2012-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Geçen aýyň wakalary Türkmenistanyň içerki ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmekde, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen açyk daşary syýasaty amala aşyrmakda eýerýän ugrunyň dogrudygynyň hem-de yzygiderli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gurap, bu ugra gyşarnyksyz eýerýär we döwletara derejesinde oňyn syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy ösdürýär, şeýle hem abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edýär. Bu ugur milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty jähtinden ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan geçirilýän köp sanly duşuşyklarda, gepleşiklerde, forumlarda we maslahatlarda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Biziň ýurdumyzyň şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça halkara işjeňliginiň ýokary görkezijileri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol görkezijiler bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde beýan edildi. Mysal üçin, hasabat döwründe daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň 456-sy Türkmenistana geldi. Şol döwürde biziň ýurdumyzyň 482 wekiliýeti daşary ýurtlarda boldy. Diňe ýanwar-sentýabr aýlarynyň dowamynda Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara düzümleri bilen bilelikde guralan çäreleriň 189-sy geçirildi.
Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri 92 sany resminama gol çekildi. Olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda türkmen döwleti halkara konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň 129-syna gatnaşýar, biziň ýurdumyz olaryň üçüsine şu ýyl goşuldy.
Bu täsirli görkezijiler, şeýle hem dürli derejedäki resmi myhmanlaryň saparlaryna baý bolan geçen aýyň wakalary dünýä bileleşiginiň oktýabr aýynda özüniň baş baýramyny – Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçen, okgunly ösýän türkmen döwletine gyzyklanmasynyň artýandygynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn daşary syýasat ugrunyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Mysal üçin, 2-3-nji oktýabrda ýurdumyzyň paýtagty BMG-niň Ilat gaznasy ulgamyndaky “UNFPA” – “AccessRH”-niň esasy maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyrmak boýunça maslahatyň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu maslahatyň esasy maksady reproduktiw saglygy goramagyň serişdeleri we olary satyn almak boýunça onlaýn-hyzmatlary etmek baradaky habarlardan ybarat täze “AccessRH” web-portalyny ulanmak boýunça bilimleri ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şol günlerde, 3-nji oktýabrda 2010-njy ýylda bilermenleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna laýyklykda esaslandyrylan toparynyň Utgaşdyryjysy hanym Salome Zurabişwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Daşary işler ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Maliýe ministrliginde, Demir ýol ulaglary ministrliginde, Awtomobil ulaglary ministrliginde, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda duşuşyklar geçirildi, şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna baryp görüldi.
Duşuşyklaryň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky hemişelik hereket edýän edarasynyň wekilleri türkmen döwletiniň oýlanyşykly daşary syýasatyna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasy sazlaşykly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edip, sebitde, şeýle hem bütin dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi biziň ýurdumyzyň milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda yzygiderli ädimleri ädýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary Wladimir Garkunowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek duşuşygyna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler, hususan-da, onuň maksatnamasy, şeýle hem guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu örän ähmiýetli duşuşygy geçirmek 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirildi.
4-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň GDA-nyň işleri we watandaşlar bilen aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Leonid Sluskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri, şol sanda özara peýdaly parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmäge we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga degişli derwaýys meseleler, şeýle hem ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün, 4-nji oktýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmen-german forumynyň başlygy jenap Klaus-Ýurgen Hedrihiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtynda saparda boldy. Germaniýaly myhmanlar biziň ýurdumyzyň ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şeýle hem milli parlamentde kabul edildi, şol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen aýyň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren örän ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistanyň köptaraply diplomatiýasynyň okgunly ösýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Türkmen döwleti sebitleýin, şeýle hem ählumumy möçberde geosyýasy ýagdaýlaryň täze ugurlaryna hem-de okgunly häsiýetine aýratyn üns berýär. Olar halkara howpsuzlyk ulgamynda emele gelen häzirki ýagdaýa we geljege düýpli täsir edýär. Türkmenistanyň geosyýasy ugry dünýä bileleşiginiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga, häzirki zaman dünýäsinde türkmen döwletiniň eýeleýän ornuny we ähmiýetini hil taýdan has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir. Bu babatda Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň ählisi, şol sanda Orta Aziýa sebitiniň döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynda ösüşe eýe bolan deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Toparyň mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
4-nji oktýabrda geçirilen mejlisiň gün tertibine iki döwletiň ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen meseleler girizildi. Şol möhüm meseleleriň hatarynda ulag we energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa, şeýle hem medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri bar.
Geçen aýyň soňraky wakalaryna geçmek bilen, DEVCO-nyň baş direktoratynyň bölüminiň başlygynyň orunbasary jenap Mario Rankoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparyny bellemelidiris. 8-nji oktýabrda myhmanlar Türkmenistanyň ministrlikleriniň birnäçesinde, şol sanda Daşary işler ministrliginde, Maliýe ministrliginde, Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Soňra Adalat ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Tebigaty goramak ministrliginde, Oba hojalyk ministrliginde, Suw hojalyk ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda hem-de Türkmenistanyň Strategiki meýilleşdiriş we ykdysady ösüş institutynda duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň düzüm böleginiň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetiniň durmuş-ykdysady abadançylygyny we yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeler işine tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny beýan edip, şeýle hem dünýä syýasy giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň parahatçylyk döredijilige gönükdirilen ugruna ýokary baha berip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.
Şol günüň ertesi, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete MHG-niň Günorta-Gündogar Ýewropa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Wena şäherindäki wekilhanasynyň sebitleýin direktory hanym Renata Held ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda MHG-niň wekiliýetiň agzalary ozal kabul edilen halkara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek işinde ýurdumyz tarapyndan ädilýän ädimler we anyk işler bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyk-hukuk binýadynda ýurdumyzyň milli parlamenti tarapyndan geçirilýän netijeli kanun çykaryjylyk işine aýratyn ornuň degişlidigi nygtaldy.
Halkara medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlary, halkymyzyň häzirki döwürde gazanýan döredijilik üstünlikleri we baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksadynda 9-njy oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Halkara çagalar festiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň 24 ýurdundan ýaş wekilleriň köp sanlysy gatnaşdy.
Ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Daşary işler ministrligi, Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň gatnaşmagynda guralan uly dostlugyň, zehinleriň we milli medeniýetleriň baýramy dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş zehinleriň 500-den gowragyny jemledi.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çagalar festiwalynyň taryhynda zehinliligi äşgär edilen we döredijilik bilen bagly geljegine badalga berlen çagalar az däldir. Bu festiwalyň ýene-de täze ýyldyzlary ýüze çykarjakdygyna we zehinli ýaşlaryň döredijilik taýdan mundan beýläk-de ösüşine badalga berjekdigine söz ýok.
11-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol dürli ýurtlardan gelen alymlaryň we hünärmenleriň giňden tejribe alyşmagy üçin oňat meýdança öwrüldi, strategik taýdan möhüm bolan azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, täze netijeli ylmy we işjeň gatnaşyklary ýola goýmak işine saldamly goşant goşdy. Foruma gatnaşmak üçin wekilleriň 300-den gowragy türkmen paýtagtyna ýygnandy. Olaryň arasynda oba hojalyk ulgamynda işleýän alymlar, bilermenler, GDA agza ýurtlaryň degişli edaralaryndan gelen hünärmenler bar.
Paýtagtymyzda geçirilen bu halkara çäresine uly gyzyklanma bildirilmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri, oňaýly maýa goýum ýagdaýy, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolan azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýurdumyzyň netijeli daşary syýasat ugurlary bilen şertlendirilendir.
12-nji oktýabrda paýtagtymyzda GDA-nyň Obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, bilermenler gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ylalaşykly obasenagat syýasatyny kemala getirmegiň barşy, dünýädäki azyk bazarlaryny ýagdaýyny kadalaşdyrmagyň häzirki zaman çäreleri barada pikir alyşdylar. Obasenagat toplumynyň ösmegine ýardam bermek, şunuň bilen baglylykda, Arkalaşygyň her bir ýurdunda görülýän çäreler baradaky meseleler beýan edildi, 2012-nji ýylda oba hojalyk pudagynyň işiniň deslapky netijelerine garaldy.
Forumda ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy maksady azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we Arkalaşyga agza ýurtlaryň oba hojalyk önümleriniň we azyk önümleriniň bazarlaryny ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Mejlise gatnaşanlaryň pikirine görä, Aşgabat duşuşygy bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de innowasiýalaryny ornaşdyrmak, obasenagat toplumyna maýa goýumlaryny giňden çekmek işini işjeňleşdirmäge täze kuwwatly itergi berdi.
Islendik halkyň medeni taýdan ösüşi milli medeniýetleriň özara tanyşmagyna we baýlaşmagyna gönüden-göni baglydyr. Ine, şonuň üçin hem ykdysady we syýasy ugur bilen bir hatarda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolup durýar.
“Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Bütindünýä mirasy” atly ensiklopediýa-albom hem hut şu meselä bagyşlanýar. Ol GDA ýurtlarynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde çap edildi. Uly göwrümli owadan bezelen albomda Arkalaşygyň 11 ýurdundan UNESKO-nyň medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyndaky ýadygärlikleriň 35-si, ýagny, gadymy galalar, buthanalar, metjitler, gadymy şäherler, köşk-seýilgäh toplumlary, arheologik we tebigy gözellikler, şeýle hem täsin ýerine ýetirilen žanrlar we çeper senetler, Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly meşhur taryhy-medeni toplumlar şöhlelendirilipdir.
Biziň ýurdumyzyň medeni-taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň gadymy taryhy barada gürrüň berýän ýene-de bir suratly neşiriň çap edilendigini ýatlamalydyrys. “Mary-Arkalaşyk-2012-niň medeni paýtagty. Taryh we häzirki döwür” -- GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde Moskwada neşir edilen kitap şeýle atlandyrylýar.
2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty baradaky meselä daşary ýurtlaryň birnäçe neşirleri hem öz makalalaryny bagyşladylar. Olaryň hatarynda Russiýanyň 1932-nji ýylda M.Gorkiý tarapyndan esaslandyrylan “Za rubežom” atly jemgyýetçilik-syýasy žurnaly hem bar. Žurnalyň ýakynda çap edilen sanynda “Gündogaryň paýtagty” atly makala ýerleşdirilipdir. Onda Mary şäheriniň häzirki durmuşy hakynda gürrüň berýän bezegli suratlar materiala aýratyn öwüşgin çaýýar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň Merkezi Aziýa boýunça parlament toparynyň başlygynyň orunbasary jenap Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary hem Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň okgunly ösýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 11-nji oktýabrda myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edildi.
Ýurdumyzyň milli parlamentinde geçirilen gepleşikleriň barşynda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-german hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ozal ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar nazara alyndy.
Şol günlerde Ýewropa futbol assosiasiýalary birleşiginiň (UEFA) Prezidenti Mişel Platini hem biziň ýurdumyzyň myhmany boldy. 12-nji oktýabrda UEFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetinde kabul edildi, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri we talyplar bilen duşuşdy.
Türkmenistan – GDA çäklerinde hyzmatdaşlyk meselesine gaýdyp gelmek bilen, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Aşgabatda iri forumlaryň birbada birnäçesiniň geçirilendigini bellemelidiris.
Mysal üçin, 15-16-njy oktýabrda türkmen paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy geçirildi. Foruma gatnaşan köp sanly wekilleriň arasynda Arkalaşyga agza bolup durýan ýurtlaryň görnükli syýasatçylary, medeniýet, ylym we bilim işgärleri, döwletara düzümleriniň, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň wekilleri bar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň başlygy Sergeý Naryşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet forumyň hormatly myhmany boldy.
15-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi, şol ýerde myhmanlar milli parlamentiň işi we ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler babatda onuň orny bilen tanyşdylar. Duşuşygyň barşynda häzir hereket edýän we täze bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem Hyzmatdaşlyk hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, Aşgabatda iki döwletiň parlamentleriniň degişli komitetleriniň – Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň we Döwlet Dumasynyň GDA-nyň işleri baradaky komitetiniň bilelikdäki mejlisini geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňetmegiň möhümdigini aýtdylar.
Şol gün Russiýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde kabul edildi. GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek duşuşygyň esasy meselesi boldy.
Mundan başga-da, 16-17-nji oktýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty geçirildi. Wekilçilikli maslahat türkmen topragynda GDA ýurtlarynyň Geňeşine girýän demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleriniň, şu ulgamda işleýän bilermenleriň 150-ä golaýyny ýygnady.
Iki günläp dowam eden maslahatyň işiniň barşynda ýük wagonlaryny ulanmagyň, bu ulgamda toplumlaýyn özara hasaplaşyklary işläp düzmegiň, demir ýollarda ulanylýan enjamlaryň we beýleki zatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň ylalaşylan düzgünlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ýewraziýanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi, sebitde ýükleriň daşalýan möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Forumda iri halkara ulag ulgamynyň “günorta derwezesi” hökmünde Türkmenistanyň aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Biziň ýurdumyz gadymdan bäri yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilýän “Demirgazyk-Günorta” transmilli ulag geçelgesiniň uly ähmiýeti bardyr. Bu geçelgäniň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär, demir ýoluň “Bereket-Serhetýaka” bölegi bolsa ýakyn wagtda ulanylmaga berler.
Şol günlerde, 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmen döwlet habarlar gullugynda (TDH) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Interfaks” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary, GDA we Baltika ýurtlarynda Halkara habarlar topary gulluklarynyň prezidenti jenap Igor Porşnew bilen duşuşyklar geçirildi.
“Interfaksyň” ýokary wezipeli wekiliniň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Russiýanyň habar beriş serişdelerinde dostlukly hem-de doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri baradaky habarlaryň sany artýar. Duşuşyklarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda maglumatlar giňişligini ösdürmek, garaşsyz habar beriş serişdelerini döretmek, multimediýa tehnologiýalaryny peýdalanmak, Internet ulgamyna aralaşmagy giňeltmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmäge we maglumatlar ulgamynda has möhüm ugurlar boýunça tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär.
Türkmen döwlet habarlar gullugynda bolan duşuşygyň barşynda maglumatlar babatda gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi barada gürrüň edildi. “Interfaks” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary özüniň ýolbaşçylyk edýän Halkara “Interfaks” maglumatlar topary gullugy öz işinde Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatlaryna ýygy-ýygydan ýüzlenýändigini, olaryň Türkmenistan hakyndaky möhüm täzelikleriň dogruçyl berilmegine ýardam edýändigini kanagatlanmak bilen belledi.
16-njy oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň mejlisler zalynda “Öňüni alyş diplomatiýasy dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde netijeleri gazanmagyň ygtybarly guralydyr” ady bilen “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, daşary ýurtlaryň ilçihanalaryň wekilleri, halkara guramalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn daşary syýasat we halkara kadalaryna laýyk gelýän degişli milli kanunçylyk bilen berkidilen amatly maýa goýum ýagdaýy, ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýy, ýangyç serişdeleriniň we beýleki tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň işewür toparlarynyň ünsüni barha özüne çekýär. Muny 17-19-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň IV Halkara maýa goýum forumy hem aýdyň görkezdi. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, beýleki halkara maliýe guramalarynyň, şeýle hem dünýäniň 26 ýurdundan kompaniýalarynyň 65-siniň wekilleri gatnaşdylar.
Üç günlük forumyň işiniň barşynda, hususan-da, forumyň çäklerinde geçirilen aýry-aýry mejlislerde milli ykdysadyýetiň esasy ugurlary we pudaklary boýunça, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna, himiýa senagatyna, elektroenergetikasyna we aragatnaşyk pudagyna maýa goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Maliýe-bank ulgamyny, gurluşyk senagatyny, ulag we saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň meseleleri pikir alyşmalaryň aýratyn möhüm ugurlary boldy.
17-18-nji oktýabrda Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň Sergi köşgünde guralan gözden geçirilişi ýurdumyzyň ykdysadyýetiň has ýokary belentliklere tarap ynamly gadam urýandygyny ýene-de bir gezek dolulygyna subut etdi. Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu giň gerimli serginiň işine döwlet we hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň 80-den gowragy gatnaşdy. Ýangyç-energetika toplumynyň we gurluşyk senagatynyň, ulag düzümleriniň we aragatnaşyk pudaklarynyň diwarlyklary bu ugurlarda ynamly üstünlikleriň gazanylandygyny görkezdi.
Şol günlerde Türkiýe Respublikasynyň Eskişäher şäheriniň häkimi jenap Kadyr Koçdemiriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň biziň ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Bilim ministrliginde, Medeniýet ministrliginde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, paýtagtymyzyň häkimliginde, Mary şäheriniň häkimliginde duşuşyklar geçirildi.
Biziň ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy hem-de geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi nukdaýnazaryndan nebit we gaz ulgamy halkara işjeňligi üçin strategiki ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, köp sanly halkara duşuşyklaryna we forumlara gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. Öz nobatynda, türkmen hünärmenleri ýurdumyzyň çäginden daşda geçirilýän iri forumlara hem-de maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä energetika forumyna gatnaşdy.
22-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky XV maslahaty geçirildi. Maslahat gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan, şol sanda Germaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Saud Arabystandan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, şeýle hem GDA ýurtlaryndan biziň arkadaşlarymyz Türkmenistana geldiler.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli oňyn başlangyçlary, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty dünýäniň dürli künjeklerinde watandaşlarymyzyň giň goldawyna mynasyp bolýar, biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat edýär.
23-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary A.N.Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Belarusly hyzmatdaşlar Lebap welaýatyna baryp gördüler, şol ýerde Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdanlarynyň baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bilen tanyşdylar. Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar desgada alnyp barylýan işler, şeýle hem ýokary döwlet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyryldy.
25-nji oktýabrda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Sabin Ulman Şaban tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýetiň agzalary türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe ministrliklrinde we pudak edaralarynda kabul edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda şu ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparynyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak bilen baglylykda türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna degişli meselelere garaldy. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde geçirilen duşuşygyň barşynda syýahatçylyk ulgamynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak baradaky gürrüň dowam etdirildi.
Şondan bir gün soň, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Rumyniýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary, Ýewropa işleri boýunça Döwlet sekretary jenap Bogdan Aureskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Şol gün 26-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Ykdysady syýasat baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Wadim Týulpanowyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa geňeşiniň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň agzasy Artur Çilingarowyň, Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Komitetleriniň agzalary Konstantin Dobryniniň we Igor Koşynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklar geçirildi. Şol ýerde iki dostlukly ýurduň parlamentleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada jikme-jik pikir alşyldy.
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň biziň ýurdumyza saparynyň çäklerinde 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz meseleler hem-de nobatdaky möhüm çärelere taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jemleme hökmünde dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň Lideriniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak babatda ählumumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhümdigine we derwaýysdygyna barha oňat düşünýändigini bellemek bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlary biziň ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ugrunyň kuwwatyny doly derejede açyp görkezýär. Şunda Türkmenistan diňe bir dünýäniň iri energetika döwleti hökmünde däl, eýsem, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine hoşmeýilli erk-islegleri amala aşyrýan döwlet hökmünde hem çykyş edýär.