Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hyzmatdaşlygy baradaky meseläni dowam etdirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan oňyn syýasaty netijesinde ynsanperwerlik-medeni gatnaşyklar bilen bir hatarda, GDA ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryň hem ýylsaýyn berkeýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesine öňdengörüjilikli hem-de täzeçe çemeleşmesi Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamynda ýurdumyzyň öňe süren anyk tekliplerinde hem öz aýdyň beýanyny tapdy.
GDA we onuň düzümine girýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň beren Bitaraplyk derejesine laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan milli hem-de umumy bähbitlerden ugur alyp, Arkalaşyga agza ýurtlar bilen öz gatnaşyklaryny birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guraýar.
Köpýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda Türkmenistan özüni sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde GDA-nyň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz netijeli hyzmatdaşlyk ugruna gyşarnyksyz eýerip, Arkalaşygyň çäklerinde oňyn gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar we umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda we ösdürmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär.
Türkmenistan taryhy tejribä, däbe öwrülen gatnaşyklara daýanyp, bilelikdäki işiň tejribesinden iň gowy, wagtyň synagyndan geçen usullary saýlap alýar we olary häzirki zaman şertlerinde döredijilikli ulanýar. Şu babatda Türkmenistanyň GDA agza ýurtlaryň ählisi bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nusga alarlykdyr. Munuň özi Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär, döwletara gatnaşyklarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar, olara goşmaça itergi berýär.
Biziň ýurdumyzyň şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistan bu çözgüdi GDA we goňşy döwletler tarapyndan biziň ýurdumyza uly ynam bilen garalýandygynyň subutnamasy hökmünde kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegine GDA-nyň giňişliginde oňyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipe hökmünde garaýar. Munuň özi türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
Türkmen Lideriniň tabşyrygy boýunça ýörite işlenip taýýarlanylan başlyklyk etmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şu ýyl Aşgabatda GDA-nyň çäklerinde möhüm duşuşyklaryň we iri çäreleriň, şol sanda ykdysady ulgamdaky çäreleriň birnäçesi geçirildi. Biziň ýurdumyzda guralan dürli forumlar GDA-nyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlarynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy, şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegine ýardam etdi.
Möhüm çäreleriň sanawynda türkmen paýtagtynda geçirilen wekilçilikli forumlaryň ençemesini görkezmek bolar. Olaryň hatarynda GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 41-nji mejlisi, Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 46-njy mejlisi, Ykdysady geňeşiň 55-nji mejlisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy, GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat, Arkalaşyga agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty bar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 30-njy maýda Aşgabatda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde gatnaşyklary giň gerimde alyp barmaga gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň öňe sürýän, umumydünýä ösüşiniň düýpli ugurlaryny çuňňur seljermäge, halkara we milli tejribä, ylalaşdyryjylyk işine esaslanýan teklipleri halkara gün tertibiniň has derwaýys meseleleri boýunça oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Ykdysady gatnaşyklar şol meseleleriň iň wajyplarynyň biri bolup durýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany innowasion ösüş, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, GDA agza ýurtlaryň milli ykdysadyýetlerinde bu ugurlaryň netijeli amala aşyrylmagy köp babatda anyk ykdysady taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini kesgitleýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini GDA-nyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, bu babatda giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şol mümkinçiliklerden peýdalanylmagy bolsa Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady taýdan durnukly ösmegini, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagyny, maýa goýumlary babatda özüneçekijiligini, täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişe ykdysady ulgamda GDA-da hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge çalyşýandygyny nygtamalydyrys. Munuň özi umumy durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Arkalaşygyň ähli döwletleri bilen berk ykdysady gatnaşyklary amala aşyrýar we bu däp bolan hyzmatdaşlygyň has netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki döwürde türkmen döwleti özüniň geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, ýurdumyzy ykdysady taýdan okgunly ösýän, durnukly we daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary edýän döwletleriň hataryna goşmak maksady bilen, halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen ugurlaryň tutuş toplumyny maksada laýyk ösdürýär.
Döwlet we hökümet derejesinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar Türkmenistan bilen GDA agza ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk onuň esasy ugurlaryny kesgitleýän hökümetara ylalaşyklarynyň esasynda amala aşyrylýar.
Türkmenistan bilen Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigine şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygy köp ugurly häsiýete eýedir we eksport-import önümleriniň görnüşleriniň düzümi babatda yzygiderli giňeldilýär. Munuň özi hem bilelikdäki işjeň işiň netijesidir.
GDA agza ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekiji bolan türkmen bazarynda üstünlikli işlemegi hem ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol kompaniýalar Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň we Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynyň bilelikdäki kärhanalarynyň, esasy kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň netijeli işi hem-de Türkmenistanyň we GDA agza ýurtlaryň Söwda – senagat edaralarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar hem bu ugurda uzakmöhletleýin işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär.
Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň guraly hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy milli bähbitleri we ösüşiň umumy maksatlaryny nazara almak bilen gatnaşyklary ýola goýmakda, ykdysady taýdan durnukly ösüş üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmakda GDA agza ýurtlara ýakyndan ýardam berýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esasy ýerine ýetiriji guramasy bolan Ykdysady geňeşe bu babatda möhüm orun berilýär. Onuň işi GDA-nyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklaryň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň erkin söwda zolagyny döretmek we onuň işini ýola goýmak baradaky hem-de durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki meseleleri boýunça çözgütleriniň ýerine ýetirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady geňeşiň Aşgabatda geçirilen 55-nji mejlisiniň ähmiýetini bellemelidiris. Ol Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň, şeýle hem däp bolan Türkmenistan-GDA gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim boldy.
Bu iri forum GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň hökümetleriniň wekillerini, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýygnady. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady we maliýe-býujet ulgamyny, energetika, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem ekologiýa we medeni – ynsanperwerlik ulgamlaryny öz içine alýan meseleleriň 20-sinden gowragyna garaldy.
Mejlisde nygtalyşy ýaly, Arkalaşyga agza ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi durnukly ösüşiň ýokary depginlerini saklamak we dünýä hojalygyna goşulyşmak üçin berk esasa eýedir. Häzirki döwürde, daşarky we içerki bazarlarda bäsdeşligiň ösýän şertlerinde GDA agza ýurtlaryň ägirt uly senagat, maýa goýum we medeni kuwwaty örän wajyp hem-de derwaýys wezipeler çözülende, şol sanda bilelikdäki döwletara maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirilende özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilmelidir.
Türkmen paýtagtynda GDA ýurtlarynda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň birinji halkara ýarmarkasynyň geçirilmegi hem Türkmenistanyň Arkalaşyga agza döwletler bilen oňyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täzeçe çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär, çünki döwletara hyzmatdaşlygynyň anyk we netijeli usuly hökmünde birinji ýarmarkanyň üstünligi bu möhüm çäräniň geljegini kesgitleýär. Iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde uly tejribä eýe bolan ýurdumyzyň şeýle wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýändigini nobatdaky gezek subut edendigini, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyjy hökmündäki derejesini tassyklandygyny bellemelidiris. Uly üstünlik bilen geçen ýarmarka Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki çäreleriň sanawynda möhüm orun eýeläp, Arkalaşygyň ykdysady durmuşynda möhüm waka, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbidine işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň türkmen döwleti tarapyndan başy başlanan täze usulyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu giň möçberli döwletara gözden geçirilişine 8 döwletden kompaniýalaryň 115-den gowragy, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Ukrainadan kompaniýalar gatnaşdylar.
Foruma gatnyşyjylara we köpsanly myhmanlara ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, telekeçilik işinde, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gazanylanlar bilen özara tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Şeýlelikde, Aşgabatdaky ýarmarka tejribe alyşmak we ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, geljegi uly işläp taýýarlamalary, taslamalary we teklipleri tanyşdyrmak üçin özboluşly çäre, GDA agza ýurtlaryň ägirt uly eksport kuwwatyny we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň netijeli guralyna öwrüldi.
Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Onuň ägirt uly serişdeler kuwwaty, işjeň ornaşdyrylýan innowasiýalar, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler muňa ýardam edýär. Ýeri gelende aýtsak, biziň ýurdumyzyň köp ugurly sergisi ýarmarkada giň gerime eýe boldy we ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň gazananlarynyň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Şeýle köptaraplaýyn, giň möçberli çäre türkmen döwletiniň örän amatly durmuş ulgamyny döretmek meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Bu ulgamda ýoddan we azyk duzundan, gündelik sarp edilýän harytlardan başlap, awtomobil benzinine we ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan örän arassa beýleki önümlere çenli ikinji derejeli zadyň ýokdugyny bellemelidiris. Aşgabatda geçirilen ykdysady gözden geçiriliş daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şol bazarda bolsa netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda ýurdumyzyň söwda-ykdysady ulgamdaky tagallalary hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny doly möçberde durmuşa geçirmäge ýardam edip, netijeli işjeň gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gönükdirilen oýlanyşykly strategiýanyň möhüm bölegine öwrüldi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Aşgabatda geçirilen ylmy-amaly maslahat hem-de GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisi Türkmenistan bilen GDA agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Bu çäreler 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda guraldy. Bu Konsepsiýa köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda obasenagat toplumy boýunça gatnaşyklary okgunly ösdürmäge itergi bermelidir.
Häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde köpçülikleýin azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, obasenagat önümçiligini yzygiderli ösdürmäge, innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga esaslanýar. Bu meseleleriň çözülmegi GDA-da obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, Arkalaşygyň ähli ýurtlaryny azyk bilen durnukly üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň üçin özara söwda gatnaşyklaryny höweslendirmek, şol sanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça çäreler, şeýle hem GDA-nyň özünde guramaçylyk özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen ädimler göz öňünde tutulandyr.
Forumlaryň barşynda bu ulgamda ägirt uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistanyň tejribesi oňyn mysal hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça obasenagat toplumynda amala aşarylýan toplumlaýyn özgertmeler netijesinde biziň ýurdumyzda obanyň häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümi kemala gelýär, oba hojalyk tehnikalar parkynyň üsti täze tehnikalar bilen ýetirilýär, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, oba hojalyk ylmy täze ösüşe eýe bolýar. Türkmenistanda suwarymly ekerançylyk babatda uly tejribe toplanyldy, giň möçberli suw hojalyk taslamalary amala aşyrylýar, ýerleriň hasyl berijiligini dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Gaýragoýulmasyz we örän wajyp çäreleriň görülmegi netijesinde Türkmenistan özüni azyk bilen doly üpjün etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy maksady pudagyň ägirt uly eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili önümleri köp möçberde alýanlaryň arasynda GDA ýurtlarynyň bolmagy bellärliklidir.
Ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly strategiki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek hem Arkalaşygyň giňişliginde ykdysadyýeti ösdürmek babatda özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyz bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalşyp, bu meselä aýratyn üns berýär.
Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýyl GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary tarapyndan Aragatnaşyk we maglumatlar ýyly diýlip yglan edildi. Şu jähetden, şu ýyl tejribe alyşmak boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek dowam etdirildi, täze gatnaşyklary ýola goýmak we şu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça anyk ädimler ädildi.
Şeýle hem milli we halkara forumlary, sergiler we pudagy yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen beýleki möhüm çäreler guraldy we geçirildi.
Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 46-njy mejlisi şeýle forumlaryň biri boldy. Türkmenistan biziň ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi arkaly Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyzyň hökümetiniň bu ulgamdaky oňyn tejribesi we tagallalary şol duşuşykda uly gyzyklanma döretdi.
Hususan-da, Türkmenistanda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny okgunly ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunda döwlet tarapyndan bu ulgamyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi hil babatda dünýä ülňülerine laýyklykda pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.
Biziň ýurdumyzda her ýyl telekommunikasiýa ulgamynyň maýa goýum görkezijisi we şunuň netijesinde simli, öýjükli aragatnaşygyň we Internetiň ýaýradylyşynyň derejesi ýokarlanýar, şeýle hem ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlaryň çekilmegi netijesinde aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Ýerüsti ulgamlary, şeýle hem aragatnaşygyň hemra ulgamlaryny ulanmak arkaly Türkmenistanyň ilatyny ýokary hilli tele we radio gepleşikleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen ädimler ädilýär.
Ulag ulgamy hem GDA agza ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajyp ugry bolup durýar. Şu ýerde Türkmenistanyň halkara ulag ulgamyny ösdürmäge we degişli düzümi döretmäge uly goşant goşýandygyny, özüniň ägirt uly üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanýandygyny bellemelidiris. Biziň ýurdumyz yklymlaryň taryhyň dowamynda emele gelen söwda ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýär we häzirki döwürde möhüm halkara ulag çatrygy hökmünde onuň ähmiýeti has-da artýar.
Ulag ulgamyny, ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda demir ýol ulagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda täze demir ýollary gurmagyň we ulanmaga bermegiň hasabyna ýurdumyzyň demir ýol ulgamy ep-esli giňeldi. Munuň özi ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň demir ýol pudagy ösüşiň täze tapgyryna çykýar, täze giň möçberli ulag-aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär. Sebitde üstaşyr gatnawlaryň möçberlerini artdyrmakda Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini aýtmak bilen, oňyn halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýoly bilen, ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ulag ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglylykda ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtamalydyrys.
GDA giňişligi dünýäniň iri bazarlaryna çykylmagyny üpjün edýän “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň amatly geçelgesi bolup durýar. Şu jähtden türkmen Lideriniň Arkalaşyga agza ýurtlaryň Hazar deňzinden we Gara deňizden başlap, Baltika deňzine çenli bolan giňişlikde özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek we täze ulag-kommunikasiýa geçelgesini döretmek baradaky teklipleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ýerde GDA ýurtlary üçin giň mümkinçilikleriň bolmagy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoluny gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem Orta Aziýa, Hazar deňzi, Gara deňiz we Baltika sebitiniň ulag-aragtnaşyk ulgamynyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky utgaşdyrylan awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlaryny şertlendirýär.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň 57-nji maslahaty ulag ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.
Wekilçilikli forum türkmen paýtagtyna degişli pudaklaýyn edaralaryň, Geňeşiň düzümine girýän demir ýol edaralaryny, şeýle hem bu ulgamda işleýän halkara guramalarynyň 150-ä golaý wekillerini, bilermenleri jemledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu guramanyň düzümine girýär, şol guramanyň işiniň maksady döwletara derejesinde demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmakdan, halkara demir ýol ulgamlarynyň tehnologik taýdan bitewüligini üpjün etmekden, düzümi sazlaşykly ösdürmekden ybaratdyr.
Geňeşiň mejlisiniň barşynda demir ýollary ulanmak, sebitde ýükleriň daşalyşynyň möçberini artdyrmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, forumda Türkmenistanyň araçäkleşýän döwletler bilen transmilli demir ýol geçelgelerini, hususan-da, yklymda möhüm ulag ulgamyna öwrüljek “Demirgazyk-Günorta” ýoluny döretmäge degişli başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi.
Ýakyn geljekde bu demir ýoluň türkmen demirýolçularynyň güýji bilen gurlan “Bereket -Serhetýaka” bölegi ulanmaga berler. Türkmenistanyň hereket edýän we ulanmaga beriljek halkara demir ýol “köprüleri” bilen birlikde, täze ulag geçelgesi dünýäniň iri demir ýol ulgamynyň biriniň “günorta derwezesi” hökmünde ýurdumyzyň derejesini berkider. Täze demir ýollaryň ugrunda inženerçilik desgalarynyň, halkara ýük daşalmagy we ýolagçy gatnadylmagy üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edilen häzirki zaman menzilleriniň onlarçasy gurlar.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, GDA agza döwletleriň bilelikdäki işi, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň raýatlarynyň bähbitlerine, iş-aladalaryna we zerurlyklaryna tabyn edilendir hem-de anyk netijelere gönükdirilmelidir. GDA ýüze çykýan meseleleriň ählisini çözmäge özara kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň guraly hökmünde çykyş edýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we geljegini açmaga mümkinçilik berýär, halkara durnuklylygyň we howpsuzlygyň mäkämliginiň şerti hökmünde GDA-nyň ornuny şertlendirýär.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň deslapky netijelerini jemläp, biziň ýurdumyzyň Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary babatda işjeň orny eýeleýändigini, şu ýylyň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisini durmuşa geçirmäge ýardam edendigini ynamly aýtmak bolar.
GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda çap edilýän indiki makala ýangyç-energetika toplumy ýaly strategik ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegine bagyşlanar.