Mälim bolşy ýaly, ýakynda deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň taryhy mejlisi öz işini tamamlady. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda amala aşyrylan iri möçberli özgertmeleriň jemini jemledi, biziň halkymyz üçin ykbalçözüji çözgütleri aýan etdi we Türkmenistany ulgamlaýyn –toplumlumlaýyn ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan wezipelerini anyk kesgitledi.
Bilermenler bu jemgyýetçilik – syýasy wakanyň möhümdigini, onuň diňe bir döwletimiziň startegik maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň täze tapgyryny alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurduň ykbalynyň, halkyň, tutuş türkmenistanlylaryň bitewiligini we jebisligini aýan edýändigini bellediler.
Hut şol bitewiliik ruhy döwlet gurluşyny özgertmek, jemgyýetiň ähli pudaklarynyň düýpli döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamanyň esasyny düzýär.
Binýatlaýyn pudaklary we döwlet gurluşynyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda biziň gadymy topragymyzyň tutuş durkuny üýtgetmek Garaşsyz Türkmenistanyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki durmuş ulgamynda gazanan netijeleridir. Olar Türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, onuň abadançylygyny, hukuk kepilliklerini pugtalandyrmakdan, adamlaryň ruhy we döredijilik işjeňligini hem-de olaryň aň - düşünjeleleriniň erkin ösmegini, beýik maksatlary durmuşa geçirmek üçin döredijilikli güýjüň erkin häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri dowam etmek arkaly, biz dünýäde pugta tassyk edilen demokratiýanyň esasy ýörelgelerine ygrarlydygymyzy aýdyň edýäris. Şunlukda türkmen halkynyň syýasy medeniýetiniň taryhy tejribesinde bar bolan iň gowy ýörelgelerini, onuň Ýaşulular maslahaty tarapyndan amala aşyrylan demokratik we halk häkimiýetliliginiň däplerini saklaýarys we ösdürýäris.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda hoşniýetlilik we maksada okgunlylyk türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasy düzýär diýip belledi. Hut şol asylly ýörelgeler ýurtda ýaýbaňlandyrylan we ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan we oňlanylan çözgütlere daýanýan özgertmeleriň aňrybaş oýlanyşykly we onuň işjeň häsiýetini şertlendirýär.
Häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleriň aýratynlygy ägirt uly, deňi-taýy bolmadyk ykdysady, innowasion häsiýetdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýänligidir, ähli düzümleriň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň sazlaşýanlygydyr, jemgyýetiň onuň hukuk medeniýetini pederlerimiziň ruhy wesýetlerine bolan hormaty, milli tejribäniň nesilden-nesile geçijiligi, halkyň döwlet dolanyşygyna gatnaşmagynyň tejribesini ýokarlandyrmak işleriniň esasynda yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagydyr. Şertleriň we talaplaryň hut şu köp derejeli sazlaşygy jemgyetiň ösüşiň we rowaçlygyň täze belentiklerine tarap öwrülişikli, tapgyrlaýyn we sazlaşykly özgertmeleriň ýoly bilen öňe gitmegiň ähli tapgyrlarynyň özara gatnaşygyny kepillendirýär.
Raýat jemgyýetini ösdürmek üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmeginde demokratik döwlete möhüm orun degişlidir. Şunlukda jemgyýet we döwlet birek-birek bilen baglanyşyklydyr. Hut şeýle bolansoň biziň ýurdumyzda hukuk döwletiniň kemala gelmegi birbada üç derejede: döwlet, jemgyýetçilik we şahsy derejelerde emele gelýär. Türkmenistan hukuk döwleti hökmünde demokratiýanyň öz-özüňi dolandyryş, häkimiýet guramalaryna saýlawlaryň geçirilmegi, köp partiýalylyk we halk wekilçiligi ýaly serişdeleriň ähli görnüşlerini üpjün edýär.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň şu gezekki mejlisinde bu maglumatlar daşary ýurtly syýasatşynaslar, bilermenler, diplomatlar tarapyndan hem bellenildi. Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň adyndan çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem has giň geosyýasy we geoykdysady giňişlikde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän häzirkizaman demokratik, ykdysady taýdan ýokary ösüşi bolan döwletiň derejesini özünde jemleýär diýip belledi. Bularyň hemmesi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär diýip, diplomat belledi we Türkmenistana Bütindünýä banky tarapyndan ortadan ýokary girdejisi bolan ýurt hökmündäki derejäniň berlendigini mysal getirdi. Munuň özi Bütindünýä ykdysady çökgünligi wagtynda Türkmenistanyň ýokary ösüşi bolan ýurtlaryň hataryna goşulandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler diňe milletiň Lideriniň ylmyň we tehnikasynyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrýan, taryhy geçmişiň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hakynda yzygiderli alada edýän, türkmen halkynyň asylly däplerinden güýç-kuwwat alýan ýurdunda mümkindir. Ukrainaly diplomat öz çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip: “Siziň tutuş türkmen halkyndan ybarat örän ygtybarly daýanjyňyz bar” diýip aýtdy.
... Ýaşulular maslahaty abraýly we paýhasly halk wekilleriniň forumy bolmak bilen, ýurduň syýasy durmuşyna ruhy taýdan itergi berýär we raýatlaryň biziň Watanymyzyň ykbalyna dahylly bolmaga döredijilikli çemeleşýändiklerini aňladýar.
Halk häkimiýetliliginiň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan demokratik däpleri biziň ýurdumyzdaky jemgyýetçilik – syýasy ýagdaýlaryna milli özboluşlylyk çaýýar we döwlet gurluşynyň yzygiderliligini köp babatda kesgitleýär. Türkmen milletiniň nesilleriniň tejribelerini özünde jemleýän ruhy ýörelgeler şunuň ýaly ýagdaýyň esasyny emele getirýär.
Däp-dessurlaryň täzeçillik bilen sazlaşmagy, işjeň özgertmeler bilen aýawly nesilden-nesle geçijilik häzirki döwürde hakyky halk häkimliliginiň belent esaslaryna daýanýan türkmen syýasy medenietiniň häsietli aýratynlygyny şertendirdi. Başgaça aýdanyňda, taryhy miras ýurdy döwrebaplaşdyrmagyň serişdesine öwrüldi we geljegi halkyň taryhy tejribelerine, onuň gadymy ahlak gymmatlyklaryna daýanýan täze mümkinçilikleriň özleşdirilmegini emele getirdi.
Gadymy däpleriň we häzirki ýörelgeleriň sazlaşygyna göz ýetirmek üçin, türkmen halkynyň özboluşly syýasy ýörelgelerini şertlendiren we asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän medeni däplere düşünmek zerurdyr. Olaryň nesilden-nesle geçijiligi hiç wagt bozulmady. Özbaşdak,kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakyndaky esasy ýörelgeler häzirki döwre gelip ýetipdir.
Şeýle hem bu ýörelgeler filosofiki we medeni düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Olar umumy dünýägaraýyş ýörelgeleri, ruhy wesýetler we ahlak gymmatlyklary bolup durýarlar. Bu barada pikir edeniňde beýik türkmen akyldarlarynyň we alymlarynyň özleriniň ylmy işlerinde ýa-da ahlak meseleler boýunça pikir alyşmalarynda olaryň adalatlylyk, sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik hakyndaky pikirleriniň üsti bilen döwleti dolandyrmagyň medenietine degişli mesleleri gozgandyklaryna göz ýetirýärsiň.
Şeýlelikde, syýasy gurluşa adamlaryň arasyndaky umumy gatnaşyklaryň ulgamy hökmünde seredilende çuňňur ynsanperwerilk, döwletiň hem-de adamyň aýrylmaz baglanyşygy, olaryň birek-birege täsiri we özara gatnaşygy türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýar. Bu gatnaşyklaryň sazlaşmagynda ýaşuly nesliň wekillerine hemişe möhüm orun degişli bolupdyr. Munuň özi türkmen halkynyň syýasy ýörelgesinde has ähmietlidir. Ol häzirkizaman Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň esaslarynda aýdyň ýüze çykýar. Ýeterlik tejribesi, bilimi, başarnygy we paýhasy bolan, öňi bilen bolsa özüniň şahsy göreldesi arkaly jemgyýetiň ruhuny götermäge, oňa ruhy taýdan täsir etmek arkaly jebisleşdirmäge hem-de jemgyýetiň kuwwatyny ýüze çykarmaga ukyply, abraýly ýaşululara hormat goýmak, olara bolan ynam türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny emele getirýär.
Şunlukda, türkmen milletine çeýelik, eger-de ýurduň we jemgyýetiň ösüşi üçin peýdaly bolsa islendik täzeligi kabul etmäge bolan taýýarlyk mahsusdyr. Gadymy döwürlerde Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany baglanyşdyrýan ýurt bolan Türkmenistan oňyn gatnaşyklara bolan açyklygyny milli däpleriniň birine öwürdi we onuň netijesinde ýurduň oňyn tejribelere, mirasa we täzeliklere utgaşmagyny şertlendirdi.
Türkmenleriň durnukly we has ösen toparlaýyn aňy, bitewilik duýgusy her bir adamyň godawa mynasypdygy baradaky ynamy döredýär. Hut şol hem Ýaşulular maslahatynyň binýadynda emele gelen halk demokratiýasynyň kökleriniň biridir. Biz häzirki döwürde hem toparlaýynlygyň, agzybirlikde maslahatlaşmagyň, halkyň ykbalçözüji çözgütleri kabul etmäge we syýasy erkiň esaslaryny ýüze çykarmaga bolan däpleriniň dowam edýändigini görýäris. Munuň özi jemgyýetde syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň, tertip-düzgüniň, parahatçylygyň we ylalaşygyň kepilidir. Bu bolsa beýleki milli ýörelgeleriň hatarynda türkmen demokratiýasynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir.
Türkmen halkynyň asyrlar aşan ruhy, medeni, syýasy ýörelgeleri halkymyza öwrülişigi amala aşyrmaga we özbaşdak taryhy döredijiligiň hem-de ösüşiň giň ýoluna çykmaga mümkinçilik berdi.
Bu bolsa biziň ýurdumyzyň jemgyetçilik ösüşiniň yzygiderliligini alamatlandyrýar.
Döwletimiziň halkyň abadançylygyna hem-de bagtyýarlygyna gönükdirilen ykdysady-durmuş syýasaty hut şeýle umumy binýada daýanýar.
Şunuň ýaly asylly ýörelgeler Ýaşulular maslahatynyň ýakynda tamamlanan mejlisinde öz beýanyny tapdy.