Ï Türkmenistan – dünýäde nebitgaza baý döwletdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – dünýäde nebitgaza baý döwletdir

view-icon 6746
Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan „Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2012“ halkara sergisi tamamlandy. Her ýylda geçirilýän bu sergi daşary ýurt kompaniýalarynyň we firmalarynyň onlarça menejerlerini we ýolbaşçylaryny ýygnady.

Sergi merkeziniň zallarynda gözleg-agtaryş ulgamynyň önümleri we hyzmatlary, uglewodorod çig malyny gazmak we daşamak, çuň burawlamak, hazar deňüinde taslamalary amala aşyrmak üçin gerek bolan deňiz gözlegi we kenar ulgamynyň gurluşygy, turba geçirijileriniň döwrebaplaşdyrylmagy we gurluşygy, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak giňden görkezildi.

„Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllar döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna“ laýyklykda ýurtda gazyň çykarylyşy ýylda 230 milliard kubmetre ýetiriler (eksport üçin 70 göterimden gowragy), uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde bolsa, 1,1 million tonna suwuklandyrylan gaz, 750 müň tonna poliproplen öndüriler, şeýle hem köp möçberde – polietilen, plastmass önümleri, sintetiki sapaklar we beýleki önümler öndüriler.

Islendik energetika ýurdunyň nebitgaz toplumynyň ýokary maksadyny amala aşyrmagyň ilkinji şerti – bu ýurtda iri nebitgaz ätiýaçlyklarynyň bolmagydyr we täze ýataklaryň yzygiderli açylmagydyr.Häzirki wagtda Türkmenistanda nebitiň we gazyň iň iri ätiýaçlyklarynyň bardygyna hiç kim şübhelenmeýär. „Mawy ýangyjyň“ ätiýaçlyk möçberleri boýunça ol dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda „Galkynyş“ gaz ýatagyndan başga hem,Türkmenistanyň iň iri gaza baý döwletleriň biridigini täzeden tassyklaýan Günorta Gutlaýak, Agarguýy, Demirgazyk Gazlydepe, Derwezekem, Şabasan ýaly uglewodorod ýataklary açyldy.

Prezident Gurbangule Berdimuhamedowyň täze energetika syýasatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem gazyň eksportyny atrdyrmak bolup durýar. Biziň ýurdumyzda 2007-nji ýyla çenli gaz iki ugur boýunça eksporta iberilýärdi. Birinjide gaz Döwletabat-Derýalyk turba geçirijisi arkaly Özbegistanyň weGazagystanyň üsti bilen Russiýa ugradylýardy, ikinjide bolsa, Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisi boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iberilýärdi. Prezidentiň uglewodorod çig malynyň eksport ugurlaryny häzirki zaman diwersifikasiýasy boýunça ýörelgeelrini durmuşa üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde öňki hereket edýän gaz geçirijileriniň üstüne 2009-njy ýylyň dekabr aýynda ýene-de bir uzynlygy 7 müň kilometr bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi goşuldy. 2010-njy ýylyň iýun aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaýyň Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy He Gosýan bilen bolan gepleşikler wagtynda türkmen gazynyň iberilýän mukdaryny 40 milliard kubmetre çenli artdyrmak we Hytaýa ikinji gaz geçirijisini çekmek barada ylalaşyldy.

2010-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda uzynlygy 30,5 kilometr we ýyllyk kuwwatlylygy 12,5 millard kub metr bolan Döwletabat-Sarahs-Hangeran täze gaz geçirijisi ulanylmaga berildi. Bu täze gaz geçirijileri 2010-njy ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda türkmen gazyny göňşy döwletlere eksport etmegi artdyrmak barada gazanylan ylallaşyklary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açdy.

2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda täze taryhy taslama – TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna itergi beren „Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan“ sammiti geçirildi. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hidistan gaz geçirijisi türkmen gazyny ýylda 33 milliard kub metre çenli eksport etmäge mümkinçilik berer. „Galkynyş“ gaz ýatagyndan „mawy ýangyjy“ aljak täze energetika köprüsiniň uzynlygy 735 kilometr töweregi bolar.

Halkara derejesinde audit geçirmek baradaky döwlet baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, 2008-nji ýylda „Galkynyş“ gaz ýatagynda britaniýanyň „Gaffneý, Gline & Assosiates“ britan audit kompaniýasy tarapyndan audit geçirildi. Onuň netijeleri Türkmenistanda „mawy ýangyjyň“ ägirt uly gorlarynyň bardygyny görkezdi.

Ýurduň Prezidenti „Türkmengaz“ we „Türkmennebitgazgurlyşyk“ Döwlet konsenlerine gurluşygyna 2010-njy ýylyň maý aýynda başlanan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygyny tabşyrdy. Bu biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-tehniki taýdan kuwwatlylygynyň nobatdaky tassyklamasy boldy. Uzynlygy 800 kilometr töweregi we geçiriş mümkinçiligi ýylda 30 milliard kubmetr bolan bu täze gaz geçirijisi Döwletabat-Derýalyk gaztransport magistralynyň „Şatlyk“ gaz kompressor bekedinden başlanyp, Balkan welaýatynyň Belek bekedine çenli uzaýar. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygyny 2015-nji ýylyň ortalaryna tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Döwlet baştutanynyň täze energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem önümi paýlaşmak esasynda işi guramak, daşary ýurt maýa goýujylarynyň sanyny artdyrmak bolup durýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Malaýziýanyň „Petronas“, BAE „Dragon Oil“ ýaly kompaniýalary işleýär. 2007-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Kanadadan „Buried Hill“ kompaniýasy işe başlady, gury ýerde ýataklary özleşdirmekde – hytaýyň СNPС kompaniýasy iş alyp barýar. 2009-njy ýylda dünýä belli bolan „Itera“ we „RWE“ iri kompaniýalar Hazar deňziniň kenaryny özleşdirip başladylar. Bu günki gün ABŞ-ň „Eххon Mobil“, „СonoсoPhillips“, „Сhewron“, „Maraphon Oil“ kompaniýalary, „Shell“ bilelikdäki iňlis-golland kompaniýasy biziň ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda öz işlerini ýaýbaňlandyrýarlar.