Türkmenistan milli puly bolan manadyň dolanşyga girizilmeginiň 19 ýyllygyny belledi. Milli pul ygtybarly we durnukly maliýe mehanizmi bolup, durmuş-ykdysady syýasaty özbaşdak alyp barmak üçin ähli şertleri üpjün etmek we bazar gatnaşyklaryny döretmek bilen, biziň ýurdumyzyň durnukly ösüşini goldaýar. Türkmenistanyň milli pulunyň dolanşyga girizilmeginiň nobatdaky ýylyny bellemek bilen, gadymy türkmen topragynda puluň dolanyşyga girizilmeginiň döredilşi barada gürrüň berýän taryhyň sahypalaryny agtarsak gyzykly bolar.
Her bir özbaşdak ýurt – adamzat taryhynda döwlet döräli bäri – öz puluny göýberýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň yglan edilenden iki ýyl soňra biziň Watanymyz ösmegiň we özbzşdak ykdysady ulgamyň zerur we aýrylmaz bölegi bolan bu derejä eýe boldy. Teňňeler we kagyz pullary diňe bir biziň gündelik durmuşymyzyň möhüm bölegi bolup durman, jemgyýetde özüniň tapylgysyz ähmiýetine eýe bolmak we ösüşi kämilleşdirmek bilen, eýsem köp zatlar barada gürrüň berýän döwürleriň hakyky resminamalary bolup durýarlar. Hut gadymy teňňeleriň tapylmagy netijesinde arheologlar geçmişiň ýadigärliklerini uly takyklyk bilen seneleýärler we ýatdan çykarylan patyşalyklary we nebereleri gaýtadan dikeldýärler.
Türkmenistanyň gadymy taryhy hem gadymýetde ýaşap geçen pederlerimiziň biziň günlerimize çenli ýetip gelen pullary netijesinde ýazylypdyr. Sebäbi wagtyň geçmegi ýa-da başga bir sebäplere görä gol ýazmalary pide bolup, diňe demirden ýasalan önümler ygtybarly maglumat berýän serişde bolup galýar. Biziň ýurdumyzyň çäklerinde bolup görmedik pul birligi barmykan beri?! 1993-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-ne Aşgabatda geçirilen baýramçylyk salýuty biziň durmuşymyzda möhüm waka bolup, ol milli pulumyz bolan manadyň dolanşyga girizilýändigini habar berdi. Ýöne döwlet we hususy numizmatik toplamalarda düzümine türkmen topragy giren öňki imperiýalaryň ählisiniň diýen ýaly köp sanly nusgalary ýygnaldy.
Türkmenistanyň çäklerinde pul dolanyşygy Aleksandr Makedonskiniň basybalyjykly ýörişi döwründe girizildi. Şol düwürde teňňeler metropoliýadaky ýaly- Makadoniýada, şeýle hem olaryň basyp alan ýurtlarynda zikkelendi. Ilkibaşda teňňelerde Afinanyň hudaý aýalynyň keşbi zikkelendi. Dari III-den gazanylan uly ýeňişden soň teňňelerde Aleksandr Makedonskiniň hut özüniň keşbi peýda bolýar. Onuň beýik imperiýasynyň ornuna biziň eramyzdan öňki 250-nji ýylda Grek-Baktriýda we Parfida dargan Selewkidleriň döwleti gelýär. Beýleki ellin dünýäsi bilen deňeşdirilende parfiýalylarda pul dolanyşygy ýokary gülleýişlere ýetdi. Olaryň teňňeleri – torewtikanyň ajaýyp eserleridir. Teňňäniň arka tarapynda hökümetiň mirasdarlygyny alamatlandyrýan sahna şekillendirilipdir: Arşakidler marasdarlaryndan „ýaý atyjy“ ýa-da suratlandyrylypdyr, ol tagtda oturyp, kimdir bir göze görünmeýäne ýaýy berýär. Awers – hökümdar patyşanyň portreti sýužeti dowam etdirdi.
Eýýäm biziň eramyzyň 224-nji ýylynda Parfiýanyň ornuna Sasanidler geldi. Olaryň döwlet gurluşy güýçli ideologilleşdirilep, berk görnüşde söweşjeň zoroastrizm wagyz edilipdir. Sasanidleriň teňňeleri – numizmatikada ajaýyp wakadyr. Olar bäş ýüz ýylyň dowamynda şol bir görnüşde bolupdyr. Awersde şahinşahyň abstrakt pofili – patyşalaryň patyşasy bardy. Onuň arka tarapy hiç wagt üýtgedilmändir. Onuň merkezinde mukkades oduň altary – ataştan suratlandyrylypdyr. Onuň sag tarapynda zoroastrizm panteonynyň hudaýlyklarynyň biri: Ahurmazda, Mitra ýa-da Anahit, sag tarapynda – patyşa durdy. Olaryň ikisi hem bir meňzeş geýimdedi. Bu bolsa hökümdaryň dini taýdan gelip çykanyny tassyklaýardy.
Sasanidleriň döwleti VII asyryň ortalarynda arap basybalyjylary tarapyndan dargadyldy. Araplar teňňäniň täze görnüşini – kufiki teňňeleri girizdiler. Bu teňňeler pul belgileriniň ählisiniň zikkelenmegini bäş asyr öňünden kesgitledi. Olarda hiç-hili şekiller ýokdy, diňe ýazgylar bardy. Teňňäniň bir tarapynda ynançlygyň şekili çap edilipdir, beýleki tarapynda – halyfyň ady, hökümdaryň ady we pul birliginiň ady ýerleşdirilipdir. Türkmen arheologlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramynyň öňisyrasynda Gadymy Merwde Uly Gyzgalada gazuw-agtaryşlerini geçiren wagtynda tapan mis-bürünç abbad direhimi teňňeleriň hut şeýle görnüşine degişlidir.
1040-njy ýylda Beýik Seljuk döwleti döredildi. Hut şol döwürde häzirki zaman türkmenleriň ata-bablary birleşip, Palestina çenli ýetip, bütin Aziýany diýen ýaly basyp aldylar. Olar söwda işlerinde öňki döwletleriň pullaryny – rimlileriň altyn dinarlaryny, grekleriň kümüş direhmlerini, wizantiýlileriň mis felslerini ulandylar.
Türkmenisttanyň Garaşsyzlygy ýyllary içinde baýramçylyk senelerine we milli puluň dolanşyga girizilmeginiň nobatdaky ýyllygyna bagyşlanyp, ýadigärlik kümüş we altyn teňňeleri çykarmak däbe öwrüldi. Şunlukda bahasy 500 manatlyk bolan kümüşden ýasalan şaýy pullaryň altysynda Türkmenistanyň taryhy we arhitektura ýadigärlikleri şekillendirilendir. Şaýy pullaryň bu tapgyry „Beýik taryhy miras“ diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň baý ruhy we maddy mirasyny beýan etmek bilen, şeýle tapgyrlaryň dowam etdiriljekdigi gürrüňsizdir. Şaýy pullarda medeni ýadigärlikleriň suratlandyrylmagy häzirki zaman döwlet gurluşynyň esasynda çuňňur taryhy binýadyň goýlandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň ruhy mirasy hem-de onuň häzirki zaman bilen berk baglanyşdyrylmagy – Türkmenistanyň ähli pul birlikleriniň bezeginiň esasyny tutmaklygynyň baş maksadydyr.
SURATLARDA: Aleksandr Makedonskiniň şaýy puly, teradrahma, kümüş;
Muhammet Horezmşah II-niň, ХIII asyryň başy; abbasid dirhemi, mis, IХ asyryň başy, misden ýasalan şaýy pul.