Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistanyň medeni mirasy bütin adamzadyň baýlygydyr”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistanyň medeni mirasy bütin adamzadyň baýlygydyr”

view-icon 7309
Türkmen topragy dünýä medeniýetini ösdürmäge saldamly goşant goşan, häzirki wagtda açylmadyk syrlaryň köpüsini saklaýan, ýurdumyzyň alymlarynyň ileri tutulýan agtaryşlarynyň ulgamynda hemişe bolýan hem-de dünýäniň ençeme ýurtlaryndan barlagçylaryň uly ünsüni çekýän Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň ojagydyr.

Türkmen döwletiniň Baştutany taryhy-medeni ýadygärliklerini –biziň gadymy maddy medeniýetimizi has çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen arheologlary halkara we milli ekspedisiýalaryň düzüminde Mary welaýatynda Goňurdepe, Ajyguýy we Uly Gyzgala, Ahal welaýatynda Ýylgynlydepe, Monjukly, Gadymy Nusaý, Guýruklydepe, Topazdepe we Daşlydepe, Balkan welaýatynda Maşady-Missirian, Daşoguz welaýatynda Köneürgenç we Lebap welaýatynda Daýahatyn ýaly bütin dünýä meşhur ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Şol barlaglaryň barşynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň ýüze çykarylýan gadymy maddy medeniýetiniň subutnamalary bilen ýurdumyzyň muzeýleriniň baý gymmatlyklarynyň birsyhly üsti ýetirilýär.

Gadymy Merwde Soltan Sanjaryň, Balkan welaýatynda Maşat atanyň, Lebap welaýatynda Astana babanyň, Ahal welaýatynda Mäne babanyň, Daşoguz welaýatynda Tekeş soltanyň we Törebeg hanymyň, Ysmamyt atanyň kümmetlerinde we biziň halkymyzyň medeni mirasynyň altyn hazynasy bolup durýan beýleki özboluşly ýadygärliklerde geçirilen dikeldiş işleri ýurdumyzyň ussalarynyň ýokary hünär derejesine şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň köpüsi biziň ýurdumyzda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýärler, bu ýerde olar Gündogaryň siwilizasiýasynyň taryhyny we türkmen halkynyň hakykatdan hem egsilmez medeni mirasyny düýpli öwrenmek bilen baglanyşykly öz ylmy işläp taýýarlamalaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görýärler. Olaryň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar.

Her ýyl ýaz we güýz aýlary Gadymy dünýäniň arheologiýasy we taryhy babatda belli hünärmenler öz şägirtleri, Ýewropanyň we Amerikanyň uniwersitetleriniň talyplary hem-de aspirantlary bilen bilelikde geçmişe degişli türkmen ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek üçin gelýärler. Olar öz çykyşlarynda, makalalarynda we söhbetdeşliklerinde biziň ýurdumyzda emele gelen aýratyn amatly ýagdaýy hökman belläp geçýärler, çünki bu ýerde taryhy-medeni goraghanalarda we muzeýlerde netijeli ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Dört müň ýyla golaý mundan ozal Garagumda Margiana ýurdunyň gülläp ösendigi barada Garagumda meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan soňky ýyllarda amala aşyrylan ajaýyp açyşlar has uly seslenme döretdi. Soňky ýyllarda şol ýurduň öňki paýtagty bolan, häzir Goňurdepe diýlip tanalýan ýerde ýüze çykarylan ajaýyp tapyndylar hakykatdan hem dünýä derejesindäki ylmy açyş boldy.

Goňurdepe häzirki wagtda biziň eýýamymyza çenli üçünji müňýyllygyň ahyrynda—ikinji müňýyllygyň ortasynda bürünç eýýamynyň Orta Aziýada iri mesgeni bolmak bilen çäklenmeýär. Munuň özi türkmen halkynyň gadymyýete gidýän kökleriniň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr, şol döwürdäki ata-babalarymyz şeýle ýokary medeniýeti döredip bilipdirler, şonuň üçin hem bütin dünýäniň alymlary şu pikir bilen ylalaşdylar: Merkezi Goňurdepe bolan Marguş ýurdy Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda dünýä siwilizasiýasynyň ilki başdaky bäş ojaklarynyň biri bolup durýar, şonda halkara gatnaşyklarynyň söwda we medeni ugurlary utgaşypdyr. Marguşlylaryň binagärlikde we şekillendiriş sungatynda gazanan üstünlikleri, hünärmentçiliginiň derejesi, olar tarapyndan döredilen syýasy ulgam we dini taglymat biziň ata-babalarymyzy adamzadyň mundan beýläk-de ösüşiniň ýoluny açan gadymy Gündogaryň öňdebaryjy halklarynyň hatarynda goýýar.

Goňurdepe -- munuň özi Mary welaýatynyň Garagum we Baýramaly etraplarynyň serhedindäki çöllük zolakdaky we Murgap derýasynyň gadymy akym ugrundaky 300-den gowrak gonalgalardan ybarat bolan örän uly tutuş arheologiki seýilgähdir. Onuň täze eýýama çenli 2300-2250-nji ýyllarda ýüze çykandygyny we 600-800 ýyla golaý dowam edendigini arheologllar anykladylar. Goňur toplumynyň ägirt uly desgalarynyň diňe merkezi bölegi şondan adamlar çykyp giden pursadyna çenli 25 gektara golaý meýdany eýeläpdir. Ýene-de onlarça gektarda şäher gonamçylygy ýerleşipdir. Bu ýerde adamlaryň ulanan zatlary we zergärçilik şaý-sepleri ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Olar daşdan, demirden, pil süňkünden we palçykdan ýasalan ýokary çeperçilik derejesindäki önümlerdir. Toýun bezegli nepis gap-gaçlary we hudaýlaryň şekillerini döreden başarjaň külallar we heýkeltaraşlar üçin çig mal bolup hyzmat edipdir.

Goňuryň ilatynyň bütin ömründe ulanyp gelen bu köp sanly zatlary häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe muzeýleriniň gymmatlyklary bolup durýar, olaryň jaýlary, patyşa köşgi we onuň töweregindäki ybadathana bolsa “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalarydyr. Şondan bäri müňlerçe adamlar ozal düýbünden nämälim bolan gadymy Gündogar patyşalygynyň harabalyklarynda bolup gördüler, kyrk ýyl mundan öň taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Sarianidi türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňry ýüze çykardy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerine başlady. Şol işler henize-bu güne çenli hem dowam etdirilýär. Bu ýerlere zyýarat etmek ýyl-ýyldan artýar. Çünki taryha sarpa goýýanlaryň hemmesi ýaňy-ýakynda hem Garagumda ýitirilen, indi bolsa, dört müň ýyldan soň özüniň özboluşly medeniýetiniň şöhratlydygyny dünýä äşgär eden hakyky täsin şäheri öz gözleri bilen görmek isleýärler.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň Marguş ekspedisiýasynyň iki aýlap dowam eden ýazky meýdan gazuw-agtaryş möwsümi hemişe bolşy ýaly netijeli boldy.

2012-nji ýylyň has gymmatly tapyndylarynyň hatarynda daş, keramiki, bürünç önümleriniň bölekleriniň uly möçberde toplanan ýerinden tapylan özboluşly tegelek bürünç möhür bar. Şeýle möhürler Gadymy Margiananyň medeniýetiniň häsiýetli alamatlarynyň biridir. Bu möhürler – tumarlar geometriki şekilleri we ösümlikleriň nagyşlary bilen tegelek hem-de dörtburç bolýarlar. Olaryň käbirinde dürli jandarlar, has köplenç geçigaplaňlar, ýylanlar, içýanlar, dag goçlary ýa-da ösümlikler—gülälekler we çigildemler, beýlekilerinde bolsa hyýaly jandarlar şekillendirilipdir.

Alymlar hut şu şekiller netijesinde bürünç eýýamynyň adamlarynyň nämä ynanandyklaryna, nämä uýandyklaryna, dünýägaraýyşlarynyň nähili bolandygyna düşünip bildiler. Marynyň welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde şular ýaly möhürleriň baý toplumy bar. Margianadan tapylan kümüş möhürleriň iň gowy nusgalary bolsa Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde saklanylýar.

Şol möhürler gadymy döwürde zenanlara degişli bolupdur. Olar şol möhürleri boýunlaryndan asypdyrlar ýa-da billerine daňyp gezipdirler we biziň günlerimizde ulanylýan maksatlaryndan düýbünden başga maksatlar bilen peýdalanypdyrlar. Gadymy marguşlylar möhürlerdäki şekiller bilen al-arwahlary öýden kowup çykarmaga, dänäniň gorlaryny, mallary goraglamaga çalşypdyrlar. Mysal üçin, şu maksat bilen däne saklamak üçin gaplar ýasalypdyr, olar peçde bişirilýänçä uly gabyň gapdal diwaryna demir möhüriň yzy basylypdyr. Adatça, ol bir möhür yzy bolupdur. Ýöne şeýle möhür yzlarynyň iki, üç we hatda alty bolan nusgalary hem duş gelýär. Şol maksat bilen beýleki gaplaryň diwarlarynda mukaddes agaçlar, jandarlar, täsirli güýji bolan nyşanlar şekillendirilipdir.

Häzir tapylan möhür üst tarapynyň merkezden yzygiderli ýaýraýan sekiz şöhleli ýyldyzlar bilen bezelendigi bilen ünsi çekýär. Elbetde, sekizgyraňlyklaryň hiç haçan bezeg parçasy hökmünde duş gelmändigini aýdyp bolmaz. Orta asyr binalarynyň öň tarapynyň syrçaly bezegi hut şolardan ybaratdyr. Orta asyrlara çenli has öň bu äheň mälimdir. Baktriýadaky we Margianadaky tapyndylaryň hatarynda bezemek üçin sekizgyraňlyklar ulanylan şol möhürleriň kiçeňräk böleklerini tapmak mümkindir.Ýöne bu tapyndy sekiz uçlary bilen adaty köp burçlugy dikeldýär. Möhüriň ýüz tarapynyň doly ýagdaýda saklanyp galmagy netijesinde bu şekiliň kem-kemden merkezden giňelýändigini, onuň ähli giňişligini eýeleýändigini görmek bolar. Bu toprakda Marguş ýurdunyň gadymy ýaşaýjylarynyň ussatlygynyň ajaýyp nusgasyny saklanyp galmagy geňdir, ol Garaşsyz Türkmenistanyň esasy nyşany bolan Tugrasy bilen örän çalymdaşdyr.

Şu ýylda ýüze çykarylan tapyndylaryň hatarynda altyndan ýasalan ajaýyp önümler, şol sanda pöwrüze daşyndan ýasalan saýgagyň kiçeňräk şekili, has ussatlyk bilen döredilen maýmynyň heýkeli, şeýle hem keşbi boýunça türkmenleriň zenan tumaryny ýada salýan heýkel görnüşli bürünçden ýasalan täsin önüm bar. Onda hindi-ýewropa halklarynyň mifologiýasynyň möhüm parçasy bolan hyýaly dag şekillendirilipdir, onuň gyralarynda dag goçlarynyň bäşisi dur. Merkezinde bolsa sekiz şöhleli ýyldyz ýerleşýär.

Türkmenleriň gadymy Marguş ýurdunyň şekillendiriş sungatynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýän ýene-de iki sany seýrek duş gelýän tapyndy ünsi özüne çekýär. Olaryň biri adatça öz reňki, bezegi we agramy boýunça tapawutlanýan daşyň iki kysymyndan ýasalan toparlaýyn şekiljikleriň kellesinden ybaratdyr. Ilkinji gezek barlag geçirilmegi şekiljikleriň böleklerini ýasamak üçin mermer şekilli hekiň peýdalanylandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Barlaghana seljermesi has takyk kesgitleme berer. Şekiljikleriň kelle bölegi nepisligi bilen tapawutlanýar we adamyň ýüzüniň aýratynlyklaryny has anyk beýan edýär. Tapyndylaryň ikinjisi palçykdan ýasalan terrakot şekiljik bilen baglanyşyklydyr. Ol ozal tapylan tapyndylar ýaly, özboluşly başgaply gadymy ruhanynyň keşbini şekillendirýär. Heýkeljikleriň ikisiniň hem beýleki bölekleri entek tapylanok. Muňa garamazdan, tapyndylaryň ikisi hem bürünç eýýamyna degişli we Türkmenistanyň muzeýinde ýerleşdirilen heýkel şekilleriň üstüni ýetirdi.

Olar gadymy Marguşyň çeperçilik medeniýetini öwrenýän sungaty öwrenijiler üçin uly gymmatlyk bolup durýar. Alymlar entek Marguş ekspedisiýasynyň şu we beýleki maglumatlaryny içgin öwrenerler, türkmen halkynyň medeni mirasynda olaryň ornuny kesgitlärler.

Biziň ýurdumyzda meşhur arheologyň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berildi-Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Wiktor Iwanowiç Sarianidini gutlady. Alym Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we 10 000 amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň çözgüdi esasynda Wiktor Iwanowiç Sarianidä “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi” diýen at dakyldy.

Goňurdepäniň açylmagynyň 40 ýyllygy bellenilen ýylda Marguş ekspedisiýasy tarapyndan tapylan gyzykly we möhüm tapyndylar halkara ylmy jemgyýetçiligine hem hödürlenildi. Şu ýyl “Mary-GDA-nyň medeni paýtagty” diýen döwletara maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen “Gadymy Merw-dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” atly halkara maslahatynyň barşynda Goňur boýunça iň täze maglumatlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy esasy mesele boldy. Bu ýadygärligiň ähmiýeti nazara alnyp, maslahatyň maksatnamasyna gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerine hem-de ülkäniň merjeni bolan Soltan Sanjaryň kümmetine gezelenç girizildi.

Maslahatyň mejlisleri bolsa ýakynda gurlup, ulanmaga berlen we ýokary derejede enjamlaşdyrylan Marynyň welaýat kitaphanasynda geçirildi. Myhmanlaryň ählisi-Türkmenistana ilkinji sapar gelenler hem, bu ýerde öňräk bolanlar hem Aşgabadyň we beýleki şäherleriň, şol sanda Marynyň häzirki zaman keşbine, biziň ajaýyp muzeýlerimize, olaryň örän baý gymmatlyklaryna haýran galdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basan ýurdumyzyň täze keşbi, arheologlaryň eden açyşlary ýaly, myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Myhmanlaryň biriniň—meşhur rus etnografy, taryh ylymlarynyň doktory, Sankt-Peterburgly alym Ýuriý Berýozkiniň aýtmagyna görä, özüniň bu ýerde bolanyndan soň geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tanalmaz derejede özgeripdir. Bu ýerde edilen täze açyşlaryň täsiri astynda siwilizasiýanyň döremeginiň irki tapgyrlaryna bolan ylmy garaýyşlar hem üýtgedi.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirligi tarapyndan döredilen arheologik ekspedisiýalarynyň birnäçesi baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde güýzki gazuw-agtaryş meýdan işlerini tamamlady.Olaryň biri “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda işleýär we binagärligiň meşhur ýadygärligi bolan Uly Gyzgalany öwrenmek bilen meşgullanýar. UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän bu ýadygärlik Orta Aziýadaky iri arheologik seýilgähiň çägine girilýän ýerde ýerleşýär.

Hut şol ýerde ýakynda-2012-nji ýylyň oktýabrynda bu ýadygärligiň taryhynyň käbir syrlaryny açýan täsin bürünç zatlaryň birnäçesi tapyldy. Olaryň arasynda arap ýazuwy ýazylan, IХ asyra degişli abbasy dirhemi, açylyp duran gülüň şekilindäki möhürli ýüzük hem-de hasyllylyk suwunyň gadymy hudaý aýal Anahitanyň şekilinde ýasalan, uzynlygy 8 santimetre golaý bolan bezeg piljagaz aýratyn gyzyklanma döredýär. Ýokary ussatlyk derejesinde döredilen bu tapyndy örän uly çeperçilik gymmatlygyna eýedir. Sungaty öwrenijiler entek bu tapyndynyň ähmiýetine baha bererler, ýöne eýýäm häzirden Gadymy Merwiň sungatynyň täze gatlagynyň açylandygyny ynamly aýtmak bolar.

Täze ýüze çykarylan möhüm maglumatlar Uly Gyzgalany we bu goraghananyň beýleki täsin ýadygärliklerini mundan beýläk has düýpli öwrenmäge itergi berýär. Geljek ýyl bu ýerde giň möçberli dikeldiş işleri başlanar we Uly Gyzgaladan täze gymmatly maglumatlar alnar. Ol geljekki nesiller üçin aýawly saklanar.

Bu ýerde, esasan hem, ýaş türkmen hünärmenleriniň—Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymlarynyň işleýändigi bellärliklidir. Özleriniň okuw tejribesi döwründe olar ençeme gezek daşary ýurtlarda, UNESKO-nyň ugry boýunça ýörite okuw maslahatlarynda öz hünärlerini ýokarlandyrdylar. Ilkinji nobatda, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy öwrenmäge, ylmy barlaglary goldamaga, ýaşlarda ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemek meselelerine berýän aýratyn ünsüniň netijesidir.

Halkara ylmy maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary giňeltmegi—bularyň ählisi umumy medeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Olar ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, biziň döwletimiziň halkara giňişliginde abraýyny ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Milli Liderimiz Mejlisiň deputatlary bilen bolan duşuşykda çykyş edip, geçmişiň medeni gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek biziň häzirki zaman medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip belledi. Biz bu ulgamy döwlet tarapyndan goldamagyň, şol sanda kanunçylyk taýdan ýardam bermegiň goşmaça çärelerini görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň öňünde jemgyýetiň durmuşynyň esasy ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeleri goýdy. Döwlet Baştutanymyz ruhy ulgamy ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitledi. Taryhy we medeni ýadygärlikler bolsa häzirki zaman milli medeniýeti ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde kesgitlenildi.

Mukaddes Garaşsyzlygyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky” täze Kanuna gol çekdi. Bu Kanun türkmen halkynyň öz medeni-milli özboluşlylygyny aýap saklamak we ösdürmek, ýaşaýşynyň taryhy-medeni gurşawyny goramak, dikeltmek we aýap saklamak hukugyny üpjün edýär. Täze Kanun 20 ýyl mundan ozal kabul edilen “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakyndaky” Kanunyň ornuny tutdy. Şol Kanun gozgalmaýan medeni mirasy goramagyň döwlet ulgamyny döretmekde we ösdürmekde möhüm orun eýeledi, ýöne häzirki wagtda ol döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýär. Täze Kanun halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda döredildi we UNESKO-nyň Bütindünýä tebigy we medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň esasy düzgünlerine daýanýar. Türkmenistan hem şol Konwensiýa goşuldy.

Mälim bolşy ýaly, taryhy-medeni goraghanalaryň üçüsiniň ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň arasynda Gadymy Merw (1999-njy ýylda girizildi), Köneürgenç (2005-nji ýylda girizildi) we Nusaýyň Parfiýa galalary (2007-nji ýylda girizildi) bar.

Şeýle ýokary halkara derejesi täze ýagdaýlary döredýär hem-de öňki Kanunda göz öňünde tutulmadyk talaplary öňe sürýär. Ine, şoňa görä-de, täze Kanunda gozgalmaýan mirasyň obýektlerini UNESKO-nyň Sanawyna girizmek üçin görkezmegiň tertibi kesgitlenildi, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde taryhy-medeni mirasyň obýektlerine eýelik etmegiň hem-de ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan bölüm peýda boldy.

Mundan başga-da, şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, taryhy, arheologiýa, şäher gurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklady. Ol Türkmenistanyň “Medeniýet hakyndaky” Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we aýratyn goralýan çäkleri saklamagyň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milleti ruhy taýdan galkyndyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, medeniýetiň maddy binýadyny pugtalandyrmak we bu ulgamyň hereket etmeginiň hukuk kadalaryny üpjün etmek barada ýadawsyz alada edýär. Mälim bolşy ýaly, milli medeniýeti ösdürmäge, medeni-taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga goşan uly goşandy üçin milli Liderimiz UNESKO-nyň “Awisenna” Altyn medalyna mynasyp boldy.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň, milli Liderimiziň Türkmenistanyň ählumumy milletler arkalaşygyna mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna gönükdirilen özgertmeler ugrunyň aýdyň netijesidir. Munuň özi türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu ugur köptaraply ylmy alyşmalaryň ösdürilmegine ýardam edýär we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmeginiň we rowaçlanmagynyň bähbidine milli medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýär.