Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşygy dünýä metbugaty tarapyndan GDA ýurtlarynyň durmuşynda ýylyň esasy wakasy diýlip atlandyryldy.
Şu günlerde peýda bolan köp sanly makalalarda we habarlarda bellenilişi ýaly, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyny döreden GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Arkalaşyga başlyklyk edýän ýylynda Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan ägirt uly işleriň özboluşly jemlemesi boldy.
Biziň ýurdumyzda we GDA-nyň beýleki döwletlerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň, forumlaryň we çäreleriň ählisi öz wagtynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda aýtdy we ysnyşykly gatnaşyklar hem-de hyzmatdaşlyk üçin belent mertebeli myhmanlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şol hyzmatdaşlyk 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň esasyny düzen ähli pikirleri we başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etdi.
GDA-nyň duşuşyklary Arkalaşygyň durmuşynda hemişe tapgyrlaýyn ähmiýete eýe bolýar. Olar GDA-ny ösdürmegiň ýagdaýyny we geljegini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga, döwletara gatnaşyklarynyň strategiki ugurlaryny bellemäge mümkinçilik berýär diýip, türkmen Lideri GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde belledi. Diňe bir GDA-nyň giňişligindäki däl, eýsem, onuň çäginden daşardaky meşhur elektron we metbugat neşirleriniň ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyndan jümleleri örän çaltlyk bilen öz habarlarynda berdiler.
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklara berk ygrarlydyr, anyk ýagdaýlar we biziň döwletlerimiziň bähbitleri bilen şertlendirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini anyk görýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy dünýäniň maglumatlar giňişliginde örän çaltlyk bilen ýaýradyldy.
2011-nji ýylyň sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçirilen GDA-nyň duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, Türkmenistan başlyklyk ediji ýurt hökmünde Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini berkitmegi, onuň netijelliliginiň ýokarlandyrylmagyny özüniň esasy maksady hasaplaýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sözleri daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň köp sanly makalalarynyň özenini düzdi.
Daşary ýurt metbugatynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy hem Türkmenistanyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meýlini doly tassyklady. Şol Konsepsiýanyň çäklerinde dürli çäreleriň 30-dan gowragyny geçirmek meýilleşdirildi. Şol çäreleriň üçden birinden gowragy Türkmenistanyň özünde geçirildi. Olaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda Aşgabatda geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň, Elektroenergetika geňeşiniň, GDA-nyň agrosenagat topulymynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiň mejlisleri we beýlekiler görkezildi. Hemmeleriň ykrar edişi ýaly, GDA ýurtlarynyň “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty, GDA agza ýurtlarda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy, GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat hem ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Köp sanly okyjylary bolan internet-saýtlaryň köpüsi özleriniň tehniki mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu wakanyň öňüsyrasynda GDA-nyň şu duşuşygynyň gün tertibine möhüm syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleriniň 20-ä golaýynyň, şeýle hem halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meseleleriniň girizilendigini habar berdiler. Şunda, däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň geçirilendigi bellenildi. Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň garamagyna ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, howpsuzlygy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we beýleki ugurlara degişli resminamalaryň 10-dan gowragynyň taslamalary hödürlenildi.
Ýokary derejedäki köptaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine gaýdyp gelmek bilen, Russiýanyň habar beriş serişdeleri, şol sanda “Golos Rossii” gazeti ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselesine aýratyn orun berilýändigini belledi. Munuň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategiki ugur bolup durýandygyna şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär – 2011-nji ýylyň netijeleri boýunça Arkalaşygy agza döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygy 281 milliard dollara barabar boldy, munuň özi 2010-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende 36 göterim köpdür.
“GDA-nyň diňe pikir alyşmalar boýunça klub diýlip atlandyrylan döwri geçmişde galan bolmaga çemeli. Arkalaşygyň esasyny özara ykdysady bähbitler düzýär” diýip, Russiýanyň Birinji teleýaýlymy teswirleýär. Onuň gepleşikleri Arkalaşygyň ähli ýurtlaryna ýaýradylýar.
Şunda habar beriş serişdeleri dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlik jähtinden ykdysady taýdan ýakynlaşmak has derwaýys meselä öwrülýär diýip nygtadylar.
Dünýäniň esasy habar beriş gulluklary, hususan-da, RIA-Nowosti, ITAR-TASS, INTERFAKS, BELTA, UKRINFORM we beýlekiler Aşgabatdan alynýan täzelikleri yzygiderli berip durdular. Duşuşyk tamamlanan badyna olar Aşgabat forumynyň netijeleriniň türkmen paýtagtynyň Ruhyýet köşgünde geçirilen metbugat maslahatynda beýan edilendigini habar berdiler. Gyzgyny bilen berlen habarlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew 2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan tarapyndan geçirilen işlere kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden ýyly örän netijeli bolup, hyzmatdaşlygyň seçilip alnan ileri tutulýan ugurlarynyň dogrudygyny tassyklady we olary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Habar beriş serişdeleri türkmen Lideriniň “Muny biziň umumy üstünligimiz we Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň halklarynyň ösüşine uly goşant hasaplaýaryn” diýen sözlerini mysal getirdiler.
Türkmenistanyň Baştutany duşuşygyň gün tertibiniň çäklerinde netijeli pikir alşylandygyny belläp, gazanylan ylalaşyklaryň GDA-nyň işine oňyn täsir etjekdigine, onyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam etjekdigine, aýdylan oňyn pikirleriň we teklipleriň Arkalaşygyň giňişliginde geljekki gatnaşyklaryň esasyna goýuljakdygyna ynam bildirdi.
“GDA döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde Arkalaşygyň döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň oňaýly usullaryny tapmaga, däbe öwrülen gatnaşyklary döwrüň talaplaryna hem-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň meýillerine laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, türkmen Lideri nygtady.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, öz nobatynda, möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini habar berdi. Şol resminamalaryň arasynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky Jarnamasyna aýratyn orun berilýär. Bu örän wajyp resminama türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça taýýarlanyldy.
“Westi.RU” saýtynyň synçysy bu möhüm Jarnama türkmen ýolbaşçylygynyň täsirli döwletara guraly hökmünde GDA taslamasyny gaýtadan dikeltmek hakyndaky beýannamasydyr diýip belledi. Munuň özi köp babatda bu düzümiň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. “Türkmenistanyň GDA-daky işjeňligi beýlekiler üçin ylymdyr we görelde almak üçin nusgadyr. Geçen ýylyň netijeleri boýunça söwda dolanyşygy 6 milliard dollara, şu ýylyň dokuz aýynda bolsa 5,5 milliard dollara barabar boldy” diýlip makalada bellenilýär.
Aşgabat Jarnamasynyň Arkalaşyga agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan makullanylmagynyň özi hem taraplaryň Türkmenistanyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has netijeli sebitleýin we sebitara gatnaşyklar ulgamyny kemala getirmekde Arkalaşygyň orny baradaky oňyn başlangyçlaryny goldaýandygyna şaýatlyk edýär.
GDA-nyň çäklerinde köpugurly oňyn gatnaşyklary, şol sanda ykdysady we ynsaperwer ulgamlarda, howpsuzlygy üpjün etmek babatda, şeýle hem beýleki esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen jemleýji resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek hakyndaky, “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamasy hakyndaky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2013-nji ýyly Ekologiýa medeniýetiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgütler bar. Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi şeýle hem GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerini makullady we ony dowam etmegi teklip etdi. Duşuşykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek hakyndaky, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary hakyndaky çözgütlere, şeýle hem beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Arkalaşygyň gazetleri we internet-neşirler ýokary derejedäki mejlise ganaşyjylaryň ählisiniň GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we onuň halkara abraýyny artdyrmak boýunça geçirilen işlere kanagatlanma bildirdiler. Häzirki wagtda GDA-nyň köpugurly hyzmatdaşlygyň has innowasion usullaryny döremek üçin netijeli düzüm bolup durýandygy bellenildi.
Daşary ýurtlaryň köp sanly tele we radioýaýlymlary hem Aşgabat duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara uly üns berdiler. Mysal üçin, “MIR” teleýaýlymy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňümizdäki ýylyň 1-nji ýanwaryndan Arkalaşyga başlyklyk etmegiň Belarus Respublikasyna geçýändigi hakyndaky çözgüdi kabul edendigini, şol ýerde 2013-nji ýylyň oktýabrynda guramanyň indiki duşuşygynyň geçiriljekdigini habar berdi. “Biz Belarus Respublikasynyň bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine ynanýarys” diýip, S.Lebedew nygtady.
Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň uly üstünlige eýe bolmagy halkara bileleşiginiň işlerine örän işjeň gatnaşýan we ählumumy bähbitlere laýyklykda giň halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtaýan türkmen döwletiniň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly çemeleşmeleriniň uly ähmiýete eýedigini tassyklady. Şol duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada jikme-jik pikir alşyldy. Häzirki wagtda bu garaýyş dünýäniň ähli künjeklerinde uly goldawa eýe bolup, sebitde we bütin dünýäde geosyýasy deňagramlylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň möhüm şertidir.
Iri halkara maslahatlarynyň, forumlaryň we ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýerine, sözüň doly manysynda, umumadamzat ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen Türkmenistanyň soňky ýyllarda okyjylaryň islegleriniň derejesi boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi tötänden däldir.
Mejlisiň çäklerinde geçirilen döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary hem dünýä metbugatynda uly seslenme döretdi. “Hemmeleriň ýadynda galmagy üçin Aşgabadyň ähli mümkinçilikleri bar. Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar uly ähmiýete eýe boldy. GDA-nyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar hemişe-de meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, özi-de, ýörite protokolsyz we öňünden ylalaşylman gepleşikleri geçirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplanylýardy” diýip, “Westi.Ru.” habar berýär.
Arkalaşyga agza döwletleriň hökümetleriniň metbugat gulluklary, habar beriş gulluklary, köp sanly gazetleri we žurnallary tarapyndan ýaýradylan makalalaryň we habarlaryň onlarçasynda geçirilen duşuşyklar baradaky hasabatlar öz beýanyny tapdy.
Mysal üçin, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň barşynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary GDA-nyň howandarlygynda Türkmenistanda geçirilen ähli çäreleriň we forumlaryň ýokary derejede guralandygy we uly üstünlige eýe bolandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkalaşygyň giňişliginde däbe öwrülen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga Türkmenistanyň saldamly goşant goşýandygyny belledi. Ýurdumyzda geçirilen çäreleriň ählisine taýýarlyk görmek işleri türkmen Lideriniň gözegçiliginde amala aşyryldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň Aşgabada gelen wekiliýetleriň baştutanlary bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde esasy ugurlaryň birnäçesinde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Belent mertebeli myhmanlar uly kuwwata eýe bolan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn şertleriň bardygyny belläp, dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen netijeli hyzmtadaşlygy ýola goýmakda işjeň orny eýeleýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň syýasatyna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, bu babatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli bilelikdäki işiň tejribesi uly ähmiýete eýedir. Şu ýyl Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegi onuň işiniň üstünlikli bolmagyny üpjün etdi.
Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek köp babatda doganlyk halklaryň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy gatnaşyklary, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň umumylygy bilen şertlendirilendir.
Dünýäniň esasy habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyzystanyň Prezidentine (Almazbek Atambaýewe) we Moldowanyň Prezidentine (Nikolae Timofti) özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan edendigini habar berdiler. Bu teklipler GDA-nyň Aşgabatda geçirilen duşuşygyna gatnaşan Gyrgyz Respublikasynyň birinji Premýer-ministriniň birinji orunbasary Joomart Otorbaýew we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filat bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda beýan edildi.
Moldowanyň hökümetiniň metbugat gullugy şeýle hem taraplaryň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berip, munuň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin oňat binýat bolmalydygyny belledi.
Ukrainanyň habar beriş serişdeleri, şol sanda Garaşsyz täzelikler býurosy, “Tribuna” internet-gazeti, Reportýor, CBIT 24, Ukrinform Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana döwlet sapary baradaky ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdiler. Bu sapar 2013-nji ýylyň fewral aýynyň birinji ongünlüginde amala aşyrylar. Şoňa çenli iş topary ýokary derejede geçiriljek gepleşikler mahalynda garaljak meseleleriň sanawynyň üstünde işlär. “Obozrewatel” Ukrainanyň Lideriniň sözlerine salgylanyp, dünýädäki çylşyrymyly ykdysady ýagdaýyň Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini talap edýändigini nygtady. Şol gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa erkin söwda zolagy hakyndaky ylalaşygy baglaşmaga ýardam eder.
Bir söz bilen aýdylanda, türkmen paýtagtynda geçirilen duşuşyklaryň her birinde Türkmenistanyň we hyzmatdaş ýurtlaryň däp bolan köpýyllyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň çäklerinde uzakmöhletleýin oňyn hyzmatdaşlyk ugruna meýillidikleri beýan edildi.
Daşary ýurtly teswirleýjileriň köpüsiniň özleriniň synlarynda döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň öňüsyrasynda “Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň oňyn ugurlary” atly umumy sözbaşy bilen makalalaryň birnäçesini taýýarlan Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatlaryny ulanandygy bellärliklidir.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan taryhy tejribä, däp bolan gatnaşyklara daýanyp, bilelikdäki işiň tejribesinden iň gowy we döwrüň synagyndan geçen oňyn zatlary alyp, olary häzirki zaman şertlerinde döredijilikli ulanýar. Munuň özi GDA-nyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat edýär, döwletara gatnaşyklarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar, olara kuwwatly itergi berýär.
Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň Aşgabatdan ugradan teswirlemelerinde we habarlarynda belent mertebeli myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözel keşbine aýratyn orun berilýär. “Rossiýskaýa gazetanyň” belleýşi ýaly, Aşgabat Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinde ýakymly täsir galdyrdy, aýratyn hem ol şäheriň binagärligine haýran galdy.
“Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Prezidentlik möhleti resmi taýdan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyryldy. Ýurduň hökümetiniň muňa buýsanmagy üçin esas ýeterlikdir, GDA-nyň duşuşygynyň geçirilmegi bolsa gazanylan üstünlikler barada mälim etmek üçin ýene-de bir oňat mümkinçilik boldy” -- daşary ýurtly synçylaryň şu inkär edip bolmajak pikiri bilen synymyzy tamamlasak, maksadalaýyk bolardy.