Şu günler Aşgabatda we biziň ýurdumyzyň birnäçe iri şäherlerinde uly üstünlik bilen geçirilen ABŞ-nyň Medeniýet günleri paýtagtymyzdaky Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde amerikan we türkmen medeniýet, sungat ussatlarynyň bilelikdäki gala-konserti bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ABŞ-nyň biziň ýurdumyzdaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu medeni çäräni geçirmegiň barşynda konsertleri, kino görkezişlerini, okuw sagatlaryny, tanyşdyrylyş dabaralaryny, köp sanly döredijilik duşuşyklaryny we daşary ýurtly belli alymlaryň, döredijilik işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, sazandalaryň, suratkeşleriň, zergärleriň we dostlukly ýurduň kinematografiýaçylarynyň gatnaşmagynda guralan seminarlary öz içine alýan 30-a golaý çäreler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň wekilçilikli toparynyň agzalaryna iberen Gutlagynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýan bu halkara medeni çäresiniň ýokary derejede geçiriljekdigine we uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her bir halkyň medeniýetinde we sungatyna milletiň ruhy kämilligi, gymmatlygy, onuň kemala gelýän milli bitewiligi jemlenendir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda we ABŞ-da yzygiderli guralýan medeni çärelerde bu ýörelge has aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.
Üç günüň dowamynda aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna amerikan halkynyň özboluşly sungaty we medeniýeti bilen içgin tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredi. Ozal habar berlişi ýaly, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyny döredijilik duşuşyklary we abraýly baýraklaryň we sylaglaryň birnäçesine mynasyp bolan suratkeş Diana Stetsonyň hem-de zergär Stiwa Laransyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlar açdy. Ýurudumyzyň Medeniýet ministrliginde we Türkmen milli konserwatoriýasynda Waşingtonyň Smitson milli muzeý toplumynyň wekilleri bilen duşuşyklar hem-de gyzykly döredijiik maslahatlary guraldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi we Baş milli muzeýi çeperçilik sergileriniň, şol sanda indeý halkynyň milli zergärçilik bezegleriniň sergileriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda amerikan kinematografiýaçylary tarapyndan dürli ýyllarda döredilen çeper filmleriň görkezilişi boldy. “Aşgabat” kinokonsert merkezinde Margaret Mitçelliň romany esasynda surata düşürilen we iň köp “Oskar” baýragyna mynasyp bolan filminiň tomaşaçylary örän köp boldy. ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň kinogörkeziliş maksatnamasynda Jeýms Mengordyň “Çäkden geçmek” atly çeper-terjimehal filmi we “Beýsbol meýdançasy” kinokartinasy hem görkezildi.
Şeýle hem türkmenistanlylara özboluşly amerikan sazy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Aşgabatlylar “Amerikan sazlarynyň ilçisi” hökmünde soňky üç ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dürli maksatnamalarynyň 26-syna işjeň gatnaşan Ariý Rolandyň saz toparynyň ýerine ýetirmeginde jaz kompozisiýasyny höwes bilen diňlediler. Türkmenabadyň we Marynyň ilaty bolsa Amerikanyň “Della Meý” we “Klinton Kurtis” ýaly belli saz toparlaryň gatnaşmagynda guralan döredijilik duşuşyklaryna, maslahatlaryna we konsertlerine gatnaşdylar.
Çykyşlarda amerikan halkynyň medeniýeti dolulygyna beýan edildi. Onda milli aşhana bilen tanyşlyk hem guraldy. Tanyşlygy Amerikada belli bolan “Salliwan köçesindäki çörek bişirijiler” we “Nýu-Ýorkuň restoran-pisserisiniň eýesi baş-aşpez Jim Lahi hödürledi. Ol aşpezçilik işiniň hünärmenlerini taýýarlaýan Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen okuw jaýynyň okuwçylary we mugallymlary üçin görkezme okuwlary geçdi.
Dostlukly ýurduň wekilleri we onuň baý hem-de özboluşly medeniýetini wagyz edijiler Türkmenistan we onuň häzirki döwürde dolulygyna ösdürilen we mynasyp dowam etdirilýän medeni mirasy bilen hem içgin tanyşdylar.
Amerikan wekiliýetiniň agzalary türkmen dostlary bilen mähirli hoşlaşyp we myhmansöýerlik hem-de ýokary derejede kabul edilendikleri üçin sagbolsun aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly üns berýändigi we onuň möhüm bölegi bolan hem-de iki ýurduň halklarynyň arasynda birek-birege düşünişmek hem-de ynanyşmak esasynda ýola goýulýan medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda tagalla edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.