Ï Türkmenistan – GDA: Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ölçegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – GDA: Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ölçegi

view-icon 5457
Türkmeistanyň daşary syýasatynda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň köptaraply formatynda dürli meýilnamaly özara gatnaşygynda möhüm orny eýeleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA döwletleri bilendostlukly gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär we däbe öwrülen bu gatnaşyklary hem iki taraplaýyn, hem köp taraplaýyn esasda giňeltmäge we berkitmäge gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleri boýunça tutýan ornunyň deň gelen ýagdaýynda ýa-da umumylygynda köp taraplaýyn özara hereket etmegiň mehanizmi hökmünde oňyn baha berýär. Bu bolsa halkara syýasy arenasynda GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlykda esasy orny eýeleýär. Türkmenistan GDA formatynda ňzara bähbitli köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge çalyşýar.

Şu ýyl GDA-nyň çäklerinde dürli meýilli çärelere baý bolandygyny bellemelidiris. Şu ýerde olaryň esasylaryny ýatlap geçeliň. 15-nji maýda Moskwada GDA döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl sammiti bolup geçdi. 30-njy maýda bolsa Aşgabatda GDA ýurtlarynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň ýurtlary bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlyga häzirki zaman çemeleşmeleri teklip etdi. Bu bolsa öz gezeginde 2012-nji ýylda meýilleşdirilen çäreleriň ählisini amala aşyrmagyň baş ýörelgesine öwrüldi.

Şeýle hem maý aýynda GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirldi. Onda dürli nukdaý nazardan milli energoulgamlaryň özara gatnaşyklaryna we Arkalaşygyň çäklerinde bu ugurda mundan beýläk ehm utgaşdyrmak meselelerine garaldy. Iýun aýynda kommunikasiýa ulgamynda GDA gatnaşyjylaryň özara hereket etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşylan Sebitleýin arkalaşygyň aragatnaşyk adminstrasiýalarynyň baştutanlarynyň Geňeşiniň 46-njy mejlisi geçirildi

Şu ýylyň güýz aýlaryt hem wkalara baý boldy. Sentýabr aýynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisi geçirildi. Sentýabr- we oktýabr aýlarynda Aşgabatda GDA döwletlerinde öndürilýän halkyö sarp edýän harytlarynň Halkara ýarmarkasy geçrildi.

Türkmenistanyň paýtagtynda oktýabrda GDA ýurtlarynyň azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Halkara ylmy-amaly maslahaty hem=de GDA-nyň Agrosenagat meseleleri boýunça Hökümetara geňeşi geçirildi. Olarda oba hojalygynyň, azyk howpsuzlygynyň we bu ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oktýabr aýynyň ortalarynda GDA ýurtlarynyň çäklerinde ulag geçelgelerini amala aşyrmakda wajyp meselerini ara alyp maslahatlaşylan GDA –nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahaty geçirildi

Özara hereket etmegiň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek nukdaý nazaryndan Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hökümetara topary görnüşi, olaryň özara baglanyşygy iri taslamalary, maýa goýum akymyny we tehnologiýalary, söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi, sebitleriň we guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy, bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalaryny döretmegi we olaryň gatnaşmagyny diwersifikasiýa etmegi bilelikde özleşdirmegi üpjün eder. Bularyň ählisine biznes-forumlaryň we tanyşdyrylyşyň, maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilmegi şert döredýär.

Husuanda, Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde Azerbaýlan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Ukraina bilen hökümetara topar görnüşinde bilelikdäki işleri işjeň alyp barýar. Türkmenistanyň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň iki taraplaýyn hökümetara topar görnüşinde eýýäm 37 sany mejlisi bolup geçdi.

Ykdysady taýdan hyzmatdaşlygyň jemleri gatnaşyklaryň çalt depginlerde ösýändigi bilen häsiýetlidir. Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen daşary söwda dolanşygy 2011-nji ýylda üç esseden hem gowrak artyp, ol ABŞ-ň 5,8 mlrd dollary boldy. Şunlukda Türkmenistanyň eksport eden harytlarynyň mukdary GDA ýurtlaryndan importdan ýokary boldy. Importy eksport bilen ýapmagyň koeffisenti 2,23 boldy. Bu bolsa Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen söwdad oňaýly galdo bolup durýar. Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy eýýäm ABŞ-ň 5,5 mlrd dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkisine garanyňda üç esse ýokarydyr. Bu bolsa GDA ýurtlary bilen söwda gatnaşyklarynyň çalt depginlerde ösýändigi bilen häsiýetlendirilýär.

Ýangyç mineral, nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, plastmassalar we ondan taýýarlanan önümler, pagta süými, mata we ýüplükler, taýýar dokma önümleri, ýüň, mal ýaglary, oba hojalyk önümleri we onuň gaýtadan işlenen giň görnüşleri Türkmenistanyň GDA ýurtlaryna eksport edýän esasy önümleridir. Öz nobatynda tehnologiýa enjamlary, elektrik maşynlary we enjamlary, ýer üsti ulaglar serişdeleri we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, gara demirler we ondan taýýarlanylýan önümler, agaç we agaç önümleri, dürli görnüşli gurluşyk önümleri, mebel, kauçuk, rezina we ondan taýýarlanan önümler, farmasewtiki önümler, dökünler we himiýa senagatynyň beýleki önümleri, däne ekinleri we olaryň önümleri, giň görnüşli azyk önümleri GDA ýurtlaryndan Türkmenistana getirilýär.

Türkmenistana maýa goýum harytalrynyň toparyny iri göwrümde getirilmegi Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri göwrümli taslamalary amala aşyrmak bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý iri gaz geçirijisi amala aşyrylýan taslamalaryň hatarynda durýar. Şeýle hem ýük daşalşyny, şol sanda GDA ýurtlarynyň arasynda hem, gowlandyrmaga gönükdirilen „Demirgazyk-Günorta“ we „Gündogar-Demirgazyk“ ulag geçelgelerini döretmeklik amala aşyrylýar.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň köp sanly milli maksatnamalry durmuşa geçirmek we häzirki zaman ösüşleriniň esasy ugurlary daşary ýurt kompaniýalaryny olaryň tejribelerini we tehnologiýalaryny çekmegi öňünden kesgitleýär. Arkalaşygyň iri kompaniýalary TEK ulgamlarynda, gaýtadan işleýän, himiýa senagatynda, ýol gurluşygynda, kommunikasiýa ugrunda, söwdada, hyzmat edişiň häzirki zaman ugurlarynda we beýleki ugurlarda köp sanly taslamalary üstünlikli özleşdirýärler. Meselem, „Itera“ kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmäge gatnaşýar, „Wozroädeniýe“ ýurduň çäklerinde ähli ýollary we degişli kommunikasiýalary gurýar, „MTS“ mobil operatory bolup durýar, „Interbudmontaž“ kommunikasiýalary çekýär, „Belgorhimprom“ iri himiýa toplumyny gurýar. Şeýle kompaniýalaryň sany barha artýar.

2012-nji ýylyň noýabrynyň ahyryna Türkmenistanda GDA ýurtlarynyň maýa goýumlarynyň gatnaşmaklarynda hojalyk subýektleriniň 300-den gowragy hasaba alyndy, olaryň 46 göterimi kompaniýalaryň filialy, 20 göterimi hojalyk jemgyýetleri hem-de 15 göterimi Arkalaşygyň kompaniýalarynyň wekilýetleri bolup durýarlar. Şu ýylyň 28-nji noýabryň ýagdaýyna görä Tzrkmenistanda umumy bahasy ABŞ-ň 5,4 mlrd. dollary, 376 mln. ýewro, 3,7 mlrd. rus rubly, 5,9 mln manat bolan maýa goýum taslamasynyň 351 sanysy hasaba alyndy. Maýa goýum taslamalrynyň umumy möçberinden 60 göterimi russiýanyň kompaniýalary hem-de 20 gňterim töweregini ukrain kompaniýalary özleşdirýärler.

Ykdysady gatnaşyklary gumanitar ulgamy, ylmy, bilim we medeni çäreler boýunça hyzmatdaşlyk etmezden ösdürmeklik mümkin däl. Oktýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy geçirildi. Şeýle hem geçen ýylyň ahyrynda bolup geçen GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde Mary we Astana şäherleriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini hem belläp geçmelidir. Bu taslamanyň çäklerinde ýylyň bütin döwründe ylmy we medeni çäreler geçirildi. Bilim ulgamy barada aýdylanda bolsa, türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesiniň Arkalaşygyň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolup durýandyklaryny bellemelidiris.

Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan daşary syýasaty we ýuruň giň mümkinçilikleri ony ösdürmekde, GDA görnüşinde, şeýle hem umumydünýä ösüşinde hem üpjünçilige biziň goşandymyzy giňeltmäge, gatnaşyklary ösdürmek ýaly uly geljekleri bar diýip oňyn baha berip bolar.