Ï Magtymgulynyň goşgularynyň täze neşiri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň goşgularynyň täze neşiri

view-icon 2123
Beýik türkmen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze ýygyndysy çapdan çykdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň işgärleri tarapyndan çapa taýýarlanan uly göwrümli neşir şahyryň goşgularynyň 400-e golaýyny, şol sanda ozal çap edilmedik eserlerini öz içine aldy.

Täze ýygyndy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözleri bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylara gutlag sözlerinde türkmen halkynyň öz görnükli, zehinli nusgawy şahyryna bolan çäksiz hormat, hoşallyk we buýsanç duýgulary öz beýanyny tapdy. Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi milletiň filosofiýasyna, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan belent söýgi senasyna öwrüldi diýip, milli liderimiz Magtymgulyny adamzat kalbynyň ruhy melhemi diýip atlandyrdy.

Beýik nusgawy şahyrymyzyň goşgularynda ajaýyp zehin, täsin ýitilik, beýik paýhas we hyjuwly ýürek sazlaşypdyr. Ynsanperwerlik joşguny onuň filosofiki eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, beýik şahyrymyz türkmen halkyny agzybirlige çagyrýar. Şahyryň zehini hatda söýgi lirikasyna hem durmuş äheňini bermäge mümkinçilik döredipdir.

Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze sahypany açdy, ony çeper beýanyň täze görnüşleri hem-de öz döwrüniň belent pikirleri bilen baýlaşdyrdy, türkmen dilini kämilleşdirmäge ýardam etdi. Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatyna dünýä şöhratyny getirdi we adamzadyň edebi genji-hazynasyna uly goşant goşdy, onuň goşgularynda öz beýanyny tapan ynsanperwerlik garaýyşlary diňe bir XVIII-XIX asyrlarda ýaşap geçen türkmenleriň däl-de, eýsem, Gündogaryň beýleki halklarynyň hem durmuşyna uly täsirini ýetirdi. Pyragynyň şahsyýetiniň häzir hem dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenijileriň, edebiýatçylaryň, sungatşynaslaryň, ýazyjylaryň we suratkeşleriň ünsüni özüne çekmegi geň däldir.

Ine, bu gün hem, asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň goşgulary bütin dünýäde millionlarça adamlaryň kalplaryny tolgundyrýar. Sebäbi bu goşgularda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ene topraga, öz halkyňa bolan çäksiz wepalylyk, onuň döredijilikli güýjüne we beýik maksadyna bolan ynam öz beýanyny tapdy. Magtymgulynyň arzuwlary we maksatlary bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlanan berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamynyň beýik özgertmeleri bilen sazlaşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda beýik akyldarymyz we şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden belleniler. Dabaralaryň çäklerinde “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly ylmy maslahat geçiriler. Onuň baş maksady beýik türkmen nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň baý edebi mirasy bilen tanyşdyrmaga, degişli ylmy barlaglary artdyrmaga ýardam etmek, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni olaryň şahyrana we filosofiki mirasyna çekmek bolup durýar.

Bu senä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda ylmy işleriň tapgyryny, şeýle hem onuň goşgular ýygyndylaryny türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Pyragynyň ömri we edebi mirasy hakynda täze dokumental we çeper filmler dörediler, tele we radio gepleşikler taýýarlanar. Olar biziň döwürdeşlerimize türkmen medeniýetiniň mukaddesligini duýmaga mümkinçilik berer. Magtymguly Pyragy onuň wasypçysyna öwrüldi.

Milletiň ykbalyna şugla saçan goşgularyň täsin çeşmesine Türkmenistanyň Golýazmalar institutynyň alymlarynyň köpýyllyk işiniň miwesine öwrülen täze ýygyndynyň sahypasynda hem zyýarat etmek bolýar. Olar Magtymgulynyň şyryrlar çemeniniň has doly görnüşini döretmek boýunça çylşyrymly wezipäniň hötdesinden geldiler. Bu işiň çylşyrymlylygy Magtymgulynyň eserleriniň golýazmalarynyň ýa-da şahyryň ömri hakynda maglumatlaryň häzire çenli tapylyp durmagy bilen düşündirilýär. Ozal hem belli bolup, dilde aýdylan ýa-da ýazylan goşgular bar, emma olar çap edilmändir.

Häzir alymlara Pyragynyň uly bolmadyk poemalarynyň 10-a golaýy we goşgularynyň 700-den gowragy bellidir. Olaryň agramly bölegi bize golýazmalar görnüşinde, beýlekileri bolsa dil üsti bilen gelip ýetdi. Bu sanlar hem gutarnykly däl bolsa gerek, sebäbi täze tapylan resminamalar hem bar. Goşgunyň bir setiri hem alymlar üçin örän möhümdir.

Dürli döwürlerde Magtymgulynyň mirasyny öwrenmek bilen meşgullanan hünärmenleriň biragyzdan tassyklaýşy ýaly, onuň döredijiligini belli bir edebi ýa-da filosofiki mekdebiň çarçuwalary bilen çäklendirmek mümkin däldir. Ol türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň dürli taraplaryny gurşap alýar. Beýik şahyrymyzyň goşgularynda türkmen halkynyň durmuşy, arzuwlary we maksatlary ilkinji gezek doly we kem-käsleýin beýan edilýär.

Alla tarapyn zehinli şahyrymyz tutuş ömrüni we döredijiligini halkyna bagyşlap, goşgularda öz beýanyny tapan gymmat bahaly paýhas dürdänelerini miras goýup gitdi. Olaryň her biri özboluşly ajaýyplykdyr.

Täze şygyrlar çemeniniň hem ýurdumyzyň esasy kitaphanalarynda öz mynasyp ornuny tapjakdygy gürrüňsizdir. Magtymgulynyň egsilmez mirasy diňe biziň durmuzyda däl-de eýsem daşary döwletlerde hem alymlaryň, edebiýatçylaryň, suratkeşleriň we sazandalaryň ünsüni özüne çekýär. Emma esasy zat, onuň halkyň hakydasynda ýaşaýanlygydyr. Onuň goşgulary biziň kalplarymyzda, beýik şahyryň nesilleriniň ýüreklerinde ýaňlanýar. Bu bolsa adamzat zehininiň iň belent ykrar edilmesidir.

Täze ýygyndyda jemleýji makala ýerleşdirildi. Onda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijilik ýoly hakynda maglumatlar, onuň döredijilik mirasynyň öwrenilen döwürleri getirilýär, şahyryň goşgularyna seljerme berilýär. Bu ýerde ulanyşdan galan we seýrek duş gelýän sözleriň gysgaça düşündiriş sözlügi hem ýerleşdirildi.

Magtymgulynyň goşgularynyň täze kitabynyň gadymy gündogar golýazmalarynyň bezeg tärlerini peýdalanmak bilen milli öwüşginde çap edilendigini aýdaýmak galýar. Kitabyň her bir sahypasy owadan nagyşlanyp, gadymy kümüş şaý-sepleriniň şekilleri bilen bezelipdir. Bu bolsa okyja gözelligi pikiriň we sözüň güýji bilen döretmegi başaran şahyryň ussat zergär bolandygyny hem ýatladýar. Ol öz joşguny bilen demiri hem, daşy hem, adam kalbyny hem ganatlandyrypdyr.