Ï Milli mirasyň obýektleri – kanunyň goragy astynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli mirasyň obýektleri – kanunyň goragy astynda

view-icon 6070
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky mejlisinde „Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda“ Kanun kabul edildi. Bu Kanun milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Häzirki wagta çenli 1992-nji ýylda kabul edilen „Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärliklerini goramaka hakynda“ Kanun hereket edýärdi. Iki on ýyllygyň dowamynda täze kanunyň kabul edilmegini şertlendiren hukuk ulgamynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi. 1993-nji ýylda Türkmenistan medeni we tebigy ýadigärlikler babatynda kesgitli düzgünleri we ýeketäk standartlary üpjün edýän ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýasyna goşulyşdy.

Şunuň bilen baglylykda ilkinji nobatda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine nämäniň degişlidigini anyk kesgitlemek zerurdy. ÝUNESKO-nyň Konwensiýasy medeniýetiň ýeketäk gurluşlar, ansambllar, ajaýyp ýerler ýaly diňe gozgalmaýan ýadigärliklerine degip geçýär. 1992-nji ýylda kabul edilen kanun hem gozgalmaýan obýektlere (muüeý eksponatlary) degip geçýär. Bu bolsa, ony ulanmakda belli bir çylşyrymlyklary döredýär. Indi biz halkara kadalaryna laýyk gelýän doly, häzirki zaman, degerli hukuk resminamasyna eýe bolduk.

Gozgap bolýan ýadigärlillere nämeler degişlidigi barada aýdylanda bolsa, onda Türkmenistanda „Muzeýlar we muzeý işleri hakynda“, „Gozgap bolýan medeni gymmatlyklary goramak, getirmek we äkitmek hakynda“, „Kitaphanalar we kitaphana işleri hakynda“, „Türkmenistanyň çeper-amaly döredijiligi hakynda“, „Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işleri hakynda“ ýaly degişli kanunlar kabul edildi.

Täze kanunyň esasy we has möhüm ýagdaýlary barada aýdyp geçmek bilen, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerine düşünje girizilendigini bellemelidiris. Olara türkmen halkynyň taryhy, arheologik we arhitektura we beýleki nukdaýnazarlar bilen Türkmenistanyň medeni mirasy we ýurduň taryhy we medeniýeti üçin olaryň aýratyn ähmiýetinden hem-de olary diňe beýleki döwletlere bermek hukugy bolmazdan degişliliginden ugur alyp, Türkmenistanyň milli medeni üstünligini düzýän, taryhy-medeni ähmiýete eýe bolan obýektler (maddy gymmatlyklar) degişlidir.

ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna laýyklykda gozgalmaýan ýadigärlikler indiki görnüşlere: aýratyn duran ýadigärliklere, ansambllara, gözel ýerlere bölünýär. Olar indiki derejelere: halkara (ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan we goşmaklygy nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we medeniýetine akyl ýetirmek üçin m]hüm ähmiýete eýe bolan) derejeli; umumydöwlet we ýerli ahmiýetli derejelere bölünýär.

Şeýle hem kanuna bap girizilip, ol Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynynyň obýektleriniň Döwlet reýestri degişli bolan maddadyr. Şol bir wagtyň özünde Döwlet taryhy-medeni seljeriş we milli taryhy-medeni mirasynyň obýektlerini aýap saklamak boýunça çäreleri göz öňünde tutýan bapdyr. Döwlet taryhy-medeni goraghanalar, taryhy mekanlar we beýleki görnüşlerde döredilen aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerlere özbaşdak bap berilendir.

Şeýlelikde, kanun medeni ýadigärlikleriň häzirki zaman dünýäsinde umumy kabul edilen ýörelgeleri, barabarlygy saklamaga kepil bolup hyzmat eder.

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň döwlet goragy kanunçylygy berjaý etmek üçin obýektleri hasaba almak we Döwlet reýestrini ýöretmek bilen; seljerişi geçirmek bil0en; gorag zolaklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak we beýleki çäreler arkaly döwlet tarapyndan gözegçiligi üpjün edilýär. Şeýle hem Kanun milli taryhy-medeni mirasyny goramak babatda döwlet guramalary tarapyndan utgaşdyrylmagy we olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Täze kanun taryhy we medeni ýadigärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirligini ygtybarly döwlet edrasy hňkmünde onuň derejesini düşnükli we anyk kesgitleýär, şeýele hem ýadigärlikleri goramak işinde ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ornuny kesgitleýär.

Milli müdirlik üçin öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin kanunyň obýektleri hakynda bank maglumatlaryny öz içine alýan milli taryhy-medeni obýektlerine Döwlet reýestri hakyndaky baby, şeýle hem döwlet selejerişi hakyndaky baby möhüm bolup durýar. Onuň maksady obýektiň reýestre goşulmagyny esaslandyrmakdan, onuň ähmiýetiniň derejesini kesgitlemekden, şeýle hem bellenilýän ýergurluşyk, ýer, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri goramak zolaklarynyň taslamalarynyň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini döwlet tarapyndan goramagyň talaplaryna laýyk geliş derejesini kesgitlemekden ybarat bolup durýar.

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak boýunça çäreleri, taryhy we medeni ýadigärlikleriniň gazyp-agtaryşlaryny we gözleglerini alyp barmak meselerine garaýan milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak baby örän möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllaryň içinde taryhy-medeni obýektleri aýap saklamaga çemeleşmek düýpgöter özgerdi. Bu 1992-nji ýylda kabul edilen kanunda beýan edilmeýärdi. Häzirki wagtda ýadigärlikleriň gurluşyna goşulyşmak diňe adaty däl ýagdaýlarda geçirilýär we onda materiallar diňe ýüzlerçe ýyl mundan ozal gurulan wagtyndaky materiallar ulanmak bilen çemeleşilýär.

Kanunyň bu işe ygtyýarlandyrylan guramalar bilen bir hatarda ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan maddasy derwaýys we öz wagtynda kabul edilen çözgüt bolup durýar. Olar mirasyň obýektlerini üýze çykarmaga täsir etmäge, olarda ylmy-gözleg işlerini geçirmäge, ýaýratmaga ýardam etmäge, obýektler boýunça ylmy maslahatlary bermäge ýakyndan kömek bererler. Taryhyň we medeniýetiň ýadigärliklerini aýap saklamak ýaly meseleler döwletiň we bütin jemgyýetiň möhüm meselesi bolup durýandygy sebäpli bu kanunyň möhüm ýagdaýydyr. Aýratyn hem bu işe öz ýurdunyň we halkynyň taryhynda tebiýelenýän ýaşlary çekmek örän wajyp bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda kanunyň 57-nji maddasyny bellemek zerurdyr. Onda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak işinde höweslendiriji çäreler göz öňünde tutulýar.

Taryhy- medeni miras – halkyň taryhynyň möhüm bölegidir, onuň buýsanjydyr, onuň ruhy taýdan ösüşiniň binýadydyr. Şu nukdaýnazardan „Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda“ täze Kanunyň kabul edilmegi türkmen halkynyň özüniň medeni-milli özboluşlylygyny saklamaklyga we ösdürmeklige, goramaklyga, ýaşaýşyň taryhy-medeni ulgamyny dikeltmeklige we aýap saklamaklyga; Türkmenistanyň çäklerindäki medeniýetiň döredilmegi we ösdürilmegi baradaky maglumatlar çeşmelerini aýap saklamaklyga we goramaklyga hukuk taýdan üpjün edýär.