Şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda “Medeni miras halkyň hakydasynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Milli medeniýeti ösdürmekde türkmen halkynyň ruhy mirasynyň ornuny we ähmiýetini açyp görkezmäge goşant goşmaga, ony çuňňur öwrenmäge we artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen bu iri ylmy maslahatyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky nesilleriň hakydasynda ösmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdiriji hökmünde biziň döwletimiziň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakdaky gönükdirilen taýsyz-tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Döwlet Baştutanymyz gadymy ruhy gymmatlyklary gaýtadan dikeltmek barada aýdyp, ylmy döredijiligi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, maglumatlary alyşmagyň we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň uly ähmiýetini ençeme gezek nygtady. Milli Liderimiz howandarlygynda bilimleriň dürli ugurlary boýunça yzygiderli geçirilýän maslahatlar hem hut şu maksatlara hyzmat edýär. Şol maslahatlar bolsa Merkezi Aziýada iri ylmy we medeni merkez hökmünde Aşgabadyň abraýyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralan maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň gumanitar ylmy institutlaryndan we ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, welaýatlardaky döwlet taryhy-medeni goraghanalardan hünärmenler, ylym ýoluna gadam basýan aspirantlar we talyplar ýygnandylar. Foruma Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Umumy mejlisde maslahatyň esasy mowzuklaryna bagyşlanan çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Medeni miras” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň we geçmişiň medeni gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmegiň biziň häzirki zaman medeniýetimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge täze itergi berýändigi nygtaldy. 2012-nji ýylda bu ulgamda döwlet goldawy babatda goşmaça çäreler görüldi, şol sanda kanunçylygy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly netijeli işler geçirildi. Ilkinji nobatda, munuň özi “Taryhy-medeni mirasyň desglaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz gadymy ýadygärlikleriň howpsuzlygynyň hukuk kepilligini döredip, UNESKO bilen hyzmatdaşlygyň hem-de bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.
Soňra maslahatyň işi üç bölümçede dowam etdi. Olaryň mejlisleri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zallarynda geçirildi. Bölümçeleriň her birinde gyzykly habarlaryň birnäçesi diňlenildi. Bekrarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeni mirasymyzyň orny, Türkmenistanyň çäginde gadymy arheologik medeniýetleri öwrenmegiň häzirki tapgyrynyň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler çykyş edenleriň üns mekrezinde boldy. Çykyşlaryň birnäçesi medeni mirasy wagyz etmek we gaýtadan dikeltmek meselelerine bagyşlandy.
Maslahatynyň işiniň barşynda çykyşlaryň we habarlaryň ýüzden gowragy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda işleýän arheologlary we taryhçylary, şeýle hem olaryň açyşlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny üns bilen synlaýan daşary ýurtly kärdeşlerini tolgundyrýan meseleleriň ençemesine garaldy. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak we öwrenmek baradaky täze açyşlar we taslamalar, Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy boýunça täze ýüze çykarylan çeşmeler bilen tanyşdylar. Çykyş edenler häzirki zaman taryh ylmynyň, sungaty öwrenmegiň, binagärligiň we şähergurluşygyň taryhynyň derwaýys meseleleriniň birnäçesi barada gürrüň edip, türkmen topragynda gözlegleri alyp barýan, bütin dünýä üçin täze açyşlary edýän arheologik ekspedisiýalaryň işine ýokary baha bardiler. Şol açyşlaryň köpüsi Türkmenistanyň çägindäki gadymy we orta asyr siwilizasiýalaryň ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär.
Çykyş edenler ruhy we maddy medeniýeti öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmelere, şeýle hem taryhy öwrenmegiň usullaryna, ýazuw çeşmeleriniň hem-de arheologik maglumatlaryň seljermesine aýratyn üns berdiler. Bürünç eýýamynyň medeni däp-dessurlarynyň gözbaşlaryna bagyşlanan habarlar uly gyzyklanma döretdi. Şol döwürde dünýäde ilkinji şäherler döräpdir. Parfiýa-sasanid döwrüniň taryhy bilen baglanyşykly maglumatlar hem maslahata gatnaşyjylary biparh goýmady. Şol döwürde Merw, Ürgenç, Sarahs, Nusaý, Abiwerd, Amul, Şähryslam we beýleki ajaýyp türkmen şäherleriniň döremeginiň esasyny goýan oturymly ýerler peýda boldy. Alymlar özleriniň birnäçe çykyşyny orta asyrlaryň çeper medeniýeti we şähergurluşyk, taryhy-medeni mirasy wagyz etmek we gaýtadan dikeltmek meselelerine bagyşladylar.
Jemleýji umumy mejlisde maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar şu ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge ýardam we goldaw berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulmy-amaly maslahat milli arheologlaryň, binagärlik bilen meşgullanýan taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň, etnograflaryň we ynsanperwer ugurly beýleki hünärmenleriň ýokary ylmy kuwwatyny ýüze çykardy diýip bellediler.
Maslahata gatnaşan alymlar milli Liderimiziň taryh ylmy ulgamyndaky täzeçillik pikirlerinden ugur alyp, anyk taryhy maglumatlary düzgünleşdirdiler. Şol maglumatlar Türkmenistanyň gadymy, orta asyr, täze we häzirki zaman taryhyny öwrenmek, onuň bize belli bolmadyk sahypalaryny gaýtadan dikeltmek, giň we çuň manyly ylmy, okuw we usulyýet neşirlerini döretmek Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini geljekki nesiller üçin aýawly saklamak hem-de olary dünýä bileleşiginde wagyz etmek boýunça geçirilýän işe saldamly goşant bolmalydyr.