Ï Türkmenistan – dünýäniň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze binagäri!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – dünýäniň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze binagäri!

view-icon 9073
Türkmen döwletiniň oňyn tejribesi BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşinde uly ähmiýete eýe bolýar

BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (YDG) agzalygyna saýlanandygy baradaky habar esasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýradyldy.

Ykdysady we Durmuş Geňeşi Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň altysynyň biri bolup durýar. Ol BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň 14-siniň, funksional toparlarynyň dokuzysynyň we sebitleýin toparlarynyň bäşisiniň ykdysady, durmuş we beýleki degişli işini utgaşdyrmaga jogap berýär.

Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ägirt uly serişdelerine garamazdan (BMG-niň tutuş ulgamynyň adam we maliýe serişdelerini 70 göterimden gowragy bu guramanyň ygtyýaryndadyr), soňky ýyllarda ählumumy ykdysadyýeti dolandyrmak jähtinden onuň orny ep-esli artdy.

Her ýyl Ykdysady we Durmuş Geňeşine agza bolan 50-den gowrak döwletiň üçden biri täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, kanunalaýyk sowal örboýuna galýar: Türkmenistan nämäniň netijesinde iň abraýly halkara guramasynyň esasy edaralarynyň biriniň agzasy boldy?

Ykdysady we Durmuş Geňeşine girmegiň syýasy we beýleki meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyryldy. Soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine, Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýörite we sebitleýin toparlarynyň işine işjeň gatnaşdy. Özara bähbitli gatnaşyklary saklamak maksady bilen, biziň ýurdumyzyň ykdysady edaralary türkmen döwletiniň ykdysady taýdan durnukly ösýändigini hem-de ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň we gazanylan ösüşiň netijelerini yzygiderli açyp görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň özüniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen resmi duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine girmegi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny hasaba almasaň, onda biziň ýurdumyzy BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna görkezmek baradaky haýyşnamalary taýýarlamak baradaky başlangyç ilkinji gezek iki ýyldan gowrak wagt mundan ozal hökümetiň mejlisinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda beýan edilipdi. Şondan soňky ýyl milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna Türkmenistanyň kandidaturasynyň görkezilýändigini bütin dünýä mälim etdi. Bu başlangyç yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirilip, türkmen döwletiniň haýyşnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylky 67-nji mejlisinde hem tassyklanyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň dürli düzümleýin bölümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda işjeň iş alyp barmagy hem ýurdumyzyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolmagyna ýardam etdi. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň ygtybarly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Başlyklygyna, şeýle hem BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri baradaky komissiýasynyň, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanylmagyna itergi berdi.

Ýöne Türkmenistanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş babatda gazanan uly üstünlikleri möhüm orun eýeledi.

Bütindünýä bankynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ýokary ykdysady ösüşi (soňky bäş ýylda ykdysady ösüş ortaça 11 göterime barabar boldy) jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberiniň çalt ösmegine getirdi. 2007-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň jemi içerki önümi iki esse artdy, 2005-nji ýyldan bäri bolsa üç esse ýokarlandy. Şu ýyl bu görkeziji Türkmenistanda girdejileriň ortaça ýokary derejeli ýurt üçin umumy ykrar edilen sepgitden ýokary boldy.

Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş-ykdysady ösüş ulgamynda durmuşa geçiren takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatynyň netijesinde mümkin boldy. Şu syýasatyň amala aşyrylmagy durnukly we okgunly ösüşi, maliýe we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine çalt uýgunlaşmagy üpjün etmek bilen Türkmenistanyň esasy strategiki maksadyna – ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyny ösen döwletleriň derejesine çenli ýokarlandyrmak maksadyna ýetmegi üçin ygtybarly binýady döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy ykdysady ýagdaýa we maliýe ulgamynyň durnuklylygyna oňyn täsir etdi. Bu gaznanyň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýum taslamalarynyň maliýeleşdirilmegini goldamaga gönükdirildi. Munuň özi ykdysadyýetiň aýry-aýry ulgamlaryna daşky ýagdaýlaryň ýaramaz täsiriniň derejesini peseltmäge mümkinçilik berdi. Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň bir bölegi enjamlary hem-de ýokary tehnologiýaly önümleri, ulag serişdelerini satyn almak boýunça maksatnamalary maliýeleşdirmäge hem gönükdirildi. Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga we hojalygy ýöretmegiň kämil usullaryna geçmäge mümkinçilik berdi.

2011-nji ýylda Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň esasynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň döredilmegi degişli düzümi giňeltmekde möhüm ädim boldy. Bu bankyň esasy wezipeleriniň biri hem milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak baradaky iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybaratdyr. Bankyň höweslendiriş çäreleri bilen bagly işi ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, bäsleşige ukyply önümleri we tehnologiýalary döretmäge gönükdirilendir.

Öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde yzygiderli häsiýete eýe bolan dünýäniň ykdysady çökgünligi Türkmenistanyň maliýe ulgamyna täsirini ýetirip bilmedi. Soňky ýyllarda bank ulgamy giňeldildi, kärhanalaryň gatnaşmagyndaky karz bermek amallarynyň sany bolsa ep-esli artdy. Aýratyn hem şol amallar ykdysady ösüş we diwersifikasiýa üçin ileri tutulýan pudaklarda üstünlikli amala aşyryldy. Yzygiderli maliýe çökgünligi hemişe dolandyrmagyň täze nusgasynyň peýda bolmagyny, şol sanda döwletiň ykdysady ornunyň ep-esli üýtgemegini, ykdysady ösüşiň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagynyň güýçlendirilmegini göz öňünde tutýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň ýokary depgininiň saklanylmagyny üpjün edýän innowasiýalaryň kemala gelen maliýe ulgamyny dolandyrmaga degişlidir.

Bularyň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy. Ählumumy, sebitleýin we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňde goýlan milli wezipeleri çözmäge şeýle maksatnamalaýyn çemeleşmek durnukly ösüşi, maliýe we durmuş durnuklylygyny, ykdysadyýetdäki özgerişliklere çalt uýgunlaşylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Esasy makroykdysady görkezijileri kemala getirmekde milli puluň alyş-çalyş hümmetiniň möhüm orny nazara alnyp, puluň hümmeti baradaky syýasat fundamental ykdysady ýagdaýlaryň täsiri bilen şertlendirilen alyş-çalyş hümmetini durnukly ýagdaýda saklamaga gönükdirilendir. Puluň hümmeti bilen baglanyşykly syýasat, şeýle hem harytlary iberijileriň we harytlary alyjylaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny gazanmaga, milli pula bolan ynamy berkitmäge we türkmen ykdysadyýetine maýa serişdeleriniň goýulmagynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet dolandyryşynyň esasy ykdysady usullarynyň biri hem ykdysadyýeti býujet taýdan dolandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Döwlet býujeti ep-esli profisit bilen ýerine ýetirilýär. 2011-nji ýylyň ýylyň netijeleri boýunça ol jemi içerki önüme degişlilikde 3,6 göterime barabar boldy. Şu ýyl hem Döwlet býujetiniň profisiti ýokardyr. Esasan hem, ol salgytlardan gelýän serişdeleriň artmagynyň hasabyna gazanylýar. 2011-nji ýylda býujetiň girdejileri 2010-njy ýylyň derejesi bilen deňeşdirilende 1,5 essä golaý ýokarlandy.

Soňky ýyllaryň dowamynda býujet çykdajylarynyň durmuş ugurly bolandygyny bellemelidiris – býujet serişdeleriniň 75 göterimden gowragy durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmäge gönükdirilýär. Her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary üçin tölegleriň çykdajylary ortaça 10 göterim ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ilatyna elektrik energiýadan, tebigy gazdan, suwdan, duzdan muzdsuz peýdalanmak üçin berilýän ýeňillikler, şeýle hem her aýda 1 awtoulag üçin 120 litr benzini muzdsuz bermek baradaky ýeňillikler saklanyp galdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi soňky ýyllarda bellenilen oňyn meýilleriň ählisiniň güýçlenmegine ýardam berdi we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ynamly, depginli ösüşini üpjün etdi, ol ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça çäreleriň, alyş-çalyş hümmetiniň öň geçirilen unifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de şondan soň amala aşyrylan pul reformasynyň, býujetiň çäklerinde býujetden daşary ep-esli serişdeleriň jemlenmeginiň, şeýle hem kiçi we orta kärhanalara edilýän goldawyň giňelmeginiň amatly täsirini başdan geçirmegini dowam etdirdi.

Daşarky islegiň dikeldilmegi hem-de ep-esli maýa goýum işjeňliginiň saklanylmagy hem durmuş – ykdysady ösüşiň jemlerine oňyn täsir etdi. Bularyň hemmesi ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, iri möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň ählisini durmuşa geçirmegi ynamly dowam etmegi üpjün etdi.

2008-nji ýylda Ykdysadyýet we maliýe ministrligini Maliýe ministrligine hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrligine bölmek, şeýle hem Strategiki meýilnamalaşdyryş hem-dy ykdysady ösüş institutynyň döredilmegi hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden çözgüdiniň hem ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Häzirki zaman eýýamynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek, zähmet we ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine degişli meseleleri kadalaşdyrmak, ilatyň zähmet hukuklaryny hem-de kepillendirmelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini döretmek hakynda çözgüdi kabul edendigini hem belläp geçmeli.

Saglygy goraýşyň durmuşa ugur alan ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistan soňky ýyllarda yzygiderli özgertmek bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürip, oňa ilaty durmuş taýdan goramagyň köp maksatly ulgamynyň derejesini berdi.

Ilatyň näsaglamagynyň derejesini peseltmegiň yzygiderli amala aşyrylýan strategiýasy saglygy goraýyş babatda döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan sanjym işleri mugt geçirilýän ýurt bolmak bilen, ilatyň sanjym serişdeleri we immunizasiýa bilen üpjün edilmeginiň derejesi boýunça sebitde esasy orny eýelemek bilen immunoprofilaktika boýunça çäreleri amala aşyrýan döwletleriň birinji hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz uzak möhletli “Saglyk” maksatnamasyny tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirmek, syrkawlamagyň derejesini peseltmegiň strategiýasyny amala aşyrmak bilen keselleriň köp görnüşlerinden doly ýa-da kem-käsleýin dyndy. Türkmenistan abraýly halkara düzümleriniň agzasy bolmak bilen, özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge, sebitleýin we halkara ähmiýetli ykdysady meseleleriň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga özüniň önjeýli goşandyny goşýar. Şweýsariýa toparyna girýän ýurtlaryň dolandyryjylarynyň geçen ýylda bolan aralyk duşuşygyny, şeýle hem “Giň möçberli maliýe ulgamy we onuň durnukly ösüşiniň sebitara ölçegleri” ady bilen şu ýyl halkara pul gaznasy we bütindünýä banky bilen bilelikde geçirilen ýokary derejedäki halkara maslahatyny aýdyň mysal hökmünde getirmek mümkindir.

Halkara pul gaznasynyň maglumatlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Maglumatlara laýyklykda, 2010-njy ýylda jemi içerki önümiň hakyky ösüşi 9,2 göterime barabar boldy, 2011-nji ýylda bu görkeziji 14,7 göterime ýetdi. Mundan başga-da, olaryň çaklamalary boýunça 2012-2013-nji ýyllarda pes ösüş depginleri bolan mahaly hem bu görkezijiniň ortaça 8 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.

Amala aşyrylan giň möçberli we düýpli özgertmeleriň kanunalaýyk netijesi hökmünde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri durnukly häsiýetde bolmagynda galdy. Türkmenistanyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýy ýokarlandy, munuň özi biziň ýurdumyzyň halkara bazarlarynda abraýynyň pugtalanmagyna getirdi. Bularyň hemmesi Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş Geňeşine saýlanmagy üçin Milletler Bileleşigine esas boldy.

Şu ýerde şeýle sowal gelip çykýar, ýagny, Türkmenistan BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiň agzasy bolmak bilen, dünýä üçin näme berip biler?

Gürrüňsiz suratda, ähli ugurlarda we durmuş ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda,milli ösüş strategiýasyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde ýokary netijeleri gazanan Türkmenistan ýeterlik derejede baý tejribe toplady we ilatyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gazanmak maksady bilen geçirilýän çäreleriň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdiriji maslahatlary işläp taýýarlamaga beýleki ýurtlara ýardam berip biler.

Indi Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolup, Türkmenistan globallaşmaga, beýleki döwletler we abraýly halkara guramalary bilen köp görnüşli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, uly mümkinçiliklere eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyçlar ýurdumyzy we tutuşlygyna alnanda, sebitleri durnukly ösdürmäge, sebitleýin hem-de giň möçberlerde durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Munuň özi biziň ýurdumyza dünýä ykdysady giňişliginiň möçberinde täze derejä çykmaga we geljekde dünýä bileleşiginiň iň ösen döwletleriniň hatarynda has mynasyp orny eýelemäge anyk mümkinçilikleri berer. Ozal bellenilip geçilişi ýaly, biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi boýunça hyzmatdaşlar bilen has ýakyndan gatnaşyk edip, beýleki ýurtlarda öwrenmek we giňden ulanmak üçin soňky 5 ýylda toplanan oňyn tejribäni hödürlemäge doly derejede ukyplydyr. Munuň üçin esaslar ýeterlik bar, ýurdumyzyň keşbini oňat tarapa tanalmaz ýaly özgerden hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyran uly möçberli ykdysady we durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda Türkmenistan has uly üstünlikleri gazandy.

Türkmenistan maliýe-ykdysady çökgünlilik netijesinde ýüze çykan, bütin dünýäni aljyraňňylyga salan başagaýlygyň zyýanly netijelerine üstünlikli hötde geldi we şonuň üçin hem onuň bazar gatnaşyklarynyň özgerýän şertlerinde Milli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmagyň üsti bilen döwleti düzgünleşdirmekdäki gymmatly tejribesini dünýä bileleşigine hödürlemäge hukugy hem-de mümkinçilikleri bardyr. BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň belli bir maksatly hem-de sebitleýin toparlarynda durmuşa ugur alan bazar ykdysadyýetini kemala getirmek boýunça iş ýüzündäki tejribesini bermek köp ýurtlar üçin, şol sanda ykdysady taýdan ösen döwletler üçin peýdaly bolardy. Mundan başga hem, Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşine girip, Merkezi Aziýanyň, Hazar sebitiniň we goňşy sebitleriň giň çäklerinde BMG-nyň dürli düzümleriniň işini işjeňleşdirmek üçin biziň ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly düzümleýin mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak mümkinçiligini halkara bilelelişigine hödürlemäge ukyplydyr. Mälim bolşy ýaly, bu babatda Türkmenistanda tejribe bar.

Ykdysady, durmuş, ekologiýa ugurlarynda wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri bize durmuş derejesini we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ykdysady we durmuş ugurlarynda, saglygy gorýaýyş ulgamynda halkara meselelerini çözmegiň usullaryny kesgitlemäge, ýardam etmek, ylym, medeniýet, bilim we başgalar babatda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam etmek ýaly Ykdysady we Durmuş Geňeşine ýüklenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak boýunça dürli döwletlere maslahatlar taýýarlanylan mahaly öz tejribesini hödürlemäge bize hukuk berýär.

Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy hökmünde bu guramany pugtalandyrmaga, dünýäniň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga, BMG-niň bu möhüm edarasynyň abraýyny we täsirliligini ýokarlandyrmaga işjeň ýardam eder. Bu gurama bilen doly möçberli we belli bir maksada gönükdirilen hyzmatdaşlyk etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň seçip alan strategiki ugrudyr. Sebäbi biziň Liderimiz Birleşen Milletler Guramasyna “Giň möçberli gatnaşyklaryň häzirki zaman ähli ulgamlarynyň esasy daýanjy, parahatçylygy we halkara derejesinde bähbitleriň sazlaşygyny gorap saklamagyň, bar bolan howpsuzlyk arhitekturasynyň durnuklylygynyň kepillendirmesi hökmünde garaýar”.