Mary, 17-nji dekabr /TDH/. Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli ýapylyş dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenstanyň Mary şäherine GDA-nyň medeni paýtagty derejesini bermek hakyndaky çözgüt 2011-nji ýylyň 20-nji dekabrynda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl ýubileý mejlisinde kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny yglan edip, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen doly möçberli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem Arkalaşygyň ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklar ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär we öz gatnaşyklaryny dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden hem-de deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.
“Arkalaşygyň medeni paýtagty” döwletara maksatnamasy her ýyl döredijilik kuwwatyny paýtagt däl şäherlerde jemlemegi şu esasda taryhy taýdan kemala gelen mäkäm medeni gatnaşyklara hem-de özbaşdak döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasynda şu günler dowam edýän gatnaşyklara esaslanan ajaýyp baý we köp görnüşli medeni hem-de ynsanperwer çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar. “Arkalaşygyň medeni paýtagty” maksatnamasy olaryň baý mirasyna ünsi çekmek bilen şäherleriň kuwwatyny açyp görkezmelidir.
Gadymy türkmen şäherleriniň birine 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň medeni gatnaşyklarynyň ulgamynda Türkmenistanyň köp müňýyllyk şöhratly taryhynyň ähmiýetini görkezýän hakykatdan hem şanly wakadyr. Geçip barýan ýylyň dowamynda Mary şäherine şu derejäniň berilmegi bilen baglanyşykly meşhur alymlaryň, taryhçylaryň, muzeý, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagy bilen halkara derejesinde birnäçe çäreler geçirildi.
6-njy iýunda bolan “Gadymy Merw—dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” atly halkara maslahaty şol çäreleriň iň irisi boldy, oňa GDA agza ýurtlaryň ählisinden alymlar, şeýle hem olaryň türkmen kärdeşleri gatnaşdylar. Bu duşuşyk Türkmenistanyň taryh ylmyny ösdürmekde we halkara ylmy hem-de medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda ýene-de bir ähmiýetli çäre boldy. Iýul aýynda Maryda GDA agza bolan ýurtlardan meşhur estrada ýerine ýetirijileri we Türkmenistanyň sungat ussatlary dabaraly ýagdaýda duşuşdylar. Uly konserte gatnaşmak üçin ýaş, ýöne öz ýurtlarynda we onuň çäklerinden daşarda eýýäm giňden tanalýan aýdymçylar, abraýly aýdym-saz bäsleşiklerine hem-de festiwallaryna gatnaşyjylar we olaryň ýeňijileri geldiler.
Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde Marynyň seçilip alynmagy birnäçe möhüm ýagdaýlar bilen şertlenendir. Mary jülgesiniň sungatyň, binagärligiň, onlarça hünärleriň ýokary nusgalaryny dünýä eçilen siwilizasiýanyň gadymy ojagydygy giňden mälimdir. Dürli döwürlerde Gadymy Merwde görnükli alymlar, lukmanlar, şahyrlar ýaşap geçipdirler we döredipdirler. Adamzat tarapyndan dürli ugurlarda toplanan bilimleriň saklanýan ýeri, ylmyň we bilimiň hakyky merkezleri bolan kitaphanalar hakykatdan hem Merwiň hökümdarlarynyň we raýatlarynyň buýsanjy bolupdyr, dünýäniň köp ýurtlaryndan alymlar şol kitaphanalara gelipdir.
Bu ülkäniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýändigi sebäpli, şu ýerde uly kerwensaraýlar gurlupdyr, şolarda dünýäniň dürli künjeklerinden söwdagärler düşläp geçipdir. Bularyň hemmesi medeniýetleriň özara aralaşmagyna ýardam beripdir, bu bolsa umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmegine oňyn täsir edipdir. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda Gadymy Merwiň biziň günlerimize çenli gelip ýeten görnükli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy hem-de dünýäniň alymlarynyň, syýahatçylaryň üns merkezindedir.
Mary häzir hem Türkmenistanyň depginli ösýän döwrebap şäheridir, şol ýerde iri halkara ylmy maslahatlary we medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Bu ýerde taryh we häzirki döwür geçmiş hem-de şu gün bir akyma birleşdi. Sebäbi bu ýerde biziň günlerimizde hem dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň biri bolan türkmen medeni däpleri hünärmentçiligiň, aýdym-saz, şekillendiriş sungatynyň ösüşinde, şäheriň günsaýyn özgerýän keşbinde öz beýanyny tapýar.
Aň-bilim we medeni merkezleriň – Ruhyýet köşgüniň, ak mermere örtülen Gurbanguly hajy metjidiniň, welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasynyň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de açylýan gümmezinde obserwatoriýa ýerleşdirilen Mary welaýat kitaphanasynyň Marynyň täze taryhy eýýamde bina edilen ilkinji iri desgalary bolandygy guwançlydyr. Şol kitaphana meşhur Merw obserwatoriýasynyň özboluşly mirasdary boldy, şonda alymlaryň onlarçasy, şol sanda meşhur astronom we matematik Omar Haýýam asman giňişligini öwrenipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen gadymy türkmen şäheri Merw hemişe Gündogaryň iň myhmansöýer we gelim-gidimli şäherleriniň biri hasaplanypdyr. Muňa häzirki dabara gatnaşyjylar we myhmanlar hem mynasyp baha berdiler, olary şu gün bu ýerde häzirki esasy çäreleriň geçirilýän ýeri bolan Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň eýwanynda we zallarynda hokum süren mähirli baýramçylyk ýagdaýynda garşyladylar. Bu ýerde teatryň artistleriniň gatnaşmagynda edebi çykyş görkezildi, şeýle hem çagalar skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde mukamlar ýaňlandy.
Teatryň giň eýwanynda sergi guralypdyr. Onda görkezilýän etnografiýa degişli gymmatlyklar, Mary welaýatynyň suratkeşleriniň şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri, Türkmenistanyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe baý ruhy mirasyna hem-de häzirki zaman gazanan üstünlikleritne şaýatlyk edýär.
Zalda dabara köp sanly gatnaşyjylar – Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar otyrlar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtly myhmanlar—GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň—Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Toktasyn Buzubaýew, GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan, şol gaznanyň ýerine ýetiriji müdirliginiň beýleki wekilleri, GDA ýurtlarynyň meşhur medeniýet we ylmy işgärleri bar.
2012-nji ýylda Mary şäherine GDA-nyň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde bir ýylyň dowamynda geçirilen dürli medeni we ylmy çäreler hakyndaky wideofilm görkezilýär.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň—Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Toktasyn Buzubaýewe söz berilýär, ol oňyn döwletara gatnaşyklary ösdürýändigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden döwründe Aşgabatda döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitleriniň, GDA-nyň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň, beýleki çäreleriň üstünlikli geçirilendigini belledi, şolaryň geçirilmegi Arkalaşygyň giňişliginde goşulyşmak ýagdaýlaryna täze itergi berdi. Çäreleriň hemmesi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi, olar ýatda galýan duşuşyklar boldy we gürrüňsiz suratda GDA-nyň giňişliginde gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder.
2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty bolan Mary şäheri hem hormatly borjuny mynasyp ýerine ýetirdi. Bu ýerde jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm durnuklylaşdyryjy şerti hökmünde medeni maksatnamany dolulygyna açyp görkezmek başartdy. GDA-da medeni gatnaşyklar bolsa diňe bir däp boýunça döwlet goldawyna daýanmak bilen çäklenmän, ol täze görnüşe we mazmuna eýe bolmak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, myhman belledi. Indi Aşgabatda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 5-nji dekabrda kabul edilen çözgüde laýyklykda Mary şäheri bu hormatly wezipäni Azerbaýjanyň Gabala, Ermenistanyň Gýumri we Belarusyň Mogilew şäherlerine geçirýär.
Gumanitar hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Armen Smbatýan dabara gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendi, ol “Mary-GDA-nyň medeni merkezi” maksatnamasyna gatnaşmak Gazna üçin ägirt uly hormat boldy diýip belledi. Şol maksatnama şähere öz ähli taryhy-medeni baýlygyny görkezmäge, onuň GDA bilen gatnaşygyny giňeltmäge, Türkmenistanyň ajaýyp ýerlerini halkara derejesinde giňden beýan etmäge täze mümkinçilikleri berdi. Mary şäheri we Türkmenistan hakynda neşir edilen, rus we türkmen medeniýet işgärleriniň, alymlarynyň, diplomatlarynyň, žurnalistleriniň, suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň, neşirýatçylarynyň we çaphana işgärleriniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi bolan owadan kitaplar bu barada ýadygärlik bolar. “Türkmenistanda Arkalaşygyň umumy medeniýetinde özüniň güýçli, özboluşly sesiniň, dünýä halklarynyň uly maşgalasynda özüniň gaýtalanmajak ýüzüniň bolmagy köp babatda ruhy köklere wepalylygy, milli mirasy, köpasyrlyk ata-babalaryň paýhasy bilen döredilen özboluşly däpleri aýawly gorap saklamak bilen şertlenendir” diýip, myhman aýtdy.
Jenap Armen Smbatýan ýurtlaryň arasyndaky medeni alyş-çalyş üçin döredilen ajaýyp şertler, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Dabarada edilen çykyşlaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki zaman Türkmenistanda geçirilýän, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, beýleki ýurtlardan esasy hünärmenleri şol barlaglara çekmäge ýardam edýän uly möçberli öňdebaryjy özgertmeleriň oňyn orny aýratyn nygtalyp geçildi. Çykyş edenler biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki artýan abraýyny bellediler.
Soňra konsert boldy. Şonda sungat ussatlary we meşhur döredijilik toparlary çykyş etdiler. Uly konsert maksatnamasyny parahatçylygy üpjün ediji we dörediji türkmen halkynyň asyrlardan bäri gelip ýeten hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly urp-adatlaryny we däp-dessurlaryny beýan edýän halk hem-de häzirki zaman mukamlary we aýdymlary, ajaýyp horegrafiki çykyşlar we halk döredijiligine degişli sahna eserleri düzdi. Dostlugyň we doganlygyň ülkesi bolan mähriban Watanymyza, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanylan aýdym baýramçylyk konsertini jemledi. Onuň owazy astynda şanly waka bagyşlanylan konserte gatnaşyjylaryň hemmesi sahna çykdylar.
2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagtynyň derejesinde Mary şäherinde geçirilen çäreleriň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şonda ähli degişli çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegine ýardam edendigi, döwletara gumanitar hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna ugradylar, şol ýerde özboluşly ýadygärlikler-- Soltan Sanjaryň kümmeti, gadymy Gyzgala galasy bilen tanyşdylar. Çärä gatnaşyjylara bu ajaýyp ülkäniň özboluşly hem-de gaýtalanmajak tebigatynyň gözelligine baha bermek mümkinçiligi döredildi. Gyzgalanyň gönüden-göni golaýynda türkmen obasy döredildi, şol ýerde ak öýlerde myhmanlar ýakymly çaýdan we däp bolan türkmen tagamlaryndan datdylar.
Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde welaýatyň baý mirasy bilen tanyşmak dowam etdirildi, muzeýiň gaznalarynda häzirki wagtda eksponatlaryň kyrk müňden gowragy -- türkmen halykynyň taryhy-medeni we sungat ýadygärlikleri bar. Gadymy milli egin-eşikler, ajaýyp halylar, halk ussatlarynyň işleri bolan kümüşden ýasalan zergärçilik önümleri, bir mahallar siwilizasiýanyň gülläp ösen ýerlerinde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan gadymy medeniýetiň genji-hazynalarynyň toplumy, öýde ulanylan zatlar, welaýatyň taryhy boýunça resminamalar we beýleki ençeme zatlar muzeýiň gymmatlyklaryny düzýär.
Baý medeni maksatnama Marynyň welaýat kitaphanasyna barmak bilen tamamlandy, ol täze iň häzirki zaman binada işlemeginiň birinji ýylynda welaýatyň ruhy durmuşynyň hakyky ojagyna, onuň ylmy we usulyýet merkezine öwrüldi. Çärelere gatnaşyjylar kitaphananyň köp sanly zallary we onuň tehniki taýdan üpjün edilişi bilen gyzyklanyp tanyşdylar. Bu bilimler köşgüniň gümmezinde ýerleşen obserwatoriýa aýratyn gyzyklanma döretdi.
Bu çärelere gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, şular ýaly duşuşyklaryň Arkalaşygyň halklaryny medeni we ruhy taýdan özara baýlaşdyrmak üçin, dostlugyň gadymy däplerini gorap saklamak hem-de ösdürmek we dürli medeniýetlere degişli adamlaryň arasynda özara düşünişmek üçin uly ähmiýeti bardyr.