Ï “Bu günki Türkmenistan bedew bady bilen öňe barýan ýurt”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Bu günki Türkmenistan bedew bady bilen öňe barýan ýurt”

view-icon 1035
2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmüende Türkmenistana bagyşlanan täze neşirler Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Gumanitar Hyzmatdaşlygynyň Halkara Gaznasy bu bezelen albomlary döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu gurama medeniýet, billim, ylym, miras, magolumatlar, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak we goldaw bermek bilen meşgullanýan guramadyr. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihangasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi neşirleri taýýarlamakda maglumatlary bermek arkaly ýardam etdiler.

Täze kitaplaryň her biri – munuň özi häzirki döwürdäki Türkmenistana düşünmegiň özboluşly açary hem-de milli medeniýetiň we halkymyzyň däp-dessurlarynyň baý dünýäsi boýunça ugur görkeziji bolup durýar.


“Türkmenistan – 2012: täsin açyşlaryň ýurdy” atly kitapda ýurdumyzyň häzirki döwri barada milletiň geçmişi we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşdyrylyp, täsirli we suratlar arkaly gürrüň berilýär. Awtorlaryň topary Türkmenistana mahsus bolan medeni-taryhy aýratynlyklara we ýaş garaşsyz döwletiň häzirki ösüşindäki ýagdaýlara okyjynyň ünsüngi çekmäge çalşypdyr. Şol gürrüňde synçynyň düýpli garaýyşlary beýan edýär, şonda ýagdaýlar ýüzleý görkezilmän, olaryň sebäpli we netijeli arabaglanyşygy görkezilýär hem-de ýagdaýlaryň many-mazmuny barada takyk netijä gelinýär we görlüp-eşidilen zatlar täsirli düşündirilýär. Hut şonuň ýaly çemeleşme okyja biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelip gören syýahatçynyň nazary bilen garamaga hem-de özi üçin birgiden täze, gyzykly, täsin galdyrýan, hormat goýulmaga mynasyp ýagdaýlar bilen tanyşmaga hem-de göwnaçyk we sahabatly halkyň kalbyna içgin düşünmäge we türkmenleriň myhmansöýerligine mahsus ýagdaýda onuň özboluşly medeniýetiniň gözeldigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

“Türkmenistan – 2012: täsin açyşlaryň ýurdy” atly albomyň sahabynyň “Bagt köşgüniň” şekili bilen bezelmegi ýöne ýerden däldir: ol özbaşdak ösüşiň we döredijiligiň ýoluny saýlap alan döwletiň täze we bagtyýar eýýamynyň binagärlik nyşany bolup durýar.


Kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşyndaky sözler bilen başlanýar, şonda döwlet Baştutany özara arkalaşykly hereket etmegiň netijeli görnüşi hökmünde GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetlidigini hem-de onuň täze ugurlar we mümkinçilikler bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Türkmenistan hem şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we gepleşigiň çuňlaşdyrylmagyna önjeýli goşandyny goşýar.

Gumanitar Hyzmatdaşlygyň Halkara Gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan hem kitapda okyjylara ýüzlenip, öz gezeginde, dünýäde Türkmenistan baradaky garaýyşlaryň ýylsaýyn özgerýändigini hem-de ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde mynasyp orny eýelemegi başarandygyny belleýär. Gaznanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň taryhynda wajyp ähmiýetli döwre öwrülendigini aýtdy. Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk etmek arkaly işjeň, netijeli ugra eýermegi hyzmatdaşlaryň ählisine biziň ýurdumyzda täzeçe garamaga mümkinçilik berdi.

Kitabyň birinji baby “Täze ýurt” diýlip atlandyrylýar, onda ýurduň häzirki döwürdäki durmuşy, bu ýerdäki adamlaryň ýaşaýşy, şäherlerdäki we obalardaky ýaşaýyş-durmuş şertleri, senagat, oba hojalygy, gurluşyk ýaly pudaklaryň mysalynda ykdysady ösüş depginleri, şeýle hem medeniýet, bilim we beýlekiler barada gürrüň berilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, şunda Türkmenistanyň durmuş we ykdysady abadançylygynyň esaslanýan binýady, şeýle hem ýurduň bitaraplygyň we parahatçylygy döredijiligiň ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy ugry barada gysgaça beýan edilýär.

“Ak mermerli köşkleriň şäheri” atly bapda türkmen paýtagty, onuň 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýer ttitremeden soňra gaýtadan döreýşi we eýýäm soňky ýyllarda düýpgöter täze keşbe eýe bolmagy, döwrebap arhitekturaly, belent binaly we köşkler toplumlary bilen bezelen Aşgabadyň halkara durmuşynyň iri merkezine öwrülendigi barada jikme-jik gürrüň berilýär. Köp sanly gür bagly we amatly seýilgähleriň gurulmagy, paýtagtyň daş-töweregine “gök guşagyň” aýlanmagy şäheri bagy-bossanlyga öwürmek baradaky konsepsiýanyň amala aşyrylýandygyny görkezýär, paýtagt bolsa barha ösýär: täze etraplarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, “Bagt köşgi”, “Türkmenistan” teleradio merkezi ýaly täze ajaýyp binalar gurulýar, Aşgabadyň işewürlik merkezi döredilýär.

“Esasy baýlyk” diýlip atlandyrylýan bapda çagalara, ýaş nesle garaýyşlar, ýurdumyzda çagalaryň ösüşi, olaryň bilim we dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, önümçilik ukyplaryny amala aşyrmagy üçin döredilýän şertler arkaly, türkmen döwletiniň durmuş syýasatynda ileri tutulýan ugurlar äşgär edilýär. Köp sanly mysallar hökmünde Gökderede we Awazada çagalar üçin gurlan ajaýyp sagaldyş merkezleri hem agzalýar, bu ýerlerde çagalar üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrylýar.

“Gadymy siwilizasiýalaryň mirasy”, “Haly – türkmenleriň kalby” atly baplar ýurdumyzyň taryhy-medeni genji-hazynasyna bagyşlanýar. Şunda okyjylar türkmenleriň taryhyna, täsin galdyrýan arheologik ýadygärliklerine, gadymyýete degişli gymmatlyklara, gadymy sungatyň ajaýyp nusgalaryna, şeýle hem halyçy zenanlar tarapyndan el bilen dokalyp, özboluşly çeperçiligiň belentligine ýetirilen halyçylyk ýaly milli medeniýetiň gözel gudratyna degişli birgiden maglumatlar bilen tanyşdyrylýar.

Türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewi hem ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklaryň biridir. “Ganatly arzuw” atly bapda bu täsin galdyrýan, meşhur bedewler, köp asyrdan bäri dowam edýän ýörelgelere görä bedewlere garaýyşlar barada gürrüň berilýär. Şunda dünýäde Türkmenistanyň milli tugrasyny atyň şekili bilen bezän ýeke-täk ýurt bolup durýandygy hem-de munuň dünýäniň döwlet geraldikasynda täsin galdyrýan ýagdaýdygy we bedewiň milli gymmatlyklaryň ulgamyndaky derejesini görkezýändigi bellenilýär. “Bu günki Türkmenistan bedew bady bilen öňe barýan ýurtdur!”

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy barada aýratyn gürrüň berilýär. Türkmen kenarynda döredildýän halkara derejeli şypahana “Hazaryň dür dänesi” diýlip atlandyrylýar, onuň basym sebitdäki belli syýahatçylyk merkezleri bilen bäsleşip biljekdigi aýdylýar.

Kitap Türkmenistanyň tebigatynyň gözel künjeklerini, onuň özboluşly landşaftlary, goralýan ýerler, dürli görnüşdäki tebigat we haýwanat dünýäsi barada söz açýän bölüm hem-de türkmen aşpezleriniň taýýarlaýan nygmatlary, tagamlary taýýarlamagyň ýörelgeleri we beýlekiler barada gürrüň berýän “Desterhandaky gudrat” atly bölüm bilen jemlenýär. Şunda meşhur türkmen gawunyna aýratyn orun berlipdir, şahyrana setirler arkaly gawunyň artykmaç taraplary wasp edilýär.

Köp sanly fotosuratlar bu neşiriň owadan we täsirli bolmagyna ýardam berýär, şolaryň arasynda Türkmen döwlet habarlar gullugyna degişli suratlar hem ulanylypdyr.

Ikinji kitap “Mary – GDA-nyň medeni paýtagty – 2012” diýlip atlandyrylýar. Ol gadymy Merwiň we Beýik ýüpek ýolunyň döwründen başlap, biziň günlerimize çenli bu şäheriň dünýä siwilizasiýasy üçin taryhy we medeni ähmiýeti barada gürrüň berýän bezegli neşirdir.

Öz döwründe Gadymy Merw täze oý-pikirlere we ylmy açyşlara, medeni taýdan ösüşe badalga beren ýer bolupdyr, şu ýagdaýlar tutuş sebitiň ösüşine, günbataryň we gündogaryň medeniýetleriniň netijeli sintezine öz täsirini ýetiripdir. Bir wagtlar hut şu ýerden Beýik ýüpek ýoly arkaly kerwenler gatnapdyr, tanymal alymlar we filosoflar, matematikler we lukmanlar, sazandalar we edebiýatçylar ýaşapdžyrlar we döredipdirler. Bir söz bilen aýdanyňda, gadymy Merw Merkezi Aziýada ylmyň has ösen ilkinji şäherleriniň biri bolupdyr. Bu ýer Gündogaryň sungatynyň ösen we pähim-paýhasyň jemlenen ýeri hasaplanypdyr. Ýeri gelende aýtsak, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawunda gadymy Merw Orta Aziýada has iri taryhy şäher hökmünde aýratyn orny eýeleýär.

Häzirki wagtda taryhyň ruhy siňen we oňa hormat bilen garalýan Maryda bir wagtlar siwilizasiýalaryň, bilimleriň we medeniýetleriň çatrygynda ýerleşen şäheriň öz däp-dessurlary täzeden dikeldilýär. Bu ýerde täze mekdepler, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň ajaýyp binalary gurulýar hem-de dürli ýurtlardan gelen myhmanlar göwnaçyk ýagdaýda garşy alynýar. Arkalaşygyň täze medeni paýtagty geljekde-de şu ýörelgelere eýermeg hem-de muny GDA-nyň giňişliginde we tutuş dünýäde wagyz etmegi göz öňünde tutýar.

“Mary – Arkalaşygyň medeni paýtagty” atly kitapda okyjy şäheriň taryhy we onuň ykbaly, häzirki güni we geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylýar.

Dört müň ýyla golaý wagt mundan ozal Merw diýen at dürli ýazgylarda ulanylyp, adaty şäheriň ady bolmak bilen çäklenmän, “döwrüň ölçegine” öwrüldi. Kitapda arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň barşynda ýüze çykarylan täsin tapyndylar we artefaktlar, täsirli foto material arkaly marguşlylaryň binagärlik, sungat we senetçilik boýunça gazananlary barada täsirli gürrüň berilýär.

Ösüşe eýe bolan döwürlerinde bu şäher bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Ýöne ol öňki şan-şöhratyny ýitirmän, henize çenli özüniň döredijilikli däp-dessurlaryny saklap gelýär hem-de Türkmenistanyň welaýatynyň sazlaşykly ösýän dolandyryş merkezi bolmagynda galýar.

Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejä eýe bolmak arkaly, Mary şäherine öz taryhy-medeni baýlygyny görkezmäge, GDA goşulýan ýurtlar bilen aragatnaşygy giňeltmäge, halkara derejesinde Türkmenistanyň gözel künjekleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredi.

“Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bütindünýä mirasy” atly ensiklopediýanyň – albomyň sahypalarynda-da bu mese barada gürrüň berilýär, şol neşir hem GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Gumanitar hyzmatdaşlygynyň Döwletara Gaznasynyň goldaw bermeginde çap edildi we bu barada TDH tarapyndan ozal habar berildi. Uly göwrümli we bezelen kitapda Arkalaşygyň ýurtlarynyň 11-siniň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna goşulan ähli desgalary barada gürrüň berilýär.

Milli medeniýetleriň köp öwüşginli bu “halysynda” olaryň ýörelgeleriniň we gymmatlyklarynyň bezeginde Türkmenistanyň mirasy hem ajaýyp “göl” hökmünde görkezilýär. Ol biziň zehinli ata-babalarymyzyň dünýäniň siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär. GDA-nyň Bütindünýä mirasynyň ensiklopediýasynda Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly meşhur taryhy-medeni toplumlar giňişleýin görkezilýär.

Daşary ýurtlaryň döwürleýin neşirleriniň hem birnäçesi 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagtyna degişli makalalary çap etdiler. Bbularyň arasyndan Russiýanyň “Za rubežom” atly meşhur jemgyýetçilik-syýasy žurnalyny görkezmek bolar. “Gündogar paýtagty” atly makalada Mary barada aýdylyp, bu şäheriň ilkinji nobatda däp-dessurlara ygrarlylygy, ata-babalara hormat goýmak, myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen tapawutlanýandygy bellnilýär. Şol sözler şäheriň we tutuş ýurdumyzyň ruhuny äşgär edýär hem-de ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň we hişniýetli goňşuçylygyň nesilden-nesle geçýändigini, türkmenleriň parahatçylygy söýüjilikli häsiýetiniň we häzirki döwürde Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji ugrunyň hut şolara esaslanýandygyny aýdyň görkezýär.