Şu gün D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili bölüminiň talyplary üçin “Ýapon medeniýetiniň güni” geçirildi. Çäre Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.
Şunuň ýaly çäreleri geçirmek D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda soňky ýyllarda asylly däbe öwrüldi. Bu ýerde diňe bir gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde däl, eýsem talyplaryň gatnaşmagynda hindi, arap, türk, koreý, pars we hytaý dilleriniň baýramçylyklary her ýylda geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň ýetip gelýän Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraldy. Ýokary okuw mekdebinde geçirilýän şunuň ýaly çäre, beýleki fakultetleriň mugallymlarynda we talyplarynda uly gyzyklanma döredýär, hut şonuň üçinem dabara örän köp adam gatnaşdy. Bu ýerde Ýaponiýanyň Ilçihanasyndan, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden we Bilim ministrliginden, habar beriş serişdelerinden köp sanly wekilleri boldular.
Çäräni guraýjylaryň belleýşi ýaly, bu bilim ulgamynda geçirilýän dabaranyň baş maksady ýapon diliniň çuňňur öwrenilmeginden we bu dilde erkin gürlemek endiklerini ösdürmekden, şeýle hem türkmen talyplaryny Ýaponiýanyň medeni däplerine içgin düşünmäge çekmekden ybaratdyr. Çärä gatnaşyjylara uly bolmadyk aýdym-sazly we teatrlaşdyrylan kompozisiýalar bilen çykyş etmäge mümkinçilik berildi. Talyplar ýapon dilindäki çykyşlary ýerine ýetirdiler, ýapon şahyrlaryyň we türkmen nusgawy şahyrlarynyň ýapon diline terjime edilen goşgularyny okadylar. Milli türkmen we ýapon lybaslarynyň görkezilişi maksatnamanyň iň täsirli çykyşlary boldy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we ýokary okuw mekdebiniň rektoratynyň wekilleri çäräni guraýjylara we oňa gatnaşyjylara hoşallyk sözlerini aýtdylar we munuň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellediler.