Ï Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň oňyn ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň oňyn ugurlary

view-icon 6119
Energetika hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlerine tarap

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan –GDA hyzmatdaşlygy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä we ösüşe eýe boldy.

Biziň ýurdumyz 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy bolmak bilen, şu döwürde Arkalaşygyň giňişliginde açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerine döredijilikli çemeleşýändigini görkezdi. Munuň özi, hususan-da, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bagyşlanan biziň ozalky makalalarymyzda öz beýanyny tapdy.

Energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirip

Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň biridir. Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, ägirt uly ýangyç serişdeler kuwwatyna eýe bolup, özüniň bu kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar. Biziň ýurdumyz bu ulgamda öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty amala aşyryp, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, köp ugurly turbageçiriji düzümini döretmek we ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň duşuşyklarynda we beýleki iri forumlaryň barşynda bu ulgamda öňe süren anyk başlangyçlary, şeýle hem olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ädilýän ädimler halkara giňişliginde giň seslenmä eýe boldy.

Şeýlelikde, 2008-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu resminamanyň taslamasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisiniň gün tertibine girizildi hem-de BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ählisiniň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň biragyzdan goldawyna mynasyp boldy.

Türkmen tarapynyň şondan soňraky teklipleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji, 65-nji we 66-njy mejlisleriniň garamagyna hödürlenen teklipler bu başlangyjyň dowamy boldy. Hususan-da, gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň we degişlilikde, ýörite bilermenler toparynyň gatnaşmagynda energetika dialogyny döretmek barada barýar. Olar energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçiriji ýurtlaryň we sarp edijileriň tutuş hukuklaryny we borçlaryny kadalaşdyrýan netijeli hukuk gurallaryny döretmäge ýardam etmelidirler.

Häzirki wagtda ähli döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi energiýa serişdelerine, ilkinji nobatda, nebit we gaz ýaly tebigy baýlyklara esaslanýar. Ýöne ýurtlaryň köpüsinde ýangyç serişdeleri ýokdur. Munuň özi belli bir derejede energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň hasabyna halkara ykdysady gatnaşyklary, sebitleýin we sebitara ýakynlaşmak ýagdaýlaryny höweslendirýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň aýry-aýry sebitlerinde syýasy durnuksyzlygyň höküm sürmegi, umumy ykrar edilen kadalaşdyryjy halkara-hukuk gurallarynyň bolmazlygy, energetika düzüminiň kämil däldigi, turbageçiriji ugurlaryň geografiýasynyň bir ugurly bolmagy häzirki wagtda energiýa serişdelerini ibermegiň halkara ulgamynyň ählumumy ykdysadyýetiň iň gowşak ugurlarynyň birine öwrülmegine getirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak we olar bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek üçin häzirki zaman diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygy barada aýdyp, ýeke-täk köp ugurly düzüm hökmünde BMG-niň ornuna aýratyn ähmiýet berýär. Onuň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek meseleleri boýunça giň halkara ylalaşygyny gazanmak mümkindir.

Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda döretmegi teklip edýän bilermenler topary öz işini esasy üç ugurda alyp barmalydyr.

Birinjiden, munuň özi energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr iberilmegini üpjün etmek babatda hukuk esaslarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Gürrüň, köptaraplaýyn, toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasy, mysal üçin, BMG-niň Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň kepillikleri hakyndaky Ylalaşyk barada barýar.

Ikinjiden, energiýa serişdeleriniň meseleleri boýunça halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan täze düzümleýin binýadyny esasy döretmek möhümdir.

Üçünjiden hem, energiýa serişdelerini ibermegiň halkara ulgamynda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berjek täze maglumatlar esasyny döretmek zerurdyr.

BMG-niň Energetika geňeşi geljekde bu ulgamda syýasy çözgütleriň kabul edilmegi üçin jogap berýän esasy utgaşdyryjy gurama bolmalydyr. Onuň esasy wezipesi “energetika meseleleriniň tutuş toplumyny yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy ölçegleri we guramaçylyk şertlerini” üpjün etmekden ybaratdyr. Öz wagtynda dünýäniň habar beriş serişdeleriniň köpüsiniň belleýşi ýaly, bu teklip ählumumy ähmiýete eýedir we onuň durmuşa geçirilmegi dünýäniň energetika giňişliginde özara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamyny düýpli özgertmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 30-njy maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ýene-de şu möhüm meselelere ünsi çekdi.

Türkmen Lideri energetikany bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, özleriniň serişdeler kuwwaty we geografik taýdan ýerleşişi babatda GDA agza ýurtlaryň ählisi energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyp biler diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ählisi özleriniň energetika kuwwatyndan we üstaşyr geçirmegiň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanmaga gyzyklanma bildirýärler.

Biz bu ulgamda işleriň ýagdaýyny oýlanyşykly seljermelidiris, Arkalaşygyň giňişliginde halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ählumumy energetika ýagdaýlaryna anyk goşulyşmak babatda biziň mümkinçiliklerimize baha bermelidiris diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermek, olaryň ugradylmagynyň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlarynda GDA-nyň işiniň anyk we takyk ýörelgelerini işläp taýýarlamak meseleleri boýunça işjeň gatnaşyklara taýýardygyny nygtap, BMG-de bu ugurda toparlaýyn çäreleri güýçlendirmäge gönükdirilen anyk teklipleri ilerletmek üçin umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Bu gürrüňi dowam edip, energetika meseleleri, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň üçünji müňýyllygyň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze halkara –hukuk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriniň Türkmenistanda geçirilen halkara forumlarynda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşylandygy bellemelidiris.

Mysal üçin, 2009-njy ýylyň aprel aýynda "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen foruma resmi daşary ýurt wekiliýetleriniň onlarçasy, iri halkara guramalarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, Energetika Hartiýasynyň, ŞHG-niň, EKO-nyň ýolbaşçylary, hökümetleriň, daşary ykdysady we energetika edaralarynyň baştutanlary, dünýäniň meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýewraziýada durnukly we ygtybarly energiýany üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak (2010-njy ýyl), Hazarüsti turbageçirijileriniň ekologiýa meseleleri (2012-nji ýyl), Energetika bazarlarynyň ählumumy goşulyşmagy – energetika howpsuzlygyny üpjün etmek (2011-nji ýyl) ýaly halkara maslahatlar energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek, ykdysady taýdan netijeli, durmuş taýdan kabul ederlikli we ekologiýa taýdan howpsuz energiýa üpjünçiliginiň sarp edijiler üçin elýeterliligini giňeltmek babatda hereketleriň bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamak meselelerine bagyşlandy.

Her ýyl geçirilýän Halkara gaz kongreslerinde we beýleki pudaklaýyn forumlarda energiýa serişdeleriniň ählumumy bazaryny ösdürmegiň ugurlary, energetika babatda ýakynlaşmak we howpsuzlyk, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylýar.

Arkalaşyga agza ýurtlaryň gatnaşmagynda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatynda hem derwaýys meselelere seredildi. Bu maslahat Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guraldy.

Türkmenistanyň nebitgaz kuwwaty we maýa goýum syýasaty, Arkalaşygyň giňişliginde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we geljegi bu forumyň esasy meseleleriniň biri boldy. Nebitgaz ulgamynyň daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we peseltmäge, nebitgaz serişdelerini özleşdirmekde ýüze çykýan ekologiki meseleleri çözmegiň dünýä tejribesine, nebitgaz we gaýtadan işleýän pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga degişli meselelere aýratyn üns berildi.

Kuwwatly serişdeler binýady ýangyjy uzakmöhletleýin ibermegiň kepilidir

Meşhur BP halkara kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan “2030-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşiniň çaklamasyna” laýyklykda, tebigy gazyň gorlary boýunça häzirki wagtda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň halkara energetika bazarynda eýeleýän orny barha artar.

BP kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň statistiki synynyň”, Halkara energetika agentliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe bölümleriniň, Bütindünýä bankynyň dürli neşirleriniň maglumatlary, şeýle hem milli serişdeleri we beýleki maglumatlary ulanmak esasynda taýýarlanylan bu çaklamanyň maksady dünýä energetika bazarlarynyň ösüşiniň uzakmöhletleýin ugurlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda bilermenler biziň ýurdumyzyň umumy geologiki gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde bahalandyrýarlar. Şolaryň 53,01 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizdäki ýataklaryň ýangyç serişdeleridir. Soňky ýyllarda geçirilen geologiki barlaglaryň görkezişi ýaly, munuň özi ahyrky sanlar däldir. Ýangyç serişdeleriniň çykarylyp başlanyndan bäri bir asyrdan hem köp wagt geçen bolsa-da, entek Türkmenistanyň kartasynda üsti açylmadyk nokatlar az däldir.

Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän “Galkynyş” (Günorta Ýolöten--Osman) gaz käni munuň aýdyň subutnamasydyr. Serişdeler gory 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýan bu ýatak dünýäde ikinji orunda durýar. “Gaffneý, Cline & Associates” (Beýik Britaniýa) halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz halkara auditi bu maglumatlary tassyklady. Şol kompaniýa “Türkmengeologiýa” döwlet konserni bilen şertnama esasynda Türkmenistanyň geljegi uly ýataklarynyň ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň barlaglaryny geçirýär.

Şunda, hususan-da, ýüze çykarylan ýataklar toparynyň meýdanyny kesgitlemek hem-de olaryň senagat gorlaryny tassyklamak maksady bilen geçirilýän gözleg işleriniň maksatnamasynyň diňe ýarysyndan hem azragy ýerine ýetirildi. Mysal üçin, ägirt uly nebitgaz zolagynyň günbatar, demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar taraplarynyň çäkleri entek kesgitlenilmedi. Goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde, täze guýularyň burawlanylmagy barlagçylara bu ýerdäki ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň deslapky bahasyna düýpli düzedişleri girizmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işini alyp barýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň çäklerinde şu maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý serişde goýberildi. Bu işlere daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem çekildi. Ýakyn wagtda ilkinji guýular ulanylmaga berler. Harytlyk gazy taýýarlamak boýunça uly zawodlar gurlar. Birinji tapgyrda gaz käninde her ýyl 10 milliard kub metrden 30 milliard kub metre çenli “mawy ýangyjy” çykarmak meýilleşdirilýär.

Amyderýanyň kenaryndaky, Merkezi Garagumdaky, Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hem geljegi uludyr. Çuň we has çuň guýularyň burawlanmagy, ýokary netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, ýapgyt we dik guýularyň burawlanmagy netijesinde ýurdumyzyň çäginde ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň has-da artmagy gazanyldy. Olar ýangyç çig malynyň çykarylyşyny ep-esli artdyrmaga we şunuň bilen birlikde, uly bolmadyk hem-de barmasy kyn ýataklary işläp geçmäge mümkinçilik berýär.

Hazar deňziniň türkmen bölegi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde ygtyýarlandyrylan bölekleriň onlarçasy kesgitlenildi, önümi paýlaşmak şertlerinde halkara kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär. Şol kompaniýalar bilen bilelikde, iri maýa goýum taslamalary, şol sanda geljegi uly deňiz böleklerinde toplumlaýyn seýsmiki barlaglary we gözleg-burawlaýyş işlerini geçirmek, deňizden nebit we gaz çykarmak düzümini ösdürmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Syýasy erk-isleg we özboluşly ykdysady ýörelge

Ýokarda bellenilişi ýaly, tebigy gazy halkara bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak türkmen döwletiniň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe ykdysady bähbitlere esaslanýan we geljekki sarp edijileriň türkmen gazyna bolan isleglerini nazara alýan bu meýilnamalary durmuşa geçirip, gaz eksportunyň ugurlaryny tapgyrlaýyn giňeldýär. Häzirki wagtda bu ugurlar özüne Ýewraziýa yklymynyň dürli böleklerinde ýerleşýän döwletleri birleşdirýär.

GDA ýurtlarynyň serişdeler we üstaşyr-ulag kuwwatyny nazara almak bilen, energiýa serişdelerini Orta Aziýadan Hytaýa, Günorta Aziýa we Orta Gündogara, Ýewropa çykarmak boýunça toplumlaýyn turbageçiriji düzümini döretmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris.

Orta Aziýa – Merkez gaz geçiriji ulgamy anyk ykdysady bähbitlilik şertlerinde ulag we energetika taslamalarynda öz tagallalaryny birleşdirýän goňşy döwletleriň strategiki hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup biler. Bu ulgam onlarça ýyllaryň dowamynda Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany we Russiýany baglanyşdyrýar.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizilen Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisi XXI asyrda Ýewraziýanyň iri energetika köprüsine öwrüldi. Bu taslamada milli bähbitler syýasy erk-isleg we ykdysady ösüş babatda özboluşly ýörelgeler bilen birleşip, türkmen energiýa serişdeleriniň täze ugrunyň seçilip alynmagyny şertlendirdi.

Uzynlygy 7 müň kilometre barabar bolan, gözbaşyny Amyderýanyň sag kenaryndaky baý gaz ýataklaryndan alyp gaýdýan Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisi örän täsin inženerçilik-tehniki desgadyr. Onuň ugrunda düzümleýin desgalaryň ýüzlerçesi guruldy, täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredildi. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde gurluşyk babatda möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk täze energetika köprüsi hoşniýetli erk-islegiň we açyklygyň, ýurtlara we halklara abadançylyk getirýän uzakmöhletleýin hem-de ygtybarly hyzmatdaşlyga taýýarlygyň aýdyň kepili bolup durýar. Ol Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikiri özünde jemläp, medeniýetleriň gatnaşmagyna, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri alyşmaga, häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy bilelikde göreşmek üçin tagallalary birleşdirmäge hyzmat etmelidir.

Sebitleýin we sebitara turbageçirijileri gurmak – bu energiýa serişdelerini paýlamakda we sarp etmekde deňagramsyzlygy aradan aýyrmagyň we şeýlelikde, milli ykdysadyýetleri ösdürmek, syýasy durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döretmegiň has netijeli usulydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başyny başlan, sebitleýin we dünýä ähmiýetli möhüm taslamanyň -- Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň örän wajypdygyny bellemelidiris.

2010-njy ýylda badalga berlen “Gündogar--Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak baradaky giň möçberli şertnamalar bilen şertlendirilendir. Bu gaz geçirijisi ýurdumyzyň iri ýataklarynyň ählisini “mawy halka” birleşdirer. Geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan täze gaz geçirijisi Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçer. Onuň ulanylmaga berilmegi hem halkara energetika bazarlaryna, şol sanda Hazarýaka we Hazarüsti gaz geçirijileri ýaly geljegi uly ugurlar boýunça gazy eksport etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.

Düzümlere gönükdirilýän maýa goýumlary we innowasiýalar

Türkmenistan senagaty ösdürmek ugry bilen öňe gidip, ýangyç-energetika toplumyna girýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga we olary kämil tehnikalar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän häzirki zaman nebithimiýa toplumlaryny, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijilerinde uly islegden peýdalanýan önümleriň köp görnüşini öndürýän himiýa senagatynyň kärhanalaryny gurmak boýunça giň möçberli maksatnamalar bellenildi.

Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, ony diwersifikasiýalaşdyrmakda, umuman, innowasion ösüşde elektroenergetika möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasyny eksport ediji hökmünde bu pudak okgunly ösýär. Gysga wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurulmagy netijesinde türkmen elektrik energiýasy Türkiýä, Eýrana, Owganystana iberilýär. Özüniň energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek jähtinden, geljekde Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmagy we eksport ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Serişdeler binýadynyň bolmagy, ýurdumyzyň täsin tebigy şertleri elektrik energiýasyny öndürmeginiň ekologiýa taýdan arassa, alternatiw usullaryny ornaşdyrmak, has takygy, gün we ýel energetikasyny ösdürmek üçin oňat esaslary döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýändigini bellemelidiris, çünki, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak we umuman, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Ykdysady we syýasy ulgamda giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşyklydyr.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine hem ekologiýa meselesi bilen aýrylmaz baglanyşykda garalýar. Hususan-da, Türkmenistan bug gazlarynyň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmek babatda halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldap, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga yzygiderli geçýär. Şu ýyl kabul edilen “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem şoňa gönükdirilendir. Onda “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan ekologiýa meselesi ýaly örän derwaýys ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, agza ýurtlar, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegi bagly bolan meseleler boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmäge çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa Federatiw Respublikasy) geçirilen durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda öňe süren teklipleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ilkinji nobatda, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek baradaky Sebitara merkezini döretmäge, BMG-niň Araly halas etmek baradaky Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga, şeýle hem dünýäniň täsin künjegi bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny saklap galmaga degişlidir.

Şu ýylyň noýabr aýynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa forumy geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça çagyrylan we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen bu forum uly ähmiýetli waka öwrülip, ekologiýa meseleleri bilen meşgullanýan hünärmenleriň we giň dünýä jemgyýetçiliginiň ägirt uly gyzyklanmasyny döretdi. Foruma Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, şeýle hem BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Duşuşykda dünýä bileleşigi üçin örän wajyp bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ekologiýa forumyna hemişelik hereket edýän guramanyň derejesini bermek babatda öňe süren başlangyjynyň örän derwaýysdygyny aýratyn nygtadylar. Bu gurama Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň meselelerine garamak we olaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin berk esas bolup hyzmat etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde örän wajyp geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolmak bilen, kuwwatly energetika, ulag we aragatnaşyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Başgaça aýdylanda, Hazar deňziniň ekologiýa howpsuzlygynyň bitewi we berk ulgamyny döretmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak uly ähmiýete eýe bolýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyga tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen energetika diplomatiýasynyň öňünde wezipeleri goýup, onuň esasy maksadyny kesgitledi. Şol maksat bolsa energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyna goldaw bermekden, bu strategiki ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr. Biziň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ädimleri, onuň halkara giňişligindäki uzakmöhletleýin energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleri şu anyk we aýdyň ugurlary bilen kesgilenildi we kesgitlenilýär.

Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine oňyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Biziň ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşmagy hem şunuň bilen şertlendirilendir, çünki Arkalaşygyň işiniň esasy meseleleri Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.

Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar olara mahsus bolan özara düşünişmek ýagdaýynda we taraplaryň ähli ugurlar boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirmegi esasynda ösdürilýär. Munuň özi 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň barşynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu abraýly gurama başlyklyk edilýän döwür özüne halkara möçberdäki örän ähmiýetli wakalaryň birnäçesini birleşdirip, GDA agza ýurtlaryň halklarynyň hoşniýetli goňşuçylygynyň köpasyrlyk taryhynda, netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ynsanperwer hyzmatdaşlygynda täze eýýamy alamatlandyrdy.