Ï Türkmenistan pensiýa üpjünçiliginiň täze usulyna geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan pensiýa üpjünçiliginiň täze usulyna geçýär

view-icon 14002
Pensiýa üpjünçiligi – döwlet durmuş kepillikleriniň esasylarynyň biridir. Şonuň üçin hem pensiýa üpjünçiliginiň milli ulgamyny kämilleşdirmek örän möhüm bolup durýar, ony dolandyrmak we ony ösýän bazar gatnaşyklarynyň şertlerine uýgunlaşdyrmak bolup durýar.

Pensiýa üpjünçiliginiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň barşynda raýatlaryň zähmet çeken döwrüni olaryň her birine pensiýa ätiýaçlandyryşynyň hasabyna, toplanan puluň netijesinde pensiýanyň möçberiniň bagly bolýandygy sebäpli pensiýa puluny toplamaga mümkinçilik berip, pensiýa ätiýaçlandyrylyşy bilen doly gurşap almagy gazanmak möhümdir, şeýle hem pensiýa töleginiň ýönekeýleşdirilen görnüşini ulanmak arkaly pensiýa ulgamymyň çylşyrymlylygyny peseltmegi üpjün etmek we pensiýa almaga hukugy almak üçin aýdyň şertleri döretmek möhümdir.

Şu ýyl „Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrylyşy hakynda“ Kanun kabul edildi, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda bolup geçen mejlisinde pensiýa özgertmelerini dowamy hňkmünde Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan garanmak hakynda täze kodeks kabul edildi. Oňa laýyklykda Türkmenistanda şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilýär.

Şertli toplaýyş pensiýasy umumy hökmany usul bolar, ol ýurduň raýatlaryny pensiýa ätiýaçlandyrylyşy bilen doly gurşap almaga mümkinçilik berer. Şertli toplaýyş pensiýada iş beriji öz işgärleri üçin pensiýa töleglerini töleýär, telekeçiler, özbaşdak işleýänler bu tölegleri özbaşdak töleýärler. Pensiýa gaznasyna gelip gowşan pensiýa tölegleri ätiýaçlandyrylan raýatlaryň lisewoý pensiýa hasaplaryna maglumat görnüşinde ýazylýar, pullaryň özi bolsa pensionerleriň pensiýalaryny maliýeleşdirmek üçin ulanylýar.

Häzirki paýlaýjy pensiýa usulyndan tapawutlylykda, şertli-topla ýyş pensiýa usulynda tölenilýän pensiýa tölegleri bilen pensiýanyň möçberleriniň arasynda göniden-göni aragatnaşyk bolýar: ätiýäçlandyrylan raýatyň pensiýa lisewoý hasabynda töleg pullary näçe köp bolsa, şonça hem pensiýa ýokary bolýar.

Täze usuly Pensiýa gaznasy dolandyrar. Ol pensiýa töleglerini ýygnar, olaryň gelip gowşuşyna gözegçiligi amala aşyrar, maliýe serişdelerini emele getirer, pensiýa töleglerini toplar, olaryň şahsy hasabatyny ýöreder, pensiýalary bellär we tölär. Şeýle hem Pensiýa gaznasy häzirki meýletin toplaýyş pensiýa ulgamyny we täze – professional pensiýa usulyny dolandyrar. Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşi bilen aýratyn iş şertli işlerde işlän adamlara wagtyndan öň professional pensiýa çykmaga ygtyýar berýän iş we hünär doly gurşalyp alynar. Mundan hem başga döwlet kömek pullaryny, şeýle hem täze Kodeks bilen kesgitlenen beýleki tölegleri tölemek borjy Gaznanyň üstüne ýüklenendir.

Kodeksde pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň hem-de beýleki durmuş tölegleriniň arasy anyk kesgitlenendir. Indiden beýläk pensiýalar döwlet pensiýa ätiýaçlandyrylyşynyň hasabyna töleniler, kömek pullary we durmuş tölegleri – ýurduň döwlet býujetiniň hasabyna töleniler.

Kabul edilen bu reaminamanyň tapawutly tarapynyň biri hem pensiýalara hukugyň we pensiýalaryň bellenilişine laýyklykda pensiýalaryň görnüşleriniň giňeldilmegidit. 2013-nji ýyldan başlap pensiýalaryň 6 görnüşi bellenilýär. Olar ýaşy boýunça pensiýa; gulluk ýylary boýunça pensiýa; hünär pensiýasy; maýyplyk boýunça pensiýa; ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa; toplaýyş pensiýasy ýaly görnüşlerden ybaratdyr. Kabul edilen Kodekse laýyklykda ýaşy boýunça pensiýa – 62 ýaşyny dolduran erkek adamlar, 3 we ondan hem köp çagasy, çagalykdan maýyp çagasy bolan 57 ýaşyny dolduran aýal maşgalalaryň hukugy bardyr.

Hünär pensiýasy zähmet şertleriniň zyýanlylygynyň we (ýa-da) agyrlylygynyň derejesine baglylykda pensiýa çykmaly ýaşynyň 6-dan 10 ýyla çenli kemeldilmegi bilen, doly iş gününiň dowamynda zähmetiň aýratyn şertlerinde işlän adamlara bellenilýär. Pensiýanyň bu görnüşi gulluk boýunça pensiýasy ýaly, hünär pensiýasynyň usuly boýunça pensiýa tölegleriniň hasabyna töleniler.

Maýyplyk boýunça we ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýalar häzirki wagtda kömek pullary bolup durýar. Bu görnüşler pensiýa gaznasynyň hasabyna tölenýändigi sebäpli, ýaşy boýunça pensiýa meňzeşligi, şeýle hem şertli-toplaýyş şensiýanyň ýörelgelerini nazarda tutmak bilen, 2013-nji ýyldan başlap, kömek pullarynyň bu görnüşleri pensiýalaryň derejelerine geçýär.

Maýyplyk boýunça pensiýa degişlilik barada aýdylanda bolsa, onda täze Kodeksde tölegiň bu görnüşi pensiýa ätiýaçlandyryşa gatnaşygy döwri we pensiýa tölegleri bolanlary pensiýa we kömek pullaryna pöldiler. Şeýlelikde, bellenilen tertipde maýyp diýlip ykrar edilen, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk raýatlara maýyplyk pensiýasy tölenilýär, ol pensiýa tölegleriniň hasabyna tölenilýär, maýyp çagalara we hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk maýyplara bolsa, maýyplygy boýunça kömek puly tölenilýär. Ol Türkmenistanyňdöwlet býutjetiniň hasabyna tölenilýär.

Toplaýyş pensiýasyny bellemeklik üýtgewsiz galdyryldy, ýagny pensiýa ýaşyna ýetenlere we toplaýyş pensiýa puly bolan adamlar pensiýanyň bu görnüşine hukugy bardyr

Kabul edilen Kodekse laýyklykda raýatlara şertli toplaýyş pensiýasy girizilýänçä iş döwrini pensiýa üpjünçiligini döwlet kepil geçýär. Bu kepillendirmeler hasap çykarmak usuly ýeňil bolan ilkibaşky pensiýa puly görnüşinde beýan edilmeginde olaryň hukuklary esasynda amala aşyrylar. Her bir adama toplaýyş pensiýa girizilýänça iş döwri üçin pensiýanyň möçberi hasap ediler we pensiýa ýaşy dolandan soň onuň ýaşynyň garaşylýan dowamlylygyna köpeldiler. Şunlukda pensiýanyň möçberiniň hasaby häzirki wagtda amala aşyrylýan zähmet pensiýasynyň möçberiniň hasaby ýalydyr.

Şeýlelikde, ilkibaşky pensiýa pulynyň möçberi raýatyň iş stažynyň dowamlylygyna zähmet iş hakynyň möçberine we pensiýa ýaşy dolandan soň garaşylýan orta ýaşyna baglyly bolup durýar. Garaşylýan ýaşy ulanmak bilen pensiýanyň tölenilmegi şertli toplaýyş pensiýanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu pensiýa ýaşynyň islendigi saýlanyp alynanda pensiýa ulgamyny durnuklaşdyrýar.

Şertli toplaýyş pensiýasy işlän döwründe, ýagny 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dňwlet ätiýaçlandyryşyna tölegler tölenen halatynda pensiýa üpjünçiligi kepil geçiler.

Şeýle hem Döwlet raýatalara aýratyn döwürler üçin, haçan-da raýatlar pensiýa ätiýaçlandyrmasyna tölegden boşadylan halatynda pensiýa üpjünçiligini kepil geçýär. Kodeks bu döwürleri anyk görkezýär hem-de „Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda“ türlmeisyanyň Kanunyna laýyklykda bu döwürler Türkmenistanyň Döwlet býutjetiniň serişdeleriniň hasabyna töleniler. Soňra olar ätiýaçlandyrylan taýatlaryň lisewoý sçetyna töleniler.

Pensiýa we kömek pullaryny bellemek meselesi Türkmenistanyň Şensiýa gaznasynyň guramalary tarapyndan raýatlaryň hemişelik ýaşaýan ýerleri boýunça serediler.

Pensiýalaryň iň pes we iň ýokary möçberi barda aýdyland bolsa, Türkmenistanda eýýäm hereket edýän giň göwrümli pul kömegi bilen bir hatarda, döwler ilatyň ýaşuly nesline iň az möçberdäki pensiýany kepil geçýär. Kabul ediljek Kodekse laýyklykda belleniljek pensiýalar iň ýokary möçber bilen çäklenmeýär

Şertleýin toplaýyş pensiýada durmuş syýasatynyň biri hem pensiýa pulunyň indeksirlenmegidir. Indeksirlenmek pensiýa ulgamynyň maliýe durnuklylygyny goldamagyň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Indeksirleme raýatlaryň ýene-de 30-40 ýyldan hem, ýagny olar pensioner bolanlarynda hem, ulgamyň durnukly bolup galmagyna ynamly bolmaklary üçin geçirilýär.

Kodekse laýyklykda ätiýaçlandyrylan adamlaryň şertli pensiýa puly her ýylda Türkmenistan boýunça şu ýyl üçin ortaça zähmet iş hakynyň ýokarlanmagy koeffisientinde indeksirlener. Tölenilýän pensiýalaryň möçberiniň Türkmeistan boýunça zähmet iş hakynyň ýokarlanamagynyň koeffisientinden ýokary bolanda kaefisientiniň ýokarlanan ýagdaýynda ätiýaçlandyrylan adamlaryň şertli pensiýa puly tölenilýän pensiýalaryň möçberiniň ýokarlanmagynyň koffisientine indeksirlener. Tölenilýän pensiýalaryň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda indeksirlenilýär.

Häzirki wagtda durmuşa ornaşdyrylyşy ýaly, bellenilen pensiýalar jemgyýetçilik-peýdaly işiniň dowamlylygyna garamazdan doly möçberde töleniler.

Şeýlelkide, şertli-toplaýyş usuly her bir adamynyň peýdasyna, şeýle hem umumy döwletiň peýdasyna hem has doly gabat gelýär. Ol pensiýa borçlarynyň ählisiniň maliýe çeşmeleriniň bolmagy usulynda guralan awtonom pensiýa ulagymyna eýedir.