Ï Belarusda türkmen jigitleriniň we artistleriniň çykyşlaryna ýokary baha berýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belarusda türkmen jigitleriniň we artistleriniň çykyşlaryna ýokary baha berýärler

view-icon 734
Ozal habar berlişi ýaly, Belarusyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary dowam edýär, ol dekabryň başyna çenli dowam eder. Türkmen çapyksuwarlary bilen bilelikde tomaşaçylara sirk sungatynyň hakyky täsinligini eçilýän sirkden bolan belarus kärdeşleri hem çykyş edýärler. Bu çykyşlar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny artdyrmak, türkmen jigitleriniň ussatlyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmekde netijeli ugurlaryň biri bolar. Belarus Döwlet sirkiniň her gün tomaşaçylardan dolmagy Minskidäki şu çykyşlaryň üstünlikli geçýändigine şaýatlyk edýär, olar çylşyrymly we netijeli çykyşlar bilen haýran eden türkmen jigitlerine hem-de artistlerine, sahna sungatynyň ajaýyp baýramçylygynyň täsinligini döredýänleriň hemmesine el çarpýarlar.

Häzirki wagtda sirk biziň ýurdumyzda okgunly ösýän dynç alyş ulgamynda öz ornuny eýeledi. Ol aýratyn-da çagalar tarapyndan eý görülýär, çünki sirkiň sahnasyndaky çykyşlar olara jadyly dünýäniň gapylaryny açýar, ol ýerde batyrlyk we çalasynlyk, gözellik we ajaýyplyk, owadanlyk we zehin dabaralanýar. Şonuň üçin türkmen çapyksuwarlarynyň çykyşlaryny görmek üçin petekler tiz satylyp gutardy. Şol sebäpli goşmaça orunlar döredilýär. Isleg bildirýänleriň örän köp bolandygy üçin Minskiniň sirki ýaly örän uly sirk hem türkmen çapyksuwarlarynyň täsin çykyşlaryna tomaşa etmek isleýänleriň hemmesini özünde ýerleşdirip bilmedi.

Belarus Respublikasynyň hökümet düzümleriniň wekilleri, bu ýurduň Medeniet ministrliginiň ýolbaşçylary, Minsk şäheriniň meri bu çykyşlaryň ilkinji tomaşaçylary boldular. Olaryň adyndan türkmen artistlerine hoşallygyň alamaty hökmünde ägirt uly gül çemenleri gowşuryldy.

Gyrat sahnada peýda bolan ilkinji minutlaryndan başlap tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Ol 1945-nji ýylda Gyzyl meýdançada Ýeňiş ýörişini kabul eden marşal G.Žukowyň münen şöhratly bedewiniň neslidir. Onlarça ýyllardan soň öz şöhratly ata-babasynyň ýoluny Moskwanyň baş meýdançasynda Gyrat hem dowam etdi. Ol Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygynyň hormatyna geçirilen ýörişe gatnaşan türkmen harbylarynyň dabaraly ýörişine ýolbaşçylyk etdi.

Çapyp barýan atlarda täsin oýunlary ýerine ýetirýän biziň jigitlerimiziň ussatlygy Minskide görkezilýän her çykyşda aýratyn täsir galdyrýar. Şonda Türkmenistanyň we Belarusyň milli baýdaklary asmanda pasyrdady. Bu çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň ýaşyl tugy tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda sirkiň gümmezine çenli galdyryldy.

Türkmen halkynyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe atçylygyň gadymdan gelýän däpleri täze ösüşe eýe boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we atçylyk sportuny ösdürmek täze derejä çykaryldy.

Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde behişdi bedewlerimiz biziň döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynda aýratyn orny eýeledi. Häzir Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan ähli işler köp ugurly özgertmeler syýasatyndan baş alyp gaýdýar. Şonda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge we aýawly saklamaga möhüm ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, milli sirk sungaty Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça dikeldildi. Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 23-nji aprelinde paýtagtymyzda Döwlet sirkiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şondan bäri ýokary depginler bilen ösýän türkmen sirk sungaty daşary ýurtly myhmanlary halkara ähmiýetli, gyzykly çykyşlary bilen haýran galdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet saparynyň barşynda “Galkynyş” topary bu ýurduň milli sirkinde çykyş edip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisleriň birinde sungatyň bu görnüşindäki işe zehinli ýaşlary çekmegi, ukyply oglan-gyzlary ýüze çykarmagy, işgärleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyz boýunça Döwler sirkiniň çykyşlaryny yzygiderli guramagy tabşyrdy.

Döwlet we halkara sahnalarynda türkmen çapyksuwarlarynyň toplan tejribesinden we çykyşlaryndan görnüşi ýaly, atçylyk sport çykyşlary uly üstünliklere eýe bolýar. Ahalteke bedewleriniň özüne çekiji çykyşlarynda çapyksuwarlar at münmek sungatynyň ähli tärlerini ussatlyk bilen görkezýärler. Behişdi bedewlerimiziň gözelligi we okgunlylygy, şeýle hem uçup barýan bedewiň üstünde çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň çeýeligi we çalasynlygy tomaşaçylarda uly täsir döredip, şowhunly el çarpyşmalara mynasyp bolýar.

Belarusda şu ýylyň 2-nji dekabrynda tamamlanjak sirk sungatynyň türkmen ussatlarynyň ilkinji daşary ýurt çykyşlarynyň üstünlikli geçýändigine Belarusyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we daşary ýurt metbugatynda hem-de Internet saýtlarynda çap edilen köp sanly habarlar aýdyň şaýatlyk edýär. Biz aşakda şolardan setirleri getirilýäris.

* * *

“MIR’’ döwletara teleradiokompaniýasy. Belarusyň esasy sirkinde hakyky bedew çykyşlary ýaýbaňlandy. Minskide çykyş etmäge Türkmenistanyň özboluşly atçylyk sirki geldi diýip, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň habarçysy Dariýa Horkowa habar berýär. Artistler özleri bilen ajaýyp ahalteke bedewlerinin onlarçasyny getirdiler. Olara dünýäniň atşynaslary haýran galýarlar. Şol bedewleriň endamy atlas ýaly lowurdaýar, ahalteke bedewleriniň çydamlylygyna bolsa beýleki islendik tohumdaky bedewleriň gözi gidýär.

Gyrat bedewi hakyky ýyldyzdyr. Ol fotokameralaryň yşygyna we hemişe üns bermegine öwrenişdi. Gyrat 1945-nji ýylda Žukowyň Ýeňiş ýörişini kabul eden bedewiň neslindendir. Ol 2010-njy ýylda Gyzyl meýdançadaky ýörişe hem gatnaşdy. “Olar örän akylly we düşbidir” diýip atçylyk toparynyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew nygtaýar.

Bu topar Aşgabatda hem hormatly myhmanlaryň öňünde çykyş edýär. Olaryň çykyşlaryna Aşgabada sapar bilen gelenlerinde dünýäniň köp döwletleriniň Liderleri tomaşa etdiler. Seýsiň sözlerine görä, bedewler jogapkärçiligi duýýarlar. Minskide çykyş etmäge düzüminde ahalteke bedewleriniň onysy we artistleriň otuza golaýy bolan türkmen topary geldi. Olaryň hereketleri utgaşykly we sazlaşykly.

Sirk artistleriniň arasynda örän ýaş jigitler hem, gyzlar hem bar. “Gorky –ürki etmedim, bedewe atlanyp çykyşa başladym. Bedewleri turuwbaşdan söýdim” diýip, olaryň biri Liliana Ýusubowa gürrüň berýär.

Ahalteke bedewleri Türkmenistanyň nyşanydyr. Bedewiň bu tohumy bäş müň ýylyň dowamynda türkmeniň at-abraýyny dünýä ýaýýar.

Sirkde çykyş edýän bedewleriň iými hem üýtgeşik däldir: adaty bedew iými - käşir, alma. Bedewler bu ýere gelenlerinde özlerini birneme biynjalyk duýdular. Ýöne basym öwrenişdiler we indi belarus tomaşaçylarynyň öňünde ajaýyp çykyş edýärler.

* * *

BELTA DÖWLET HABARLAR AGENTLIGI. Türkmenistandan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 21-nji noýabrdan başlap Belarusyň döwlet sirkinde özboluşly maksatnamany hödürleýär diýip, Belarus döwlet sirkiniň baş režissýory Serž Bondarçuk metbugat maslahatynda gürrüň berdi diýip, BELTANYŇ habarçysy habar berýär.

Minskide “Galkynyş” toparynyň çykyşy özara gastrollary alyşmak hakynda gazanylan ylalaşyk netijesinde mümkin boldy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýew bu çapyksuwarlaryň Aşgabat sirkindäki çykyşy hemişe uly meşhurlyga eýedir diýip gürrüň berdi.

Belarus žurnalistleri türkmen myhmanlarynyň ilkinji tomaşaçylarynyň biri boldular, myhmanlar bedew üstündäki täsin oýunlary, onuň ähli usullaryna ajaýyp erk etmegi görkezdiler. Ahalteke bedewleri Türkmenistanyň hakyky buýsanjydyr. Olar bedewleriň arassa ganly tohumyna degişlidir. Bedewiň bu tohumy bäş muň ýyldan gowrak wagtdan bäri bellidir.

Bedew çykyşyna iň ýaş gatnaşyjynyň bary-ýogy 11 ýaşy bar. Resul Täçmyradow indi 4 ýyllap bedewler bilen iş salyşýar. Bu oglanjyk çykyşlara gatnaşmak bilen bir hatarda, öz kakasy bilen bilelikde sirkiň arenasynda täsin hereketleri görkezýär.

Serž Bondarçugyň aýtmagyna görä, belarus we türkmen artistleriniň eýýäm bilelikdäki meýilnamalary bar. Geljekde Belarus döwlet sirkiniň Türkmenistandaky çykyşlaryny guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.

* * *

“NEWS.21” INTERNET-SAÝTY. “Galkynyş” jigitler topary dünýäde iň owadan we hyjuwly ahelteke bedewleriniň haýran galdyryjy çykyşlary belarus tomaşaçylarynyň göwnüni göterýär.

“Ahalteke bedewleri örän owadan.Minskide türkmen jigitleri atçylyk - akrobatiki çykyşlary görkezýärler diýip, belarus döwlet sirkiniň alyp baryjysy Witaliý Makarewiç gürrüň berdi.

Tans topary, akrobatlaryň we gimnastikaçylaryň çykyşlary hem belarus tomaşaçylarynyň göwnüni göterýär, olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň meşhur gimnastikaçysy Dünýä Babaýewa hem bar.

Türkmenistandan bolan çapyksuwarlar Minskide Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus türkmen toparynyň 4-nji mejlisiniň çäklerinde gazanylan özara alyş-çalyş hakyndaky ylalaşygyň esasynda çykyş edýärler. Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň esasy sirkleri bilen, şol sanda sirk çapyksuwarlarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňden we işjeň guramagy maslahat berdi. Türkmen jigitleriniň çykyşlaryna Aşgabadyň sirkinde uly höwes bilen tomaşa edilýär, baýramçylyk dabaralarynyň köpüsini, şeýle hem halkara derejesindäki wakalary bezeýär.