Oguzhan adyndaky „Türkmenfilm“ birleşigi „Türkmen köli“ barada doli metražly çeper filmi surata düşürip başlady. Milli buýsanja öwrülen bu ajaýyp köl barada filmi döretmek barada başlangyç şu ýylyň 16-njy awgustynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow kinematografiýaçylara teklip edipdi.
Filmde bu ajaýyp suw desgasynyň durmuş we ekologiýa ähmiýti barada gürrüň berer. Aslyýetinde bu çylşyrymly gidrotehniki ulgam, ýurduň çäklerindäki zeýkeşleriň suwlaryny ýygnamaga, täze ýerleri özleşdirmek üçin olary gaýtadan peýdalanamgy üpjün etmäge, öri meýdanlaryny giňeltmäge, baglary suwarmaga, tehniki zerurlyklar üçin peýdalanamaga niýetlenedir. Kontinentiň iň iri sähralarynyň biri bolan Garagumda täze durmuş başlanar. Bu barada filmi surata düşürmäge gatnaşýan ýurduň meşhur alymlary gürrüň bererler. Filme goşulan suw baradaky gadymy türkmen rowaýatlary we hekaýalary filmiň özenini düzer.
Filmde bolup geçýän wakalar gönüden-göni kölüň gurulýan ýerinde – Garagumyň jümmüşinde, şeýle hem zeý suwlarynyň ýurduň ähli welaýatlaryndan akyp gelýän ýeri bolan giň suw howdanynda bolup geçýär. Filmiň režissýory Myrat Orazow. Awtorlar topary – Ýazmyrat Şadurdyýew, Myrat Orazow we Saparmuhammet Jallyýew dagy filmiň ssenariýesini düzmekde uly işleri amala aşyrdylar.
Halkyň taryhynda bolşy ýaly, türkmen kinosynyň taryhynda suw temasy hemişe aýratyn orny eýeleýär. Türkmen kinematografiýaçylary öz döredijiliklerinde suw meselesine birnäçe gezek ýüzlendiler.Meselem, režissýor Bulan Mansurowyň heniz 1966-njy ýylda „Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň binýadynda döreden „Suwsuzlygyňy gandyrmak“ atly filmi ýurduň kinematografiýaçylarynyň buýsanjyna öwrüldi. Şonda bu meşhur kino goýujy öz işinde suwuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyny şol wagtky – Garagum derýasynyň ulanmaga berilmegi arkaly beýan etdi.
Ýarym asyrdan az wagtdan soň bu iki – „Suwsuzlygyňy gandyrmak“ we „Türkmen köli“ filmleriniň wakalary ýeke-täk sýužet sapagyny emele getirmek bilen hem-de suw meselesiniň ajaýyp dowamy bolmak bilen,öz manysy boýunça biri-biriniň içinden eriş-argyş bolup geçär. Awtoryň pikirine görä, haçan-da bir wagtlar Garagum derýasynyň gurluşygyna gatnaşanlaryň çagalaradyr agtyklary bu täze filmiň baş gahrymanlary bu günki gün adam elleri bilen döredilýän kölüň gurluşygyna gatnaşýarlar. Bu ýerde medeni we taryhy däp-dessurlar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýän derwaýys mirasdüşerlik temasyna hem ýüzlenilýär.
„Altyn asyr“ türkmen köli zeý suwlaryny ýygnamak üçin gurulýan emeli suw desgasydyr. Onuň uzynlygy 103 kilometr, suw sygymlygy – 133 milliard metr kub bolup, suw ýüzüniň umumy tutýan meýdany – iki müň inedördül kilometr töweregidir.
Suw türkmen halky üçin asyrlaryň dowamynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Türkmenistanda her ýylda aprel aýynyň birinji ýekşenbe gününde halk pähiminden alynan „Suw damjasy – altyn dänesi“ ady bilen suw baýramçylygy geçirilýär.