder. Bu maýa goýum taslamalary ulag ulgamynyň üstaşyr geçiriş kuwwatyny artdyrmaga we pudagyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Bu taslamalaryň hatarynda «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» halkara demir ýoly ýaly möhüm desganyň, «Gazojak–Şasenem–Daşoguz» we «Atamyrat–Ymamnazar» demir ýollarynyň gurluşygyny, «Türkmenbaşy–Bekdaş–Gazagystanyň serhedi», «Türkmenabat–Gazojak–Daşoguz», «Mary–Serhetabat» awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemegi görkezmek bolar.
Milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda suw ulaglary pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalar hem işjeň durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar nebit guýujy tankerleriň ençemesini gurmaga, balyk tutujy, söwda, ýük flotuny ulanmagyň mümkinçiliklerini gowulandyrmaga niýetlenen gämi abatlaýyş zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem bu taslamalaryň çäklerinde Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda ulag-logistika (harytlaryň we hyzmatlaryň öndürijilerden sarp edijilere ýetirilmegini netijeli ýola goýmak) merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň paýtagtynda täze, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, uçuşlaryň howpsuzlygyny kepillendirýän we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän howa menziliniň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň howa ulaglarynyň bäsdeşlige ukyply bolmagyna şert döreder. Uly ykdysady ösüş mümkinçilikleri bolan Aşgabat, Türkmenabat, Daşoguz we Atamyrat şäherlerinde howa menzillerini gurmak we bar bolan howa menzilleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem howa gämilerini täzelemek boýunça amala aşyrylýan işler geljekde üstünlikli alnyp barlar.
Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli emeli hemra ulgamynyň taslamasynyň möhümdigini belledi. Onuň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzda häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň, Internetiň, telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem köp sanly beýleki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan amatly şertleri döreder.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, bazar usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, çeýe karz-salgyt we gümrük syýasatyny ulanmagyň möhümdigini aýtdy.
Biz ylmyň, bilimiň we telekeçiligiň örän ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şertleri döretmelidiris. Bu bolsa ýokary tehnologiýaly önümçilikleri guramagyň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň şerti hökmünde aň-bilim, ylmy-tehniki mümkinçilikleri ösdürmegiň we netijeli ulanmagyň girewidir. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenler bilen üpjün etmek biziň esasy we ýakyn döwür üçin möhüm wezipelerimiziň biri bolup durýar.
Bilim ulgamyny düzümi boýunça hem, mazmuny boýunça hem öz durmuş-ykdysady ösüşinde ylmy-tehnologiýa babatda ýokary sepgitlere ýeten döwletleriň derejesine ýetirmek zerurdyr. Munuň özi bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryna: çagalara umumy bilim bermäge hem, ýaşlaryň hünär taýýarlygyna hem degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, ähli bilim edaralarynda Internete doly aralaşmagy gazanmagyň, ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerini ýurdumyzyň çäklerinde gyradeň ýerleşdirmegiň möhümdigini, munuň bolsa welaýatlarda ýaşlaryň başlangyç mümkinçiliklerini ýokarlandyrjakdygyny hem belledi.
Häzirki zaman umumybilim berýän mekdeplerinde bilimleri özleşdirmek üçin azyndan 11-12 ýylyň gerekdigini dünýä tejribesi görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak we möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak meselesini öwrenmek wezipesi goýuldy.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy tölegli bilim edaralaryny döretmek üçin hem şertleri döretdi. Döwlet Baştutany eýýäm 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, tölegli okatmagy ornaşdyrmaga başlamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda ýakyn geljekde mugt döwlet bilim edaralary Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasyny düzer. Bilimiň ornunyň ähmiýeti bilen bir hatarda, türkmen jemgyýetiniň we her bir adamyň durmuşynda medeniýetiň orny hem artdy. Häzirki wagtda onuň ýokary derejesi ýurdumyzyň doly derejede ösüşiniň girewi, onuň siwilizasiýalaşandygy we halkara abraýynyň görkezijisi, raýatlary syýasy, durmuş, ykdysady we ruhy taýdan terbiýelemek üçin zerur şert bolup durýar.
Şu maksatlar bilen milli medeniýet ulgamyny goldamak üçin, şol sanda medeni maksatly desgalary gurmak üçin berilýän maliýe serişdeleriniň möçberlerini düýpli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Halkara festiwallarynyň, döredijilik forumlarynyň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegi bolsa dürli halklaryň medeni gatnaşygyny, adamlaryň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini has giňden, yzygiderli ornaşdyrmak, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmanlary we maşgalanyň saglygyny goramak ulgamyny ösdürmek, ilata tölegsiz lukmançylyk hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen görnüşlerini üpjün etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny halkara ülňülerine laýyklykda pugtalandyrmak ýaly meseleler bu ulgamyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýerli häkimiýet ulgamyny özgertmegi, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kemilleşdirmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belläp, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň toplumyny Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna hödürledi. Hususan-da, taslama kiçi şäherçeleri iri şäherçelere birleşdirmek, adamlaryň ýaşamak üçin ähli amatlylyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen täze şäher nusgaly täze şäherçeleri gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda şol ilatly ýerleriň öz-özüňi dolandyryş edaralary hojalyk taýdan özbaşdak bolarlary ýaly zerur maliýe serişdeleri bilen, şol sanda iri fermer hojalyklaryny döretmegiň hasabyna üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Milli Liderimiz pes hasyl berýän ýerleri özleşdirmegiň we ösdürmegiň, fermer hojalyklaryna we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, hojalygy ýörediji beýleki taraplara ýeňillikli karzlary bermegi we ýeňillikli salgyt salmagy göz öňünde tutýan maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny hem belledi. Ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça iň gowy taslamanyň bäsleşigini geçirmek hakyndaky teklip hem aýdyldy. Bu babatda her welaýatda bir etraby synag geçirmek üçin kesgitlemek pikiri öňe sürüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynyň ahyrynda häzirki gazanan üstünliklerimiz bilen birjik-de arkaýynlaşman, öňe gitjekdigimize hem-de berkarar Watanymyzyň ykdysady we ruhy-medeni kuwwatyny artdyrmak üçin has uly möçberli maksatlary hem-de belent wezipeleri durmuşa geçirmegi başarjakdygymyza ynam bildirdi. “Mähriban halkymyzyň iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyralyň!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň pikiri we gerimi boýunça batyrgaý, takyk kesgitlenen maksady boýunça oýlanyşykly hem-de öňdengörüji başlangyçlary öňdebaryjy dünýä tejribesine we giň möçberli hem-de geosyýasy ýagdaýlara täsir etmäge ukyply mynasyp hem-de çynlakaý hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň uly möçberli bazara goşulyşmagyna ugur alan ýurdumyzy ösdürmegiň düýpli täze taslamalarynyň we ugurlarynyň başyny başlady.
Ýaşulularyň maslahatynda döwlet Baştutany tarapyndan öňde goýlan täze wezipeler diňe bir olary çynlakaý paýhas eleginden geçirmegi däl-de, eýsem, ýurdumyzy ösdürmegiň milli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýörelgelerine hem-de usullaryna gaýtadan düýpli garamagy seretmegi talap edýär.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz mümkinçiliklerini amala aşyrmagy we durmuş taýdan üstünlik gazanmagy hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmegi ähli özgertmeleriň esasy maksady diýip jar edip, bolup geçýän özgertmelere özleriniň dahyllydygyny duýup, ýurdumyzyň ykbaly üçin öz garaýyşlarynyň möhümdigine düşünmäge hemmeleri çagyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň birsyhly nygtaýşy ýaly, biziň gazanýan üstünliklerimiz oňa buýsanmak üçin delil däldir, munuň özi ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap gadam urmak üçin başlangyç şertdir.
Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde eden çykyşyny jemlemek bilen şeýle diýdi:
“Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!”